No menu items!
8.9 C
Istanbul
10/08/2020 5:19
No menu items!
Home IŇ TÄZE HABAR Daşary ýurtda bolýan raýatlarymyz üçin: Hasaba alynmak

Daşary ýurtda bolýan raýatlarymyz üçin: Hasaba alynmak

Daşary  ýurt döwletlerinde hemişelik ýaşaýan we wagtlaýyn bolýan Türkmenistanyň raýatlarynyň hukuklaryny we bähbitlerini üpjün etmek maksady bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň 2020-nji ýylyň 05-nji iýunynda çykaran 34-Ö belgili buýrugy bilen  Daşary ýurt döwletlerinde hemişelik ýaşaýan we wagtlaýyn bolýan Türkmenistanyň raýatlaryny Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalary we konsullyk edaralary tarapyndan hasaba almagyň Tertibi tassyklanyldy. Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň resmi web saýtynda neşir eden ýokary ady agzalan Buýrugy dolulygyna Size ýetirýäris!

Bellemeli zat, ýakynda Daşary ýurt döwletlerinde bolýan Türkmenistanyň raýatlarynyň özlerine bagly bolmadyk ýagdaýlaryň ýüze çykmagy sebäpli Türkmenistana dolanyp barmak üçin şahadatnamanyň hereket edýän möhleti 1 (bir) aýdan 6 (alty) aýa çenli uzaldyldy we “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýtynda bu baradaky habary daşary ýurtlarda bolýan raýatlarymyzyň dykgatyna ýetiripdik.

Daşary ýurt döwletlerinde hemişelik ýaşaýan we wagtlaýyn bolýan Türkmenistanyň raýatlaryny Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalary we konsullyk edaralary tarapyndan hasaba almagyň

TERTIBI

 

  1. Şu Daşary ýurt döwletlerinde hemişelik ýaşaýan we wagtlaýyn bolýan Türkmenistanyň raýatlaryny Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalary we konsullyk edaralary tarapyndan hasaba almagyň Tertibi (mundan beýläk-Tertip) «Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky konsullyk edaralary hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 29-njy maddasyna laýyklykda taýýarlanyldy.

Şu Tertip daşary ýurt döwletlerinde hemişelik ýaşaýan we wagtlaýyn bolýan Türkmenistanyň raýatlaryny Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalary we konsullyk edaralary tarapyndan hasaba almagyň tertibini düzgünleşdirýär.

  1. Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalary we konsullyk edaralary öz konsullyk çäginde ýerleşýän Türkmenistanyň raýatlaryny hasaba alýarlar.
  2. Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalary we konsullyk edaralary (mundan beýläk – diplomatik wekilhana we konsullyk edarasy) daşary ýurt döwletlerinde hemişelik ýaşaýan we wagtlaýyn bolýan Türkmenistanyň raýatlarynyň (mundan beýläk – raýat) hukuklaryny we bähbitlerini üpjün etmek maksady bilen olaryň hasabyny ýöredýärler.
  3. Hasaba almak raýatyň özüniň ýa-da onuň kanuny wekiliniň hasaba aldyrmak boýunça ýazan arzasynyň esasynda Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasyna ýa-da konsullyk edarasyna ýüz tutmak arkaly tölegsiz esasda amala aşyrylýar.

Arzanyň ýanyna raýat tarapyndan doldurylan Daşary ýurt döwletlerinde hemişelik ýaşaýan we wagtlaýyn bolýan Türkmenistanyň raýatlaryny hasaba alyş ýazgysy (şu Tertibe goşundy) we şol raýatyň Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportynyň nusgasy goşulýar.

