24-nji oktýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Hormatly okyjylarymyz!

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com internet saýty her gün täleýnamany dykgatyňyza ýetirýär. Siz hem öz ýyldyzyňyza görä täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz,  onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň. 

Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz!
Siz Täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan Täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!

Mähriban okyjylar! Doglan senäňize degişli ykbal ýyldyzlarynyň häzirki wagtda durmuşyňyza nähili täsir edýändigi, geljegiňiz baradaky biraz maglumatlary bilesiňiz gelse, size 24-nji oktýabrdaky täleýnamaňyzy hödürleýäris.

Şeýle-de gadyrly okyjylar, siz islendik ýyldyzyňyzyň suratynyň üstüne basyp, ol baradaky giňişleýin maglumatlary okap bilersiňiz.

Hamal (guzy 21.03 — 20.04)

Şu gün siz her bir işi ýeňillik bilen ýeňip geçmegi başararsyňyz. Hiç zat etmän oturmaň, kömek soramana çekinmäň. Eger-de size hakykatdan-da kömek gerek bolsa, gapdalyňyzdaky dost-ýarlaryňyz size ellerinden gelen kömeklerini bererler. Hamallar üçin bu gün  işde täzelikleriň girizilmegi mümkin.

Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)

Şu gün size girdeji girmegi mümkin. Siziň öňüňizde her hili täzelikleriň açylmagy ahmal. Täze idealara hem-de täze görkezmeleri açmaga seresap bolmaly. Günüň ikinji ýarymynda sizde çalaja bolsa-da saglyk ýagdaýyňyz üýtgemegi ahmal. Gorkmaň. Kesel uzak wagt dowam etmez.
Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)

Jöwzalar, size garaşylmayk habarlar, hereketleriňizi täzeden gözden geçirmäge ýa-da işiňizdäki ileri tutulýan ugurlary üýtgetmäge mejbur eder. Öz hyzmatdaşlaryňyzyň biri bilen çalaja gapma-garşylyk ýüze çykyp biler. Şol sanda hem bu gün söwda baglanyşsaňyz size uly üstünlik getirmehi ahmal.

Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)

Seretanlar üçin bu gün örän çylşyrymly günleriň biri bolar. Olar bu günde her hili finansowy işlerde kynçylykly üýtgeşmelere, gapma-garşylyklara duçar bolup bilerler. Siziň  saglyk ýagdaýyňyzyň azyrajyk  üýtgemegi ahmal. Ýakyn adamlaryňyz bilen araňyzy çalaja mylaýym saklaň, gödek gürleşmäň. Uky size bu gün ýeňillik getirer.
Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)

Esetlerde bu gün maliýe, ýa bolmasa-da beýleki kynçylyklaryň  ýüze çykmagy mümkin. Esasan hem olarda töwekgelçiligiň duçar bolmagy ahmal. Agşamara siziň ýagdaýlaryňyz üýtgemegi mümkin. Bu gün  siz üçin uly kynçylyklaryň biri bolup biler.

Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)

Sünbüleler üçin bu gün üstünlikli günleriň biri. Olarda sungat ugrundan täzelikler bolar. Olaryň  bu gün günki maksady köp gürrüňseşlik, maksada okgunlyk bolup durýar. Ýyldyzlar size diňe öz ýakynlaryňyz bilen ýakyndan arany saklamagyňyzy maslahat berýär. Siz olar bilen öz gaýgylaryňyzy hem-de şatlyklaryňyzy paýlaşyp bilersiňiz.

Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Bu gün mizanlar üçin iň gowy günleriň biri. Olar birnäçe zatlardan üstün çykmagy başararlar. Esasan hem öz duşmany bilen aragatnaşykda. Olara syýahat etmek maslahat berilýar. Mizanlar täze daşary ýurt adamlary bilen tanyşmaklary ahmal. Bu gün sizde her hili üýtgeşik zatlar ýüze çykar.

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Akraplara bu gün çalaja çylşyrymly wagtlaryň biri bolar. Siz özara gürrüňdeşliklerden daşda duruň. Öz dostlaryňyz bilen ýumşak gürleşmäni başaryň. Siz syýahat etmek isleýän ýakynlaryňyza, tanamaýan adamlaryndan daşda durmagy maslahat beriň. Bu gün ýyldyzlar içýänlere seresap bolmagy maslahat berýärler.
Kowus (keman 23.11 — 21.12)      

Bu gün kowuslar üçin garaşylmadyk zatlaryň, sowgatlaryň bolmazlygy mümkin. Bu gün siziň işiňiz maliýe gatnaşyklary bilen baglanyşykly bolmagy ahmal. Siz bu gün öz işiňizde dürli üstünliklere ýaran bolarsyňyz. Maşgalaňyz bilen aragatnaşygyňyz çalaja çylşyrymy bolar. Onda-da siz bu gün esasy gürrüňdeşlikden daşda durmagy ýyldyzlar maslahat berýär.

