Tirkeş Mätnazarow: Maksadym şowsuzlyklardan ýokarda

Aýdym-saz jadylaýjy sungat. Bu ýola köp adam çagalygyndan gadam basýar. 3 ýaşynda aýdym bilen dil açan Tirkeş Mätnazarow  aýdym-saz sungatynda uly üstünliklere eýe boldy. Çagalygyndan “aýdymçy, artist boljak” diýen arzuwyny myradyna öwren halypa bu gün sahna ussady bolup, täze-täze aýdymlary, opera çykyşlary bilen halkyň söýgüsini gazanyp gelýär. Ol häzirki wagtda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda zähmet çekýär. Biz ýakynda Türkmenistanyň at gazanan artisti Tirkeş Mätnazarowy  «Atavatan Türkmenistan» halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com   saýtyna söhbetdeşlik üçin çagyrdyk. Halypa sungat işgäri bilen geçirilen söhbetdeşligi dykgatyňyza ýetirýäris.

Tirkeş halypa ilki bilen çakylygymyzy kabul edip geleniňiz üçin sagbolsun aýdýarys! Söhbetdeşligimiziň başyny aýdym-saz sungatyna ilkinji gelşiňiz barada gürrüň berseňiz?

Sungat adamsy boljak bolsaň, birinji bilen tebigy zehiniň bolmaly. Kompozitor bolsun, aýdymçy bolsun, kino aktýor, teatr aktýory bolsun,  zehin tebigy berilýär. Il içinde “çagakada bildirýärdi”diýilýär-ä. Ejem ýatlaýar:”Eýýäm,dil çykaranyňdan aýdym aýdyp ugradyň”diýip.

-Onda sizde aýdym-saza bolan söýgi dil bitende ýüze çykypdyr?!

– Hawa. Ol wagtlar 3 ýaşymda ekenim.Çagalar bagyna gidýän wagtlarym Tamara diýen terbiýeçim bardy,ejeme “Şu ogluň iru-giç aýdymçy bolar, sebäbi, goý diýibem goýduryp bolmaýar, hemmä diňe joşup aýdym aýdyp berýär” diýýän eken. Çagalar bagynda 3 ýaşymda ilkinji aýdan aýdym hem “Akja kepderi” aýdymy boldy. Soňra orta mekdebi okan döwrümde deprek saz guralyna erk etmegi öwrendim hem aýdym aýdardym.

Başarmaklyk we başarmazlyk ýaly duýgular bilen ilkinji gezek haçan gabatlaşdyňyz?

– Örän gowy,ýerlikli sorag. Bu duýgy mende  Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasyna okuwa girenimde döredi. Ilki men Daşogzuň M.Garlyýew adyndaky sazçylyk mekdebiniň “hor, dirižorlyk” bölüminde okadym. Soňra 1993-nji ýylda konserwatoriýadan topar geldi, horuň öňünde solist bolup çykyş etdim. Şonda “şu oglany hökman almaly”diýip, meni konserwatoriýa gyssagly okuwa alyp gaýtdylar. Ol ýyllarda Magtymguly adyndaky opera teatry bardy. Onda Atageldi Garýagdyýew, Maýa Kulyýewa ýaly ussatlar sahnada opera aýdýardylar. Aýdymda erkekleriň arasynda sesler 3 topara bölünýär: bass, bariton, tena (inçe ses). Meniň hem bas ýogyn sesim bardy. Operanyň bir syry bar eken. Bas, ýogun sesiň bolsa, erkekleriň arasynda seniň ýaşyň näçe bolsa-da , 25 – 30 ýaş bolsaň-da, operada şalaryň, wezirleriň, uly adamlaryň keşbini berýärler. Talyp döwrümde bu ýere gelenimde aýdym aýtmak üçin gelipdim, ýöne opera sungatyny hem gowy görýärdim.  Türkmenistanyň halk artisti Annagurban Annarejebow diýen aýdymçy bardy, ýogun bas sesi bardy. Sahnada opera tomaşa edip oturkam başaryp – başarmazlyk ýaly duýgular içime doldy. Şonda içimden “Annagurban aganyň keşbini maňa berseler,menem öwrensem, şular ýaly sahnada başararmykam?” diýen sowal döredi. Şol sowal günüme goýmady. Şeýdip, Annagurban aga bilen maslahatlaşdym. Talyp wagtymam ilkinji gezek “Şasenem – Garyp” operasynda Şaapbasyň keşbini, mollanyň keşbini ýerine ýetirdim. Soňra “Leýli-Mejnun” operasynda Leýliniň kakasynyň keşbini janlandyrdym. Isleg ýürekden bolsa, islendik kärde-de başarmazlyk diýen zat ýok eken, başarmaklyk bar eken.