  1. Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasporty bolmadyk daşary ýurt döwletlerinde hemişelik ýaşaýan ýa-da wagtlaýyn bolýan raýatlar hasaba alnanda olaryň hasaba alyş ýazgysynyň ýanyna Türkmenistanyň raýatynyň pasportynyň, Türkmenistanyň diplomatik pasportynyň, Türkmenistanyň gulluk pasportynyň ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda Türkmenistanyň raýatlygyny tassyklaýan resminamanyň haýsy hem bolsa biriniň nusgasy goşulyp bilner.
  2. Raýaty hasaba almak diplomatik wekilhana we konsullyk edarasyna poçta aragatnaşygy, faksimil aragatnaşygy, elektron poçta arkaly raýatyň şu Tertibiň dördünji böleginde görkezilen resminamalary ibermegi esasynda, şeýle hem Internet torundaky resmi web-saýtynda raýatyň degişli maglumatlary elektron görnüşde doldurmagy esasynda amala aşyrylyp bilner.
  3. Hasaba alyşdan soňra raýatyň hasaba alyş ýazgysynda görkezen maglumatlarynda üýtgeşmeler dörändigi barada raýatdan maglumat gelip gowşan halatynda, raýatyň hasaba alyş ýazgysyna goşmaça üýtgetmeler we bellikler girizilýär. Ozal girizilen ýazgylar ýok edilmeýär we raýaty hasaba alyş maglumatlarynda saklanylýar.
  4. Raýatyň ýa-da onuň kanuny wekiliniň ýüz tutmagy esasynda diplomatik wekilhananyň ýa-da konsullyk edarasynyň konsullyk wezipeli adamy raýatyň hasaba alnandygy ýa-da hasapdan çykarylandygy barada erkin görnüşde düzülen kepilnamany tölegsiz esasda berýär.

Raýatyň hasaba alnandygy ýa-da hasapdan çykarylandygy barada Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportyna ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda Türkmenistanyň raýatlygyny tassyklaýan beýleki resminamalaryň hiç birine ýazgylary ýazmak ýa-da bellikleri etmek gadagan edilýär.

  1. Diplomatik wekilhananyň ýa-da konsullyk edarasynyň konsullyk wezipeli adamy hasaba almak boýunça gelip gowşan arzalary bellige alýar we hasaba alyş ýazgysynda görkezilen maglumatlary Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasynda ýa-da konsullyk edarasynda hasapda duran raýatlaryň elektron binýadyna girizýär.

Diplomatik wekilhananyň ýa-da konsullyk edarasynyň konsullyk wezipeli adamy hasapda duran raýatlaryň elektron binýadyny hasaba alyş ýazgysynda görkezilen maglumatlara esaslanyp, raýatlary daşary ýurt döwletinde hemişelik ýaşaýan ýa-da wagtlaýyn bolýan toparlara bölüp ýöredýär.

  1. Daşary ýurt döwletinde soňky iki ýyldan az bolmadyk möhletde hemişelik ýaşaýan raýat daşary ýurt döwletinde hemişelik ýaşaýan hökmünde hasaba alynýar.

Gulluk ýa-da okuw maksatlary bilen daşary ýurda giden we olaryň tamamlanmagyna çenli şol ýerde iki ýyldan artyk bolýan raýatlar şol döwletde wagtlaýyn bolýan hökmünde hasaba alynýar.

  1. Daşary ýurt döwletinde üç aýdan iki ýyla çenli bolmagy meýilleşdirýän raýat daşary ýurt döwletinde wagtlaýyn bolýan hökmünde hasaba alynýar.
  2. Daşary ýurt döwletlerinde hemişelik ýaşaýan ýa-da wagtlaýyn bolýan raýatlary diplomatik wekilhanalaryň we konsullyk edaralarynyň hasabyndan çykarmak üçin aşakda görkezilenleriň biri esas bolup durýar:

1) raýatyň özi ýa-da onuň kanuny wekili tarapyndan hasapdan çykmak boýunça erkin görnüşde düzülen arzanyň şu Tertibiň dördünji böleginde görkezilen usullar arkaly berilmegi;

2) raýatyň Türkmenistanyň beýleki bir diplomatik wekilhanasynda ýa-da konsullyk edarasynda hasaba alnandygy barada habarnamanyň gelip gowuşmagy;

