Mekan Rejepow: Peder kesbiniň dowamy

Aýdymçynyň diňe bir aýdymlaryny diňlemek däl-de, onuň sungat ýoly bilen ýakyndan tanyşmak hemmämiz üçin täsirlidir. Şeýle bolansoň, bu gezekki söhbetdeşimiz milli hem döwrebap aýdymlary özboluşly owazy bilen diňleýjilere ýetirip gelýän ýaş zehinli aýdymçy Mekan Rejepow. “Owal akan ýerden, akarmyş aryk” diýlişi ýaly, tebigy zehinini kyblasynyň owazly dünýäsinden alan Mekan bu günki günde halkyň söýgüsini gazanan aýdymçylaryň biri. Ýakynda Mekan Rejepow bilen «Atavatan Türkmenistan» halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýty üçin guran söhbetdeşligimizi size ýetirýäris:

 — Aýdym-saz sungatyna köňül beren maşgaladan bolmagyňyz bu ýoluň inçe tärlerini ussatlyk bilen ele almagyňyza täsiri uly bolandyr.

 — Sungata söýgümiz aňyrdan gelýär. Atam Baýja Rejepow dutar çalyp, aýdym aýdar eken. Aýdymçy, bagşylar bilen ýakyndan aragatnaşyk saklapdyr. Onuň aýdymlarynyň ses ýazgylary bar. Atamyň dogany Durdy kakam hem gyjak çalyp, aýdym aýdardy. Garry atamam özüçe aýdyma hiňlener eken. Atamyň üç ogly, iki gyzy bolup, kakam, dogany Ýazmuhammet hem aýdym-saza ömrüni baglan adamlar. Muhammet agam-da köpüň öňüne çykmasa-da, aýdym-saza söýgüsi uly. Ol hem dutar çalyp, aýdym aýdýar.  Kakam toýlarda estrada-da aýdym aýdardy, dutar-gyjagam çalardy. Çagalykdan aýdym-sazyň içinde ulalamsoň, özümi bilip başlanym bäri, aýdymlary söýüp diňleýärdim. Kakam aýdymçy bolmagymy isleýärdi, ýöne özüm aýdymçy bolaryn öýdemokdym. Mekdepde okaýan döwrüm aýdym aýtmak niýetimde ýokdy. Mekdebi tamamlanymdan soňra, aýdym-saza söýgim artyp ugrady. Öň diňe aýdym diňlemegi gowy görsem, soňra özüm aýdasym gelip başlady. Kakam, Ýazmuhammet agam aýdym-saza söýgimi goldap, bu ugurda köp zatlary öwredip, halypalyk etdiler. Aýdym-sazyň inçe tärlerini ýuwaş-ýuwaş ele almagym, hem-de halypalaryň goldawy netijesinde sahna öwrenşip başladym. Kakamyň, agamyň halkyň söýgüsini gazanan bagşy bolmagy sungatda öz ýolumy tapjakdygyma ynamymy artdyrdy. Agam Ýazmuhammet, esasan, estradada, damana ýolundan aýdymlary ussatlyk bilen aýdardy. Toýlara baranymda agamyň adynyň Ýazy Baýja diýip hormat bilen tutulmagy meni buýsandyrýar. Atamyň ady Baýja bolansoň, meni-de Mekan Baýja diýip tanaýarlar. Aýdyma başlan döwürlerim kakamyň, agamyň aýdymlaryny aýtmaga çekinýärdim. Oňarmaryn öýdüp aýtmaýardym. Ýerine ýetirip biljekdigime ynamym artyp ugransoň, aýdyp başladym.

Köpüň öňüne çykyp aýdym aýdyp başlanyňyzdan soňra aýdymlary ýerine ýetirişiňize kakaňyz, agaňyz nähili baha berdi?

— Olar “Aýdymy gorkup aýtma” diýerdiler.  Utanjaňlygymdanmy, garaz ilki-ilkiler gorkup aýdýandygymy kakam dagy duýýan ekenler. Oňa tejribäm artansoň has gowy düşündim. Öň ýerine ýetiren aýdymlaryňy täzeden diňläniňde, bärden gaýdýan ýerlerine göz ýetirýärsiň. Duýgy berilmän aýdylan aýdymlar göwnüňe jaý bolmaýar. Aýdyma duýgy berip ýerine ýetirmelidigini maňa halypam, şahyr, kompozitor Annabaýram Aýdogdyýew öwretdi. Ol häzirki wagtda “Ýaşlyk” teleradioýaýlymynda baş redaktor bolup zähmet çekýär.

