SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

27-nji aprel ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Hormatly okyjylarymyz!

 Siz hem öz ýyldyzyňyza görä, täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz,  onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň.  Her bir täleýnama baradaky gysgaça maglumatlary almak isleseňiz, onda şu ýere basyp okap bilersiňiz.

Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip, gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!

Mähriban okyjylar! Gündelik täleýnamany bilmek siziň köpiňiz üçin gyzykly bolsa gerek. Hut şol sebäpli-de size 27-nji aprel gününiň ýyldyzlaryňyza görä täleýnamasyny hödürleýäris.

Mähriban okyjylar, siz islendik ýyldyzyňyzyň suratynyň üstüne basyp, ol baradaky maglumatlary giňişleýin okap bilersiňiz.

Hamal (guzy 21.03 — 20.04)

Hamallara bu güni şahsy işleri, öýi abadanlaşdyrmak, şahsy, öz düzen meýilnamalarynyň üstünde işlemek maslahat berilýär. Şu günki täleýnama, mümkinçilikleriňizi ölçemegi we boş taslamalara kowalaşmazlygy maslahat berýär –  hemme zady üýtgetmäge wagtyňyz bolmaz. Saglygyňyza, esasanam iýmitlenmäge üns beriň.

Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)

Bu güni aragatnaşyga, gürrüňdeşlige, ýygnaklara ýa-da döredijilik işlerine bagyşlaň. Dürli ýagdaýlar we ownuk meseleler ep-esli tagallalary etmäge mejbur eder, ýöne islenýän netijeleri bermez. Köpçülikden gaça duruň. Günüň şygary  – daşky görnüşi kämilleşdirmek we wakalary seljermek.

Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)

Durmuş potensialy azalýar. Nätanyş adamlar ýa-da ýolbaşçylar bilen baglanyşykly uly meseleler bolup biler. Maşgala agzalary bilen gatnaşyklaryň ýa-da dostlar bilen dawa-jenjeliň hasam erbetleşmegi mümkin. Islegleriňizi saklajak boluň. Alkogolly içgileri we et iýmitlerini ulanmak maslahat berilmeýär.

Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)

Nerw stresiniň ep-esli ýokarlanjakdygyna garamazdan, saglygyňyz we işlemek ukybyňyz häzirki wagtda iň ýokary derejede bolar. Üstünlik üçin gaýtaryp bolmajak hereket gowy netijeler getirer. Otdan ägä boluň. Şu günki düýşüňiziň diýseň ýakyn wagtda amala aşmak ähtimallygy ýokarydyr.

Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)

Siziň ýüregiňize ýakyn alýan duýgularyňyzyň köpelmegi, dynç alyp bilmezligiňize getirer. Ýaramaz netijelere getirjek garyndaşlar bilen uzak möhletleýin aragatnaşyk mümkin. Olar bilen gizlin söhbetdeşlikden, ikitaraplaýyn aç-açanlykdan gaça duruň. Paýhaslylyk bilen hereket ediň.

Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)

Hoşniýetlilik we kemsitmeleri bagyşlamak ukyby dawa-jenjellerden gorar. Mistika, filosofiýa ýa-da dine bolan gyzyklanmany ösdürip bilersiňiz. Janly, pozitiw pikirlenmek, ýa-da dostlaryňyz bilen gatnaşyk etmek sizi garaşylmadyk netijelere getirer.

Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Siziň işjeňligiňiz birneme azalar. Hereket etmezden ozal ýagdaýy üns bilen öwreniň we mümkin bolan ähli çykalgalary göz öňünde tutup, iň gowusyny saýlaň. Haýsydyr bir ugurda tapawutlanmak isleseňiz ünsüňizi bir ýere jemläp, yhlasly hereket etmeli. Eger beýle etmeseňiz – maksadyňyza ýetip bilmersiňiz ýa-da netije garaşylýanlaryňyzyň tersine bolar.

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Daşky täsir ýa-da ýalan maglumatlar maliýe ýitgilerine sebäp edip biler. Bu gün syýahata gitmäň, sebäbi onuň şowsuz bolmak ähtimallygy ýokarydyr. Emläk bilen baglanyşykly esasy kynçylyklar ähtimal: ýangyn ýa-da talaňçylyk. Şonuň üçin has-da ünsli bolmaklyk maslahat berilýär.

Kowus (keman 23.11 — 21.12)      

Ìşiňiziň ugruna boljak, diýseň gowy gün. Meýilnamalaryňyzy aňsatlyk bilen durmuşa geçirip bilersiňiz, iş mümkinçilikleriňizi giňeldip bilersiňiz. Dürli meseleleri şu gün tutanýerlilik bilen çözmeli bolarsyňyz. Emma global maksatlar goýmaga ýa-da bir wagtyň özünde birnäçe zatlar etmäge synanyşmaň.

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Gatnaşyklar çydamlylyga synag edilip, täzeden pikirlenmegi talap edýän jedelli gün. Iş kagyzlary ýa-da maddy zatlar bilen işleýän wagtyňyz seresap boluň – ýalňyşlyk ýa-da maliýe ýitgisi bolar. Gyssagly wada bermäň – olary ýerine ýetirip bilmezligiňiz gaty ähtimal.

Daluw (gowa 21.01-20.02)

Bu gün uly meýilnama düzmeli däl, täze işe başlamaly däl. Işewür ýygnaklar islenýän netijeleri bermez. Size erbet niýetlileriň hilelerinden ägä boluň. Karz almaň, maliýe meselelerini özbaşdak çözmäge synanyşyň. Öz düşünjäňize has köp ynanyň.

Hut (balyk 21.02 — 20.03)

Bu gün möhüm meseleleri, gazanç ugurlaryny, amallary çözmek, nika baglaşmak üçin amatlydyr. Işleriňizi oýlanyşykly meýilleşdirmek we güýç paýlamak ukyby kynçylyklardan gorar. Paýhaslylyk, yhlasly hereket we ösen duýgy maksadyňyza ýetmäge kömek eder.

Türkiýede ýapyk binalarda hem örtük dakmak düzgüni ýatyryldy

 

Ýene-de okaň

28-nji Iýul ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

27-nji Iýul ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

26-njy Iýul ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

2024;Hepdelik täleýnama (22-28-nji iýul)

Ata Watan Eserleri

25-nji Iýul ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

24-nji Iýul ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama