Gülşirin Geldimyradowa: Ykbalyma baglanan owazlar – sungatymyň beýany

Sungat we durmuş söhbetdeşligi

Ykbal öwrümleri, süýji arzuwlar ynsanyň bagtyýar ýaşamagyna mümkinçilik berýär. Maksadaokgunly bolmak her bir adamyň aňynda terbiýelen ýagdaýynda onuň arzuwly menzilline ýetmesi tiz amala aşýar. Eşretli zamanada aýdymçy zenan, mährem eje adyna mynasyp bolup, bagtyýar ýaşaýan Gülşirin Geldimyradowa biziň saýtymyzda myhmançylykda. Türkmen medeniýet ulgamynyň wekili, aýdym-saz äleminiň saýrak bilbili aýdymçy zenan bilen söhbetdeş bolmak biz üçin has-da gyzykly boldy. Onuň aýdym-saz älemine gelşi, bu ýoldaky üstünlikleri ählimizi gyzyklandyrýar we buýsandyrýar.

Gülşirin, ilki bilen «Atavatan Türkmenistan» halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com    saýtynyň çakylygyny kabul edip, myhmanymyz bolanyňyz üçin köp sagbolsunlarymyzy aýdýarys. Söhbetdeşligimiziň başyny aýdym-saz dünýäsine basan ilkinji gadamlaryňyz dogrusynda başlaýsak.

Ilki bilen sungatymy sylap çagyranyňyz üçin «Atavatan Türkmenistan» halkara žurnalynyň atavatan-turkmenistan.com saýtynyň döredijilik toparyna köp sagbolsun aýdýaryn.

Aýdym-saz älemine ilkinji gelşim dogrusynda söhbete başlasam çagalyk ýyllaryma salgylanmaly bolýaryn. Ol wagtlar men bolsa, 4-5 ýaşlarymda ekenim. Maşgala agzalarymyň aýtmagyna görä, kakam hem sungat adamsy bolansoň, kiçiligimden elime dutar alyp, ony çalmaga synanyşar ekenim. Çagalygymdan dutaryň sesi meniň ruhumy götererdi. Onuň hiç ýerde, hiç bir milletde gaýtalanmaýan ýakymly owazy meni özüne maýyl ederdi, ol häzirlerem şeýle. Orta okuw mekdepde okaýan wagtlarym men obamyzdaky «Şükür bagşy» adyndaky çagalar sungat mekdebiniň dutar bölümini okadym. Dutarda saz çalyp, aýdym aýtmak höwesi bolsa meniň kalbymda gün-günden möwç aldy we netijede sungatyň bu görnüşi meniň durmuşyma içkin ornaşdy. Sungat ýoluna başlangyç bilimi şol ýerden başladym. Welaýatda geçirilýän bäsleşiklere yzygider gatnaşardym.

Ilkinji aýdymlaryňyz we çykyşlaryňyz.

Sungat älemine getiren höwesim we kakamyň goldawy meni bu jadyly dünýäň wekili etdi. «Şükür bagşy» adyndaky çagalar sungat mekdebinde okan wagtym birnäçe geçirilýän bäsleşiklere gatnaşardym. Çaga wagtymyz paýtagta çärä gitmeli diýilse dagy begenjimizden gözümize uky gelmezdi. Geçirilmeli çärä wagtyndan öň barmaga howlugardyk. Täze keteni köýneklerimizi, gupbalarymyzy geýip, taýýarlanyp oturardyk. 1993-nji ýylda Daşoguz welaýatynda çagalaryň arasynda medeniýet we sungat ugurlary boýunça geçirilen bäslekde 1-nji orny eýeledik. Biziň okaýan sungat mekdebimizde gyzlar topary bardy. Men ilkiler saz çalýan toparyň agzasydym.

Kämillik ýollary….

