Babamyrat Babaýew: Arzuwyma gowşan dünýäm

Sungat we durmuş söhbetdeşligi

Ynsan çagalygyndan haýsam bolsa bir käriň arzuwynda ýaşaýar. Şol arzuwlarynyň amala aşmagy üçin bolsa hereket edýär. Elbetde ähli arzuwlar zehiniň, irginsiz zähmetiň, yhlasly ylgawyň netijesinde amala aşýar.

Sungat dünýäsine wekil bolmaklygy arzuw eden birnäçe ynsanlar häzirki wagtda şol ugurdan zähmet çekip, abraýly menzilleri nazarlaýarlar. Medeniýet-sungat adamsy ruhy baý bolup, ol şol baýlygy daş-töweregindäkilere hem paýlaýar. Sungat adamsynyň döredijilikli ýoly diňe bir özüne däl, ony diňleýänlere, tomaşa edýänlere hem ruhy lezzet paýlaýar. Bu lezzetiň gymmaty bolsa, adamlaryň ýaşaýşyna şugla saçyp, durmuş ýollaryna badalga bolýar.

Çagalygyndan arzuwly menzillerini yzarlap, aýdym-saz dünýäsine ýaşaýan Babamyrat Babaýew bu gün biziň saýtymyzda myhmançylykda. Biz myhmançylygyň dowamynda eden söhbetdeşligimizi saýtymyzyň okyjylaryna ýetirmegi makul bildik, çünki bu söhbetdeşlik sungat we durmuş sahypalaryndaky ýatlamalara baý bolup, okyjylarymyza ruhy lezzet berer diýip umyt edýäris.

Babamyrat, ilki bilen çakylygymyzy kabul edip, «Atavatan Türkmenistan» halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýtymyzyň myhmany bolanyňyz üçin döredijilik toparymyzyň adyndan köp sagbolsunlarymyzy aýdýarys. Söhbetdeşligimiziň başyny sungat ýoluna basan ilkinji gadamlaryňyz dogrusynda başlaýaly.

 Salam ähli okyjylarymyza. Sungat ýoly meniň ömür ýolum bilen baglanyşykly bolan iň gözel we manyly ýoldur. Çünki sungat ýoluna gadam basmak, bu dünýäniň lezzetini duýmak we halkymyza duýdurmak meniň çagalyk arzuwymdy. Çagalygymdan okan ilki Halaç etrbayndaky 1-nji orta mekdebinde soňra bolsa maşgalamyzyň Türkmenabat şäherine göçmegi sebäpli ol ýerdäki 2-nji orta mekdebinde orta bilim aldym we şol döwürde hem mekdepde geçirilýän okuwçylaryň arasyndaky bäsleşiklerde, çykyşlarda aýdym-aýtmak boýunça birnäçe dabaralara gatnaşyp, yzygiderli çykyş ederdim. Men aýdym-saz bilen takmynan 5 ýaşymda meşgullanyp başladym. Ilki Halaç etrabynda halaç etrap medeniýet merkezinde hereket edýän çagalar aýdym we tans toparynyň çeper höwesjeňi bolup aýdym-aýtmagy we saz çalmagy öwrendim. Soňra 2009-njy ýylda orta mekdebi tamamlap 2010 ― 2014-nji ýyllarda Lebabyň ýörite sungat mekdebini, 2015 ― 2020-nji ýyllarada bolsa Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda okap bilim aldym.Sungat basgançaklary bilen men aýdym-saz äleminiň wekili bolmaga mümkinçilik berdi.

Her bir kärde zähmet çekmek, şol ugurdan kämil derejede jemgyýetde mynasyp ornuňy tapmak üçin halypalaryň orny döredijilik ynsanynyň durmuşynda uly ähmiýete eýe bolýar.

― Elbetde, islendik kär boýunça baha berilende ilki bilen halypasy barada gyzyklanyp, «halypa görendä», «kimiň şägirdi» diýen jümleler gaýtalanýar. Aslynda men özüm sungat maşgalasyndan. Gysgaça belläp geçsem, enem Aknabat Seýitnyýazowa Türkmenistanyň at gazanan halyçysy, babam Nurmuhammet Goçow dürli ýyllarda welaýatda birnäçe döredijilik we çeperçilik ansambllaryny döreden we şol toparlara ýolbaşçylyk eden (häzirki wagtda merhum), daýym Agamyrat Goçow Türkmenistanyň at gazanan artisti.

