TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

14-nji mart ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Hormatly okyjylarymyz!

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com internet saýty her gün täleýnamany dykgatyňyza ýetirýär. Siz hem öz ýyldyzyňyza görä täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz,  onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň. 

Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip, gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň! 

Mähriban okyjylar! Ykballara täsir edýän ýyldyzlaryň täleýnamasy bilen gyzyklanýan saýtymyzyň hormatly okyjylary üçin size 14-nji martdaky täleýnamaňyzy hödürleýäris.

Seýle-de siz islän ýyldyzyňyzyň suratynyň üstüne basyp, ol baradaky giňişleýin maglumatlary alyp bilersiňiz.

Hamal (guzy 21.03 — 20.04)

Isleýän zatlaryňyza ýetmek üçin amatly gün. Batyrgaýlyk bilen öňe gidip bilersiňiz. Özüňize aşa göwnüýetiji we buýsançly bolmajak boluň. Hiç zatlardan gorkmaň. Adalatsyz garaýyş we gödekligiň ýüze çykmagy sizi gynandyrýan bolsa, ýakymsyz adamlardan daşlaşmak zerur. Hut şu ýagdaýda siz bu kynçylykdan baş alyp çykyp bilersiňiz. Ýüze çykan meselä filosofiki çemeleşmäge synanyşyň.

Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)

Dostlar, garyndaşlar bilen şagalaňly oturşyklary gurup bilersiňiz. Myhmansöýer we elaçyk boluň. Elbetde, köp täze we gyzykly zatlar öwrenersiňiz. Bu gün sowur ýetginjekleri üçin has amatly bolar. Saglygyňyz hakda alada etmeli bolarsyňyz.

Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)

Adaty iş güni bolar. Işjeňligi azaltmak, pikirleriňizi we duýgularyňyzy tertiplemek maslahat berilýär. Özüňizi döredijilige bagyşlasaňyz, içki dünýäňizi sazlaşdyryp bilersiňiz. Gödeklikden we gaharjaňlykdan arkaýyn we parahat ýagdaýa geçip bilersiňiz. Iň ýakyn adamlaryňyz üçin ahli zada taýýar bolmagyňyz köpleri geň galdyrar. Çagalaryňyz bilen köp wagt geçiriň. Siziň ünsüňiz häzirki wagtda olar üçin diýseň möhümdir.

Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)

Bu gün býudjetiň üstüni ýetirmek üçin amatly. Bu gün size gowy baha berilmegi mümkin. Hyzmatdaslaryňyz siziň pikirleriňizi aýratyn diňlärler. Teklipleriňiz we isleýän maksatlaryňyz ünsden düşürilmez. Ýöne şu gün iş kagyzlary bilen işleşmeli däl, iň bolmanda hiç zada gol çekmezlik has gowudyr. Iş energiýa konsentrasiýasyny talap eder. Öýde özüňizi asuda we parahat duýarsyňyz.

Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)

Asuda iş güni. Bolup biläýjek ýaramaz täzeliklere garamazdan siz daş-töweregiňizdäkiler bilen gatnaşyklaryňyzy, material derejäňizi gowulaşdyryp bilersiňiz. Siziň üstünligiňiz özüňizi saklap bilmegiňize, ähli kyn meseleleri adalatly çözmegi başarmagyňyza bagly bolar. Bu gün siziň pikiriňize gulak asylar. Ýakyn adamlaryňyz tarapyndan size bolan söýgi we hormat dörär.

Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)

Emosional gahar-gazap bolup biler. Göz öňüne getirilen zatlaryňyz, garşy jynsdaky adam üçin iň söýgüli arzuwlar amala aşar. Hut şonuň üçin-de, bu gün iň arzyly islegleriňiziň yzyna düşmek üçin amatly pursatdan peýdalanyň. Işiňizde we gymmatly kagyzlar bilen iş salyşanyňyzda seresap boluň.

Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Häzirki wagtda durmuş potensialyňyzy artdyrmak mümkindir, bu bolsa öz başarnygyňyza ynam döreder. Bu gün gaty gyzykly bolar, ýöne ýakynlarynyz bilen gatnaşygyňyzy ýitirmezlige synanyşyň. Umytlaryňyzy we meýilnamalaryňyzy ýokary güýçler goldap biler. Düşünjäňiz we çalt reaksiýaňyz sebäpli ýaman we size göripçilik edýän adamlaryň hilelerinden gaça durup bilersiňiz.

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Häzirki wagtda uzak möhletli meýilnamalary düzmegiň manysy ýok, diňe häzirki işlere üns beriň. Ýakyn geljekde çynlakaý teklipleriň we möhüm goldawyň bolmagy mümkin. Tükeniksiz problemalaryň töwereginde özüňizi ýitirmejek boluň. Şadyýan we optimist boluň. Başgalar bilen gatnaşyklaryňyzda özüňizi alyp barşyňyza üns beriň.

Kowus (keman 23.11 — 21.12)      

Bu gün möhüm meseleleri, maýa goýumlaryny çözmek, gozgalmaýan emläk satyn almak üçin amatly. Dynç alyşda däl bolsaňyz, mümkin boldugyça gysga wagtlyk arakesme etmegi maslahat berýäris. Günüň dowamynda ýadawlyk siziň abadançylygyňyza täsir eder. Umuman, bu gün dynç almaly we üýtgeşiklik etmeli.

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Gapma-garşy, çylşyrymly gün. Bu gün garaşylmadyk zatlara baý, ýakymly we şol bir wagtyň özünde beýle ýakymly däl bolar. Ähli zada taýyn boluň, ýagdaýy gözegçilikde saklamaga synanyşyň. Tebigy akyl we çeýelik kynçylyklardan gaça durmaga kömek eder.

Daluw (gowa 21.01-20.02)

Bu gün diýseň gowy gün. Hiç zat keýpiňizi bozup bilmez. Netijelilik ýokarlanar – size üns berler. Siz köpçülik tarapyndan ykrar edilersiňiz. Günüň ikinji ýarymynda myhmançylyga barmagyňyz mümkin, bu siziň üçin gaty agyr bolmaz, sebäbi olar bilen aragatnaşyk siziň üçin ýakymly. Ýaşulular bilen gapma-garşylykly ýagdaýlardan gaça durmak üçin iň ýokary sabyrlylygy we sypaýylygy görkeziň.

Hut (balyk 21.02 — 20.03)

Dürli girdejili iş amallarynda uly üstünlik gazanmak üçin amatly gün. Size girdejili iş teklibi gelip biler. Ony kabul etmek size maslahat berilýär. Siziň tutanýerliligiňiz we obýektiw, paýhasly düşünjäňiz hormata mynasyp. Meýilnamaňyzy ýerine ýetirmäge howlugyň.

13-nji mart ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

 

Ýene-de okaň

23-nji sentýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

22-nji sentýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

21-nji sentýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Teswirle