TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

11-nji maý ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Hormatly okyjylarymyz!

Üns beriñ! Gündelik Tâleýnamany wideo görnüşinde tomaşa etmek üçin şu ýere ýa-da aşakdaky suradyň üstüne  basyñ! Siz Gündelik Tâleýnama we beýleki Atavatan Tv Kanalyndaky gepleşikleri añsatlyk bilen tomasa edip bilersiñiz!

 

 

 Siz hem öz ýyldyzyňyza görä, täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz,  onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň.  Her bir täleýnama baradaky gysgaça maglumatlary almak isleseňiz, onda şu ýere basyp okap bilersiňiz.

Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip, gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!

Mähriban okyjylar! Doglan senäňize degişli ykbal ýyldyzlarynyň häzirki wagtda durmuşyňyza nähili täsir edýändigi, geljegiňiz baradaky biraz maglumatlary bilesiňiz gelse, size 11-nji maýdaky täleýnamaňyzy hödürleýäris.

Şeýle-de gadyrly okyjylar, siz islendik ýyldyzyňyzyň suratynyň üstüne basyp, ol baradaky giňişleýin maglumatlary okap bilersiňiz.

Hamal (guzy 21.03 — 20.04)

Hamallar bu gün biraz ýalta bolarlar. Hatda zerur işleri-de erteki güne süýşürmekleri ahmaldyr. Bu gün hamallar hiç zat etmän wagtyny geçirip bilerler. Hamallara eger islemeýän bolsalar, özlerini zorlap ýaranjaňlyk etmegiň zerurlygy ýok. Olar dogruçyl bolmalydyrlar. Hamallaryň meýilnamalaryny bulaşdyrjak ýagdaýlaryň-da bolmagy ahmal.

Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)

Sowurlaryň öz söýgüli adamlaryna taýýarlan sowgatlary olary şatlykdan ýaňa al-asmana göterer. Maşgalaly sowurlar, ýakynlaryňyzy öz ýylylygyňyz we ünslüligiňiz bilen begendiriň. Söýgüli adamlaryňyzyň begençden doly gözleri sizi täze gowulyklara ruhlandyrar. Bu gün sowurlar “Ýedi ölçäp bir kes” diýen nakyly ýatlaryndan çykarmaly däldirler. Bolmasa, olar käbir zatlary bulaşdyrmaklary mümkin.

Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)

Jöwzalaryň gowy eden işleri üçin baýrak almaly wagty geldi. Bu gün jowzalar sähel zada gaharlanyp bilerler. Bu gün olar nirädir bir ýerlerik gidesleri geler. Olary saklamak bolsa, aňsat başartmaz.

Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)

Bu gün seretanlar kiçeňräk, garaşylmadyk sowgat almaklary mümkin. Ol bolsa, seretanlaryň ýüregine diýseň ýakymly täsir eder. Hemme zady “Näme bolsa şol bolsun” diýip taşlamaklyk pikiri bu gün seretanlary yzarlar. Ýöne ýadyňyzda saklaň, häzirki wagtda bu size gerek däldir. Bu gün seretanlar söýgüli adamlarynyň çynlakaý çemeleşmelerine äsgermezlik etmekleri ahmal. Şunluk bilen siz onuň göwnüne degip bilersiňiz.

Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)

Öz ýaryňyza hojalyk işlerinde biraz kömekleşseňiz, ondan hoşal sözlerini alarsyňyz. Öz  tekepbirligiňizi bu gün biraz bassaňyz dogry hereket etdigiňiz bolar. Bu gün peýdaly edebiýaty okamaklygy ýyldyzlar size maslahat berýär.

Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)

Tutuş günüňizi öz çagalaryňyza bagyşlaň. Bu gün kimdir biriniň edepsizligi sünbüleleri diýseň gynandyrmagy mümkin. Bu gün siz özüňizde täze kemçilik, özüňize bolan ynanmazçylyk döretjek zady eşitmegiňiz mümkin.

Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Bu gün mizanlarda dogry çözgüt kabul etmäge kömek etjek ajaýyp öňdengörüjilik bolar. Mizanlar, eger siziň kelläňize nämedir bir erbetlik etmek gelse, ýadyňyzda saklaň, ýer şary togalakdyr! Biri size bir gep aýtsa, oňa ynanmazdan öňürti üç gezek pikirleniň!

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Bu gün akraplara diýseň uly lezzet berjek haýsydyr bir kiçijek samsyklygy amala aşyrmak üçin laýyk gündür. Geçmişi ýatdan çykaryp, diňe öňe seretmeklik maslahat berilýär. Bu gün Akraplar bolup geçýän wakalardan çetde durmaly däldirler. Aktiw bolmalydyrlar.

Kowus (keman 23.11 — 21.12)      

Meýilnamalaşdyrylmadyk, emma ýakymly myhmanlaryň gelmegi mümkin. Bu gün kowuslara maslahat berip ýörmeklik gerek däldir. Pikiriňizi öz içiňizde saklaň. Bu gün siz kimdir biriniň arzuwyny puja çykarmagyňyz mümkin.

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Bu günki edilen ýagşy işler jedilere ruhy lezzet berer. Günüň ähli täzeliklerini jedilere asuda kabul etmeklik maslahat berilýär. Işiňizde hemmeler size ýolbaşçylyk etjek bolarlar.

Daluw (gowa 21.01-20.02)

Bu gün daluwlar her kime akyl berip ýörmekleri ahmal. Emma olar tomaşaçynyň işini ýerine ýetirseler gowy bolar. Ykbaldan sowgada garaşmaň.

Hut (balyk 21.02 — 20.03)

Eger hutlaryň iş biken bagly mesleleri bar bolsa, bu gün ola diýseň şowna bolar. Bu gün hutlar biraz tekepbir bolsalar gowy bolar, çünki şeýtmeklik bilen olar tanyşlaryndan ýa-da kärdeşlerinden geljek ýaramaz zatlardan goranyp bilerler. Ene-atalaryňyza jaň ediň, eger mümkinçilik bar bolsa, olaryň ýanlaryna gezelenje gidiň.

10-njy maý ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

 

Ýene-de okaň

05-nji oktýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Hepdelik täleýnama (03-09 oktýabr )

04-nji oktýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Teswirle