TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkiýede ýapyk binalarda hem örtük dakmak düzgüni ýatyryldy

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýýyp Ärdogan saglyk ministri Fahrettin Koja we koronawirus bilim geňeşi agzalary bilen duşuşdy. Bu duşuşykda koronawirus ýokanjyna garşy alnyp barylýan işler barada hasabatlar diňlenildi.

Prezident Ärdogan ýapyk ýerlerde hem agyz-burun örtüginiu dakynmak düzgüniniň ýatyrylandygyny mälim etdi.

Pandemiýanyň köpçülikleýin howp hökmünde kabul edilmeýändigini bellän Ärdogan Ýewropa ýurtlarynyň ählisinde diýen ýaly çäklendirmeleriň ýatyrylandygyny belläp, Türkiýede hem bu tapgyra gelendiklerini mälim etdi.

Koronawirus bilim geňeşiniň ýygnagyna ähli ugurlary gözden geçirendiklerini bellän Ärdogan:”Bilim geňeşi adatdan daşary ýagdaý ýüze çykmadyk halatynda yzygiderli ýygnaklary geçirmegiň zerur däldigini bellediler. Saglygy goraýyş ministrligi pandemiýa bilen baglanyşykly işleri alyp bararlar. Koronawirus pandemiýasy bilen baglanyşykly 3 ýyldan bäri dowam eden ýapyk binalarda örtük dakynmak zerurlygy aradan aýrylýar.” diýip belledi.

Agyz-burun örtügi diňe köpçülikleýin ulaglarda we saglyk merkezlerinde waka sany 1000-den aşak düşýänçä belli bir wagta çenli dowam eder. Bilim geňeşiniň malsahaty bilen uly ýaşly adamlaryň, dowamly keseli bolan adamlaryň hem-de töwekgelçilikli topardaky adamlaryň örtük dakynmagynyň zerurdygyny belleýär.

Sanjym merkezleri işlerini dowam edip, Türkiýäniň işläp düzen “TURKOVAC” sanjymy bilen buster sanjymlary almak isleýänlere sanjym edýärler.

Şeýle hem mekdeplerde hem agyz-burun örtügini dakynmak zerur däl.

2022-nji ýylyň 2-nji martynda Türkiýede açyk meýdanlarda örtük dakynmak zerurlygy ýatyrylypdy.

 

 

«Altyn asyr» Gündogar bazary açylýar

Ýene-de okaň

PCR negative testiniň netijenamasy zerur däl: “Türkmenistan” awiakompaniýasy

Baş Redaktor

«Belawiýa» awiakompaniýasy Türkmenistana uçar gatnawlaryny artdyrdy

Şäherara awtobus petekleriniň onlaýn satuwy

Teswirle