TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BILIM

Halkara okuw: Soraglar we jogaplar

Daşary ýurt döwletleriniň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde bilim almak isleýän Türkmenistanyň raýatlary üçin mümkinçilikler döredilýär. “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com  saýtynyň alan maglumatyna görä, daşary ýurt döwletlerinde ilkinji ýokary bilimini alýan, Türkmenistana dolanyp gelen we pandemiýa sebäpli okuw ýerlerine gidip bilmedik, şonuň ýaly-da hususy tertipde daşary ýurt döwletlerine okuw maksatly ilkinji ýokary bilimini almaga isleg bildirýän raýatlaryň resminamalary kabul edilip başlandy.

Saýtymyza ýerleşdirilen degişli habarlardan soňra okyjylarymyz tarapyndan köp sanly soraglar gelip gowuşýar. Bize gelen müňlerçe soraga berlen jogaplary jemläp, Size daşary ýurtlarda bilim almak bilen baglanyşykly sorag-jogap görnüşindäki habarymyzy ýetirýäris. Hormatly okyjylarymyz bu habary doly we ünsli okan ýagdaýyňyzda daşary ýurt döwletlerinde bilim almak boýunça Sizi gyzyklandyrýan soraglaryň köpsüne jogap tapjakdygyňyza ynanýarys.

Bellemeli zat, habarlarymyzdan gyzgyny bilen “habarly” bolmak üçin Google Plaý Marketden “Atavatan Türkmenistan” Applikasiýamyzy şu ýere basyp mugt ýükläp alyň! Biziň @atavatanturkmen Instagram sahypamyzy we Imo Ata Watan : +993 65 80 24 70 hasaplarymyzy yzarlaň!

Resminamalar nirede kabul edilýär?

Raýatlar ýaşaýan ýerleri boýunça  Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň  Baş bilim müdirliklerine  arza bilen ýüz tutmaly.

Resminamalar haýsy döwürler üçin kabul edilýär?

Ýörite  işçi topara resminamalary hödürlemek işi 2021-nji ýylyň awgust aýynyň 13-nden sentýabr aýynyň 15-ine çenli wagt aralygynda guralýar.

Kimler resminamalaryny tabşyryp bilýärler?

Daşary  ýurt döwletlerinde ilkinji ýokary bilimini alýan, Türkmenistana dolanyp gelen we pandemiýa sebäpli okuw ýerlerine gidip bilmedik, şonuň ýaly-da hususy tertipde daşary ýurt döwletlerine okuw maksatly ilkinji ýokary bilimini almaga isleg bildirýän raýatlar resminamalaryny tabşyryp bilýärler.

Haýsy resminamalar bilen ýüz tutmaly?

  1. Raýatyň okaýandygy barada kepilnama, çakylyk haty (gelip gidip bilmedik talyplar üçin), raýatyň okuwa gitjek okuw mekdebiniň çakylyk haty (dalaşgärler üçin).
  2. Raýatyň okaýandygy baradaky kepilnamanyň, çakylyk hatynyň, raýatyň okuwa gitjek okuw mekdebiniň çakylyk hatynyň türkmen diline tassyklanan tertipde terjimesi
  3. Ýerli harby wekillikden gulluga çagyrylmakdan saklanandygy baradaky kepilnama we raýatyň ýerli harby wekilliginde hasaba alnandygy baradaky hasaba alyş kagyzy (prepisnoý), goşun gullugynda bolan raýatlar üçin harby bileti.
  4. Talybyň, raýatyň milli we daşary ýurt pasportlary.
  5. Görkezilen nusgalar boýunça maglumatlary resminamalar esasynda doldurmak.

 

Haýsy ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri üçin resminamalar kabul edilýär?

Häzirki bar bolan maglumatlara görä, diňe şu aşakdaky görkezilen ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri üçin resminamalar kabul edilýär.

Türkmenistanyň raýatlarynyň bilim almaklary üçin öz ýurtlarynyň çäklerine gelmeklerine rugsat berýändikleri barada resmi habar beren ýurtlaryň sanawy:

1.Koreýa Respublikasy

2.Belarus Respublikasy

3.Ukraina

4.Ermenistan Respublikasy

5.Russiýa Federasiýasy

  1. Amerikanyň Birleşen Ştatlary

7.Saud Arabystany Patyşalygy

8.Gazagystan Respublikasy

9.Pakistan Yslam Respublikasy

10.Türkiýe Respublikasy

11.Gruziýa

  1. Italiýa

Иностранным студентам разрешат въезжать в Россию для продолжения обучения

 

TÜRKIÝEDE BILIM ALMAK ÜÇIN – “ATAVATAN DANIŞMANLIK LTD”

Türkiýede bilim almak isleýän dalaşgärler Stambul şäherinde hyzmat berýän Atavatan Danışmanlık LTD Şti türk kompaniýasyna ýüz tutup bilerler

 

Haýsy ýokary okuw mekdepleri üçin resminamalar kabul edilýär?

Ýokaryda sanawy berien döwletlerden “Daşary ýurt bilim edaralarynyň öndeliginiň düzýan ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna” girýän okuw mekdeplerine resminamalar kabul edilýär. Şol döwletlerden, Türkiýäniň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Russiýanyň, Ukrainanyň, Belarusyň, Gazagystanyň,  Gruziýanyň, Italiýanyň we  Koreýa Respublikasynyň sanawa giren ýokary okuw mekdepleriniň sanawy www.atavatan-turkmenistan.com saýtynyň Bilim sahypasyna ýerleşdirildi. Şol habarlaryň linklerini aşakda Size ýetirýäris. Siz haýsy ýurtda bilim almak isleýän bolsaňyz, onda bu habaryň aşagynda berilen linkiň üstüne basyp ol ýurtdan sanawa giren ýokary okuw mekdeplerini öwrenip bilersiňiz!

