30/10/2020 13:29
Home TÄLEÝNAMA Arzuwçyl Daluwlar kimler
Aýbölek Abdyrasulowa
«Watan» gazetiniň jemgyýetçilik we halkara gatnaşyklary bölüminiň redaktory. Aýbölek Abdyrasulowa Geldimyradowna 2014-nji ýylda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetini tamamlady.

Arzuwçyl Daluwlar kimler

Eýýäm 2 aýdan bäri, “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň   www.atavatan-turkmenistan.com    saýty her ýyldyzyň özüne mahsus bolan häsiýetnamalaryny  okyjylaryna ýetirýär. Şu wagta çenli 10 sany ýyldyzyň häsiýetnamalary barada gysgaça maglumatlary size ýetirdik. Elbet-de bir ýa iki sahypada degişli ýyldyz barada ähli maglumatlary birbada beýan edip bolmaz. Şu wagta çenli müneçjimleriň berýän maglumatlarynyň esasynda umumy häsiýetnamalary almaga çalyşdyk.

Umumy häsiýetnama

Bu gün 10-njy ýyldyzymyz bolan Gowalar (Gowa 21.01—20.02) barada gürrüň etmekçi. Ilki bilen , bu ýyldyzyň astynda doglanlaryň aşa arzuwçyldygyny bellemek gerek. Olaryň halaýan reňki — açyk mawy. Üstünlik getirýän daşy —ametist.  Özüne bolan ynamy ýokary. Gowalary bir görseň keýpi çagdyr, bir görseň ýok ýerden gynanyp oturandyr. Üýtgeşiklikleriň, ösüşiň bolup durmagyny isleýär. Olar birine garaşly bolmagy halanoklar.

Daluwlar durmuşda döredijilik güýjünden ruhlanýarlar. Olaryň ähli zady oňatlyga ýormak, şeýle-de öňdengörüjilik ukyplary ösen. Köplenç halatlarda olar daş görnüşi boýunça hem juda ýakymlydyrlar. Şeýle-de bu ýyldyzyň astynda doglanlar paýhaslydyrlar.

Artykmaçlyklary we kemçilikleri

Daluwlar özüniň gürrüňçilligi we ýakymlylygy bilen daş-töwerekde oňat ýatlamalary galdyrmagy başarýarlar. Bu ýyldyzyň astynda doglanlar bilen bilelikde iş alyp barmak hem ýakymly. Düşünjesi giň we zehinli daluwlar täze başlangyçlary üstünlikli alyp baryp bilerler. Olar täzeligi gowy görýärler, goý, ol täze iş bolsun, jaý bolsun ýa täze taslama bolsun, täzeçillik bu daluwlaryň islegi. Daluwlar myhmansöýerdirler we pespäldirler. Şonuň üçin bu ýyldyzyň astynda doglanlaryň dost-ýarlary hem az däldir.

Okap bilersiňiz  COVID19 barada nädogry maglumat ölüm howpyna getirip biler

Bu ajaýyp häsiýetlere garamazdan, daluwlaryň kemçilikleri hem bardyr. Olaryň hasiýeti de, pikiri-de, işleri-de üýtgäp durýar. Olaryň ünssüzligi başlan işini tamamlamaga päsgel berýär. Köpçüligiň pikiri daluwlar üçin möhüm. Elmydama ruhy taýdan kämilleşmegiň ugrundadyr daluwlar. Daş-töweregiň özi hakyndaky pikirlerini duşundan geçirýär, kabul edenok. Hyýaly pikileri ösen.

Okap bilersiňiz  Ýigide müň dürli hünär hem azdyr

Söýgüde

Söýgüde erkinligi halaýar. Şol bir gaýtalanyp duran meseleler daluwlaryň ýüregine düşýär. Daluw üçin söýgi — dostluk duýgularynyň iň ýokary derejesi. Çagalaryna terbiýe bermekde oňa taý ýokdur. Daluw bilen durmuş gurjak ýyldyzlar onuň erkinligine degmeli däldirler. “Olar bilen ýaşamak aňsat däl, emma gyzykly”.  Daluwlar tereziler we seretanlar bilen durmuş gursalar bagtly bolarlar

Saglygy

Daluwlarda köplenç damar dykylma, gan goýulyk ýaly keseller gabat gelýär.Şonuň üçin olara hereketde bolmak maslahat berilýär. Aýratyn hem ýöriş ýa-da tans bilen meşgullansalar saglygy üçin peýdaly bolar. Şeýle-de olar gan goýulygy sebäpli berhiz hem saklamaly halatlary hem duş gelýär. Daluwlaryň köpüsi gök önümleri we ir-iýmişleri halaýarlar. Şol sanda olara wagtly-wagtynda uklap, dynç almak maslahat berilýär.

