Rahym Gurbanow: — Soňsuz söýgümiň miwesi

Kalbymyzda ezelden ýaşaýan, durmuşymyzyň esasy sütüni, aýrylmaz bölegi bolan söýgi atly beýik duýgy döredijilik dünýäsiniň hem başlangyjynda durýar. Sungata söýgi, oňa bolan yhlasly zähmetde öz beýanyny tapanda, döredijilik öz dünýäsinden orun berýär. Şonuň netijesinde halkyň kalbyna ornaýan ajaýyp eserler — owadan aýdymlar döreýär. Muňa biz ýaşdygyna garamazdan, halkymyzyň söýgüsini gazanan aýdymçy, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijisi Rahym Gurbanow bilen “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com  saýty üçin söhbetdeş bolup, onuň döredijilik ýoly bilen ýakyndan tanşanymyzda-da göz ýetirdik.

   — Rahym, ilki bilen, söhbetdeşlik üçin teklibimizi kabul edip, saýtymyza geleniňize köp sagbolsunymyzy aýdýarys. Söhbetdeşligimizi kalbyňyzda aýdym-saza bolan söýginiň döreýşi dogrusyndaky gürrüňleriňizden başlaýsak!

   — Biz maşgalada alty oglan, bir gyz bolup ulaldyk.  Doganlarym Atabaý, Kerim, Ýusup, jigilerim Ahmet bilen Alty. Aýal doganym Bahar dünýäde  iň ýakyn, iň gowy görýän ynsanlarymyň biri. Sebäbi bizi kiçilikden terbiýeläp ýetişdiren, şu wagtam bize eje hem kaka bolup duran mähriban ynsan aýaldoganym.

  Mekdep döwrümde aýdym aýdyp, köpçülik çärelerinde çykyş etmesem-de, dutar çalmaga höwesim bardy. Atam ak öý, dutar ýasaýan  ussa bolupdyr. Oňa Gurban öýçi diýýän ekenler.

    Çagalyk döwrümden bäri Türkmenistanyň halk artisti Akmuhammet Saparowyň aýdymlaryny söýüp diňlämsoň, otagymda onuň portret suratlary durardy. Ejem-kakam meni begendirjek bolsalar şonuň suratyny äkelip bererdiler. Aýdymçy boljagym belki, şondanam belli bolandyr.

Öýümizde Akmuhammet halypanyň gyzy Şirin bilen düşen portret suraty bardy. Şol suraty görüp: “Akmuhammet halypany gabanýan, ony hiç kime beresim gelenok” diýip, gijelerine aglap ýatýanym ýadyma düşýär. Halypany şol derejede gaty gowy görýän ekenim. Çagakam aýdymçy bolaryn diýen pikirim ýokdy, ýöne öýde Akyş halypanyň aýdymlaryna hiňlenýärdim. Mekdepde dutar çalyp görýärdim.

  Akmuhammet Saparowyň aýdymlarynyň sizi özüne çekmeginiň sebäbine nähili garýarsyňyz?

 — Halypanyň sahna çykanda hemmeleri özüne bakdyrmagy, aýdýan aýdymlarynyň labzy, mähirli sesi, manyly sözleri, owadan heňleri çagalykdan bäri mende aýratyn täsir galdyryp gelýär. Ol hakykatdandam aýdym-saz sungatymyzda öz ýoluny goýan, ajaýyp aýdymlary bilen halkyň ýüregine ýol salan ynsan. Şol wakalardan ençeme ýyl geçensoň, çagalykdan aýdymlaryna bendi eden ynsan — Akmuhammet Saparow bilen halypa-şägirtlik gatnaşyklaryny saklap, bir sahnada aýdym aýdýarys. Çagalyk ýyllarymy halypanyň özüne-de gürrüň berdim, gyzy bilen düşen portret suraty ýaly surata-da düşdük. Akmuhammet halypa aýdym-saz sungatynda maňa ak pata berdi.

 — Halypa bilen tanyşlygyňyz nähili boldy?

 — Akmuhammet halypa bilen tanyşmagyma ogullary Şöhrat, Baýramhan sebäp boldy. Olar bilen köpçülik çärelerinde tanyşdyk. Bir gezek ýaş toýuma maşgalamyz bolup Akmuhammet Saparowy çagyrasymyz geldi. Şonda halypa bilen ilkinji gezek ýakyndan tanyşdyk. Soňra hasam ysnyşyp gitdik, maşgala bolup gatnaşyp ugradyk.

 — Akmuhammet halypa aýdym-saz äleminde nähili maslahatlary berdi?

— Halypa: “Aýdymlaryňda elmydama sözleriň manyly bolsun, sözlerine üns ber. Sahnada aýdym aýdanyňda arkaýyn, aýdymyň içinde özüňi duýup aýt, öňüňdäki oturan diňleýjä özüňi diňletmegi başarmaly. Aýdym aýtmakdan daşary hereketiň bilen aýdyma jan bermeli. Köpçülige baranyňda pespälligiň, arassalygyň, mylakatlylygyň, umuman, ähli babatda ile görelde bolmaly!” diýdi. Halypa öz aýdymlaryny aýtmagyma rugsat berip, ak ýol arzuw etdi. Halypanyň bildiren ynamyndan soňra onuň aýdymlaryny ýerine ýetirmäge hasam joşgunym artdy.  

 — Haçan aýdym aýdyp başladyňyz?

 — Mekdep okuwçysy döwrüm agam Ýusup tomusky dynç alyşa öýe geleninde gitara çalýardy, menem ýanynda oturyp diňleýärdim. Sebäbi aýdymçy bolmak niýetimde bolmasa-da, aýdym diňlemegi gowy görýärdim. Maşgalamyzda özaramyzda gitara çalyp, aýdyma hiňlenýän diňe agamdy.

 — Onda ilkinji halypaňyz agaňyz bolýar-da!

— Hawa, agamyň gapdalynda oturyp, eliniň hereketlerine, kakuwlaryna seredýärdim. Agamyň eliniň hereketi gitara çalmaga gowy gelişýärdi. Aradan biraz wagt geçip, mekdebi tamamlanymdan soňra, dostum gitara aldy. Menem gitara çalyp görmegi öňräkden arzuw edip ýöremsoň, onuň gitarasyny elime alanymdan, agamdan öwrenen kakuwlarym ýadymda galansoň çalyp başladym. Dostum Mekan gitarany birinji gezek çalýandygyma ilki ynanmady. Çalyp bilýändigime özümem haýran galypdym. Agam çalýarka ýanynda diňe eliniň hereketini synlap, diňläp oturýanymyň peýdasy ýetendir-dä, garaz, şondan soňra gitara çalmagy has içgin öwrenip başladym. Gitarada aýdylýan aýdymlary köp diňlämsoň, soňabaka aýdymam ýerine ýetirip ugradym. Harby gullugy tamamlap gelenimden soňra-da gitara çalmagymy dowam etdim. Aýaldoganym Bahar gitara sowgat berensoň-a hasam aýdym aýtmaga höwesim artdy.

2007-nji ýylda “Margiana” medeniýet köşgüniň tansçysy bolup işe başladym. Tans etmegi özümem gowy görýärdim, Baharyň hem goldamagy işime hasam yhlasly ýapyşmagyma itergi berdi. Bu ýerde işe başlan ilkinji günlerimden, eýýäm, sahna öwrenişip başladym. 

   Tans toparymyz bilen döwlet derejesinde geçirilýän dabaralaryň ençemesine gatnaşdyk. 2009-njy ýylda Türkiýe döwletinde geçirilen medeniýet hepdeliginde hem çykyş etdik. Toparymyz birnäçe gezek Şa serpaýlarynyň eýesi boldy.

 

  “Margiana” medeniýet köşgüniň döredilenine bagyşlanyp her ýylda geçirilýän dabaramyz ýakynlap gelýärdi. Menem şol konsertde gitarada aýdym aýdyp çykyş edesim gelýändigini çeper ýolbaşçymyza ýaňzytdym. Ol hem yhlasymy duýandyr-da, islegimi göwünjeňlik bilen makullap, medeniýet köşgüň direktorynyň ýanyna eltdi. Ol ertire çenli sözem, sazam özümiňki bolan täze aýdym işläp getirsem, konsertde çykyş etmäge rugsat berjekdigini aýtdy. Şol gün begenjimden aýagym ýere degmändi. Işden çykyşyma sazanda dostum Arslanyň ýanyna gitdim. Ol çagalar bagynda sazanda bolup işleýärdi. Barşyma oňa sahnada çykyş etmegime mümkinçiligiň dörändigini aýdyp, bilelikde täze aýdym işlemegi haýyş etdim. Dostumam: “Adamyň edenini adam eder” diýipdirler. Elde baryny ederis, sen ýöne gitaraňy äkel, menem pianinoda işläýin” diýdi. Garaz, şol gün yhlasymyz ýerine düşüp, täze aýdym döretdik. Arslanda iki sany goşgy bar eken. Şolardan:

Gitmesene ýalňyz goýup ýüregim,

Dideleriň didaryma zar edip,

Unudaýyn bu garagol dünýäni,

Seniň gara gözleriňe seredip…

diýen setirler bilen başlanýan “Söýýän diýme” atly goşgyny gowy görüp, oňa täze saz ýazyp, gitarada aýdyma geçirdik:

Söýýän diýme gözleriňden aňaýyn,

Özgeleňkä meňzemeýän söýgini.

Ýaşlygymda bagt eçilen täleýim

Tüweleý deý alyp gitdi gaýgymy.

  Şol günüň ertesi täze aýdymymyzy ýolbaşçymyza diňletdim. Aýdym göwnüne ýaransoň: “Sen sözüňde durduň, işlejek oglan ekeniň. Aýdymy iki-üç günüň içinde mikrofonda ýazgy etseň çykyş etdireýin. Konsertde aýdymyňy tansyň aralygynda aýdarsyň” diýdi. Bar arzuwym sahnada aýdym aýdyp çykyş etmek bolansoň, razylaşdym. Aýdymy dostum Mekan bilen ýazgy etdik. Konsertde çykyş edenimden soňra, ýolbaşçymyz ýanyna çagyryp, aýdymymyň dabara gatnaşanlaryň göwünlerine ýarandygyny aýdyp, ilkinji üstünligim bilen gutlady. Medeni-köpçülik çärelerinde çykyş etmäge mümkinçilik dörändigini belledi. Şondan soňra baýramçylyk dabaralarynda täze aýdymym bilen çykyş edip başladym. Şol döwür Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen “Owaz” radioýaýlymy açyldy. Bir gün ýanyma dostum gelip: “Rahym, seň aýdymyňy “Owaz” radiýaýlymynda eşitdirdiler” diýdi. Menem ilki biriniň sesine meňzedendir öýtdüm. “Men heniz aýdymçy däl-a, aýdymymy radio nireden alsyn” diýip, özüm eşitýänçäm ynanmadym. Soňra ýene bir gün işdeşim Maksat gelip: “Rahym aýdymyňy diňläý” diýdi. Radiony açdym welin, hakykatdanam, “Söýýän diýme” atly aýdymym ýaňlanyp dur. Şol günki begenişim, öýdäkilere jaň edip aýdymymyň radioda gidýändigini tolgunyp aýdyşym şu günki ýaly ýadymda. Şonda arzuwyňa ýetmek üçin maksadaokgunlylygyň, irginsiz zähmetiň, yhlasyň zerurdygyna göz ýetirdim. Akyldarlaryň biriniň: “Daga çykmazyňdan öňürti, oňa çykyp barýany gören bolsaňyz, onda öňümden daş çykdy, aýagym ýadady diýip arz etme. Eger ýadamajak bolsaň, göni ýoldan ýöräber” diýşi ýaly, arzuwlaryňy amala aşyrmak üçin ýola düşeniňden soňra, maksadyň şoňa ýetmek bolmaly. Ýöne nähili derejä ýeteniňde-de pespälligiňi saklamaly.

  Ilkinji döreden aýdymymyň “Owaz” radioýaýlymynyň üsti bilen diňleýjileriň arasyna ýaýramagy täze aýdymlaryň üstünde işlemäge ruhlandyrdy. “Owaz” radioýaýlymynyň redaktory hem aýdymymy gowy görendiklerini belläp, başga-da aýdymlarymy diňleýjilere eşitdirmek isleýändiklerini aýtdy. Şeýdip, birnäçe täze aýdymlarym radioda diňleýjilere ýetirilip başlandy. Ilkinji aýdymym bilen diňleýjileriň arasynda tanalyp başlamagym meni hasam begendirdi. Häzirki güne çenli-de şol aýdymy diňleýjilerimiz söýüp diňleýärler.