Daşary döwletleriň ýokary okuw mekdepleriniň taýýarlaýyş maksatnamasy boýunça resminamalar kabul edilýärmi?

Häzirki ýagdaýda bu soraga “ýok” jogabyny berip bileris.

Men daşary ýurt ýokary okuw mekdeplerinde magistratura okamak isleýärin, resminamalar kabul edilýärmi?

Häzirki ýagdaýda magistratura, internatura, ordinatura üçin resminamalar kabul edilmeýär.

Haýsy ýagdaýlarda okaýan ýokary okuw mekdebim “Daşary ýurt bilim edaralarynyň öndeliginiň düzýän okuw mekdepleriniň sanawyna” girýär?

2019-njy, 2020-nji ýyllarda daşary döwletleriň ýokary okuw mekdeplerine okuwa girip, Türkmenistana dolanyp gelen we pandemiýa sebäpli okuw ýerlerine gidip bilmedik talyplar “Daşary ýurt bilim edaralarynyň öndeliginiň düzýän okuw mekdepleriniň sanawyna” girmeýän okuw jaýlarynda okaýan bolsalar, onda olar hasaba alynmaýar.

Daşary ýurt döwletlerinde bilim almak isleýän talyplarymyz! Bize Size häzirki ýagdaýda Türkmen we Iňlis dillerinde hereket edýän, ýakyn geljekde Türk we Rus dillerinde hem hereket edip başlajak Ilkinji Akylly Sözlük- Makul Sözlükden peýdalanyp biljekdigiňizi ýatlatmak isleýäris. Jemi 17.000-den gowrak esasy sözi özünde jemleýän Makul Sözlük offline hem işleýär we daşary ýurtlara gideňizde Size “dil boýunça kömekçi” boljakdygyna ynanýarys. Makul Sözlük saýtyna www.makulsozluk.com ýazyp girip bilersiňiz. Google Plaý marketden “Makul Sozluk” ýazyp mugt ýükläp alyp bilersiňiz. Makul Sözlügi şu ýere basyp hem ýükläp bilersiňiz!

Hormatly okyjylarymyz,

Daşary ýurt döwletlerinde bilim almak bilen baglanyşykly bize mälim maglumatlaryň ählisi Size ýetirip gelýäris. Ýokaryda berlen “sorag-jogaplar” boýunça Sizi kanagatlandyrmadyk ýagdaý bar bolsa, onda bu mesele boýunça resminamalary kabul edýän edara ýüz tutup biljekdiginizi maslahat berýäris. Bellemeli zat, biziň Size ýetiren kadalarymyz häzirki ýagdaýdaky şertleri görkezýär, emma, bu kadalaryň üýtgäp biljekdigini hasaba alyp resminamalary jemläp başlamazdan öň resminamalary kabul edýän edara ýüz tutup iň soňky ýagdaýy anyklamagyň maksada laýyk boljakdygyny beýan edýäris.

Döredijilik bäsleşigi: Gatnaşmaga howlugyň

 

Türkmenistandan Russiýa 18-nji ýörite gatnaw

Siz habarlar saýtymyza girilen dessine Size bildiriş gelmegini isleýän bolsaňyz onda “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com   saýtynyň ýakynda hyzmata giren Android ulgamynda işleýän Applikasyýasyny şu ýere basyp ýa-da aşakdaky suratyň üstine basyp öz telefonyňyza ýükläp alyň! Eger Siz bu habary kompýuteriň üsti bilen okaýan bolsaňyz, el telefonyňyzyň Google Plaý dükanyndan “Atavatan Turkmenistan” ýazyp biziň Applikasyýamyzy indirip mugt alyp bilersiňiz!

 

NEW ÝORKA GITMEZDEN, IŇLIS DILINI ÖWRENMEK MÜMKIN!

 

Türkmenistanyň raýatlarynyň bilim almaklary üçin öz ýurtlarynyň çäklerine gelmeklerine rugsat berýändikleri barada resmi habar beren ýurtlar boýunça “Daşary ýurt bilim edaralarynyň öndeliginiň düzýän okuw mekdepleriniň sanawy” baradaky linkleri Size ýetirýäris.

 

Türkiýe 2021: Diplomy ykrar edilýän ýokary okuw mekdepler

 

Ukraina, Belarus, Gazagystan we Gruziýadan sanawa haýsy ýokary okuw mekdepleri girýär?

 

Amerikanyň Birleşen Ştatlary 2021 :Abraýly Ýokary Okuw mekdepleri

 

Koreýa Respublikasy 2021: Abraýly ýokary okuw mekdepleri

 

Italiýa 2021: Abraýly ýokary okuw mekdepleri

 

Russiýadan sanawa haýsy ýokary okuw mekdepleri girýär?

Ýene-de okaň

Maglumat tehnologiýalaryň elektron sözlügi işe girizildi

Türkiýede bilim almak isleýänler üçin wajyp maglumat: ÝÖS synagy haçan?

Baş Redaktor

Talyplyga dalaşgärler harby gulluga çagyryş möhletini wagtlaýyn yza süýşürip bilýär

Teswirle