Ilkinji halypam bolsa, daýzam Laçyn Rozykulyýewa. Galyberse-de saz döretmek, saz bezeg işleriniň inçe syrlaryny daýym kompazitor Atamyrat Goçowdan öwrendim (häzirki wagtda merhum).

Lebap welaýatynyň ýörite sungat mekdebinde okan döwrümde halypa mugallym Täzegül Joraýewadan aýdym aýtmak sungatyny kämilleşdirdim. Türkmen Milli Konserwatoriýada okan wagtlarym Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň altyn asyry” atly bäsleşiginiň ýeňijisi, mugallym Aýna Seýitgulyýewadan professional wokal sungatyny giňişleýin öwrendim.

Halypalarym maňa sungat ýoly, onuň ynsanyň ruhy dünýäsine ýetirýän täsirleri barada, sahna edebini özüňde kämilleşdirmek dogrusynda gyzykly we gymmatly maglumatlara eýe bolmagyma mümkinçilik berdi.

 

Ilkinji ýerine ýetiren aýdymlaryňyz.

 Etrabymyzdaky çagalar aýdym-saz toparyna gatnaýan wagtlarym etrabymyzdaky medeni çärelerde çykyş ederdik, ilkinji ýerine ýetiren aýdymym «Döwranyň başdan geçirenleri» kinofilmindäki Döwranyň aýdymy.

 Ökde aýdymçy bolmak üçin nämeler zerur?

 Ökde aýdymçy diýip özüm-ä hasaplamok. Ýöne, zerur zat aýdyma, saza bolan tebigy zehin we uly höwes gerek diýip pikir edýärin. Elbetde, maşgalaň hem bu ýagdaýlary duýup, çagalykdan dogry gönükdirseler has hem gowy. Galany hem hersiniň öz wagty bilen türgenleşikleriň we irginsiz öz üstünde zähmet çekilmegiň netijesinde kämilleşýär. her bir işiň ussady bolmak üçin ilki bilen zehin, höwes, zähmet we halypalaryň maslahaty zerur diýip düşünýärin.

Sungat adamsyna mahsus häsiýetler?

― Duýguçyl hasaplanýan sungat adamyna mahsus häsiýetler: alçaklylyk, güler ýüzlülik, gerekli ýerinde agramlylyk we sypaýylylyk. Her bir başyna baran işini duýgy bilen ýerine ýetirmek hem sungat adamlaryna mahsus häsiýetleriň naýbaşysydyr.

Haýsy saz gurallaryna erk edip bilýärsiňiz?

 Pianino saz guralynda saz çalmagy gowy görýärin we ýerine ýetirýärin. Kompýuterda professional saz aranjirowka edip, birnäçe sazlaryň üstünde işlemek bilen meşgullanýaryn. Saz älemi ajaýyp dünýä bu kärimde men lezzet alýaryn.

Döredijilik syýahatlaryňyz.

Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda diýen ýaly döredijilik syýahatlarynda bolup gördim. Ýylyň ýylyna geçirilýän medeniýet we sungat işgärleriniň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni her ýyl region dürlülikde geçirilýär. Bu bolsa, biz medeniýet-sungat işgärleriniň döredijilik syýahatlarynyň artmagyna getirýär. Ýurdumyzyň dürli künjeklerindde uly dabara bilen bellenilýän bu baýramçylyk «Türkmenistan ― parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda Lebap topragynda dowam edýär. Her bir döredijilik işgäri bu baýramçylyga mynasyp sowgatlary bilen barýarlar.

 Siziň pikiriňizçe dünýäniň gözelligi nämede?

Dünýäniň gözelligi ― ejelerimiziň ýylgyrşynda. Käbä deňelýän ejelerimiziň mähirli ýylgyryşy her bir ynsana ruhy güýç, ýaşaýyşa bolan höwesli ädimleri döredýär. Her bir işe başlamazdan öňürti ata-enäniň ak patasyny almagyň, şol işiň şowly we netijeli bolmagyna getirýär. Dünýä haçanda, şol mähribanlaryň mährinden püre-pür bolanyňda, göwün söýen ynsanlaryň töweregiňde bolanda gözel görünýär.

Maşgala düşünjesine garaýşyňyz.