Ýaş estrada ýyldyzlarynyň birnäçesiniň halypasy Annabaýram Aýdogdyýewiň ýanyna kakam äkidipdi. Annabaýram halypa aýdym aýtdyryp görüp, owazymy halap, meni şägirdi edip aldy. Şondan soňra onuň ýanyna gatnap ugradym. Ol diňe ulular üçin däl, çagalar üçin ýazylan aýdymlaryň ençemesiniň awtory. Annabaýram halypanyň jigisi Çary Aýdogdyýew sazanda bolansoň, onuň bilen hem birnäçe aýdymlary öwrenip, türgenleşik geçýärdik. Annabaýram halypa ýanymyzda durup, maslahatlaryny bererdi. Halypam bilen işlän aýdymlarymyzyň ählisem diňleýjileriň söýgüsini gazanyp, meşhurlyk getirdi. Ilkinji şekilli aýdymymy Annabaýram halypam bilen “Ýaşlyk” teleýaýlymynyň “Şekilli aýdymlar” gepleşigi üçin taýýarladyk. Halypam bilen birnäçe aýdym-saz albomyny diňleýjilere ýetirdik.

Döredijilik üstünlikleriňizi özüňizden eşitmek hasam täsirli.

— 2009-njy ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly bäsleşiginiň ýeňijisi bolmagym meni täze aýdymlary döretmäge, öňküdenem joşgunly işlemäge ruhlandyrdy hem borçlandyrdy. 2010-njy ýylda nesibäm çekip, Türkmen döwlet Medeniýet institutynyň bagtyýar talyby boldum. Bu ýerde-de halypa mugallymlardan aýdym-sazyň inçe tärlerini içgin öwrendim.   Türkmenistanyň at gazanan artisti Orazgeldi Gabyşowyň ýolbaşçylygynda orkestrimiz bilen “Ýaşlyk” teleýaýlymynda yzygiderli çykyş edýärdik.

Talyp döwrüm Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar baýragynyň eýesi bolmak miýesser etdi.

Siziň surata düşen telefilmleriňiz halkymyzyň söýgüsine mynasyp boldy. Halypa artistler bilen işleşmek nähili täsirleri galdyrdy?

— Türkmenistanyň halk artisti Aşyrmyrat Gurbanow, Türkmenistanyň at gazanan artistleri Hojadurdy Ýegendurdyýew, Gandym Annadurdyýew, režissýor Tirkiş Garaýew bilen ilkinji gezek sazandam hem talyp ýoldaşym Atamyrat Esenowyň durmuş toýunda ýakyndan tanyşdyk. Şol toýda “Gabanýan” atly aýdymy ýerine ýetirenimde Tirkiş aga gowy görüp, telefilme surata düşürmek isleýändigini aýtdy. Telefilmde keşp janlandyrmak öňem arzuwym bolansoň, onuň hasyl bolandygyna begenip, teklibi göwünjeňlik bilen kabul etdim. Şonda ýürekden edilen arzuwlaryň hasyl bolýandygyna göz ýetirdim. Ilkinji gezek “Täze bagt” atly täze ýyl telefilminde aşyk oglanyň keşbini janlandyrdym. Ilkinji janlandyran keşbim şowly çykansoň, soňra-da birnäçe telefilmlerde keşp janlandyryp, halypalar bilen işleşmek miýesser etdi.

Halypalaryň ýanynda keşp janlandyrmagyň jogapkärçiligem, şol bir wagtda döredijiligiňe-de täsiri uly. Dogrusy, keşbiňe öwrenişýänçäň wagt gerek, ýöne bir girişeňsoň, bar maksadyň halypalaryň, tomaşaçylaryň göwnünden turmak bolýar. Halypalar bilen bir telefilmde surata düşmek sungat äleminde erjelligi, tutanýerliligi, yhlasly zähmeti öwretdi. Telefilmleriň köpüsinde Aşyrmyrat Gurbanow, Hojadurdy Ýegendurdyýew bilen bile keşp janlandyrmak miýesser etdi. Telefilmleriň birinde Hoja aganyň ogly bolup keşp janlandyrdym.