Ynsan haýsy käri saýlanda-da şol ugurdan kämil bolmak üçin ýörite bilim almaly, halypalary ýol-ýörelge edinmeli bolýar. Saýlan ugurlarynyň inçe syrlary, aýratynlyklary, taryhy barada degişli maglumatlar, tejribeler gerek bolýar. Meniň hem aýdym-saza bolan höwesim, kär saýlamakdaky ýolum paýtagtymyzda ýerleşýän häzirki Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasyna okuwa getirdi. 1995-nji ýylyň güýzünde ynsanyň ýatdan çykmajak ýaşlyk ýyllarynyň arzyly ady bolan «talyp» adyna mynasyp boldum. Ol ýerde maňa Türkmenistanyň halk artisti, professor Akmyrat Çaryýew, Türkmenistanyň halk bagşysy Nurýagdy Baýramow, Oraznepes Döwletnazarow, Ýolaman Nurymow, Şemşat Hojaýewa mundan başgada merhum halypamyz Türkmenistanyň halk artisti, gyjakçy Allaberdi Ataýew dagylar halypalyk etdi. Dutar çalmagyň inçe syrlaryny, çalýan her bir eseriňi, aýtýan her bir aýdymymy duýgy bilen ýerine ýetirmelidini, diňleýjä lezzet berer derejede edip ýerine ýetirmelidigini öwretdiler. Elbetde, sungat ýolunda halypalardan tälim almak şol ugurdan kämil şahsyýet bolmaga ýardam edýär. Häli-häzirlerem bu halyplaryň döredijilik ýoly biziň sungat dünýämiziň çyragy bolup hyzmat edýär.

Sungat ýolumda ilkinji halypam hökmünde kakamy aýdyp bilerin. Kakam Atageldi Geldimyradow maňa we sungatdaky her bir şägirtlerine hemişe: « Bagşy boljak bolsaňyz — Watana, halka hyzmat etjek bolsaňyz halkymyzyň milli mirasyndan habarly bolup, geçmişde we şu günümizde öz sungat ýollary bilen yz goýan halypalary tanap, olary diňläň, her halypaň aýdymlaryny ýatdan bilip, olara sylag-hormatyňyzy gaýgyrmaň» diýýär. Her gezekki çykyşlarymyz, dabaralara gatnaşmagymyz, yzygiderli halypalary diňlemegimiz öz sungat ugrumyzdan kämilleşmegimize mümkinçilik berýär.

Gaýbana halypalaryňyz.

 Bibi Welmyradowa, Sahy Jepbarow.

Sungat adamsyna mahsus häsiýetler.

Medeniýet sungat adamsyny bezeýän häsiýetler adamkärçilik, pespäl Bu häsiýetler aslynda her bir ynsana mahsus häsiýetleriň biri, ýöne sungat adamsy köpçülik bilen aragatnaşykda bolansoň, öz sungaty döredijiligi bilen halkymyza hyzmat eden soň olara has wajyp bolup durýar.

Döredijilikde kimler bilen işleşýärsiňiz?

Häzirki wagtda men Türkmenistanyň nebit-gaz toplumynyň medeni işewürlik merkeziniň halk-saz gurallar ansamblynyň bagşysy wezipesinde zähmet çekýärin. Ol ýerde-de men birnäçe halypalar bilen işleşýärin. Olardan Türkmenistanyň halk artisti, Türkmenistanyň nebit-gaz toplumynyň medeni işewürlik merkeziniň halk-saz gurallar ansamblynyň çeper ýolbaşçysy Baýrammyrat Söýünow, Türkmenistanyň halk artistleri Kyýas Durdyýew, Parahat Şyhymow, Türkmenistanyň at gazanan işgäri Gurbanmuhammet Şypaýew dagylar bilen bir ojakda zähmet çekmek meniň üçin has-da buýsandyryjy.

Ýekelikde aýdym aýtmak we toparlaýyn aýdym aýtmagyň aratapawudy.