Soňra nähili aýdymlary döretdiňiz?

 — 2008-nji ýylda durmuş toýumda aýtmak üçin “Mähri seň üçin” atly aýdymy döretdim. Durmuşda-da, işde-de ýürekdeş, ýakyn hemram aýaldoganym Bahara bagyşlap “Uýam jan” atly aýdymy döretdim. Aýdymda käwagt garaşman otyrkaň, ilki heňiniň döreýän pursady bolýar. Käwagtam işleşýän sazandalarymyz bilen maslahatlaşanyňda, täze aýdym, täze heň döreýär.

  “Sport, sport” aýdymyny döretdik. Bu aýdymy welaýatymyzda gurlan stadionynyň açylyş dabarasynda-da ýerine ýetirdim. Soňra-da sport çäreleriniň birnäçesinde şu aýdymym bilen çykyş etdim.  Aýdymlarymyň aglabasyny şahyr Myrat Ömüriň sözlerine, sazanda Orazberdi Jumaýew, Ahad Sadykow bilen maslahatlaşyp işläp başladym. Aýdym-saza içgin aralaşyp gitsem-de tansy ýanymdan goýmadym.

  Tansy hem aýdymy birlikde alyp gitmek kyn düşmedimi?

Adam haçan-da ýürekden gowy görýän işini  etse, kynçylyk bolmaz eken. Menem sungatyň bu iki ugrunam gowy göremsoň, olary ýerine ýetirmekden ylham aldym. Galyberse-de, tans ýolbaşçymyzyň talapkär bolmagy, özüme ynamymy, işime bolan jogapkärçiligimi artdyrdy. Köpçüligiň öňünde ilki aýdymçy bolup däl-de tansçy bolup çykyş edip başlamagym maňa sahna bilen öwrenişmäge, sahna medeniýetini ele almaga, aýdymlaryma görä tans goýmaga ýardam etdi.  Tans toparymyz bilen paýtagtymyza uly sahnalarda çykyş etmäge gelýärdik. Sahna bilen tansçy bolup tanşanyma begenýärin. Bir söz bilen aýdanymda, tans sungaty aýdymçy bolup sahna çykmagyma getirdi.

Sahna mukaddes ýer. Onuň özi aýratyn durmuş. Özüm-ä hemişe sahna salam berip girýärin. Sahnada daşyndan göräýmäge sen hemme tomaşaçyny görýän ýaly. Aslynda hiç kimi görmeýärsiň, kyn tarapam şonda. Şonuň üçin sahna çykanyňda esasy zat özüňi duýmagy başarmaly. Sahna çykaňsoň çekinjeňligiňi aýyrmaly, aýdyma obraz bermeli. Sebäbi aýdymda tansdaky ýaly köplükde  däl-de ýekelikde çykyş edýärsiň. Hemmeleriň nazary sende mahaly, diňleýjilere ruhy lezzet paýlamagy başarmaly. Adamlar aýdymyňdan dynç almaly. Üns berýän bolsaňyz, aýdym aýdanymda, köplenç, ýüzümde ýylgyryş peýda bolýar. Ýylgyrmak tans sungatynda ilkinji zerur zatlaryň biri.

   2009-njy ýylda Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen “Türkmen owazy” teleýaýlymy açylyp, aýdymlarymyzy şekilli görnüşlere geçirmäge mümkinçilik döredi. Maňa-da “Söýýän diýme” aýdymymy şekile geçirmek teklibi geldi. Bu şekilli aýdymym halkymyza ýetirilip başlanandan soňra, diňleýjileriň arasynda adygyp ugradym. Ilkinji aýdymymyň ýerine düşmegi täze aýdymlary döretmäge goltgy berdi. 2009-njy ýylda “Ýaňlan, Diýarym” telebäsleşigine gatnaşyp Mary welaýatyndan ýeňiji bolmak miýesser etdi. Bäsleşikde şahyr Myrat Ömüriň sözlerine, Arslan Mommadowyň sazyna “Ýaňlan, Diýarym!”, şeýle-de “Diňe seniň üçin” atly aýdymlary ýerine ýetirdim. Bäsleşigiň ýeňijisi bolanymdan soňra “Margiana” medeniýet köşgüniň aýdymçysy bolup işe geçmegim täze aýdymlaryň üstünde işläp, bu ugurda tejribämiň artmagyna itergi berdi.