Režissýor Tirkiş Garaýewiň teklibi bilen telefilm üçin ýazylan aýdymlarymyň köpüsi diňleýjileriň söýgüsini gazandy. “Çeper gyz” atly aýdymym hem Hojadurdy Ýegendurdyýew bilen surata düşen telefilmim üçin ýazylypdy. Aýdymyň sözlerini Annabaýram Aýdogdyýew ýazdy. Bu telefilmde Hoja aganyň sazandasy boldum. “Çepbäniň toýy” atly telefilm üçin hem aýratyn aýdym ýazdyk.

— Halypalaryň birnäçe aýdymlaryny özboluşly owazyňyz bilen täzeçe öwüşginde diňleýjilere ýetirýärsiňiz. Halkymyzyň söýgüsini gazanan bu aýdymlaryňyz sungatyňyzda millilik bilen döwrebaplygyň sazlaşmagyna goşandy bardyr.

Okap bilersiňiz  Ýewro-2020 futbol çempionaty badalga alýar

Annabaýram Aýdogdyýew bilen halypalaryň ýerine ýetiren birnäçe halk aýdymlaryny täzeçe öwüşginde işledik. Olardan “Nar agajy”, “Bagty han”, “Suw ber içeli!” atly aýdymlary milli hem döwrebap öwüşginde diňleýilere ýetirdik. Bu aýdymlary “Türkmen owazy” teleýaýlymy tarapyndan şekilli görnüşe-de geçirdik. “Nar agajy”, “Dört örüm saçly” aýdymlaryny biziň işlän görnüşimizde Türkiýe döwletiniň sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmegi bizi buýsandyrdy. Talyp döwrüm aýdymçy Sona Atamyradowa bilen “Çopan ýigit” atly aýdyşyk aýdymyny halkymyza ýetirdik. Bu aýdym hem şowly çykan aýdymlarymyň biri boldy. Milli äheňdäki aýdymlary şekile geçirenimizde, köplenç, milli lybaslarda ýerine ýetirýärin. Aýdymlarymyza owadan, milli lybaslarymyz göwünjoşduryjy gözellik eçilip, milliligimize buýsanjymyzy artdyrýar.

Okuwymy tamamlap, “Ýaşlyk” teleradioýaýlymynyň medeniýet bölüminiň redaktory bolup işe başladym. Bu ýerde Annabaýram halypam bilen çagalar üçin birnäçe aýdym-sazlary — reňkleri tanamaga niýetlenen, başga-da çagalary gyzyklandyrjak, olaryň ýadynda galjak dürli temalardan aýdymlary ýazdyk. Häzirki wagtda “Türkmengaz” döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkezinde zähmet çekýärin.

Ýakynda halypalaryň ýerine ýetiren “Ýadyňda dälmi?!” atly aýdymy täzeçe öwüşginde, şekilli görnüşinde halkymyza ýetirdik. Şeýle-de “Bagda ýaryň almasy” atly aýdymy täzeçe öwüşginde işledik. Nesip bolsa, ýakyn günlerde şekile geçirmekçi.

“Kämilligiň çägi ýok” diýlişi ýaly, halypalaryň her bir aýdymyndan öwrenere zat köp. Nesip bolsa, geljekde halypalaryň ýerine ýetiren halk aýdymlaryny aýdyp, ýazgy etmegi, şeýle-de täzeçe öwüşginli heňlerde aýdymlary diňleýjilere ýetirmegi maksat edinýärin.

Okap bilersiňiz  Soňky ýyllardaky tehnolgik ösüşler

Repertuaryňyzda daşary ýurt dillerindäki aýdymlar nähili orun eýeleýär?

— Daşary ýurt dillerinde aýdymlary şol dilleriň özünde ýerine ýetirýärin. Daşary ýurt aýdymçylarynyň aýdymlarymyzy türkmen dilinde ýerine ýetirmegi, biziň daşary ýurt aýdymlaryny öz dillerinde ýerine ýetirmegimiz dost-doganlyk gatnaşyklaryny sungat arkaly hasam berkidýär.

Şu günlerde işleýän aýdymyňyz?

Paýtagtymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna bagyşlap “Aşgabadyň bahary” atly täze aýdymy ýakyn günlerde diňleýjilere ýetirmek maksadym bar.

 — Aýdymçy bolmadyk bolsaňyz…?

— Ýene-de sungaty saýlardym. Sazanda bolardym.

 — Ýanýoldaşyňyz Orazgül bilen ykbalyňyzy sungat ýoly birleşdiren bolsa gerek.

— Orazgül häzirki Myrat Garryýew adyndaky Türkmen döwlet lukmançylyk uniwersitetinde okaýarka, aýdym-saz toparynda aýdymlary bilen çykyş edýärdi. Talyp döwründe “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. Orazgül bilen bile telefilmde keşp janlandyrdyk. Sungat ýoly bizi biri-birimize hasam baglady. 2014-nji ýylda durmuş toýuny tutduk. Agzybir maşgalamyzda bir oglumyz, üç gyzymyz bar.

Gaty begenen, tolgundyryjy pursadyňyz haçan bolupdy?

— Ilkinji ekiz perzentlerimiň dünýä inen güni ýatdan çykmajak iň bagtly günüm boldy. Gyzyma Asman, ogluma Osman diýip at goýduk. Häzir ekizlem 6 ýaşynda, Aşgabat şäheriniň 32-nji orta mekdebiniň birinji synpynda okaýarlar. Kiçi gyzym Janan 5 ýaşynda, körpe gyzym Şeýda 2 ýaşady. Oglum Osman mekdepden daşgary sportuň Jiu-jitsu görnüşine gatnaýar. Onuň daşyndan depregem çalýar. Nesip bolsa, geljekde çagalarymyň öz saýlan ugurlarynyň ussatlary boljakdygyna ynanýaryn.

 — Haýsy aýdymçylaryň aýdymlary size ýaraýar?

— Halypalaryň aýdymlaryny, şeýle-de türk, azerbaýjan aýdymlaryny, türkileri diňlemegi gowy görýärin.

Nähili dynç alýarsyňyz?

— Ümsümlikde dynç almagy gowy görýärin.

 — Nähili reňkleri halaýarsyňyz?

— Eşiklerde ýapyk reňkleri gowy görýärin, ýöne öý goşlary açyk reňklerde bolsa halaýaryn.

— Sportuň haýsy görnüşi bilen meşgullanýarsyňyz?

— Sportuň köp görnüşi bilen meşgullanyp gördüm. Soňky döwür fitnes zala gatnaýaryn.

Kitap okaýarsyňyzmy?

— Dessanlardan ýerine ýetirýän aýdymlarymyň asyl nusgalary, döreýşi bilen ýakyndan tanyşmak üçin, esasan, dessanlary okaýaryn. Halypalarymyz hem aýdymlaryň asyl manysyna düşünip ýerine ýetiripdirler. Şu günlerde “Şasenem-Garyp” dessanyny okap otyryn. Soňra “Görogly” şadessanyny, “Leýli-Mejnun” dessanyny okamak maksadym bar. Geljekde-de şol dessanlardan aýdymlary ýerine ýetirmekçi.

Aýdymlary ýerine ýetirýärkäňiz nähili duýgulary başdan geçirýärsiňiz?

— Aýdyma ýaňy başlan döwürlerim-ä aýdymy çaltyrak ýerine ýetirip bolsam

diýýärdim. Kämilleşdigiňçe aýdyma duýgy berip aýdasyň gelýän eken. Sahna çykanyňda tolgunyp, aýdymyň sözleriniň ýadyňdan çykýan pursatlary-da bolýar. Muňa garamazdan, aýdym aýtmaly ýeriňde sözleriň diliňe gelýär duruberýär. Bu-da, elbetde, sahnanyň hem aýdym-sazyň jadyly dünýädigini görkezýär.

 — Söhbetdeşligimiziň ahyrynda okyjylarymyza ýürek arzuwlaryňyzy ýetiräýseňiz!

— Bize aýdym aýtmakda, saz çalmakda, şygyr döretmekde, umuman, sungat äleminde ajaýyp eserleri halka ýetirmekde nusgalyk mekdep bolup duran, milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň dünýäde belentden dabaralandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, alyp barýan il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýärin. Ýetip gelýän toýlar gutly bolsun!

   — Sagboluň, Mekan täsirli söhbetdeşligiňiz üçin. Biz size geljekde-de, aýdym-saz äleminde üstünlikli menzilleriň ýaran bolmagyny, owadan owazyňyzyň tutumly toýlarymyzyň bezegi bolup belentden ýaňlanmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.