3) raýatyň hasaba almak boýunça arzasynda görkezilen daşary ýurt döwletinde hemişelik ýaşamagy meýilleşdirýän döwrüniň tamamlanmagyndan dört ýylyň geçmegi;

4) raýatyň hasaba almak boýunça arzasynda görkezilen daşary ýurt döwletinde wagtlaýyn bolmagy meýilleşdirýän döwrüniň tamamlanmagyndan iki ýylyň geçmegi;

5) raýatyň aradan çykmagy;

6) raýaty nam-nyşansyz giden diýip ykrar etmek ýa-da ölen diýip yglan etmek hakynda kazyýetiň çözgüdiniň kanuny güýje girmegi;

7) Türkmenistanyň raýatlygynyň bes edilmegi.

  1. Raýatyň hasapdan çykarylmagy bilen, diplomatik wekilhanada ýa-da konsullyk edarasynda hasapda duran raýatlaryň elektron binýadyndaky maglumatlara degişli bellik edilýär. Bellik özünde raýatyň hasapdan çykarylan senesini we onuň esaslandyrmasyny saklaýar.
  2. Raýatyň daşary ýurt döwletindäki ýaşaýan ýeriniň hasaba alyşdan soňra üýtgän halatynda, raýatyň ýüz tutmagy esasynda, ol soňky ýaşaýan ýeriniň çägine degişli Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasynda ýa-da konsullyk edarasynda hasaba alnyp bilner. Şeýle halatda, raýaty ozalky alnan hasapdan çykarmak işi soňky hasaba alnyşy amala aşyran Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasy ýa-da konsullyk edarasy tarapyndan ýerine ýetirilýär.
  3. Daşary ýurt döwletlerinde hemişelik ýaşan ýa-da wagtlaýyn bolan raýatlar Türkmenistana dolanyp geleninden soňra Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine ýüz tutmak arkaly hasapdan çykarylyp bilner.
  4. Şu Tertibiň on dördünji we on bäşinji böleklerinde görkezilen hasapdan çykarmak boýunça amallar ýerine ýetirilenden soňra, hasapdan çykaran tarap raýatyň ozal hasaba alnan Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasyna ýa-da konsullyk edarasyna ýazmaça habar berýär.
  5. Hasaba almak we hasapdan çykarmak boýunça arzalar diplomatik wekilhanalarda we konsullyk edaralarynda saklanylýar we raýat hasapdan çykarylandan soňra bir ýylyň geçmegi bilen resmileşdirilip ýok edilýär.

 

Daşary ýurt döwletlerinde hemişelik ýaşaýan

we wagtlaýyn bolýan Türkmenistanyň raýatlaryny

Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki

diplomatik wekilhanalary we konsullyk edaralar

tarapyndan hasaba almagyň Tertibine

goşundy

 

Daşary ýurt döwletlerinde hemişelik ýaşaýan we wagtlaýyn bolýan Türkmenistanyň raýatlaryny

HASABA ALYŞ ÝAZGYSY

 

 

Foto surat

üçin ýer

Familiýasy, ady, atasynyň ady
Doglan senesi we ýeri
Jynsy
Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportynyň (Türkmenistanyň raýatlygyny tassyklaýan beýleki resminamanyň) belgisi, beren edara, berlen senesi we hereket ediş möhleti
Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportynyň (Türkmenistanyň raýatlygyny tassyklaýan beýleki resminamanyň) nusgasy

 

(elektron doldurylýan arzalar babatynda ulanylýar)

  •  
  •  
  •  
  • (pasportynyň nusgasy berkidilýär)
Daşary ýurt döwletine wagtlaýyn bolmak ýa-da hemişelik ýaşamak üçin gelen senesi
Daşary ýurt döwletinde wagtlaýyn bolmagy ýa-da hemişelik ýaşamagy meýilleşdirýän döwri
Telefon belgisi
Elektron poçtasynyň salgysy

 

(eger bar bolsa)

Türkmenistandaky salgysy

 

(eger bar bolsa)