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Jedileriň irdenden başlap işleri bulaşyp başlar. Erkeklere bu gün her hili meselelerden maslahat geler. Olara göni bor diýmekden saklanmaly. Esasy işlerinde üstünlikleriň boljak ýerlerini gözlemeli. Aýallary bolsa bu gün gorky gurşap alar.

Daluw (gowa 21.01-20.02)

Daluwlara bu gün sungat işinde üstünlikler ýaran bolar. Olar özleriniň öňde goýan maksatlaryna ilkinji ädimlerini äderler. Siz bu gün birnäçe zatlara aýak basarsyňyz. Bu gün siziň saglyk ýagdaýyňyz üýtgemegi ahmal. Şol sebäpli hem lukmana hökmany ýagdaýda ýüze tutmakdan gaçmaň.

Hut (balyk 21.02 — 20.03)

Hutlaryň bu gün  dost ýarlary bilen aralary bulaşmagy ahmal. Şol sebäpli hem seresap bolmaklaryny ýyldyzlar maslahat berýärler. Her hili üýtgeşmelere taýyn boluň. Bu gün size maşgalaňyz bilen araňyzy ýakyndan saklamak maslahat berilýär. Balyklar bu gün öňde goýan maksatlaryna ýetmegi başararlar.

Gazagystanyň Prezidentiniň döwlet saparyna

 



ÝENE-DE OKAŇ

Braziliýanyň Prezidenti Žair Bolsonaru Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň çakylygy boýunça 2022-nji ýylyň birinji çärýeginde Russiýada saparda bolar. - Russiýanyň Prezidenti bizi Russiýa çagyrdy. Çakylyk kabul edildi. Meniň üçin bu örän hormatdyr. Bu biziň ýurtlarymyzyň arasynda ähli mümkinçilikleri açýar - diýip, Bolsonaru hepdelik çykyşynda mälim etdi. Braziliýanyň lideriniň aýtmagyna görä, bu saparyň fewral-mart aýlarynda bolmagyna garaşylýar. Bolsanaru köp sanly ministrler bu...
Energetika ministrliginiň binasynda sanly ulgam arkaly Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň nobatdaky bäşinji mejlisi geçirildi. Toparyň işine iki dostlukly ýurduň esasy ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we işewür toparlarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Duşuşygyň gün tertibine bar bolan döwletara ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişine hem-de Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryna degişli meseleleriň giň toplumy...
Angliýada koronawirus pandemiýasyna garşy sanjymlaryň ýedisinde geçirilen barlaglar üçünji sanjym babatynda «Pfizer» we «Modernanyň» has netijelidigini ýüze çykardy. Şeýlelikde, üçünji sanjymlar babatynda ilkinji synaglar hem tamamlandy. Aslynda, iňlis hökümeti üçünji sanjym üçin, hut, şu iki sanjymy saýlap aldy. Olaryň urulmagy bilen bedeniň kesele garşy göreşijiligi has güýçlenýär. Geçirilen deslapky barlaglar üçünji sanjymyň keseliň täze ştammy bolan «Omikron» görnüşiniň öňüni almakda hem...
1992-nji ýylyň 3-nji dekabrynda aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ösüşiniň taryhynda möhüm tapgyra öwrülen bir waka bolup geçdi. Ýagny, bu gün dünýäde ilkinji SMS iberildi. Gysga tekst habarlaryny ibermegiň has giňden ýaýramagy, bu wakanyň öýjükli aragatnaşygyň taryhynda möhüm ähmiýete eýe bolandygyny tassyklaýar. Şeýle hyzmaty döretmek pikiri bolsa, 1980-nji ýyllaryň ortalarynda, GSM standartyny döretmek boýunça işler alnyp barylanda ýüze çykypdyr. Taslamanyň çäginde Ýewropaly...
Dil-aragatnaşyk serişdesidir. Sözleýiş hakykaty şöhlelendirmegiň  adama mahsus bolan görnüşidir. Dil we sözleýiş aň we pikirlenme bilen gönüden göni baglanyşykly bolup, pikirlenmäni beýan edýär. Çaganyň dil öwrenýän wagty-mekdebe çenli ýaşly döwrüne gabat gelýär. Çaga 5-6 ýaşy dolýança öz ene dilinde arkaýýyn geplemegi, öz pikirini aýdyň beýan etmegi çagany terbiýelemekdäki möhüm meseleleriniň biridir. Çaganyň ene dilindäki sesleri dogry aýtmagy, sözleri we...
18,713FansLike
19,500FollowersFollow
907FollowersFollow
417SubscribersSubscribe

Iň täze habarlar