SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

2-nji sentýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Hormatly okyjylarymyz!

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com internet saýty her gün täleýnamany dykgatyňyza ýetirýär. Siz hem öz ýyldyzyňyza görä täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz,  onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň. 

Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz!
Siz Täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan Täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!
Mähriban okyjylar! Gündelik täleýnama bilen gyzyklanýan okyjylarymyz üçin size 2-nji sentýabrdaky täleýnamany hödürleýäris.

Bellemeli zat, siz islendik ýyldyzyňyzyň suratynyň üstüne basyp, ol baradaky giňişleýin maglumatlary okap bilersiňiz.

Hamal (guzy 21.03 — 20.04)

Hamallara bu gün ýyldyzlar uly çykdajylardan saklanmagy talap edýär. Ýakyn adamlaryňyz bilen sözüňiziň azaşmagy mümkin. Möhüm kararlara gelmekligi soňa goýuň. Daş-töweregiňizdäkileriň täsiri, ýa-da siziň wakalara subýektiw garamaklygyňyz ýagdaýy has hem kynlaşdyryp biler. Düýşüňiz ýakyn wagtda amala aşar.

Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)

Şu gün sowurlaryň ähli meseleleri finans ýagdaýlar sebäpli bolar. Gulluk ýa-da jemgyýetýilik ýagdaýlaryňyzda ýakyn wagtlarda öwrülişikleriň bolmagyna garaşylýar. Öz saglygyňyz barada pikir etmeklik zerurdyr.

Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)

Durmuş potensialyňyz şu gün iň ýokary derejede bolar, ýöne içerki energiýanyň aşa köp bolmagy kärdeşleriň biri bilen gatnaşyklaryň ýaramazlaşmagyna sebäp edip biler. Ýakyn ýoldaşyňyzyň ýa-da başlygyňyzyň ynamy sizde goşmaça jogapkärçilik çekmek islegini döreder. Derrew çözülmegini talap edýän ýagdaýlara baş goşmaly bolarsyňyz. Ýyldyzlar agşamlygyňyzy şahsy durmuş we ruhy ösüş meselelerine bagyşlamagy maslahat berilýär. Arzuwlaryňyz hasyl bolar.

Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)

Köne dostuňyza duşmak ähtimallygyňyz güýçli. Garşy jynsyň wekili bilen aragatnaşyk size peýdaly täsir eder. Täsirli howandaryňyz bolmagy mümkin. Saglygyňyza gowja serediň. Iýmitiňiziň peýdaly bolmagy zerurdyr.

Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)

Bu günki gün meýilnamalaryňyzy durmuşa geçirip bilersiňiz, emma hyzmatdaşlar ýa-da başlyklar bilen gapma-garşylykly ýagdaýlaryň ýüze çykmagy gaty ähtimal. Seresap boluň: gybat we erbet niýetli adamlar size zyýan bermäge synanyşar. Başga adamlaryň gürrüňlerine goşulmaň, hatda jedellerde-de.

Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)

Güni aýratyn döredijilige, öý işlerine bagyşlaň. Ýeke sünbüleleriň şahsy durmuşynda käbir üýtgeşmeler bolup biler. Söýgi meselesi bilen jemgyýetdäki ornuňyzyň üýtgemegi ähtimal.

Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Ruhy ösüş üçin amatly gün. Belki, maddy abadançylyga bolan höwesiňiz we islegiňiz hakyky ýagdaýy siziň doly göz ýetirmegiňize päsgel berýändir, ýa-da käbir tanyşlaryňyzy daşlaşdyrandyr. Jedel ýa-da dartgynly gatnaşykda bolan her biriňiz bilen ylalaşmaga synanyşyň, hemme zat netije berer. Haýyşlary ret edip, açgözligi, egoistligi görkezip bilmersiňiz.

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Hiç bir ýagdaýda başlanan zadyňyzdan ýüz öwürmäň we yza çekilmäň. Dowamly, maksatly öňe hereket etmek şowlulyk getirer. Şowhunly kompaniýalardan gaça duruň: bu gün başga adamlaryň täsirine boýun bolup bilmersiňiz.

Kowus (keman 23.11 — 21.12)      

Diýseň möhüm we dartgynly gün. Bu gün islendik meseläni çözmegiň ähtimallygy gaty az. Uzak wagtlap pikirlenmek, ýüzleý hökümleri bermek, aragatnaşygyň käbir manysyzlygy beýlekileriň öňünde abraýyňyzy peseldip biler. Daş-töweregindäki adamlar bilen ownuk gapma-garşylyklaryň bolmagy ähtimal.

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Kyn gün. Agyr fiziki zähmet, güýçli akyl işi howply. Professional humar oýunlaryna düşmezlik üçin seresap boluň. Töwekgelçilik bilen baglanyşykly islendik täjirçilik amallary gorkulydyr: gazananyňyzdan has köp ýitirersiňiz. Öz gowşak taraplaryňyza meýilli bolmak, şahsy durmuşyňyzda kynçylyklara sebäp edip biler.

Daluw (gowa 21.01-20.02)

Abraýyňyza we mertebäňize garaşylmadyk ýagdaýda hüjüm edilip bilner. Aýratyn häsiýetliligiňizi görkeziň – gowşaklygy, asudalygy saklaň we tankytlary gaty agyr kabul etmäň. Günüň ikinji ýarymynda geljek garaşylmadyk habar, öňki meýilnamalaryňyzy jemlemäge mümkinçilik berer.

Hut (balyk 21.02 — 20.03)

Möhüm maliýe girdejisine garaşylmasa-da, iş amallary üçin gaty amatly wagt. Resmi ýagdaýda oňaýly üýtgeşmeler bolup biler ýa-da täze adamlaryň peýda bolmagy möhüm taslamalara gatnaşmaga mümkinçilik berer. Göz öňünde tutan maksatlaryňyz ýa-da çözülmedik meseleler bilen iş salyşmaly.

“Ýe­ri­ne ýe­ti­rip bol­ma­jak tab­şy­ryk-7” filminiň görkezilişi yza süýşürildi

 

Ýene-de okaň

13-nji Iýul ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

12-nji Iýul ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ata Watan Eserleri

11-nji Iýul ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

2024;Hepdelik täleýnama (08-14-nji iýul)

Ata Watan Eserleri

10-njy Iýul ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

09-nji Iýul ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama