No menu items!
21/09/2020 0:57
No menu items!
Home IŇ TÄZE HABAR Ugurtapyjy akraplar (24.10 — 22.11) kimler
Aýbölek Abdyrasulowa
«Watan» gazetiniň jemgyýetçilik we halkara gatnaşyklary bölüminiň redaktory. Aýbölek Abdyrasulowa Geldimyradowna 2014-nji ýylda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetini tamamlady.

Ugurtapyjy akraplar (24.10 — 22.11) kimler

Umumy häsiýetnama

Akrap ýyldyzlaryň sekizinjisi bolup, olar suwy juda halaýarlar. Akraplar duýgurdyrlar. Şeýle-de olar köplenç daş-töwerekden daşlaşyp, öz duýgy dünýäsine aralaşýarlar. Akraplar özlerini juda söýýärler. Gaharlansa, garaşylmadyk hereketleri etmäge ukyply. Şol sanda olar ugurtapyjy, zehinli adamlar, hat-da olar döredijilikden hem daşda däl. Akraplaryň arasynda islendik sebäpden ruhy çöküp, durmuşda köp zady erbetlige ýorýanlary hem gabat gelýär.

Bu ýyldyzyň astynda doglanlar gönümeldirler. Olara tapawudy ýok, sen başlyk bol ýa ýakyny bol, şol pursat pikirini bolşy ýaly beýan eder. Olar üçin iň gowy dynç alyş ýeri — deňiziň kenarydyr. Olaryň suwy halaýandyklaryna ýene bir gezek şaýat bolýarys.  Daşky görnüşi boýunça örän owadan we ýakymly akraplar özlerine bolan ynamy hem ýokarydyr. Akraplaryň öňdengörüjilik ukyplary hem bar.

Mundan başga-da bu ýyldyzyň astynda doglanlar sabyrly bolmagy hem başarýarlar, ýöne çala zada gaty görüp bilýärler, ýagny akrap baryp ýatan öýkelek. Olar ukyny gowy görýärler. Gowy ukusyny almasalar, hiç bir işe başlamazlar. Şeýle-de akraplar syýahat etmegi hem halaýarlar. Akraplar guramaçy, sungat ussady, direktor wezipelerinde zähmet çekip bilerler.

Artykmaçlyklary we kemçilikleri

Akraplar ähli başlangyçlarynda deňagramlylygy saklamagy başarýarlar. Köplenç ýagdaýlarda asudalylygy hem saklaýarlar. Dostana akrap, özüneçekijiligi bilen tapawutlanýar. Şeýle-de bu ýyldyzyň astynda doglanlar özüni we köpçüligi islendik pikirde ynandyryp bilýär.

Akraplaryň kemçilikleri barada iki kelam aýtsak, onda olaryň gysga wagtda üýtgäp bilýändiklerini bellemek gerek. Kiçi zada gaharlanyp, töweregindäkileriň göwnüne degip bilýär. Akraplar az-kem ýalta.

Bu ýyldyzyň astynda doglanlar öz dostlaryna juda wepalydyrlar, emma akraplar biwepalygy kabul edip bilenoklar we netijede ýakymsyz hereket edip bilerler.

Söýgüde

Duýgur akraplar, kähalatlarda söýgüde sowukganly hereket etmegi başarýarlar. Akrap söýgüde edil “buz” ýalydyr, emma buzlary eredip hem bilýändir. Ýanýoldaş hökmünde, olar islendik ýyldyzyň astynda doglan adamy bagtly edip bilerler. Olar balyklar we leňňeçler bilen bagtly durmuş gurarlar.

Saglygy

Bu ýyldyzyň astynda doglanlaryň köplenç halatlarda süňkleri gowşak bolýar. Şonuň üçin olaryň ýa aýagy agyrýandyr ýa eli agyrýandyr…Olar iýmitine hem üns bermelidirler. Az-azdan peýdaly iýmitler bilen iýmitlenmelidirler.

Halaýan ýurtlary

Amerika, Beýik Britaniýa, Awstriýa, Belgiýa we Kipr.

Meşhur akraplar

Julia Roberts, Peter Jakson, Ethan Hawke, Kewin Klaýn, Meg Rýan, Goldie Hawn, Woopy Goldberg, Owen Wilson, Martin Balzam, Liza Bonet, Matthew McConaughey, Dewid Şwimmer,Herry Hamlin, Leonardo DiKaprio, Skarlet Ýohansson, Iwanka Trump, Keti Perri, Siara, Reýçel Makadams

Bu hepdäniň Täleýnamasyny okamak üçin

Hepdelik täleýnama (7-13 sentýabr)

Beýleki ýyldyzlary hem okap bilersiňiz!

Guzy :Müneçjimleriň aýtmagyna görä….Size gowulyk garaşýar

Sowur (Öküzçe 21.04 — 20.05)

Bilesigeliji Ekizekler (Jöwza) kimler?

Duýgur leňňeçler kimler

Maksadaokgunly Esetler kimler

Owadan Sünbüleler kimler

Şadyýan Tereziler kimler

Syýahatçylyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertleri tamamlanandan soňra haýsy ýurda syýahata gitsem diýýänler we syýahat etmegi söýýänleriň sahypasy

IŇ TÄZE HABARLAR

Hususy kärhana:bellige almak uçin gerekli resminamalar

Ýurdumyzda ýeke esaslandyryjyly kärhana-hususy kärhana açmak isleýänler üçin saýtymyza bu kärhanany bellige almak üçin gerekli resminamalaryň sanawyny ýerleşdirýäris. Bellenen nusgada arza (bellige almak üçin) ...

Güýz bilen söhbet…(Şahyrana oýlanma)

Gurbannazar Ezizow:                                                              Birden gök asmana dikildi gözüm.   Ah, ol görnüş! Gözüm nämeler görýär.                                                                    Gül düzüň üstünden düzümde-düzüm,                                                                    Göwnüňi göterip, durnalar barýar...   Durnalar barýar. Misli günlere...

“Täç hil”: Täze önümlerimiz bilen halkyň hyzmatynda bolarys

Paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleri sergisine gatnaşýan “Täç Hil” hususy kärhanasynyň hünärmeni Haknazar bilen söhbetdeş bolduk. Ol türkmen bazarynda özleriniň alyp barýan işleri...

Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi

Şu gün paýtagtymyz Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 29 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň üstünlikleriniň sergisi geçirilýär. 2 gün dowam edýän sergide...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Taryhda şu gün 16-njy sentýabr

Taryhda bolup geçen wakalar hemmeleri gyzyklandyrýar. Geliň, şolardan 16-njy sentýabrynda bolup geçen wakalaryň birnäçesi bilen tanyş bolalyň. Taryhy wakalar: 1880 – “Cornell Daily Sun” ilkinji sany...

“Liwerpul” Tiago bilen güýçlenýär

Germaniýanyň çempiony “Bawariýa” toparynyň düzüminde çykyş eden Tiago Alkantara mundan soňky futbol ýoluny Angliýanyň çempiony “Liwerpul” toparynyň düzüminde dowam eder. Bu babatda her iki...

Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi

Şu gün paýtagtymyz Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 29 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň üstünlikleriniň sergisi geçirilýär. 2 gün dowam edýän sergide...

“Toyota”-dan 800 million dollarlyk gazna

2020-nji ýylyň başynda geçirilen “CES” ýarmarkasyna gatnaşan ýapon awtoulag öndürijisi “Woven City” atly akylly şäher taslamasy barada ilkinji gezek çykyş etdi. Ýylyň başynda Ýaponiýanyň...