Aýdymlaryňyzdan haýsysyny ýüregiňize has ýakyn görýärsiňiz, haýsysy size üstünlik getirdi?

– Men Watan, durmuş, söýgi, ene temalarda köp aýdymlary ýerine ýetirdim. Ýöne enelerimize ýüzlenýän aýdymlary ýerine ýetirmek maňa has ýakymly. Annaberdi Agabaýewiň sözlerine, Baýram Hudaýnazarowyň sazyna “Ene elleri”, Gurt Näzliniň sözlerine “Zenan diýmek dünýedir” atly aýdymlarymy özüme ýakyn görýärin. Bu aýdymlarymy halk köpçüligi hem gyzgyn garşy aldy. Mähriban enelerimizi wasp edýän goşgulary, aýdymlary aýdan wagtyň özümi bagtly duýýaryn. Tamamlanan 2020-nji ýylda “Zenan diýmek dünýedir” atly aýdymym üçin hem hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýyna mynasyp boldum. Hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýyny mynasyp bolmak her bir sungat ussadynyň arzuwydyr. Ýerine ýetirýän aýdymlaryňy adamlar kabul edip, “şowly, gowy çykypdyr” diýseler, aýdymyň şowly çykandygyny bilmek bolar.  Türkmenistanyň halk ýazyjysy Atamyrat Atabaýewiň sözlerine “Gözel” atly aýdymy halk köpçüligine ýetirdik. Duşuşyklara baranymda şu aýdyma köp isleg bildirýärler. Ildeşlerimiz, talyplar, lukmanlar bilen duşuşyklarda olaryň ýerine ýetirip bermegimi isleýän aýdymlarymyň has şowly çykandygyny duýup bolýar.

Erk edip bilýän saz gurallaryňyz?

– Fortepiano, deprek, akkordeon, gitar.

Aýdym aýdýan ýaşlara maslahatyňyz? Aýdym-saz sungatynda ilkinji üns bermeli zat näme?

– Meň pikirimçe, aýdym-saz sungatynda-da ilkinji üns berilmeli zat manyly aýdymlary köpräk ýerine ýetirjek bolmaly. Sungat gaty ynjyk, onuň jogapkärli ýerleri köp. Aýdýan aýdymyň manysyny duýup, özüňe siňdirip aýtsaň, adamlar lezzet alýar. Ýaşlara maslahatym aýdymy hakyky halypa şahyrlaryň goşgulary esasynda döredilen aýdymlary ýerine ýetirmegi has talabalaýyk boljakdygyny aýdyp bilerin.

Durmuşyňyzdaky bagtly pursatlary paýlaşsaňyz.

– Durmuşymda bagtly pursatlar kän boldy. Özüňizem bilýänsiňiz, öz işlän döwrüňde, käriňde üstünlige ýetip, hormat-serpaý ýapylmagyny uly bagt hasaplaýan. Maňa hormatly Prezidentimiziň yglan eden “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginde 3 gezek – 2007-nji, 2008-nji hem-de 2020-nji ýyllarda ýeňiji bolmak miýesser etdi. Şol pursatlary durmuşyň iň bagtly pursatlary hasaplaýaryn. Sebäbi sungat işgärleri elmydama halk üçin işleýär.

Aýdym-saz sungatynda, sungat äleminde käriň eýesi bolup, şu üstünliklere ýetjekdigiňizi çagalykda duýduňyzmy?