  Sungat ýolunda halypalaryň beren maslahatlary?

  Gitarada aýdymlary halypalaryň ýerine ýetirişine öýkünip köp aýdýardym. Bir gün ussat halypalaryň biri men saňa iki sany maslahat berjek diýdi: “Birinjiden-ä, sungatyňa ikilik etme, ikinjidenem öýkünme” diýdi. Öýkünmän, halypalaryň ussatlygyndan öwrenip, olardan özüňe geregini alyp, sungatda öz ýoluňy döretmelidigini aýtdy. “Eger-de öýkünseň: “Edil özi boldy” diýerler, ýöne seniň özüň bolmaýar. Sungatyňa yhlas bilen ýapyşsaň, özüň bolarsyň” diýdi. Şol maslahatlardan soňra halypalary hasam köpräk diňläp ugradym. Aýdymlaryma duýgy berip, olaryň sözlerini göz öňüne getirip ýerine ýetirip başladym. Halypalaryň hem belleýşi ýaly, ilkinji nobatda özüňe ynamyň bolmaly. Diňleýjileriň ýüreginde aýdymlaryň bilen orun tutmagy başarmaly.

  Bir sapar “Ýaňlan, Diýarym” telebäsleşiginde çykyş etjek wagtymyz halypalaryň biri gelip: “Eger-de siz aýdymçy bolsaňyz aýdym aýtmaly dabaraňyza tersleşen ýa-da halamaýan adamyňyzyň gatnaşyp oturandygyny görseňiz, keýpiňiz gaçarmy gaçmaz, aýdym aýdasyň gelermi, gelmez ” diýdi. Diňläp oturan şägirtleriň içinde aýdym aýdasyň geler diýenem, aýdasyň gelmez diýenem boldy. Halypa sowalynyň jogabyna: “Aýdasyň gelmese onda aýdymçy bolmaýaňyz. Aýdymçy boljak bolsaňyz, sahna üçin çykanyňdan soňra diňleýji saýlamaly däl, gaýta, aýdymyňa obraz berip, ýokary derejede ýerine ýetirip, halkyň söýgüsini gazan” diýdi.

   Esasy zat işiňden lezzet almaly. Halypalaryň biri: “Işiňden lezzet almasaň, sen onda öz ýeriňde dälsiň” diýýär. Aýdymlary ýerine ýetirýärkäm, ylham, ruhy lezzet alýaryn. Bu bolsa geljekde täze aýdymlaryň döremegine itergi berýär. Iň esasy-da bize aýdym aýtmakda, saz çalmakda görelde mekdebimiz Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda aýdym-saz sungatyna uly üns berilýär. Muňa biz ýaş aýdymçylar üçin döwrebap sahnalarda döwlet derejesinde geçirilýän dabaralarda çykyş etmäge uly mümkinçilikleriň döredilmegi, halypa-şägirtlik gatnaşyklaryna giň ýoluň açylmagy şaýatlyk edýär. Ajaýyp sahnalarda çykyş edenimizde şeýle ýurtda ýaşaýandygymyza buýsanjymyz artýar.

— Diňe estrada ýakynmy ýa-da halk aýdymlary-da ýakynmy?

— Halk aýdymlarynam aýdýaryn, ýöne estradany özüme has ýakyn görýärin. Halypa bagşy Aman Kadyrowyň aýdymlaryny ürç edip diňleýärin. Meni halypanyň aýratyn ýoly özüne çekýär. Estrada ýyldyzlaryndan deň-duş dostum Eldar Ahmedowyň, Azat Oramadowyň aýdymlaryny hasam gowy görüp diňleýärin. Türkmenistanyň at gazanan artisti Nurýagdy Rejepowyň köp aýdymlaryny toýlarda ýerine ýetirýärin. Esasan, şowhunly aýdymlary aýtmagy gowy görýärin.

 — Meşhurlyk getiren aýdymlaryňyzy agzap geçäýseňiz.

