TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

02-nji iýun ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Hormatly okyjylarymyz!

Üns beriñ! Gündelik täleýnamany wideo görnüşinde tomaşa etmek üçin şu ýere ýa-da aşakdaky suradyň üstüne  basyñ! Siz Gündelik Tâleýnama we beýleki Atavatan Tv Kanalyndaky gepleşikleri añsatlyk bilen tomaşa edip bilersiñiz!

 Siz hem öz ýyldyzyňyza görä, täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz,  onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň.  Her bir täleýnama baradaky gysgaça maglumatlary almak isleseňiz, onda şu ýere basyp okap bilersiňiz.

Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip, gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!

Mähriban okyjylar! Doglan senäňize degişli ykbal ýyldyzlarynyň häzirki wagtda durmuşyňyza nähili täsir edýändigi, geljegiňiz baradaky biraz maglumatlary bilesiňiz gelse, size 02-nji iýundaky täleýnamaňyzy hödürleýäris.

Şeýle-de gadyrly okyjylar, siz islendik ýyldyzyňyzyň suratynyň üstüne basyp, ol baradaky giňişleýin maglumatlary okap bilersiňiz

Hamal (guzy 21.03 — 20.04)

Häzirki wagtda geň hereket edýän adamlardan ägä boluň. Ýakyn dostuňyz ýa-da garyndaşyňyz birden adatdan daşary dymyp biler ýa-da adatça dymýan adam birdenkä gürleşip biler. Şeýle üýtgeşik hereketler sizi bulaşdyryp biler, ýöne öz durkuňyzy saklajak boluň. Nätanyş adamlardan mümkin boldugyça uzak duruň.

Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)

Birine gaty wajyp zat aýtmak isleýärsiňiz. Bu gün pikirleriňizi aç-açan aýtmaga mümkinçilik dörär. Başga adamlaryň duýgularyna zyýan bermezden ýa-da köpbilmiş görünmän, hemme zady dogruçyl aýdyp bilersiňiz.

Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)

Häzir siziň üçin iň möhüm zat, saglygyňyza fiziki we ahlaky taýdan ideg etmekdir. Adaty bolmadyk ýagdaýlardan gaça durmaga synanyşyň we bedeniňizi synamaň. Bu gün dawa-jenjellere girmek, täze kyn taslamalary döretmek ýa-da täze gatnaşyklara başlamak üçin amatly däl. Günüňizi ümsümlikde geçiriň – adaty işleriňizi dowam etdiriň we özüňizi rahat duýmagyňyza kömek edýän adamlara ýakyn duruň.

Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)

Seretanlar üçin bu gün iň möhüm karar hem aňsat bolar. Häzir siziň pikiriňiz aýdyň we maksadyňyza barýan ýolu-da aýdyň görýärsiňiz. Şeýle-de bolsa, ýönekeý zatlar hem siziň köp wagtyňyzy alar. Bu gün ownuk meselelerde-de uzak wagtlap pikirlenersiňiz. Emma bu diňe wagtlaýyn ýaýdanjaňlykdyr. Ýakyn wagtda hemme zat gowy bolar we size dogumlylyk dolanyp geler.

Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)

Haýsydyr bir zady ýitirmek hemme zadyň eliňizden gidýändigini aňlatmaýar. Bu gün kimdir biri haýyrly bir zatlardan ýüz öwürmegiňizi haýyş edeninde muny ýadyňyzda saklaň. Siziň bu kiçijik hereketiňiz, şol adamyň ýagdaýyny gowulaşdyrmak üçin uly üýtgeşiklik döredip biler. Şeýle etmäge mümkinçiligiňiziň bardygyna begeniň. Öz haýyrly işiňizi köpçülige ýetirmek isleýändigiňiz bolsa, diňe size bagly.

Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)

Belki, sizi gorkuzýan we çekindirýän zatlar, şu gün sizi geň bir görnüşde özüne çekip başlar. Öň sizi gorkuzýan zat indi gyzyklandyrýar. Adamlaryň edýän hereketleri bilen gyzyklanýan bolsaňyz, näme üçin bu hakda soraňyzok? Utanmaň. Adamlar öz durmuşy hakda gürleşmegi gowy görýärler. Siz bolsa, gowy diňleýji bolmagy başararsyňyz.

Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Bu günüňiz diýseň gowy başlanýar. Günüň dowamynda öň meýilleşdiren zatlaryňyzy düýpgöter üýtgedip biljek garaşylmadyk üýtgeşmeler ýüze çykar. Emma, günüň dowamynda şeýlebir gyzykly pursatlar dörär, şonuň üçin meýilnamalaryňyza düýpli üýtgeşmeler girizmek hakda kän bir pikir hem etmersiňiz. Kimdir biri sizden duýdansyz ötünç sorar. Munuň zerur däldigini düşündiriň we ol adamy köşeşdiriň.

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Bu gün diýseň işjeňlik bolarsyňyz. Her kim uly entuziazm bilen hereket eder we bu çalt depgin, täze üýtgeşmeler sizi täze güýç bilen ruhlandyrar. Hemme zat şeýle çalt bolup geçýär welin, içiňizi gysdyrmaga wagt hem tapmarsyňyz. Öňüňizdäki birnäçe hepdäniň dowamynda güýçli fiziki we emosional üýtgeşmelere taýyn boluň. Size düýpli üýtgeşmeler garaşýar.

Kowus (keman 23.11 — 21.12)      

Bu gün şübheli işlere baş goşmazlyk maslahat berilýär. Siz geljekde boljak zatlar bilen çenden aşa gyzyklanýarsyňyz. Durmuşyňyzy bu ruhda dowam etseňiz, gaty ýalňyşarsyňyz. Geljegiň näbelliliginden häzirki wagtda bolup geçýän wakalaryň has möhümdigine düşünmeli. Goý, hemme zat öz ugruna gitsin. Ynanyň, ýagdaý nähili bolsa-da, siz hemme zatdan baş alyp çykyp bilersiňiz.

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Bu gün içki pikirleriňiz bilen galmak isleýän bolsaňyz, geň galmaň. Bu size işde ýa-da okuwda zatlary tertibe salmaga we işdeşiňiz ýa-da deň-duşlaryňyz bilen gatnaşyklaryňyzy täzeden dikeltmäge kömek eder. Pikirleriňizi we bilesigelijiligiňizi artdyryp bilersiňiz, şeýle hem özüňiz hakda täze bir zat öwrenip bilersiňiz.

Daluw (gowa 21.01-20.02)

Käwagt karýeraňyzy dogry ugra gönükdirmek üçin köp güýç sarp etmeli däl – dogry uguryň özi sizi tapýar. Şonuň üçin bu gün bagtyň özi eliňize düşse, ikirjiňlenmäň. Diňe ony tutup ylgaň! Rugsada garaşyp oturmaň. Häzir aýgytly hereket edip, soňundan ötünç soranyňyz gowudyr.

Hut (balyk 21.02 — 20.03)

Häzirki wagtda hiç bir zada ynam edip bolmaz. Daş-töweregiňizde nämeleriň bolup geçýändigini anyk bilýänçäňiz, şübheli bolmaly we sorag bermeli. Häzir täsirli we abraýly adamlar bolsa-da, olara bada-bat ynanmagyň wagty däl. Ýok, hiç kim sizi aldatjak bolanok, emma her bir adam siziň ynamyňyzy ödäp bilmez. Bu gün doly bilmeýän zadyňyza baş goşmaň.

01-nji iýun ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

 

Ýene-de okaň

Aýyň täleýnamasy: Dekabr

Ata Watan Eserleri

02-nji dekabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

01-nji dekabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Teswirle