TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkmenistandan Russiýa 18-nji ýörite gatnaw

Türkmenistanyň Türkmenabat şäherindäki halkara howa menzilinden Russiýanyň Moskwa şäherine nobatdaky ýörite uçar gatnawy amala aşyryldy. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň resmi internet sahypasynda bellenilip geçilýär.

20-nji awgustda Russiýanyň “S7” awiakompaniýasynyň amala aşyran “8536” gatnawy bilen 173 adam Moskwa şäherine gitdi.

Umuman, Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan 2020-nji ýylyň martyndan bäri 18-nji ýörite uçar gatnawy amala aşyryldy.

Russiýanyň ilçihanasynyň resmi sahypasyndaky habara görä, Russiýanyň ilçihanasy Türkmenabat-Moskwa ýörite uçar gatnawy üçin Aşgabat-Türkmenabat ugry boýunça hem amala aşyran goşmaça sapary üçin “Türkmenistan” awiakompaniýasyna minnetdarlyk bildirdi.

Türkmenabat şäherinden Russiýanyň paýtagtyna soňky gezek 28-nji hem-de 30-njy iýulda ýörite uçar gatnawlaryny amala aşyrypdy.

Siz şeýle habarlary gyzgyny bilen okamak üçin şu ýere basyň we Applikasiýamyzy mugt ýükläp alyň! @atavatanhabar Instagram hasabymyzy hem yzarlamagy unutmaň!

 

Diplom ykrar etmek we daşary ýurtda bilim almak boýunça Resminamalaryň Terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezi

“Makul Terjime”  telefony:

+993 63 78 96 73 & : + 993 12 96 48 55

Aşkabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni) köçesi, A Blok, Makul Hyzmat Ofis, 4-nji gat, 401

E-mail salgysy : makulhyzmat@gmail.com

 

 

Halkara okuw: Soraglar we jogaplar

Ýene-de okaň

Ýaponiýaly işewürler : “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy bilen gyzyklanýar

Baş Redaktor

Awaza :ýörite wiza tertibini işläp düzmek we girizmek meseleleri öwreniler

Baş Redaktor

THY-den Aşgabat ugry boýunça goşmaça ýörite uçar gatnawy

Teswirle