Daşary ýurt döwletindäki häzirki ýaşaýan salgysy
Zähmet çekýän ýeri, eýeleýän wezipesi we salgysy (bilim alýan okuw mekdebiniň ady we salgysy)
Raýatyň hukuklaryny we bähbitlerini üpjün etmek bilen bagly meselelerde habarlaşmak üçin Türkmenistandaky we daşary ýurt döwletindäki ýakyn adamlarynyň familiýasy, ady, öý salgysy we telefon belgisi
Türkmenistanyň beýleki bir diplomatik wekilhanasynda ýa-da konsullyk edarasynda hasapda durmy ýa-da ýok (duran halatynda diplomatik wekilhananyň ýa-da konsullyk edarasynyň ady)
Raýatyň ýerine hasaba alyş ýazgysyny dolduran kanuny wekil barada maglumatlar (kanuny wekil ýuridik şahs bolan halatynda onuň adyndan çykyş edýän fiziki şahs barada maglumatlar)Familiýasy, ady, atasynyň ady
Doglan senesi
Ýaşaýan salgysy
Telefon belgisi
Elektron poçtasynyň salgysy
Bellikler

 

Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan

2020-nji ýylyň 12-nji iýunynda 1341 bellige

alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan.

 

Türkmenistanda we daşary ýurtda bilim almak we diplom ykrar etmek baradaky habarlaryň linklerini  Size ýetirýäris 

Türkmenistanyň Ýokary okuw jaýlary baradaky habarlaryň linkleri

Türkmenistanyň Ýokary Okuw Jaýlary

2020 :Ýokary okuw mekdeplerine okuwa kabul edişlik

 

Daşary ýurtda bolýan raýatlarymyz üçin degişli habarlaryň linkleri

Daşary ýurtlarda okaýan talyplarymyz üçin

Türkmenistana dolanyp barmak üçin şahadatnama

Daşary ýurtda bolýan raýatlarymyz üçin: Hasaba alynmak

 

Türkiýäniň Ýokary Okuw jaýlary baradaky habarlaryň linkleri

İstanbul Yeni Yüzyıl Üniversitesi: Tıp, Dış Hekimliği, Eczacılık ve Mühendislik

Bahçeşehir Uniwersiteti: Sanawdaky Ýokary okuw jaýy

Attestat bilen Türkiýede ýokary okuw jaýyna ýerleşmek

Sanawdaky Medipol Uniwersiteti Türkmen talyplaryna garaşýar

Süleýman Demirel Uniwersiteti : Attestat bilen Synagsyz okuwa girmek

Dokuz Eylül Uniwersiteti : Attestat bilen Synagsyz okuwa girmek

Ankara Uniwersiteti : Attestat bilen Synagsyz okuwa girmek

 

Diplom ykrar etmek baradaky habarlaryň linkleri

Sanawda bolmaýan, Ykrar edilýän abraýly ýokary okuw jaýlar

Diplom Ykrar Etmek: Zerur Resminamalar

Diplom ykrar etmek : Jemgyýet baradaky we ynsanperwer ylymlarynyň ugurlary

Diplom ykrar etmek :Döwlet Synaglarynyň Guralyşy

Diplom ykrar etmek üçin bildirilýän talaplar

Ynanç haty bilen Diplom Ykrar Etmek

 

Sanawa giren ýurtlaryň ýokary okuw jaýlary baradaky habarlaryň linkleri

Türkiýäniň iň abraýly ýokary okuw jaýlarynyň sanawy

GDA agza ýurtlaryň hünär bilim edaralaryň iň abraýlylaryň sanawy

Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň  halkara sanawa giren abraýly ýokary okuw jaýlary

