TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

9-njy maý ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Hormatly okyjylarymyz!

Üns beriñ! Gündelik Tâleýnamany wideo görnüşinde tomaşa etmek üçin şu ýere ýa-da aşakdaky suradyň üstüne  basyñ! Siz Gündelik Tâleýnama we beýleki Atavatan Tv Kanalyndaky gepleşikleri añsatlyk bilen tomasa edip bilersiñiz!

 

 Siz hem öz ýyldyzyňyza görä, täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz,  onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň.  Her bir täleýnama baradaky gysgaça maglumatlary almak isleseňiz, onda şu ýere basyp okap bilersiňiz.

Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip, gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!

Mähriban okyjylar! Doglan senäňize degişli ykbal ýyldyzlarynyň häzirki wagtda durmuşyňyza nähili täsir edýändigi, geljegiňiz baradaky biraz maglumatlary bilesiňiz gelse, size 9-njy maýdaky täleýnamaňyzy hödürleýäris.

Şeýle-de gadyrly okyjylar, siz islendik ýyldyzyňyzyň suratynyň üstüne basyp, ol baradaky giňişleýin maglumatlary okap bilersiňiz.

Hamal (guzy 21.03 — 20.04)

Bu dynç günleri, hamallar gündelik meselelerden gaçmaly. Ýyldyzlar döredijilik işine doly boýun bolmagyňyzy maslahat berýärler. Töweregiňizde görýän zatlaryňyzy kameranyň ýa-da reňkleriň üsti bilen surata geçiriň. Bu güýmenje sizi has bagtly eder.

Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)

Özüňiz we maşgalaňyz üçin işjeň güýmenje gurnaň. Arassa howa, ýakymly duýgular we täze täsirler size öňümizdäki hepde üçin uly energiýa berer. Şunlukda has täze güýç we intuziazm bilen indiki hepdäňizi başlap bilersiňiz. Howa laýyklykda geýinmegi unutmaň.

Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)

Öz ýürek sesiňizden başga hiç kimi diňlemäň. Bu dynç günlerini nädip geçirmek isleýändigiňizi pikirleniň. Islegleriňiz size ýol görkeziji, pikirleriňiz bolsa materialdyr. Şonuň üçin bu gün tutuşlygyna size bagly bolar. Siz nähili isleseňiz, günüňizem şeýle geçer.

Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)

Bu gün täze tanyşlyk açmak üçin gowy pursat taparsyňyz. Bu bolsa, möhüm ähmiýete eýe bolup, diňe şu günüňize däl, eýsem bütin durmuşyňyza hem täsirini ýetirip biler. Esasy zat, hakyky taraplaryňyzy we häsiýetleriňizi görkezmekden gorkmaň.

Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)

Bu dynç günleri özüňiz we ýakyn adamyňyz üçin romantiki güýmenje guramaga ajaýyp pursat. Uzak wagtlap biri-biriňize ýeterlik wagt bermändigiňize üns bermediňizmi? Şahsy durmuşyňyzdaky bu boşlugy doldurmagyň wagty geldi.

Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)

Bu döwür durmuşdaky uly üýtgeşmeler üçin amatly däl. Hemme zady bolşy ýaly kabul etmek has gowudyr. Artykmaç güýç we üstünligiňizi görkezmegiň zerurlygy ýok. Siz entek öz ýoldaşyňyz bilen söwüşibem, ýaraşybam ýetişersiňiz. Häzirlikçe bolsa, ugruna görä hereket ediberiň.

Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Dynç günlerini gyzykly gurnasaňyz we ony maşgalaňyza bagyşlasaňyz, töweregiňizdäkileriň gadyryny duýarsyňyz. Her kim siziň inisiatiwaňyza köpden bäri garaşýar, şonuň üçin garyndaşlaryňyzy lapykeç etmäň. Şu gün arzuwlary ýerine ýetirýänçi jadygöý boluň.

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Ýyldyzlar size rahatlyk we kanagatlanarlyk getirjek bir iş tapmagy maslahat berýärler. Şowhunly ýygnaklar we görkezişler siziň üçin däl, olar sizi tiz ýadadar we galanja güýjüňizem alar. Kemçilikleriňiz üçin beýleki adamlary günäkärlemegi bes etjek boluň.

Kowus (keman 23.11 — 21.12)      

Bu gün geçmişdäki ýakymly ýatlamalar sizi emisional taýdan doldurar. Köne albomlaryň üstünden barmagyňyz ýa-da uzak wagtlap aragatnaşyk saklamadyk tanyş adamlaryňyz bilen duşuşmagyňyz ähtimal. Gün pikirleriňizi tertibe salmak, arassaçylyk işlerini geçirmek üçin amatlydyr.

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Bu günüňizi baýramçylyk ýaly dynç alyp geçirersiňiz. Ýöne ägä boluň, günüň ahyrynda wagtyňyzyň biderek, boş zatlara sarpalandygyňyzy, ýaltalyk edendigiňizi duýup bilersiňiz. Aslynda, hemme zat üçin wagtyňyz bolar – ýatmaga, söhbet etmäge we meýilleşdirilen zatlaryň hemmesini ýerine ýetirmäge. Şonuň üçin işjeň boluň.

Daluw (gowa 21.01-20.02)

Gün daş-töweregi täzelemek üçin ajaýyp. Könelişen zatlardan aýrylmakdan gorkmaň. Her kim size mylaýym, gowy seredýär, şonuň üçin kynçylyklara garaşmaga sebäp ýok. Emma zyýanly endiklerden daşda duruň.

Hut (balyk 21.02 — 20.03)

Isleýşiňiz ýaly dynç alyp bilersiňiz. Günüň dowamynda diýseň çalt, gaýragoýulmasyz çözülmeli käbir ownuk meseleler bolar. Eger-de hemme zatdan özüňizi ileri tutmak isleseňiz, muny göni manyda ediň. Özü-de telefonuňyzy öçürmekden başlaň.

8-nji maý ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

 

 

Ýene-de okaň

Hepdelik täleýnama (03-09 oktýabr )

04-nji oktýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

03-nji oktýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ata Watan Eserleri

Teswirle