– Duýgy seni ýaşatýar. Ol tebigy berilýär. Bilşiňiz ýaly,  mekdep döwründe mugallymlar köplenç “Ulalaňda kim boljak” diýip soraýarlar. Şol wagtlar 5-6-njy synplardadym. Mugallym “ak kagyza ulalaňyzda kim, näme bolmak isleýän bolsa, ýazyp getirsin” diýipdi. Şonda men” aýdymçy, artist boljak” diýip ýazypdym. Şol wagtky aýdan zadyma, şu wagtlaram haýran galýan. Çagakam içimde günüme goýmaýan üýtgeşik duýgy bardy. Sahna çykyp aýdym aýtmak, goşgy okamak çagalykda bolşy ýaly, häzir hem meniň üçin iň naýbaşy we lezzetli duýgy.

– Hawa, sungat adamsy gaty duýguçyl bolýar diýýärler. Sahnada, söýgi, ene, Watan ýaly mukaddeslikleri wasp edip, aýdym aýdýan mahalyňyzda, duýgulanyp, gözýaş eden pursatlaryňyz boldumy?

– Dogrymy aýdaýyn köplenç bolýar.Özem ene barada aýdymlary ýerine ýetirenimde gözlerim ýaşarýar, şeýle duýgulanýaryn.  Ene barada men kän aýdym aýdýan. Başga-da, köplenç siz ýaly žurnalistler bilen bolan söhbetdeşliklerde “Tirkeş aga siz ene barada kän aýdym ýerine ýetirýäňiz?” diýip soraýarlar. Bir gezek “Aýly agşamyň owazy” diýen gepleşige gatnaşanymda ene barada 5 aýdym, 5 goşguny ýerine ýetirdim. Meniň bir syrym bar, ene barada köp aýtmagymyň sebäbi, gatnaşýan dost-ýarlarym köplenç gelip, “Tirkeş meniň ertir ejemiň doglan güni. Bize gelip, ene barada aýdym aýdyp beräý” diýip, ýüzlenýän wagtlary az däl. Şol meni gowy terbiýeledi. Bu ugurda has-da kämilleşdim. Dostlarymyň ejelerini gutlajak diýip, ene barada kän aýdym öwrenipdirin. Ene mowzugy gutarnyksyz hem iň beýik nowzukdyr. Hemme adam Hudaý tarapyn enäň üsti bilen dünýä gelýär. Şonuň üçin olar barada näçe aýtsaň az.

Okap bilersiňiz  Ylym-bilim – gymmatly baýlyklarymyz.

Size ylham berýän zat näme?

– Haçan-da köpçüligiň içinde aýdym aýdanymda, goşgy okanymda adamlaryň “ýene geliň, ýene-de garaşýarys” diýen sözleri maňa ylham berýär. Sungatda bir ýerde durmak bolmaýar. Hemişe we yzygiderli kämilleşmeli. Täze zatlaryň gözleginde bolmaly, olar size ylham berýär.

Eger hemme zady täzeden başlamaly bolsa  ýa-da täzeden dünýä gelseňiz haýsy käriň eýesi bolardyňyz?

-Ýene-de sungaty saýlardym. Maňa başga kär ýok. Başga käri başarmajak ýaly duýýan. Aýdym-saz, sahna kärimem, durmuşymam, ykbalymam, ýaşaýşymam, lezzetimem şu.

Okyjylarymyza we muşdaklaryňyza maşgala durmuşyňyz gyzyklydyr?!

– 3 oglum we 2 gyzym bar. Aýalym türkmen dili we edebiýaty mugallymy. Uly oglum Aýnazar Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň 1-nji ýyl talyby, ol hem aýdym aýdýar. Aýgözel gyzym surat çekýär hem-de fortepiano saz guralyny çalýar. Begnazar oglum paýtagtymyzdaky 85-nji orta mekdepde okaýar, ol taryh sapagyny has gowy görýär. Gyzym Zybagözel daşary ýurt dillerini öwrenmäge uly höwes bildirýär. Körpämiz Allanazarjan entäk 2 ýaşynda.

Häzirki wagtda nähili aýdymlaryň üstünde işleýäňiz?

– Häzirki wagtda Berdinazar Hudaýnazarowyň sözlerine “Ene”barada täze aýdymyň üstünde işläp otyryn. Nesip bolsa, 8-nji martda halk köpçüligine ýetirmegi göz öňnüde tutýaryn. Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigine bolsa, täze albom taýýarlaýaryn. Bu albomda  täze we köne aýdymlarym bar.

Durmuşda şowsuzlyk  bilen nähili gabatlaşdyňyz?

