TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
MEDENIÝET

Türkmen ýyldyzlary bilen Söhbetdeşlikler-I

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com   saýty  häzirki güne çenli ýurdumyzyň medeniýet, sungat ýyldyzlary bilen onlarça söhbetdeşlikleri gurap okyjylara ýetirdi. Türkmen ýyldyzlary bilen söhbetdeşlige biz 2019-nji ýylda  gurnap başlapdyk. Şol sebäpli biz öň saýtymyza ýerleşdirilen söhbetdeşligi her bir habarda 4 söhbetdeşligiň linkini bermek bilen okyjylarymyza täzeden ýetirmegi makul bildik.

 

Türkmenistandan girilýän saýtlaryň arasynda Google habar saýtyndan soňra ikinji orunda durýan www.atavatan-turkmenistan.com saýtynyň Söhbetdeşlikler sahypasyna girip Siz ähli söhbetdeşlikleri okap bilersiňiz!

 

Biziň  ilkinji söhbetdeşligimiz Türkmenistanyň at gazanan artisti, mahmal owazly Züleýha Kakaýewa bilen boldy.

Züleýha Kakaýewa :Mahmal owazyň eýesi

Soňra Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, suratkeş Kakageldi Seýitmuhammedow bilen guran söhbetdeşligimizi okyjylara ýetirdik.

Kakageldi Seýitmuhammedow: — Ylham gorum bedewler

“Sungata ykbalyny baglan” atly söhbetdeşligimizi Magtymguly adyndaky milli-sazly drama teatrynyň artisti, Türkmenistanyň at gazanan artisti Döwletgeldi Berdiýewiň teatr sungaty dogrusynda guradyk.

Sungata ykbalyny baglan : Döwletgeldi Berdiýew

Soňra Türkiýede bilim alýan, Türkiýede ýylyň aýdyşygy diýip saýlanan aýdymy ýerine ýetiren türkmen aýdymçysy Çynara bilen söhbetdeşlik guradyk.

 

Türkmen aýdymçysy Çynara: Türkmenistanlydygyma buýsanýaryn

Ýene-de okaň

Täze ýyl baýramçylygy we Russiýanyň döwlet sirkiniň Aşgabatdaky çykyşy

Hoja Nasreddin Ependiniň şorta sözlerini ÝUNESKO-nyň sanawynda

Türkmen keşdeçilik sungaty ÝUNESKO-nyň sanawynda

Teswirle