Ýekelikde aýdym aýtmakda aýdymçy ýa-da bagşy özünde bar bolan zehinini, başarjaňlygyny, özboluşly ýoluny ulanyp bilýär. Aýratynja ses tehnikalary bar, aýdymda käbir ýerini owadanlap, heňine görä üýtgeşik owaz berip bilýär. Emma toparlaýyn aýdymlary ýerine ýetireniňde bu aýdylanlaryň käbirleri çäklendirilýär. Çünki topar bolup aýdym aýtmak adyndan belli bolşy ýaly bu ýerde topara görä, bir akym boýunça gitmeli.

2014-nji ýylda men Türkmenistanyň energetika ministrliginiň «Serpaý» aýdym-saz toparyna işe baranymda toparlaýyn aýdymlar bilen sahna çykdyk. Ol ýerde men ilkinji gezek estrada aýdymlary ýerine ýetirmäge başladym. Köpçülikleýin aýdym aýtmak gyzykly bolýar. Biri-biriňden gowy aýtjak bolup, zehin mümkinçiligiňi dolulygyna peýdalanmaly bolýar. Topar bolup aýdymyň şowly çykmagyny gazanmak üçin köp zähmet talap edilýär. Çünki her kimiň her hili sesi bar, ol sesleriň özara sazlaşmagy üçin köp türgenleşikler zerur bolýar.

Aýdymlaryňyzyň sözleri we sazlary.

Aýdýan aýdymlarymyň sözlerini belli bir şahyr bilen däl, birnäçeleri bilen iş alyp barýaryn. Şygyrýet dünýäsiniň mynasyp şygyrlar ynsanyň köňlüne barýan ýoly gysgaldýar. Göwün islegiň setirleriň astynda düşnükli dilde halk köpçüligine ýetirilýär. Heňe goşulan setirler bolsa has-da täsiri güýçli bolýar. Häzirli wagtda şahyrlardan Döwlet Gurbangeldiýew, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Döwletgeldi Annamyradow, Dürnabat Aşyrowa geljekde-de Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewanyň goşgularyna aýdym ýazmagy maksat edinýärin. Aslynda sungat adamsy mydama gözlegde, täzeçilligiň ugrunda bolýar. Oba baranymyzda-da täze goşgularyň, sazlaryň gözleginde bolýarys, ol ýerdäki halyplalar bilen duşuşyp maslahatlaşyp durýarys.

Aýdym ýürege barar ýaly esasy üns saza berilmelimi ýa-da söze?

Sungatyň islendik görnüşinde eseriň sungat derejesine barmagy üçin ähli gerekli zatlar ýerbe-ýer bolsa gowy. Aýdymda-da şolar ýaly, haçanda sazy, sözi ýerine düşse, esasanam ýerine ýetirýän ony duýgy, mähir, zähmet siňdirip ýerine ýetirse şonda ol aýdym ýüreklerde ýaşar. Aýdymçy aýdym döredende sazynada, esasanam sözlerine has ünsli bolmaly.

Haýsy ýurtlara döredijilik syýahatlaryny etdiňiz?

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda, Hytaý, Ukraina, Türkiýe, Täjigistan, Russiýa ýaly döwletlerde bolduk. Ol ýerde biz toparymyz bilen milli däp-dessurlarymyzy, milli medeniýetimizi öz çykyşlarymyzda görkezýäris. Öýe gaýdanymyzda-da ýadygärlik şol döwletiň degişli heýkeljiklerini alyp gaýdýaryn ýa-da bolmasa egin-eşiklerinden çagalaryma alyp gaýdýaryn.

Özüňize näme sowgat berseler gowy görýärsiňiz?

Ter çemenleri gowy görýärin. Esasanam liliýa gülden bogulan çemen. Otag güllerini hem gowy görýärin, olaryň ýapragy uly görnüşlerini has-da gowy görýärin.

Sahna eşikleriňiziň ähmiýeti.