– Şowsuzlyk diýlen zada men üns beremok. Sebäbi ýola seredeniňizde,  maksadyňyzy ýolda büdrejek şowsuzlyklardan ýokarda goýmaly. Durmuşda döräp biläýjek ähli şowsuzlyklara garşy diňe göreşmeli.Meniň hem maksatlarym ýoldaky şowsuzlyklardan ýokarda durýar. Şonuň üçin bu ýolda şowsuzlygy duýmandyryn.

Aýdymlaryňyzy haýsy şahyrlaryň goşgularyna döredýärsiňiz?

– Men ýaşlara maslahat berşim ýaly, aýdymlarymy halypa şahyrlaryň goşgularyna döredýärin. Gurbannazar Ezizowyň, Annaberdi Agabaýewiň, Berdinazar Hudaýnazarowyň, Gurt Näzliniň hem-de köplenç Atamyrat Atabaýewiň, şeýle hem beýleki ussat şahyrlaryň sözlerine döredýärin. Atamyrat Atabaýewiň köp goşgularyny okadym, sözlerine köp aýdymlary işledim, aradan çykmanka albomymy özüne ýadygärlik hökmünde berenimde begenipdi. Ol hakyky şahyr. Gyzlara we söýgä bagyşlap, köp sanly goşgulary ýazdy. Onuň goşgularynyň biriniň käbir bentlerini şu ýerde ýatlap geçmek isleýärin.

Sen näme üçin goşgy ýazýaň perizat?!

Seniň özüň aýdym, özüň bir owaz.

Sen näme üçin goşgy ýazýaň perizat?!

Günüme goýanok meň, şol sowal.

 

Menä ýanyp ýazýan setirlerimi,

Seň gözüňe iljek bolup ýazýaryn.

Seň gözüňe ilip ýekeje pursat,

Yşk derdinden dynjak bolup ýazýaryn.

Adamlarda gowy görýän häsiýetleriňiz?

– Adamlarda gowy görýän häsiýetlerimiň biri göwnaçyklyk. Adamlara täsir edýän erbetliklerden daşrakda durmak, alçak bolmak örän gowy. Sungaty  söýýän, pespäl, zähmetsöýer, elinden gelýän gowulyklary adamlara bagyş edip bilýän bolsa gowy görýän.

Sungat eserleriňiz bilen diňe bir Türkmenistanyň däl, daşary ýurt sahnalarynda-da çykyş edip gördüňizmi?

– Elbetde. Medeniýet hepdeliginde, teatr festiwalynyň geçirilmegi bilen köp döwletlere iş sapary bilen gezelenje gitdik. Magtymguly atamyzyň şygryýet güni mynasybetli Germaniýanyň Köln şäherine 2 ýyl yzly-yzyna gitmek miýesser etdi. Oňa dünýäniň dürli künjeklerinden türkmenler gatnaşdy. 2012-nji ýylda ABŞ-nyň paýtagty Waşington şäherinde geçirilen Medeniýet günlerine gatnaşdyk. 2012-nji ýylda Azerbaýjan döwletiniň  Baku şäherinde geçirilen Medeniýet hepdeliginde bolduk, şol ýylda Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilen Medeniýet hepdeligine gatnaşdyk. Ol ýerde türkmen hem-de nemes dilinde “Wena” diýen aýdymy ýerine ýetirdik. 2009 -njy ýylda Medeniýet hepdeligi bilen Gazagystan döwletiniň Almaty şäherinde bolduk. Ol ýerde-de gazakça aýdym bilen çykyş etdik, gazak doganlarymyzam türkmençe  “Aýly agşam”, “Daň şemaly” diýen aýdymlary ýerine ýetirdiler. 2015 -nji hem-de 2016-njy ýylyň  mart aýynyň 21-24-ine Nowruz baýramçylygy mynasybetli Russiýa Federasiýasyna gitdik. Ol ýerde-de ussat kompozitorlarymyzyň ajaýyp eserleri bilen çykyş etdik. Medeniýet günleri bilen 2016 -njy ýylda Horwatiýa döwletinde bolduk. 2017-nji we 2018 -nji ýyllarda Türkiýäniň Mersin şäherindäki teatr festiwalyna gatnaşmaga gitdik. 2019-njy ýylda bolsa,Tatarystanda Türki döwletleriniň gatnaşmagynda teatr festiwaly geçirildi, oňa hem işdeş ýoldaşlarymyz bolup gatnaşmak nesip etdi. Bize sungat ýolunda zähmet çekmäge uly mümkinçilikler döredip beren Gahryman Arkadagymyza köp sag bolsun aýdýaryn. Gahryman Arkadagymyzyň jany sag bolsun,ömri uzak bolsun.

