TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

15-nji iýun ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Hormatly okyjylarymyz!

Üns beriñ! Gündelik täleýnamany wideo görnüşinde tomaşa etmek üçin şu ýere ýa-da aşakdaky suradyň üstüne  basyñ! Siz Gündelik Tâleýnama we beýleki Atavatan Tv Kanalyndaky gepleşikleri añsatlyk bilen tomaşa edip bilersiñiz!

 Siz hem öz ýyldyzyňyza görä, täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz,  onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň.  Her bir täleýnama baradaky gysgaça maglumatlary almak isleseňiz, onda şu ýere basyp okap bilersiňiz.

Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip, gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!

Mähriban okyjylar! Doglan senäňize degişli ykbal ýyldyzlarynyň häzirki wagtda durmuşyňyza nähili täsir edýändigi, geljegiňiz baradaky biraz maglumatlary bilesiňiz gelse, size 15-nji iýundaky täleýnamaňyzy hödürleýäris.

Şeýle-de gadyrly okyjylar, siz islendik ýyldyzyňyzyň suratynyň üstüne basyp, ol baradaky giňişleýin maglumatlary okap bilersiňiz

Hamal (guzy 21.03 — 20.04)

Bu günüň başynda, işiň ähli ugurlarynda durnukly ýagdaý bolar. Ýakynlaryňyza, aýratyn-da ene-ataňyza üns beriň. Olaryň ýanlarynda bolmak mümkinçiligiňiz bolmasa jaň edip hal-ahwal soraň. Saglyk ýagdaýyňyzyň ýaramazlaşmagy ähtimaldyr.

Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)

Bu gün möhüm ýagdaý ýüze çykyp biler. Ylalaşyklary kabul etmezlik we öňki ýollardan ýöremezlik maslahat berilýär. Diňe özüňize bil baglap bilersiňiz. Emlägiňizi goramaga üns beriň.

Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)

Bu günüň esasy maksady işewürlik meselelerine gönükdirilendir. Emma saglygyňyzy ýatdan çykarmaň. Günortan öýde dynç alyň. Agşamlygy ýakyn dogan-garyndaşlaryňyz bilen geçirmek amatlydyr.

Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)

Çagalar bilen aragatnaşygyň netijesinde ýalňyşlyklaryňyza we ýalňyş hasaplamalaryňyza düşünersiňiz. Artykmaç berklikden, agraslylykdan  we garaşsyzlykdan dynmaly. Häzirki wagtda durmuş güýjüňizi dogry ugrukdyrmak ukyby bilen baglanyşykly döwür başlanar.

Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)

Dürli ugurlarda başarnygyňyzy görkezmäge mümkinçilik berýän amatly gün. Duýgurlyk we öňdengörüjilik artar, jemgyýetçilik çäreleri güýçlener. Häzirki wagtda alkogolly içgileri aýyrmaly, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermeli. Çagalar bilen aragatnaşyk, açyk oýunlar size aýratyn şatlyk getirer.

Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)

Işjeň, döredijilik güni. Sungat adamlary üçin bu gün aýratyn amatlydyr. Baý içki dünýäňiz häzirki wagtda adaty bolmadyk gurşawy talap edip biler. Işewürlige döredijilikli çemeleşmek, duýgularyň baýlygy, şahsy özüne çekijilik we başgalara hoşniýetlilik möhüm we oňyn netijeleri berer.

Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Bu gün ýygnaklar, ýakyn söhbetdeşlikler we bozulan gatnaşyklary dikeltmek üçin amatly. Belki, durmuşyňyzda bir wagtlar başgalar tarapyndan açylmadyk bir zady görüp bilýän täze adam peýda bolar. Onuň ünsi we gatnaşmagy şübhelerden dynmaga we kalbyňyza şatlyk getirmäge kömek eder.

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Bu gün köp adamy gaty aladalandyryp biler. Häzirki wagtda täze tanyşlar bilen baglanyşykly şahsy durmuşda çynlakaý üýtgeşmeler we öňki gatnaşyklaryň kesilmegi mümkin. Her niçigem bolsa, durmuşda size kömek edenleri ýadyňyzdan çykarmaň.

Kowus (keman 23.11 — 21.12)      

Özüňizi ýalta, ýadaw duýup bilersiňiz. Artykmaç ýükler sizi doly ýadadar. Işewürligiňizi azaldyň, ýogsam çynlakaý kesel ýüze çykyp biler. Uzak wagtlap dynç almaly, özüňize seretmeli.

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Duşuşyklar, maşgala baýramçylyklary, myhmanlary kabul etmek üçin amatly gün. Başgalaryň duýgularyna içgin düşünişiňiz, özüneçekiji we döredijilikli, zatlara özboluşly garaýşyňyz töweregiňizdäkileri ýeňip biler. Ýöne öz pikirleriňizi goramaly bolarsyňyz. Günüň ikinji ýarymynda saglyk bilen baglanyşykly kynçylyklar bolup biler.

Daluw (gowa 21.01-20.02)

Işiňize üýtgeşmeleri girizmäge çalyşýan bolsaňyz, şu gün köp zady çözüp bilersiňiz, ýöne esasy netijelere biraz soň garaşyň. Tötänleýin tanyşlaryňyz, belki, siziň durmuşyňyza uly täsir eder. Bu döwürde şahsy potensialyňyzy artdyryp, söýgi tapyp bilersiňiz.

Hut (balyk 21.02 — 20.03)

Seresaplyk we paýhas hemme ýagdaýda ýerine ýetirilmelidir. Bagtyňyza bil baglamaň, hemme zat siziň islegiňize bagly bolar. Hut aýal-gyzlarynda güýçlenýän duýgy we gabanjaňlyk köp kynçylyklara sebäp bolup biler. Bu bolsa özüňize bolan hormatyňyza zyýan ýeter. Gatnaşyklary aýdyňlaşdyrmakda has seresap boluň.

13-nji iýun ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

 

Ýene-de okaň

29-njy sentýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

28-nji sentýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

23-nji sentýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Teswirle