TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

12-nji sentýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Hormatly okyjylarymyz!

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com internet saýty her gün täleýnamany dykgatyňyza ýetirýär. Siz hem öz ýyldyzyňyza görä täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz,  onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň. 

Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz!
Siz Täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan Täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!
Mähriban okyjylar! Ykbalyň bagt ýyldyzynyň size nämeler diýýändigini bilesiňiz gelse, 12-nji sentýabrdaky täleýnamaňyzy hödürleýäris.

Bellemeli zat, siz islendik ýyldyzyňyzyň suratynyň üstüne basyp, ol baradaky giňişleýin maglumatlary alyp bilersiňiz.

Hamal (guzy 21.03 — 20.04)

Siziň meşgul bolýan döredijiligiňiz, maşgala atmosferasyna oňyn täsir etjek giň mümkinçilikleri açar. Günüňizi çagalara bagyşlaň. Olar bilen ýakyn aragatnaşykdan lezzet alarsyňyz.

Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)

Häzirki wagtda beýleki adamlar bilen gatnaşyklarda köp kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolup bilersiňiz. Ylalaşmasaňyz, ýagdaý hasam erbetleşer. Size garşy hileler taýynlanýan ýaly görünip biler. Özüňizi goramaklygy unutmaň.

Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)

Bu gün döredijilik mümkinçiligiňiziň artmagy ähtimal. Esasanam sungat bilen baglanyşykly işler üçin amatly. Pikirleriňizi we duýgularyňyzy beýan etmegiň zerurlygyny duýup bilersiňiz. Adaty bolmadyk romantiki duşuşyklar ähtimal. Möhüm meseleleri çözmekde duýgurlyga we sabyrlylyga bil baglaň.

Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)

Gowy, uzak wagtlaýyn dynç almagyň wagty geldi. Dynç alyşlary, syýahatlary, gezelençleri meýilleşdirmek maslahat berilýär. Duýgularyňyza has gowy düşünmek üçin bu güni ýalňyz geçirmegi makul bilip bilersiňiz. Günortan erbet habaryň bolmagy ähtimal. Ýakyn adamlaryňyz siziň kömegiňize we goldawyňyza mätäçdir.

Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)

Esasanam döredijilik döredijilik bilen meşgullanýan esetler üçin amatly gün bolar. Bu gün olar öz isleýän zatlary bilen meşgullanmalydyrlar.  Zehinleriňizi açyp bilersiňiz, öňler gizlinlikde arzuw eden zatlaryňyza ýetersiňiz. Bu sizi hakykatdanam bagtly eder. Maşgala agzalary bilen gatnaşyklarda dartgynlyk bolar, emma bu mesele babatda gatybir alada etmezlige synanyşyň; hemme zat pikir edişiňiz ýaly erbet däl.

Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)

Bu gün başdan geçirmeler üçin amatly bolar. Meýilleşdirilen syýahat uzak wagtlap ýatda galar. Çünki bu gün täze tanyşlyklary we gyzykly başdan geçirmeleri wada berýär. Özüňizi oňat duýmasaňyz, saglygyňyza çynlakaý üns bermeli. Sagdyn iýmitlenmege çalşyň.

Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Işleriňizde kynçylyklar, daş-töweregiňizdäkiler bilen dawa-jenjel bolup biler. Bu gün maşgala we öý meselelerini adatdakysyndan has köp çözmeli bolarsyňyz. Tebigy paýhas we dogruçyllyk kyn gatnaşyklary çözmäge kömek edip biler. Konflikti uzaga çekdirmeli däldir.

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Bu güni diýseň dostlukly we agzybirlikde geçirersiňiz. Maşgalaňyz bilen tebigata, deňze baryp, dynç alyp bilersiňiz. Bu sizi aladalardan daşlaşdyrar, ruhlandyrar we çagalaryňyza ýakynlaşdyrar. Netijede maşgala gatnaşyklary täze güýje we görnüşe eýe bolar. Eger kynçylyklar ýüze çyksa, günäni özüňizden gözläň.

Kowus (keman 23.11 — 21.12)      

Passiw gün, edýän işleriňizde, tutan maksatlaryňyzy amala aşyrmakda howlukmaň. Howpsuzlygyňyz bilen baglanyşykly kynçylyklar mümkin. Düşünjäňizi diňläp, ruhy meselelere üns bermeli bolarsyňyz. Saglygyňyza, iýmitiňize aýratyn üns bermeli bolarsyňyz. Günüň köpüsini açyk howada çagalaryňyz bilen geçiriň.

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Bu gün maşgala dawa-jenjeliniň, çözüp bolmajak gapma-garşylyklaryň bolmaklygy gaty ahtimaldyr. Ol meseleleri seresaplylyk we ünslülik bilen aýyrmaga synanyşmaly. Şahsy durmuş uzak wagtlap asuda bolup bilmez. Emma, köpsanly synaglardan soň ýene-de bagtly günler bolar. Çagalaryňyzyň üstünliklerine, saglygyna, gyzyklanmalaryna aýratyn üns beriň.

Daluw (gowa 21.01-20.02)

Bu gün köne gatnaşyklaryňyzda we maşgala gatnaşyklarynda kynçylyklar bolup biler. Bu gün siz ýadawlyk duýup bilersiňiz. Emma, bu gowşaýan alamatlaryňyz hakynda artykmaç pikir etmejek boluň. Çakdan-aşa energiýa sarp etmejek boluň. Saglygyňyza aýratyn üns beriň.

Hut (balyk 21.02 — 20.03)

Bu gün köp tarapdan hoşniýetli bolar. Bu bolsa, döredijilik ýygnaklaryna, ýakynlaryňyz we garyndaşlaryňyz bilen aragatnaşyga täsir edip biler. Geçen iş hepdesinde meýilleşdirilen işleriňiz we maşgala abadançylygy duýgularyň sazlaşygyna we deňagramlylygyna goşant goşar

Ýüzümizi arassalamak üçin ýapgy taýýarlamak

 

Ýene-de okaň

Aýyň täleýnamasy: Dekabr

Ata Watan Eserleri

02-nji dekabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

01-nji dekabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Teswirle