 — “Watan”, “Howlukdym”, “Gözleriňden aňaýyn”, “Ene sen, ene”, “Bile gideli”, “Unudyp bilmen” atly aýdymlarym şowly çykyp, meşhurlyk getirdi. Bu aýdymlarymyň aglabasynyň sözleri Myrat Ömüriňki. Söz bilen saz ýerine düşende aýdymyň ömri uzak bolýar. Myrat halypanyň sözlerine ýerine ýetirýän aýdymlarym has şowlulyk getirdi. 2020-nji ýylda “Ýylyň parlak ýyldyzy” bäsleşigine gatnaşyp üçünji orna mynasyp bolmak miýesser etdi. Bäsleşikde halypanyň sözlerine “Owadan” atly aýdymy ýerine ýetirdim:

Alyslara esedip,

Seň ýanyňa howlukdym.

Gam-gussany bes edip,

Seň ýanyňa howlukdym…

 — Söýgä garaýşyňyz?

 — Söýgi durmuşymyzyň özeni, ýaşaýşymyzyň bezegi. Söýgi ömrümiziň, dünýämiziň manysy. Söýgi ähli babatda zerur. Meselem, käriňe söýgi bolmasa, işiňden lezzet alybilmeýäň. Sungata bolan söýgüňem çäksiz bolmasa, onda öz ýoluňy, ornuňy tapyp bolmaýar.

 — Aýdymdan daşary näme bilen meşgullanýarsyňyz?

 — “Ýyldyz” egin-eşik dükanyny ýöredýärin. Dükanymyzda, esasan, kastýum-jalbarlaryň, sport eşikleriniň dürli görnüşlerini müşderiler hödürleýäris. Dükanymyz Mary şäheriniň “Belent” söwda merkeziniň üçünji gatynda ýerleşýär.

  — Rahym, siz telefilmleriň birnäçesinde keşp hem janlandyrdyňyz. Aýdymçy bolup kinofilmde keşp janlandyrmagyň täsiri nähili?

 — Hawa, Aýjemal, “Türkmen owazy” teleýaýlymy tarapyndan Täze ýyl, 8-nji mart baýramçylyklaryna bagyşlanyp surata düşerilen telefilmlerde keşp janlandyrmak miýesser etdi. Olardan: “Ynam”, “Söýgi”, “Goňşy”, “Täze ýyla taýýarlyk” telefilmlerinde surata düşdüm. Kinofilme surata düşeniňde diňe kameranyň öňünde, sahnada bolsa ençeme tomaşaçynyň öňünde çykyş edýärsiň. Muňa garamazdan, artistligiň hem kyn taraplary bar eken. Sebäbi ilkinji nobatda, keşbiňe girmegi başarmaly. Munuň üçin zehin bilen birlikde zähmet hem zerur.

 — Iň gowy gören keşbiň haýsy?

— “Ynam” telefilminde mebel dükanynyň satyjysy bolup işleýän keşbimi gowy gördüm. Özüm satyjy bolmagy halamsoňmy, garaz, bu keşp mende aýratyn täsir galdyrdy. Telefilmleriň ählisinde-de halypa artistler, meşhur estrada ýyldyzlary bilen bilelikde surat düşmek özüme ynanylan keşbi ýürekden ýerine ýetirmäge hyjuw döretdi. Men hasam telefilmleriň degişmeli sahnalarynda surata düşmegi gowy görýärin.

— Artist bolasyň geldimi?

 Artistlikdenem aýdymçylyk maňa has ýakyn. Ýöne telefilmlerde keşp janlandyrmak arkaly halypalar bilen işleşýärsiň, döredijilik tejribesinden köp zatlary öwrenýärsiň.  Artistlerden Garly kaka ady bilen tanalýan halypa bilen hem telefilmiň üsti arkaly tanyşdyk. Onuň bilen birnäçe telefilmde bilelikde surata düşmek miýesser etdi. Telefilmlerde surata düşürilen şekilli aýdymlarymyň birnäçesine Garly kaka gatnaşdy. Olardan “Garaşýan saňa” atly şekilli aýdymym meşhur bolup gitdi. Halypa degişgen bolansoň, onuň bilen surata düşen epizodlamda, köplenç, gülküm tutýardy. Bir telefilmde bir epizody 7-8 sapar gaýtalapdym.  Şonda Garly kaka gülmän keşp janlandyrmagy öwretdi.