Okap bilersiňiz  Sallançak we onuň şekil nusgalary hakynda

Halaýan ýurtlary

Latwiýa, Polşa, Germaniýa, Russiýa.

Meşhur Daluwlar

Swetlana Hodçenko, Olga Şelest, Tina Karol, Opra Uinfri, Wera Brejnewa, Jennifer Eniston, Ýuliýa Sawiçewa, Leonid Ýarmolnik, Boris Berezowskiý, Wladimir Zelenskiý, Wolfgang Amadeý Mozart, Anton Çehow, Leonid Gaýdaý, Jastin Timberleýk, Ronald Reýgan, Timur Batrudinow, Bob Marli, Çarlz Dikkenz, Dmitriý Mendeleýew, Maýkl Jordan, Awraam Linkoln, Jon Trawolta, Arkadiý Ukupnik.

 

Hepdelik Täleýnamalary  we beýleki habarlary aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Hormatly Okyjylarymyz, her bir ýyldyzlar barada giňişleýin maglumat almak isleýän bolsaňyz, onda, aşakdaky linkleri ýeke-ýeke okap bilersiňiz!

Guzy :Müneçjimleriň aýtmagyna görä….Size gowulyk garaşýar

 

Sowur (Öküzçe)

 

Bilesigeliji Ekizekler (Jöwza) kimler?

 

Duýgur leňňeçler kimler

 

Maksadaokgunly Esetler kimler

 

Owadan Sünbüleler kimler

 

Şadyýan Tereziler kimler

 

Ugurtapyjy akraplar  kimler

 

Öňdebaryjy Kowuslar kimler

 

Sabyrly Jediler (Owlak) kimler

Okap bilersiňiz  Atalar sözi: Tikensiz gül bolmaz, zähersiz bal

 

Bulary hem okaň!

Meşhur sungat işgärleri Ata Watan Türkmenistanda myhmançylykda

IŇ TÄZE HABARLAR

Iň owadan zenan Julia Robertsiň filmleri

Owadan ýylgyryşy bilen meşhurlyga eýe bolan Golliwudyň iň owadan zenanlaryndan biri Julia Roberts karýerasynyň dowamynda köp sanly filmde surata düşdii. 90-njy ýyllary Riçard Giriň...

Ertirlik üçin ýeralmaly peýnirli tagam

Mähriban okyjylar, men bu gezek size ertirlik üçin taýýarlanyşy aňsat we öýüňizde bar bolan zatlar bilen datly tagamyň taýýarlanylyşyny öwretmekçi.
Okap bilersiňiz  Türkmenistanly talyp gyz erik ýapragyndan antibakterial serişde aldy
Munuň üçin gerekli önümler: 4...

Türkmenistan bilen halkara guramalaryň arasyndaky hyzmatdaşlyk

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň agentlikleriniň we halkara maliýe institutlarynyň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda oňa gatnaşyjylar...

Gadymy söýgi haty

Entek hat ýazuwyň ýok mahalynda habarlary hem-de wakalary şekilleriň üsti bilen mälim edilýän gadymy döwürde hem ýigit bilen gyzyň arasynda söýgi haty bolupdyr. Alymlar...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Türkiýede “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” atly surat sergisi geçirildi

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli Türki medeniýetiň halkara guramasynda (TÜRKSOÝ) “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” atly surat sergisi geçirildi. TÜRKSOÝ edarasynyň resmi saýtynda berlişi ýaly,...

Koronawirusy ýok edýän örtük

ABŞ-nyň “Massaçusets Tehnologiýa Institutynyň” (MIT) alymlary häzirki wagtda filtrleme ulanylýan örtüklere derek, elektrik bilen işleýän, koronawirusynyň bölejiklerini 90% dereje gyzdyrylan nepis mis torundan howa...

Düýe çapyşyklary täzeden başlaýar

Düýe çapyşyklary Katar döwletiniň ýaşaýjylarynyň halaýan güýmenjeleriniň biridir. Bu düýä çapyşyklary Pars aýlagynda täzeden başlady. Mälim bolşy ýaly, çapyşyklar koronawirus ýokanjy sebäpli fewral aýynda...

Türkmenistanyň Hökümetiniň resmi saýty açylar

Türkmenistan halkara köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen hyzmatdaşlygyny has-da ösdürer. Habar beriş serişdeleri ugrunda hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda anyk teklipler taýýarlandy. Bu barada Ministrler Kabinetiniň...