TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

14-nji maý ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Hormatly okyjylarymyz!

Üns beriñ! Gündelik Tâleýnamany wideo görnüşinde tomaşa etmek üçin şu ýere ýa-da aşakdaky suradyň üstüne  basyñ! Siz Gündelik Tâleýnama we beýleki Atavatan Tv Kanalyndaky gepleşikleri añsatlyk bilen tomaşa edip bilersiñiz!

 

 

 Siz hem öz ýyldyzyňyza görä, täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz,  onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň.  Her bir täleýnama baradaky gysgaça maglumatlary almak isleseňiz, onda şu ýere basyp okap bilersiňiz.

Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip, gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!

Mähriban okyjylar! Doglan senäňize degişli ykbal ýyldyzlarynyň häzirki wagtda durmuşyňyza nähili täsir edýändigi, geljegiňiz baradaky biraz maglumatlary bilesiňiz gelse, size 14-nji maýdaky täleýnamaňyzy hödürleýäris.

Şeýle-de gadyrly okyjylar, siz islendik ýyldyzyňyzyň suratynyň üstüne basyp, ol baradaky giňişleýin maglumatlary okap bilersiňiz.

Hamal (guzy 21.03 — 20.04)

Hamallara işjeň we öndürijilikli gün garaşýar. Söwda we uly satyn alyşlary amala aşyrmak üçin amatly gün bolar. Sarp edilen serişdeler ýakyn wagtda size bonus ýa-da goşmaça girdeji görnüşinde gaýdyp geler.

Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)

Sowurlar, bu gün siz näme etjekdigiňize we indiki meýilnamalaryňyzda nämeleri goýmak isleýändigiňize düşünersiňiz. Şu gün karz bermek maslahat berilmeýär.

Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)

Jöwzalar üçin anna güni asuda, döredijilik işi üçin amatly bolar. Duýdansyz we aýgytly ädim ätmek maslahat berilmeýär. Her bir hereketiňizde ýedi ölçäp, bir kesiň. Mundan başga-da, ýyldyzlar jöwzalara bu gün uzak syýahat etmegi maslahat bermeýärler.

Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)

Seretanlar häzirki wagtda dilewarlyk ukyplaryny görkezip, islendik adama-da özüniňkiň dogrudygyny ynandyryp bilerler. Bu gün köp gapylar siziň üçin açyk bolar. Esasy zat, öz mümkinçilikleriňize aşa ýokary baha bermezlikdir.

Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)

Işewür gepleşikleri, möhüm resminamalara gol çekmegi esetler mümkin boldugyça başga bir güne meýilleşdirilmeli. Bu gün diňe size lezzet berýän zady ediň. Bu gün hatda romantiki başdan geçirmeler üçin hem amatly bolar.

Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)

Sünbüleler bu gün çalt ýadarlar we olaryň köp zada güýji ýetmez. Şol sebäpli-de, ýyldyzlar size has köp energiýa almak üçin ýakyn dostlaryňyz bilen duşuşmagy we tebigatda wagt geçirmegi maslahat berýärler.

Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Möhüm işleriňizi şu gün etmekden saklanyň, sebäbi meýilnamalaryňyz puja çykyp biler. Eger ýakyn adamyňyz bilen gatnaşykda haýsydyr bir zat size laýyk gelmeýän bolsa, bu gün hemme zady ara alyp maslahatlaşmak we ahyrynda ýagdaýy anyklamak üçin iň amatly pursatdyr.

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Bu gün täze tanyşlar we gyzykly duşuşyklar bilen akraplary begendirer. Bu gün hemmeriň üns merkezinde bolarsyňyz. Bu bolsa, size täze güýç berer we özüňize bolan uly ynamy döreder.

Kowus (keman 23.11 — 21.12)      

Kowuslar, bu gün üçin günüň tertibini düzmäge synanyşyň. Boş wagtyňyzy dynç almak we film görmek üçin sarp etmegiň peýdasy ýok. Bu wagty hakykatdanam möhüm we peýdaly bir zada sarp etmek has gowudyr.

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Bu astrologiki nyşanyň wekillerine irden ulag sürmezlik maslahat berilýär. Günüň ikinji ýarymynda bolsa täze meýilnamalary düzmäge üns bermeli. Emma her bir meselä çynlakaý çemeleşiň. Sähel ýalňyşlyk köp zady üýtgedip biler.

Daluw (gowa 21.01-20.02)

Daluwlar, günüň birinji ýarymy maliýe meselelerini çözmek üçin amatlydyr. Agşama çenli garyndaşlaryňyza baryp bilersiňiz. Zyýanly endiklerden  ýüz öwrüň. Saglygyňyza, iýmitiňize serediň.

Hut (balyk 21.02 — 20.03)

Hutlar üçin bu gün köp zatlar bilen doldurylar. Hemme zady birbada ýetine ýetirmek mümkin däldir. Şonuň üçin işi ýuwaş-ýuwaşdan ýerine ýetiriň. Agşamlyk bolsa, möhüm ykdysady meseleleriň çözgüdi barada alada ediň.

13-nji maý ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

 

Ýene-de okaň

26-njy noýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

24-nji noýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

23-nji noýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Teswirle