Tomus pasly ýakynlaşýar. Ýylyň dowamynda zähmet çekip ýa-da okan we bilim alan raýatlar dynç almak üçin köplenç tomus paslyny saýlap alýar. Tomusky dynç alyş döwründe “Nirede we nähilli dynç almaly?” soragyň jogaby megerem köpleri gyzyklandyrýan bolsa gerek. Mälim bolşy ýaly düýn hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatynda iş saparynda bolup, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi, şeýle hem Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň göçme mejlisine gatnaşdy. Dünýädeki hereket edýän millionlarça web saýtyň arasynda ilkinji 2000-likde, ýurdumyzdan girilýän web saýtlaryň arasynda bolsa “Google” saýtyndan soňra ikinji orundaky www.atavatan-turkmenistan.com web saýty bolup, Hormatly Prezidentimiziň iş sapary barada “Watan” habarlar gepleşigi ýaýlyma çykyp başlandan soňra degişli birnäçe habarlary okyjylaryna gyzgyny bilen ýetirdik. Häzir bolsa, şol habarlaryň ählisiniň linkini şu habara ýerleşdirýäris we gyzyklanýan okyjylarymyzyň islän habaryny aňsatlyk bilen habary tapar ýaly şeýle hem öz dostlaryna ýetirer ýaly mümkinçilik döredýäris.
Dolandyryş Merkezı: dynç alyş möwsüminiň aýratynlyklary
Awazanyň içi we şäherara ugurlary boýunça awtobuslaryň gatnawlary