TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

21-nji iýunda ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Hormatly okyjylarymyz!

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com internet saýty her gün täleýnamany dykgatyňyza ýetirýär. Siz hem öz ýyldyzyňyza görä täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz,  onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň. 
Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz!
Siz Täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan Täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!
Mähriban okyjylar! Ykbalyň bagt ýyldyzynyň size nämeler diýýändigini bilesiňiz gelse, 21-nji iýundaky täleýnamaňyzy hödürleýäris.

Bellemeli zat, siz islendik ýyldyzyňyzyň suratynyň üstüne basyp, ol baradaky giňişleýin maglumatlary alyp bilersiňiz.

Hamal (guzy 21.03 — 20.04)

Çekip bolmajak päsgelçiliklere duşmagyňyz bilen işiňiz haýal ösüp biler. Ýakynlaryňyz bilen gapma-garşylyklaryň bolmagy mümkin, bu bolsa käbir gahar-gazaba, dawa-jenjele sebäp bolar. Keýpiň bozulmagy we abadançylygyň peselmegi mümkin.

Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)

Bu gün işewürlik, işjeňliginiň artmagy bilen tapawutlanar. Maliýe ýagdaýyňyzy gowulaşdyrmagyň zerurlygyny duýup bilersiňiz. Bu size öz pozisiýaňyzy ep-esli gowulaşdyrmaga, hyzmatdaşlygyň çarçuwasyny giňeltmäge mümkinçilik berer. Är-aýalyň arasynda düşünişmek we mylaýym bolmak bu gün has zerurdyr.

Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)

Ýokarky güýçleriň goldawyny duýup bilersiňiz. Käbirleri üçin bu duýgy şadyýanlyga sebäp bolar, beýlekiler üçin bolsa tersine bolup biler. Işsiz galmak mümkin däl, diňe işjeň we zähmetsöýer adamlar ýol alýarlar. Çagalara ünsi jemlemek möhümdir – olara häzirki wagtda siziň goldawyňyz gerek.

Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)

Göwnüpeslik, öte duýguçyllyk, gaýgy-alada şu gün hem dowam edýär. Öňki günleriň ýadawlygy bu günüňize-de täsir eder. Kärdeşleriňiz we maşgala agzalaryňyz bilen gatnaşygyňyzda gaty seresap boluň, sözleriňize üns beriň. Olaryň duýgularyna zeper ýetirip, olarda gabanjaňlygy ýa-da göripligi döredip bilersiňiz. Bu bolsa, siziň häzirki ýagdaýyňyza ýaramaz täsir eder. Kararlaryňyzy, her bir hereketiňizi ýedi ölçäp bir kesiň.

Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)

Bu gün dünýägaraýşyňyzy üýtgetjek köpden bäri garaşylýan habaryn bolmagy mümkin. Iş ýa-da ýaşaýan ýeriňizi üýtgetmeli bolmagyňyz mümkin. Eset aýal-gyzlar üçin hyzmatdaşyň çalyşmagy ähtimal, ýöne muny etmek aňsat bolmaz. Dartgynlygy ýeňip geçmek bilen, özüňizi bir ýere jemläp, duýgulary we pikirleri deňleşdirip, ýagdaýa hakykatdanam dogry baha berersiňiz. Bu gün şowhun gurnamak, myhmanlary kabul etmek üçin ýerliksizdir.

Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)

Işleriň durmusa geçirilmegi, nika baglanyşmak üçin amatly gün. Ýöne olaryn ählisi siziň bolup geçýän zatlara hakyky, dogruçyl baha bermäge esaslanan ýagdaýyňyzda ykrar ediler. Ýokardan goldaw duýup bilersiňiz, bu size geljege ynam döreder we ähli meseleleri çözmäge kömek eder. Dünýäni adaty däl duýmak optimizm keýpini güýçlendirer.

Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Üstünlikleriň we kynçylyklaryň bolup biläýjek ýerinde işewürlige baş goşmaly bolmagyňyz mümkin. Ýoluňyzdaky ähli kynçylyklara, päsgelçiliklere we synaglara garamazdan uly üstünlik gazanarsyňyz. Duýgularyňyz adatdan daşary ýiti bolup biler. Bu gün siz diýseň emosianal bolarsyňyz.

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Bu gün käbir ýalňyşlyklary düzetmek üçin ajaýyp pursat gelip ýeter. Daş-töweregiňizdäki dünýä hoşniýetli garaýyşy ösdürmäge synanyşyň. Ýogsam, wagtyň geçmegi bilen, islegiňize garşy gelýän hemme zada gödek söz we nerw bilen reaksiýa bermeklige siz çydap bilmersiňiz. Häzirki wagtda saglyk problemalary hem aradan aýrylmaýar. Iýmitiňize üns beriň.

Kowus (keman 23.11 — 21.12)      

Bu gün çynlakaý iş gepleşikleri, möhüm şertnamalara gol çekişmek, işewürligiň bähbidine saparlar üçin diýseň amatly. Işleriňizde üstünlik gazanmak üçin ähli mümkinçiliklerden peýdalanmaga synanyşyň. Ýükleriň ep-esli artjakdygyna garamazdan, saglygyňyz we işlemek ukybyňyz şu gün ýokary derejede bolar.

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Bu gün öňden bäri taýýarlap goýan meýilnamalaryňyzyň üstünde işläp başlamak üçin diýseň gowy gün. Durmuşyňyz ep-esli gowulaşar, ýagdaýyňyza baha bermek aňsat bolar. Ýöne aşa arkaýyn bolmak hem daş-töweregiňizdäkiler bilen gatnaşyklaryňyzy kynlaşdyryp biler. Buýsanjyňyzy, tekepbirligiňizi peseldiň we umumy maksatlara laýyk hereket ediň.

Daluw (gowa 21.01-20.02)

Agyr pikirleriň we öňdengörüjiligiň bu gün sizi erkine goýmazlygy mümkin. Duýgularyň bulaşmagy abraýyňyza zyýan ýetirip, ýakynlaryňyz bilen gatnaşyklary kynlaşdyryp biler. Ýakynlaryňyza üns beriň. Üstünlik gazanmak üçin parahatçylyk, sabyr we rahatlyk gerek.

Hut (balyk 21.02 — 20.03)

Bu gün ýagdaýlara dogry baha berip bilersiňiz. Duýgularyňyz we hereketleriňiz sazlaşykly bolar. Täze ýagdaýa düşüp bilersiňiz, ýöne size ýol tapmak aňsat bolar. Düşünjäňizi dogry ýüze çykarmak bilen sungatda, şahsy we iş durmuşyňyzda üstünlik gazanyp bilersiňiz.

https://www.atavatan-turkmenistan.com/yewro-2020-germaniya-hakyky-oynuny-gorkezdi/

Ýene-de okaň

08-nji dekabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Hepdelik täleýnama (05-11 dekabr )

07-nji dekabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Teswirle