MEDENIÝET

“Ýe­ri­ne ýe­ti­rip bol­ma­jak tab­şy­ryk-7” filminiň görkezilişi yza süýşürildi

“Paramount” kinostudiýasy koronawirus pandemiýasy sebäpli “Ýe­ri­ne ýe­ti­rip bol­ma­jak tab­şy­ryk-7” (MIS­SI­ON: IM­POS­SIB­LE 7)filminiň görkezilişiniň 2022-nji ýylyň 30-njy sentýabryna süýşürilendigini habar berdi.
Metbugatda habar berlişine görä, ozal bu filmiň 2022-nji ýylyň 27-nji maýynda prokata çykjakdygy mälim edilipdi. Bilşimiz ýaly, koronawirus pandemiýasy sebäpli bu filmiň surata düşürmek işleirniň käbir bölekleri togtadylypdy, soňra täzeden ýola goýlupdy.
Iýun aýynda filmi surata düşürýän toparyň ählisi 2 hepdelik karantin çärelerini berjaý etmeli boldular.
“Ýe­ri­ne ýe­ti­rip bol­ma­jak tab­şy­ryk” filminiň 6-sy surata düşürildi we olar kino muşdaklary tarapyndan iň köp tomaşa edilen kinolaryň birine öwrüldi. Bu filmiň girdejisi 3,5 milliard dollardan geçdi.
Itan Hant ady bilen bu filmlerinde meşhur bolan Tom Kruz “Ýe­ri­ne ýe­ti­rip bol­ma­jak tab­şy­ryk-7” filminde Wing Rhames, Simon Pegg, Rebekka Ferguson, Wanessa Kirbi, Esai Morales, Haýleý Atwell, Pom Klementieff, Şea Whigham dagylar bilen bile surata düşdi.
Mälim bolşy ýaly, Tom Kruzyň “Top Gan:Mewirik” atly filminiň hem görkezilişi 2021-nji ýylyň 19-njy noýaryndan 2022-nji ýylyň 27-nji maýyna geçirildi.
https://www.atavatan-turkmenistan.com/eyranyn-taze-dasary-isler-ministrine-gutlag-iberildi/

Ýene-de okaň

Medeniýet hepdeligi 2027-nji ýylda Daşoguz welaýatynda geçiriler

Türkmen wekiliýeti “Merkezi Aziýa+” kino forumyna gatnaşdy

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligine badalga berdi

Ata Watan Eserleri

Ýewraziýa döwletleriniň muzeý ýolbaşçylarynyň Birinji forumy geçirildi

Çary Berdiýew Russiýadaky kinofestiwalda baş baýraga mynasyp boldy

«Magtymguly Pyragy» filmi Russiýada baýraga mynasyp boldy