— Özüňiz nähili kinofilmlere tomaşa etmegi halaýarsyňyz?

Taryhy kinofimlere tomaşa etmegi gowy görýärin. Olar hem-ä geçmişi öwredýär, hem-de geljegiň üçin ýol salgy berýär.

— Täzelikde işlän aýdymyňyz?

 — “Talyp gyz” atly aýdymy täzelikde işledim. Şeýle-de Döwlet Berdigylyjowyň sözlerine, Azat Babaýewiň sazyna täze söýgi aýdymyny işledik.

 — Nähili pursatlar seni joşdurýar?

 — Haçanda maşgalamyz bolup agzybirlikde bir saçagyň başyna üýşenimizde begenjim artýar. Aýdymlarymyň diňleýjileriň göwnünden turandygyny olaryň özlerinden eşidenimde joşgunym goşalanýar. Gahryman Arkadagymyzyň Şa nazarynyň düşýän ýerinde, galyberse-de, döwlet derejesindäki dabaralar gatnaşyp, ajaýyp sahnalarda çykyş etmek bagty miýesser edeninde hasam joşýarys. Şol gün, şol pursat begenjimiň çägi bolmaýar. Sungat adamsy gözelliklerden ylham alyp döredýär. Şeýle bagtyýar döwrüň aýdymçysy bolup, täze aýdymlary halka ýetirmegiň özi uly bagt.

— Maşgalaňyz bilen ýakyndan tanyşdyraýsaňyz! 

— Ýanýoldaşym Mähri bilen 2008-nji ýylda durmuş toýuny tutduk.  Agzybir maşgalamyzda üç sany gyz perzendimiz bar. Uly gyzym Eneş, ortanjy gyzym Aýna, körpämizem Nurana.

— Nähili dynç almagy halaýarsyňyz?

 — Ýakynlarym bilen tebigatda dynç almagy gowy görýärin. Bedewli gezelenç etmegi halaýaryn.

Başga kär saýlamaly bolsa, haýsy käri saýlardyňyz, hem-de aýdymçy hökmünde aýdym-sazyň kalbyňyza täsiri dogrusynda gürrüň beräýseňiz!

 — Ýene aýdymy saýlardym. Sebäbi aýdym-sazyň jadyly güýji meni özüne çekýär. Aýdym aýtmakdan şeýlebir lezzet alýaryn.

— Özüňizde aýrasyňyz gelýän häsiýet barmy?

 — Käwagt bir zada birden gatyrak gaharym gelýän häsiýetimi aýrasym gelýär. Ýöne başarsam adamyň göwnüne degemok.    

— Durmuşyňyzyň iň bagtyýar pursady?

— Gahryman Arkadagymyzyň Şa serpaýyna eýe bolan günüm durmuşymyň iň bagtyýar güni bolupdy. Şeýle-de gyzjagazlam dünýä inende begenjimiň çägi bolmandy. Işden öýe baranyňda öňüňden gyzjagazlaň ylgap gelip, gujagyňa kaka diýip dolan pursady meniň üçin iň ajaýyp pursat.  

  Sungat äleminde geljekki maksatlaryňyz?

 — Häzirki wagtda ýerine ýetirýän aýdymlarymyň köpüsiniň heňi özümiňki. Geljekde nesip bolsa, aýdymlary täzeçe öwüşginde işlemegi maksat edinýärin. Şeýle-de Berdimyrat Berdiýewiň “Köne güzer” aýdymyny diňleýjilere ýetirmekçi.

— Daşary ýurt sungat ussatlaryndan haýsy aýdymçynyň aýdymlary aýratyn täsir galdyrýar?

— Özbegistandan aýdymçylar Ulugbek Rahmatullaýewiň, Ozodbek Saidowyň aýdymlaryny gowy görýärin.

  Rahym, söhbetdeşlik üçin teklibimizi kabul edip, saýtymyza myhmançylyga gelendigiňize köp sagbolsunymyzy aýdýarys. Geljekde-de aýdym-saz äleminde üstünlikleriň ýaran bolmagyny, owazyňyzyň belentden ýaňlanmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris. 

