TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

08-nji dekabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Hormatly okyjylarymyz!

Üns beriñ!   Egerde  araňyzda  daşary ýurtda  bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň  terjimesi üçin  “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25,  (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401

Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73,  96-48-55

E: Mail :   makulhyzmat@gmail.com 

 Siz hem öz ýyldyzyňyza görä, täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz,  onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň.  Her bir täleýnama baradaky gysgaça maglumatlary almak isleseňiz, onda şu ýere basyp okap bilersiňiz.

Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip, gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!

Mähriban okyjylar! Doglan senäňize degişli ykbal ýyldyzlarynyň häzirki wagtda durmuşyňyza nähili täsir edýändigi, geljegiňiz baradaky biraz maglumatlary bilesiňiz gelse, size 08 -nji  dekabrdaky täleýnamaňyzy hödürleýäris. 

Şeýle-de gadyrly okyjylar, siz islendik ýyldyzyňyzyň suratynyň üstüne basyp, ol baradaky giňişleýin maglumatlary okap bilersiňiz.

Hamal (guzy 21.03 — 20.04)

Hamallar töweregindäkileriň gizlin ýa-da aç-açan olary dolandyrjak bolýandyklaryny güman edip bilerler! Dostlar, kärdeşler we hatda ýakyn adamlary, iň gowy niýetdenem bolsa, hamallara azajyk buýruk bermek mümkinçiligini elden gidirmezler. Hamallaryň özüne daşarky täsire garşy durmak has kyn bolar: inisiatiwany başgalara goýarsyňyz. Bu ýagdaýy halamaýan bolsaňyz, başgalara “ýok” diýip, berk bolmak maslahat berilýär.

Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)

Bu gün sowurlar zorlukly hereketlere meýilli bolarlar, ýöne özüňizi saklamaly! Sowurlaryň ýalňyş hereket etmegi we käbir betbagtçylyklyga uçramagy şu gün aňsat bolar. Mundan başga-da, sowurlaryň ünssüzligi sebäpli, hatda eliniň bäş barmagy ýaly bilýän soragynda ýalňyşyp biler! Şonuň üçin olara şu gün dynç almak maslahat berilýär.

Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)

Häzirki wagtda jöwzalara wagty özlerine has köp sarp etmek maslahat berilýär. Özüňize güýmenje ediniň, fitnes, sport bilen meşgullanyň, söwda, gezelenç ediň. Bu gün, dünýä bilen sazlaşykly bolmaga mümkinçilik berýän ýakymly dynç alyş atmosferasy jöwzalary haýran galdyrar. Emma köp sanly adam bilen gurşalan – iş toparynda ýa-da dostlukly oturylyşykda jöwzalar özüni ýerliksiz duýarlar.

Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)

Häzirki wagtda seretanlaryň özüni alyp barşy, esasan, wakalaryň ösmegine baglydyr. Siziň bu gün köp energiýaňyz bolar, emma ony diňe zerur zatlar üçin sarp etmelisiňiz. Eger-de möhüm zatlar bilen meşgullanmasaňyz, sizde biperwaýlyk we ýaltalyk höküm sürer. Şeýle-de bolsa, adatdakysy ýaly, seretanlar öz hakyky başarnygyndan-da has köp zady görkezer!

Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)

Häzirki wagtda esetleriň durmuşynda islendik hadysanyň, şol sanda olaryň halamaýan hadysalarynyň-da bolmagy mümkin. Hiç zat ýok ýerden dawalara başlap bilersiňiz. Düşünişmezlikleri azaltmak üçin esetlere asmanda azrak uçup ýörmegi we daş-töweregine üns bermegi maslahat berýärler. Guramaçylykly bolmak bilen, esetler islenmeýän ýagdaýlary ýok eder we gapyny diňe ýakymly garaşylmadyk wakalar üçin açar.

Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)

Häzirki wagtda sünbülelere wirtual hakykatyň fantastiki dünýäsine çümmegi maslahat berilýär! Onuň üçin sünbüleler diňe gyzykly kitap okamaly ýa-da filme tomaşa etmeli. Bu sünbülelere gündelik işlerden dynmaga we oňyn energiýa bilen dolmaga kömek eder.

Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Mizanlara başgalara bil baglamaga mejbur edýän islendik iş bilen meşgullanmak maslahat berilmeýär. Çünki başga adamlar meýletin ýa-da bilmezden siziň ynamyňyzy ödemän bilerler. Bu, mizanlaryň iş ýa-da şahsy, şu gün ýa-da soňra çözmeli boljak meseleleriniň ählisine degişlidir. Günüň dowamynda zatlaryň oňat gitmegi üçin mizanlar dünýäde diňe bir adama, ol hem özlerine bil baglamalydyklaryna düşünmeli.

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Akraplaryň daş-töweregindäkilerden hüjüm edilmek howpy bardyr. Bu ilkinji nobatda uzakdaky tanyşlaryňyza we kärdeşleriňize degişlidir. Ýakynlaryňyzdan ýa-da iň gowy dostlaryňyzdan welin tankydy sözleri eşitmeli bolmagyňyz mümkin. Belki, olar siziň sözleriňiüden, daşky görnüşiňizden ýa-da öndürijiligiňizden nägile bolarlar.  Emma akraplaryň garşysyna giden islendik adam soňunda öküner. Çünki akraplar adalatyň şanyna dogumly göreşip bilýändirler.

Kowus (keman 23.11 — 21.12)      

Bu gün kowuslaryň liderlik häsiýetleri aç-açan görüner. Şol bir wagtyň özünde, ýolda näçe köp kynçylyk çyksa, şonça-da gowy bolar. Kowuslar söweş tolgunmalaryna girip, garşydaşlaryny ýoldan aýyryp, päsgelçilikleri ýeňip geçerler. Ýyldyzlar bu gün kowuslara ownuk-uşak däl-de, iň uly potensialy talap edýän zatlary ele almagy maslahat berýärler. Kowuslaryň güýji we tutanýerliligi olara üstünlige tarap ädim ätmäge kömek eder.

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Bu gün jediler ynamsyzlygy we tükeniksiz ikirjiňlenmegi duýup bilerler. Şonuň üçin jedilere ikiden bir köýnegi saýlamak talap edilse-de,  olar üçin karar bermek juda kyn bolar. Ýagdaý juda çalt hereket etmegi talap edýän bolsa, jedileriň ýalňyşmak howpy bar. Munuň ýüze çykmazlygy üçin şu gün sowukganly bolmaly. Has gowusy, jogapkärli ädimlerden gaça duruň.

Daluw (gowa 21.01-20.02)

Häzirki wagtda ýagdaý daluwlary käbir meýilnamalaryňyzdan ýüz öwürmäge mejbur edip biler. Bu islendik zat hakda bolup biler – dynç alyş, duşuşyk, öýi tämizleýiş… Şu gün haýsydyr bir zady gurban etseňiz ökünmersiňiz – wagtyň geçmegi bilen bu sizi maksadyňyza ýakynlaşdyrar we üstünlik gazanmagyňyzy üpjün edip biler. Emma daluwlar başgalara nägilelik bildirmeli däldir. Ýadyňyzdan çykarmaň, adamlaryň 90%-i siziň problemalaryňyz bilen gyzyklanmaýar, galan 10%-i bolsa problemalaryň sizde bardygyna begenýär.

Hut (balyk 21.02 — 20.03)

Häzirki wagtda hutlarda içerki deňagramlylyk we oňyn zatlaryňyzy beýlekiler bilen paýlaşmak islegi agdyklyk eder. Şol sebäpli, bu gün hutlar töweregindäkileri has alada ederler. Bu gün hutlar kimdir birini öz howandarlygyna alyp, amallarda ýa-da dostlukly maslahatlarda kömek edip, diňläp bilerler. Bu bolsa, hutlary beýlekileriň gözünde has ýokarlandyrar.

Ýene-de okaň

02-nji fewral ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ata Watan Eserleri

Aýyň täleýnamasy: Fewral

Hepdelik täleýnama ( 30-05-nji fewral)

Teswirle