 Maşgalam – baş galam. Maşgalada esasy zat agzybirlik we birek-birege düşünişip, goldaw berip ýaşamak. Maşgala ― bu ynsanyň mähir gujagy, rysgal ojagy. Bu ýerde saňa ýakyn bolan ynsanlar ýaşaýar, ata-eneň, doganlaryň, maşgalaň, çagalaryň. Bu ynsanlaryň bar ýeri bolsa durmuşyň manysyny döredýär we mukaddes ýer hasaplanylýar. Şonuň üçin «maşgala» sözüne garaýyşym giň we aýratyn.

Kaka bolmak bagtyny nähili beýan edersiňiz?

Kaka bolmak ― bu durmuşyň ýigide eçilen iň bagtly pursatlaryny peşgeş berýän ajaýyplyk. Dogry, kaka bolmaklyk kyn we jogapkärli, ýöne şol bir wagtda bu durmuşyňdaky bolup biljek iň bir ýakymly zatlaryň biri. Çaganyň «kaka» diýen ýüzlenmesi dünýädäki ähli bagtly pursatlary özünde jemläp bilýän gymmatly hazynadyr.

Haýsy pasly gowy görýärsiňiz, sebäbi?

 Güýz paslyny. Sebäbi ýagyşly, arassa howany halaýan.

Zähmet soňy — rehnet — diýen jümläni tassyklaýan öz durmuşyňdan bir pursady ýatlam geçseňiz.

 Islendik kärde bolsaňda, durmuşyň islendik ugrunda maksadyňa gowşup, üstünlige ýetmek üçin irginsiz zähmet çekmeli bolýar. 2003-nji ýylda «Merjen dänesi» bäsleşiginde ýeňiji bolmagym, 2016-njy we 2017-nji ýyllarda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi bolan pursatlarymda «Zähmet soňy ― rehnet» diýlen jümläniň dogrudygyna has hem göz ýetirdim. Ýurdumyzda mähriban Arkadagymyz biz ýaşlaryň saýlan ugrumyzdan hünärimizi kämilleşdirmegimize ähli mümkinçilikleri döredip berýär, biziň çekýän ujypsyzja işimizede uly baha berip, özüniň Şa serpaýlary bilen sylaglaýar. Bu bolsa biz medeniýet we sungat işgärlerini täze üstünliklere, täze hyjuwly zähmet çekmeklige ruhlandyrýar.

Audio studiaňyzda alyp barýan işleriňiz we mümkinçilikleriňiz.

Audio studiada saz döretmeklik, aranžirowka işleri we ses ýazgy işlerini amala aşyrmaga mümkinçilikler bar we şol mümkinçiliklerden döredijilikli peýdalanyp gelýärin. Studiada diňe bir öz aýdymlarym bilen meşgullanman, eýsem ýurdumyzda döwlet derejesindäki geçirilýän çärelerde ýaňlanýan aýdymdyr sazlary döretmek we kebşirlemek işleri hem alnyp barylýar. Halypa aýdymçylaryň, şeýle hem ýurdumyzdaky tanymal aýdymçylaryň sazlaryny döredip we ses ýazgylaryny geçirmägede audio studiamyzda ähli mümkinçilikler döredilen.

 Geljekki maksatlaryňyz.

 

― Geljekde-de täze aýdymlaryň üstüde işläp, ýurdumyzyň toý-baýramlaryna mynasyp sowgatlarym bilen barmaklygy maksat edinýärin. Aýdym-saz äleminde täzelikler bilen tanyş bolup, innowasion tehnologiýalaryň ýeten täze görnüşleri bilen tanyşmagy, olaryň üsti bilen täze aýdymlary, sazlary döretmegi maksat edinýärin.

Babamyrat, sagboluň sungat we durmuş babatdaky gyzykly gürrüňleriňize. Parahat we asuda ýurdumyzda durmuş ýoluňyza hemra edinen sungat ýoluňyzda üstünlikleriň ýar bolmagyny arzuw edýäris.

Baýramlaryňyzam gutly bolsun!

― Sagboluň, sizi hem döredijlik toparyňyza rowaçly ýollar arzuw edýärin.

Şahsy maglumatlary:

 

Doglan senesi: 24.01.1992 ý.

Doglan ýeri: Halaç etrabynyň Halaç şäherçesi.

1999-njy ýylda Halaç etrabynyň 1-nji orta mekdebine bardy, soňra 2001-nji ýylda maşgalasy Türkmenabat şäherine göçenligi sebäpli, Türkmenabat şäheriniň 2-nji orta mekdebine okuwymy dowam eden.

 2010-2014-nji ýyllarda Lebabyň Ýörite sungat mekdebinde bilim alan.