Tirkeş halypa žurnalymyza myhman bolup, beren gyzykly gürrüňleriňiz üçin köp sag bolsun aýdýarys. Mundan beýläk-de sungat äleminde täze üstünlikler hemraňyz bolsun!

 

Doglan ýeri we wagty :1976-njy ýylyň 23-nji marty,Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etraby.

Ilkinji ýerine ýetiren aýdymy : “Akja kepderi”.

Iň täze işlän aýdymy : “Ene”.

Çalyp bilýän saz guraly: fortepiano, deprek, akkordeon, gitar.

Aýnazar,Begnazar,Allanazar 3 ogly,Aýgözel we Zybagözel 2 gyzy bar.

Türkmenistanyň at gazanan artisti Tirkeş Mätnazarowyň ýerine ýetiren “Monça bol” aýdymyna tomaşa etmek üçin şu ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyň!

 

Söhbetdeş bolan

Miwe Jumadurdyýewa,

“Miras” teleýaýlymynyň redaktory.

Siz habarlar saýtymyza girilen dessine Size bildiriş gelmegini isleýän bolsaňyz onda “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com   saýtynyň ýakynda hyzmata giren Android ulgamynda işleýän Applikasyýasyny şu ýere basyp ýa-da aşakdaky suratyň üstine basyp öz telefonyňyza ýükläp alyň! Eger Siz bu habary kompýuteriň üsti bilen okaýan bolsaňyz, el telefonyňyzyň Google Plaý dükanyndan “Atavatan Turkmenistan” ýazyp biziň Applikasyýamyzy indirip mugt alyp bilersiňiz!

Hoş habar -Täze Applikasiýa: Makul Sözlük

Makul Sözlük (www.makulsozluk.com ) özüniň “Android” ulgamynda hereket edýän täze applikasiýasyny-Makul Sözlük applikasiýasyny hödürleýär. Toparymyz  düýn Kompýuterlerdäki  “Chrome Browserde” ulanmaga mümkinçilik berýän täze “Browser goşundysyny”-Makul Sözlük goşundysyny  ulanmaga taýýar eden bolsa, şu gün “Android” applikasiýasyny herekete girizdi. Şeýlelikde, köp sanly “Makul Sözlük” ulanyjylary, diňe www.makulsozluk.com saýtyna girmek bilen bu sözlükden peýdalanman, eýsem, kompýuterlerinde “Makul Sözlük” goşundysyny, Android ulgamyndaky mobil telefonlarynda bolsa “Makul Sözlük” applikasiýasyny ulanyp bilerler. Ýakynda IOS ulgamynda hereket edýän Applikasiýamyz hem hereket edip başlar.

Ähli Söhbetdeşliklerimiz:

Guwanç Meläýew: Kesbimden kemal tapanym

 

Akmuhammet Hanow: Bagtyma şaýat bolan Sungat

 

Täşli Tülegenow: “Ömrüm aýdyma berlen”

 

Leýli Ökdirowa :Ýyldyza öwrülen zehin

 

Azat Dönmezow: Ýyldyzyň ýürek owazy

Han Pälwanow: Aýdymym göwün şadym

 

Merdan Handurdyýew: Teatr jadyly dünýä

 

Ogulgerek Durdyýewa: Tutanýerliklikde Ýeten Maksadym…

 

Bahar Annaýewa: Aýdym-saz durmuşymyň bir bölegi

 

Gülälek Gulmyradowa: Käbäm bilen bile ýörän ýollarym!

Okap bilersiňiz  Hoş habar -Täze Applikasiýa: Makul Sözlük

 

Halk aýdymlary bilen adygan bagşy: Läle Begnazarowa

 

Meşhur sungat işgärleri Ata Watan Türkmenistanda myhmançylykda