Hytaýyň iň abraýly ýokary okuw jaýlary

Amerikanyň Birleşen ştatlarynyň ýokary okuw jaýlarynyň sanawy

Hindistan :Abraýly Ýokary Okuw Jaýlary 2020

Koreýa Respublikasy :Abraýly Ýokary Okuw Jaýlary 2020

Germaniýa :Abraýly Ýokary Okuw Jaýlary 2020

Fransiýa :Abraýly Ýokary Okuw Jaýlary 2020

Ýaponiýa :Abraýly Ýokary Okuw Jaýlary 2020

Kanada :Abraýly Ýokary Okuw Jaýlary 2020

Italiýa :Abraýly Ýokary Okuw Jaýlary 2020

Ispaniýa :Abraýly Ýokary Okuw Jaýlary 2020

Brazilýa: Abraýly Ýokary Okuw Jaýlary 2020

 

Türkiýede bilim almak üçin

“Atavatan Danışmanlık ve Tercüme Merkezi”

Aksaray mahallesi, Koçibey sokak, Erler Apt No:34 D:7 Gat:4 Fatih/ İstanbul

E-mail : atavatanltd@gmail.com

Telefon:

+90 532 401 71 52

+90 530 251 36 73

+90 212 633 40 00

 

Resminamalaryň terjimesi üçin

Makul Hyzmat” Terjime Merkezi

“Makul Terjime” Aşgabat:

+993 63 78 96 73

+ 993 12 96 48 55

+993 62 60 52 61

Aşkabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni) köçesi, A Blok, Makul Hyzmat Ofis, 4-nji gat, 401

E-mail : makulhyzmat@gmail.com

 

 

IŇ TÄZE HABARLAR

Keselleriň öňüni almak üçin…..

Özüňi goramak üçin : howpsuz aralygy berjaý etmekligiň ýokanç keselleriň döredijisiniň ýokuşmagyndan netijeli goraýandygyny ýatdan çykarman, jemgyýetçilik ýerlerinde 2 metrden az bolmadyk aralygy saklamaly; ...

Türkmenistanda Internet –peýdaly web saýtlaryň käbirleri

Soňky wagtlarda ýurdumyzda hususy web saýtlardan daşgary döwlet edara we döwlete degişli guramalara degişli web saýtlarlar yzygiderli açylýar, köp ýyllardan bäri bar bolanlar hem...

Türkmenistanda Mastercard – halkara töleg kartlary

MasterCard Maestro – bu kart kartlaryň içinde örän ýönekeýi. Nagt pul almak, söwda nokatlarynda hasaplaşmak ýaly hyzmatlary amala aşyrmak üçin niýetlenen. MasterCard Standard – bu...

Türkmen Bilim insanı Dr.Sarıyev’e Türkiye’de önemli görev

Türkiye’de öğretim üyeliği yapan  Doç.Dr. Berdi Sarıyev Türkiye’de önemli bir  göreve seçildi. Ankara Üniversitesi Dil ve Tarih-Cografya Fakültesi'nde öğretim üyesi Dr. Sarıyev, Atatürk Kültür,...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Di Kaprio “Apple” bilen şertnama baglaşdy

Meşhur amerikaly aktýor Leonardo Di Kaprio degişli bolan “Appian Way” kinokompaniýasy “Apple” kompaniýasy bilen şertnama baglaşdy. Şertnama laýyklykda, aktýoryň kompaniýasy “Apple” şereketiniň hyzmatlary babatda...

COVID-19 pandemiýasyna garşy göreş: BSGG Baş direktory bilen duşuşyk

Şu gün, zähmet rugsady tamamlanandan soň, ilkinji iş güni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň baş direktory Tedros Gebreisus bilen wideoaragatnaşyk boýunça...

Amir Han Türkiýä geler

Hindi kinosynyň dünýä belli aktýory Amir Han Türkiýä täze “Laal Singh Chaddha” filmini surata düşürmäge gitmegi meýilleşdirýär. Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň beren beýanatynda meşhur hindi...

8 dile terjime edip bilýän örtük

Ýaponiýanyň “Donut Robotics” atly tehnologiýa kompaniýasy 8 dile terjime edip bilýän agyz-burun örtügüni öndürdi. “Bluetooth” ulgamy arkaly telefona birikdirilýän örtük ​​hytaý, koreý, wýetnam, indoneziýa,...