— Sagboluň!

Aýdymçy barada gysgaça maglumat:

Doglan wagty we ýeri: 1986-njy ýylyň 19-njy noýabry, Aşgabat şäheriniň Gökje obasy.

Tamamlan orta mekdebi: Aşgabat şäheriniň 41-nji orta mekdebi.

Tamamlan ýokary okuw mekdebi: Türkmen döwlet medeniýet instituty.

2009-njy ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijisi, şeýle-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar baýragynyň eýesi.

Iň täze şekilli aýdymy: “Ýadyňda dälmi?!”.

Ilkinji surata düşen telefilmi: “Täze bagt”.

Söhbetdeş bolan Aýjemal Gaýlyýewa, 

Magtymguly adyndaky TDU-nyň 5-nji ýyl talyby.

Täşli Tülegenow: “Ömrüm aýdyma berlen”

 

Tirkeş Mätnazarow: Maksadym şowsuzlyklardan ýokarda

 

ÝENE-DE OKAŇ

Futbol janköýerleriniň uly sabyrsyzlyk bilen garaşan futbol boýunça Ýewropa çempionaty başlady. Düýn gije 00:00-da ilkinji duşuşyk geçirildi. "A" toparda çykyş edýän Italiýanyň milli ýygyndysy Türkiýäniň milli ýygyndysyny 3:0 hasabynda ýeňmegi başardy. ITALIÝADAN TARYHY REKORD Şeýlelikde, Italiýanyň milli ýygyndysy 2018-nji ýylyň 10-njy sentýabryndan bäri, resmi hem-de ýoldaşlyk duşuşyklarynda bassyr 28 duşuşykdan bäri ýeňilmän gelýär. Bu ýurduň taryhyndkay täze bir rekorddyr. Bu döwürde...
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň işini kämilleşdirmek göz öňünde tutulýar. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi. Şoňa görä, häzirki wagtda Halkara gatnaşyklar institutynda fakultetleriň 4-si, kafedralaryň 6-sy, merkezleriň 3-si hereket edýär. Institutyň işiniň kämilleşdirilmegi babatda iki basgançakly bakalawr we magistr bilim maksatnamasyna geçmek üçin öňümizdäki okuw ýylynda ýokary okuw mekdebinde tölegli esasda käbir ugurlary açmak teklip edilýär. Geljek ýyllarda...
Şu ýylyň 22-27-nji iýuny aralygynda ýurdumyzyň Lebap welaýatynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli geçiriljek Medeniýet hepdeligi hem-de baýramçylyk açylyş dabaralary barada hasabat berildi. "Watan" habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Lebap welaýatyndaky döredijilik çäresi we onuň maksatnamasy barada aýdyldy. Medeniýet hepdeligine gabatlanyp, welaýatda medeni-durmuş maksatly desgalaryň, şol sanda Kerki şäherinde howa menziliniň,...
Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde ýurdumyzda sementiň täze görnüşiniň önümçiliginiň ýola goýlandygy barada hasabat berildi. "Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, ýurdumyzyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň garamagyndaky sement zawodlarynda aktiw mineral goşundylary — bazalt porfiritleri we opoka çig malyny goşmak arkaly portlandsementiň önümçiligi ýola goýuldy. “Balkan” kän müdirliginiň bazalt porfiritleriniň “Ufra” ýatagynyň we Lebap welaýatynyň Döwletli etrabyndaky Akbulak...
Türkmen gazynyň dünýä bazarlaryna iberilmegini diwersifikasiýalaşdyrmaga hem-de gaz pudagynyň eksport kuwwatyny pugtalandyrmaga, Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisini gurmaga, dünýädäki iň iri Galkynyş gaz känini tapgyrlaýyn özleşdirmäge gönükdirilen taslamalary durmuşa geçirmek üçin "Türkmengaz" döwlet konserni tarapyndan çekilen daşary ýurt karz serişdelerini gaýtarmak boýunça hasabat berildi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi. Sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hasabat berlişi ýaly, häzirki...

Teswirler

Aýbölek Abdyrasulowa
Edepli Ile Ýarar
Babahan Berdiýew
“Öwgi” usuly
18,713BeğenenlerBeğen
19,500TakipçilerTakip Et
833TakipçilerTakip Et
417AbonelerAbone

Iň täze habarlar