 — Sagboluň, size-de alyp barýan işleriňizde üstünlikler hemraňyz bolsun! Bize aýdym aýtmakda, saz çalmakda, şygyr ýazmakda nusgalyk mekdep bolup duran, milli medeniýetimizi. sungatymyzy belent derejelere çykaran Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri rowaçlyklara beslensin! Toýlar-toýlara ulaşsyn!

 

Aýdymçy hakynda gysgaça maglumat:

Doglan senesi, ýeri: 1986-njy ýylyň 6-njy apreli, Mary welaýatynyň Mary şäheri.

Okan orta mekdebi: Mary şäheriniň 10-njy orta mekdebi.

Okan ýokary okuw jaýy: Türkmen döwlet medeniýet instituty, 2015-2020 ý.

Häzirki wagtda: Mary şäheriniň “Margiana” medeniýet köşgünde işleýär.

2009-njy ýylda: “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň ýeňijisi.

2012-nji ýylda: “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijisi.

Meşgullanýan sporty: suwda ýüzmek.

Söhbetdeş bolan Aýjemal Gaýlyýewa,

Magtymguly adyndaky TDU-nyň 5-nji ýyl talyby.

Aýna Seýitkulyýewa: Sungat Maşgalasynyň Bilbili

 

Mekan Rejepow: Peder kesbiniň dowamy

 

Türkmen ýyldyzlary bilen Söhbetdeşlikler-I

 

 

ÝENE-DE OKAŇ

Kubaly türgen Mihain Lopes Nunýes 4-nji gezek Olimpiýa çempiony boldy. Grek-rim göreşi boýunça ökde türgen Mihain Lopes bu ugurda russýaly türgen Aleksandr Kareliniň rekordyny täzeledi. Karelinde 3 altyn medal bar. Kubaly göreşçi Lopes Tokiodaky Olimpiýa oýunlarynda 130 kilogram agramda çykyş edip, final tutluşygynda gruziýaly türgen Ýakob Kajaýyny ýeňip, özüniň 4-nji Olimpiýa çempionlygyny, ýurdunyň bolsa bu oýunlardaky 2-nji altyn medalyny gazandy. Bu...
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow döwlet Baştutanyna Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 96-njy plenar mejlisinde Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen «Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ulag daşamalary üpjün etmek maksady bilen ulagyň ähli görnüşleriniň arasyndaky arabaglanyşygy berkitmek» atly kararnama seredilendigi barada hasabat berdi. 48...
TÜRKMENISTANYŇ BILIM MINISTRLIGI Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ulag-logistika ylmy merkezi 2021-2022-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça okuwa KABUL EDÝÄR Kompýuter sowatlylygy: I dereje (Microsoft Office programmalary) — 3 aý; II dereje (Adobe Photoshop, GorelDRAW) — 3 aý; III dereje (AutoCAD) — 3 aý; IV dereje (Programmirleme) — 3 aý. Rus dili: başlangyç dereje — 4 aý; orta dereje — 4 aý. Iňlis dili: başlangyç dereje...
Şu ýylyň 23-nji oýulynda badalga alan tomusky Olimpiýa oýunlarynda sportuň ýeňil atletika ugry boýunça ýaryşlar dowam edýär. Bu ýerde ylgamak, uzak aralyga bökmek, ýokarlygyna bökmek, syrykly bökmek, disK zyňmak ýaly ugurlarda ýaryşlar geçirilip, täze rekordlar gazanylýar. NORWEGIÝALY TÜRGENDEN DÜNÝÄ REKORDY Norwegiýanyň türgeni Karsten Warholm 400 metr aralygy päsgelçilikli bökmek ýaryşynda altyn medal gazanyp, dünýä rekordyny goýdy. Ol bu aralygy 45,94 sekuntda geçmegi...
Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Maýa goýumlar we daşary söwda ministri Sardor Umurzakowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti iş sapary bilen Türkmenistana geldi. Saparyň barşynda S.Umurzakowyň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşygy geçirildi. Taraplar ýokary döwlet derejesindäki ygtybarly syýasy gepleşikler esasynda ilerledilýän döwletara gatnaşyklaryň ösüşiniň ýokary depginini kanagatlanma bilen bellediler. Gepleşikleriň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň, hususan-da, söwda-ykdysady pudagynyň häzirki...
18,713FansLike
19,500FollowersFollow
859FollowersFollow
417SubscribersSubscribe

Iň täze habarlar