2015-2020-nji ýyllarda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen Milli Konserwatoriýasynyň «Aýdym sungaty» bölümini tamamlan.

Häzirki wagtda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň medeniýet öýüniň artisti.

Gowy görýän reňki: açyk reňkler.

Gaýbana halypalary: Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Garagalpagystanyň halk artisti Babamyrat Hamdamow, Özbegistanyň we Türkmenistanyň at gazanan artisty Ozodbek Nazarbekow.

Hobbisi: audio studiýada işlemek.

Iň ýakyn ynsany: maşgalasy.

2019-njy ýylda öýlenen.

 Söhbetdeş bolan Şaperi OTUZOWA,

žurnalist.

Ýerli we halkara okuw mekdepleri: Ähli habarlar bir ýerde

Rahym Gurbanow: — Soňsuz söýgümiň miwesi

 

Türkmen ýyldyzlary bilen Söhbetdeşlikler-I

Türkmen ýyldyzlary bilen Söhbetdeşlikler-II

ÝENE-DE OKAŇ

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow hormatly Prezidentimiz hat iberdi. Dostlukly ýurduň Prezidenti öz hatynda, Türkmenistanyň wekiliýetini Tatarystana sapara çagyrdy. Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň hatynda şeýle diýilýär: - Russiýa Federasiýasy bilen Türkmenistanyň dostlukly gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen Tatarystan Respublikasy bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly üns berýändigiňiz üçin Size hoşallyk bildirýärin. Siziň ýurduňyzy ňGaraşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk çärelerine gatnaşmak üçin, ýakynda Aşgabada...
Ata Watanymyzda «Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» kabul edilip, onda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň maksatlary, wezipeleri, ugurlary, amala aşyrmagyň tapgyrlary kesgitlenildi. Häzirki döwürde ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan «Sanly Türkmenistan» döwlet maksatnamasynyň ykdysady kuwwatymyzy ýokarlandyrmakda, ilatyň ýaşaýyş derejesini gowulandyrmakda ähmiýetiniň ýokary boljakdygyny alamatlandyrýar. Häzirki wagtda ähli ýurtlarda sanly bilim ulgamyny ornaşdyrmakda, kämilleşdirmekde we ony durmuşa geçirmekde  aýdyň işler...
Ispaniýanyň Madrid şäherindäki hususy saglyk öýi tarapyndan “Aglama öýi” (La Lloreria) akyl saglygynyň ähmiýetini nygtamak we psihologiki goldawy kadalaşdyrmak üçin açyldy. Saglyk öýi tarapyndan berlen beýanatda aglaýan öýüň açylmagy sebäpli 15-nji, 16-njy we 17-nji oktýabrda hemmeler üçin mugt hyzmat berendigi bellenildi. Aglaýan öýüniň diwarlarynda psihologlaryň telefon belgileri bilen birlikde "Giriň we aglaň", "Mende-de aladalar bar", "Erbet bolmak gowy", "Aglamak batyrgaýlyk"...
Kosmosda ilkinji hereketli filmi düşürmek üçin 12 gün ozal Halkara kosmos stansiýasyna iberilen rus kino topary Ýere sag aman gaýdyp geldi. “Çagyryş” diýlip atlandyrylýan filmde kosmonawtyň ýürek keseline kömek etmek üçin kosmosa gidýän hirurgyň wakasy gürrüň berilýär. Russiýanyň kosmos gullugy “Roscosmos” tarapyndan goldaw berlen 12 günlük syýahat kosmos giňişligindäki ýurtlaryň arasynda adam kosmos gatnawy barada köpçüligiň tolgunmasyny döretmek we kosmos...
Lui  Witton 1821-nji ýylda Fransiýada dünýä inýär. 14 ýaşyndaka tutuş Fransiýa aýlanyp çykýar.Ol sandyk ýasap, sandyk ussasy bolýar. Soňra ol öz islegi boýunça Pariže gidýär. 1837-nji ýyldan başlap, Parižiň baýlaryna sandyk ýasamak bilen meşgullanýar. 1854-nji ýylda Parižde öz dükanyny açýar. Ol soňra sandyk ýasaýan fabrikany açyp, dürli dürli aksesuarlary, ýantorbalary, dünýäniň birnäçe meşhur markalaryny hem öz dükanynda ýerleşdirýär. 1885-nji ýylda daşary...
18,713FansLike
19,500FollowersFollow
886FollowersFollow
417SubscribersSubscribe

Iň täze habarlar