No menu items!
26/09/2020 4:18
No menu items!
Home IŇ TÄZE HABAR Öňdebaryjy Kowuslar kimler
Aýbölek Abdyrasulowa
«Watan» gazetiniň jemgyýetçilik we halkara gatnaşyklary bölüminiň redaktory. Aýbölek Abdyrasulowa Geldimyradowna 2014-nji ýylda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetini tamamlady.

Öňdebaryjy Kowuslar kimler

Umumy häsiýetnama

 Kowus (Keman 23.11—21.12) döredijilikli, erkli ýyldyzdyr.  Halaýan reňki mawy. Üstünlik getirýän daşy — topaz. Bu ýyldyzyň astynda doglanlar “liderler”. Elmydama öwrenmeklige ymtylýar, hereketli we ideýalara, täzeçilliklere baýdyr. Olar bütin ömrüne meşhur bolmaga tarap ymtylýarlar. Özgeleriň pikiri kowus üçin möhüm. Kemanlar durmuşynda köplenç üstünlik gazanýarlar. Olaryň gyzyklanmalary örän köp, şeýle-de tanyşlary hem ýeterlik. Kowuslar köplenç halatlarda biznes ýöredýärler, şol sanda ýany bilen hem mugallym ýa-da syýasatçy bolmagy hem başarýarlar. Onuň adamlar hakyndaky aladasy we filosofiýa ylmyna bolan söýgüsi, geljekde uniwersitetde mugallym ýa-da syýasatçy bolmagyna sebäp bolýar.

Utanjaň kowuslar az gabat gelýär. Olar köpçülikde bolmagy, gurmaçylyk etmegi halaýarlar.  Bu ýyldyzyň astynda doglanlar ökde türgen bolup bilerler. Sebäbi kowusyň fiziki ýagdaýy gowy, hem çydamly. Olar esasan hem at üstündäki sportlary halaýarlar. Kowuslaryň ähli zada bolan pozitiw gatnaşygy dost-ýarlarynyň köp bolmagyna sebäp bolýar. Ol adamlar üçin açyk. Maslahat bermegi, gürrüň etmegi halaýarlar. Köpçülik bilen işleşmegi, olaryň pikirlerini bilmegi gowy görýändikleri üçin, kemanlar deputat, syýasy partiýalaryň ýolbaşçylary hem bolup bilerler. Olar maksadaokgunly. Eger bu ýyldyzyň astynda doglan adamlara ynansaň, olar islendik maksadyna ýetip bilýärler.

Artykmaçlyklary we kemçilikleri

Durmuşa bolan pozitiw garaýşy we erki kowuslara durmuşda ýüze çykýan ähli kynçylyklardan aňsatlyk bilen çykmagy başardýar. Bu häsiýetleri bilen, ol durmuşda “dim-dik” durmagy başarýar. Olar täzeçilligi gowy görýärler we üýtgeşmelere durnukly hasaplanýar. Olar durmuşlarynda gabat gelýän şowsuzlyklara üns bermeýärler.  Olaryň durmuşy hat-da bir pursat hem bir ýerde duranok. Yzygiderli üstünlikler, şowsuzlyklar, şatlyk, gynanç….

Muňa garamazdan kowusyň hem kemçilikleri bar. Ýagny ol islendik işde meýilnamalaşdyrmagy başaranok. Olaryň şygary: Şu wagt we şu ýerde.  Pikirlenmän edýän hereketleri kowusa zyýan berip bilýär. Olar ilki aýdar, ýerine ýetirer we eýýäm soňunda pikir ederler.

Söýgüde

Kowus söýgülisiniň “ideal” bolmagyny isleýär. Ol öz ýaryny söýse, oňa dünýädäki ajaýyplyklaryň ählisini görkezmek islär. Olar gaty göregen, dawalarda ýa-da düşünşmezliklerde örän gödek hem bolup bilýärler. Bu ýyldyzyň astynda doglanlar sebäpsiz gaty görüp hem bilýärler. Kowus köp zatlary öz söýgülisi bilen etmegi halaýar, ýagny öz söýen ýary bilen gezelenç etmek, syýahat etmek, halaýan bir işi bilen meşgul bolmak ýaly gyzyklanmalar kowusyň “ýürek küýsegi”.  Olar tereziler bilen durmuş gursalar bütin ömrüne bagtly bolarlar. Balyklar bilen oňuşanoklar.

Saglygy

Kowuslar saglygyna örän üns bermelidirler. Olar kadaly iýip-içip, hereketde bolmasalar, gan goýulyk, damar dykylma ýaly ýagdaýlar bilen duş gelip bilýärler. Şeýle-de kowuslaryň arasynda oňurga agyrlylary hem az gabat gelenok.

Gyzyklanýan ýurtlary

Awstraliýa, Madagaskar, Portugaliýa, Saud Arabystan Patyşalygy, Fransiýa, ABŞ (Kaliforniýa), Birleşen Arap Emirlikleri, Wenesuela, Ispaniýa, Kamerun,

Şäherleri

Bagdad, Köln, Akapulko, Los-Anjeles, Woronej, Awinon, Ştutgard, Budapeşt, Sent-Luis, Neşwill, Çattanuga.

Meşhur kowuslar

Wensan Kassel, Azra Akin, Sertap Erener, Tina Turner, Aleksandr Maslyakow, Emir Kusturisa, Brýus Li, Anton Makarskiý, Jimmi Hendriks, Boris Grebenşikow, Bred Pitt, Aleksandr Blok, Mark Twen, Andreý Makarewiç, Frank Sinatra, Lýudwig wan Bethowen, Ýuruý Nikulin Iosif Stalin, Leonid Brejnew.

Bu hepdäniň Täleýnamasyny okamak üçin

Hepdelik täleýnama (14-20 sentýabr)

Beýleki ýyldyzlary hem okap bilersiňiz!

Guzy :Müneçjimleriň aýtmagyna görä….Size gowulyk garaşýar

Sowur (Öküzçe 21.04 — 20.05)

Bilesigeliji Ekizekler (Jöwza) kimler?

Duýgur leňňeçler kimler

Maksadaokgunly Esetler kimler

Owadan Sünbüleler kimler

Şadyýan Tereziler kimler

Ugurtapyjy akraplar (24.10 — 22.11) kimler

Ykdysadyýet sahypamyz

Ýurdumyzda we dünýäde bolup geçýän ykdysadyýete degişli täzeliklerden “habardar” bolmak isleýän bolsaňyz, bu sahypa Siziň üçin!

 

IŇ TÄZE HABARLAR

“Aýlyk zähmet haklaryny we pensiýalary yzygiderli köpelderis”

Türkmenistanyň Prezidenti Halk maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda Aýlyk zähmet haklaryny we pensiýalary yzygiderli köpelderis diýip belläp geçti. Türkmenistanyň Prezidenti eden çykyşynda biziň baş maksadymyz,...

«Zenan kalby» ordeni : Täze Perman

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen ýurdumyzyň sanawda berilen raýatlary Türkmenistanyň «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglanýar. Bu Permana Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmaga goşan şahsy goşantlary,...

Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» : Täze Perman

Türkmenistanyň  Prezidenti hemişelik Bitarap Türkmenistanyň beýik Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli Ýurdumyzyň  sanawy berilen raýatlaryna Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakmak barada  Permana...

Saglygy goraýyş işgärleri: Goşmaça hakyň möçberi näçe?

Hormatly Prezidentimiz Halk Maslahatynda eden çykyşynda dünýäde COVID-19 ýokanjynyň ýaýrap başlan ilkinji günlerinden başlap, ýurdumyzda adamlaryň immunitetini güýçlendirýän esasy lukmançylyk enjamlaryny yzygiderli mugt üpjün...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Halk maslahatynyň mejlisi : öz işini tamamlady

Türkmenistanyň iň ýokary umumymilli forumy bolan – Türkmenistanyň Halk maslahatynyň mejlisi geçirildi. Dünýäde häzirki epidemiologiki ýagdaýlaryň nazarda tutulmagy bilen Aşgabat şäherinde badalga berlen Türkmenistanyň...

192 trillion ýewro bilen dünýä rekordy

Bütindünýäde maliýe emlägi rekord goýup, geçen ýyla garanyňda 9,7 göterim ýokarlanyp, 192 trillion ýewro ýetdi. Germaniýada ýerleşýän “Allianz” ätiýaçlandyryş kompaniýasy, dünýädäki 57 ýurduň öý...

Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» : Täze Perman

Türkmenistanyň  Prezidenti hemişelik Bitarap Türkmenistanyň beýik Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli Ýurdumyzyň  sanawy berilen raýatlaryna Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakmak barada  Permana...

Saglygy goraýyş işgärleri: Goşmaça hakyň möçberi näçe?

Hormatly Prezidentimiz Halk Maslahatynda eden çykyşynda dünýäde COVID-19 ýokanjynyň ýaýrap başlan ilkinji günlerinden başlap, ýurdumyzda adamlaryň immunitetini güýçlendirýän esasy lukmançylyk enjamlaryny yzygiderli mugt üpjün...