Sahnada her bir medeniýet we sungat işgärleriniň zehinini açmakda, halk köpçüligine manyly ýetirmeginde ýerine ýetirýän eserlerine laýyklykda mynasyp görülen egin-eşikleriň ähmiýeti örän uly bolup durýar. Biz sungat işgärleri özümiziň döredijiligimiz, köpçülikde özümizi alyp barşymyz, sungatymyz bilen ýaşlara nusga bolmaly. Şonuň üçin her bir zady ünsden düşürmeli däl. Sahna eşikleri hökmünde men aýratynda milli biçüwdäki, milli keşdeli keteni matadan taýýarlanylan egin-eşikleri gowy görýärin we saýlawymda köplenç milli lybaslarymyza aýratyn ähmiýet berýärin. Sahnada geýýän eşiklerimi köplenç özüm tikýärin.

Sahna adamsy bolmak we maşgala zenany bolmak kynçylyk döredýärmi?

Çagalaryň ýaş wagty biraz kynçylyk döredip biler. Çünki maşgalada gowy ýanýoldaş, gowy eje boljak bolsaň maşgalaňa köpüräk wagt aýyrmaly bolýar. Durmuşda maşgala mukaddes hasaplanylýar. Şu mukaddesligiň ebedilik galmagy üçin her bir maşgala agzasy şol mukaddeslige mynasyp bolmaga çalyşmaly, esasanam eje bolsaň.

Hobbiňiz näme?

Men boş wagt tapsam aşhanada köp eglenýärin. Nahar bişirmegi gowy görýärin. Esasanam hamyr aşlaryny yzygiderli taýýarlaýaryn.

Zenan maşgalany bezeýän iki häsiýet.

Bagt diýip nämä düşünýärsiňiz?

Bagt — bu her kimiň durmuşynda bar zatlarynyň gadryny bilmek, eje diýen ada mynasyp bolmak diýip düşünýärin. Şeýle bir bagt bar durmuşda ýaşamak we eje we aýdymçy zenan bolup bagtyýar zamanada döwran sürmek, eşretli zamananyň hözirini görmek. Men bagtyň nämedigine eje bolanymda has göz ýetirdim. Ol bagt dünýädäki hiç bir baýlyk, hiç bir gymmatlyk bilen deňär ýaly däl. Durmuşda eje bolup, şu bagty öz ejeň bilen paýlaşmak bolsa örän uly bagt.

Maşgala bolup nirelerde dynç almagy halaýarsyňyz?

 Deňziň boýunda, açyk howada dynç almagy gowy görýärin.

Geljekki maksatlaryňyz.

Bagtyýar zamanamyza mynasyp sungat işgäri bolmak, täze aýdymlary işlemek, mähriban Arkadagymyzyň ynamyny ödäp, türkmen medeniýetiniň ösüşli menzillerine mynasyp goşant goşmak.

Gülşirin, «Atavatan Türkmenistan» halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýtynyň myhmany bolup, biziň bilen söhbetdeş bolanyňyz üçin köp sagbolsunlarymyzy aýdýarys. Mahmal owazyňyz mundanda beýläk belentden ýaňlanyp, Watanymyzy, milli mirasymyzy wasp edýän halk aýdymlary aýdyp, diňleýjileriňize ruhy lezzet bermekleriňizi arzuw edýäris.

 Sagboluň.

Şahsy maglumatlary:

 

Doglan wagty:   30.12.1977 ý.  

Doglan ýeri: Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň  Duşak obasy.

Ýyldyzy:  Jedi.

Okan orta mekdebi: 16-njy orta mekdep.

Häzirki Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatriýasyny tamamlan.

2010-njy ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijisi.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň nebit-gaz toplumynyň medeni işewürlik merkeziniň halk-saz gurallar ansamblynyň bagşysy.

Ilkinji ýerine ýetiren aýdymy: «Çüýjeler».

Gowy görýän aýdymy:«Geldiňmi?»

Täzelikde döremeli aýdymy: «Aşgabat».

 

Söhbetdeş bolan: Şaperi OTUZOWA,

žurnalist.

 “Google” we “Atavatan” saýty bäsleşýär: häzirlikçe “Google” öňde

 

Bägül Maşadowa: Sungat bagynyň “Bägüli”

Çagalar üçin sözlük indi “offline” hem işleýär

 

Jahan Tagyýewa: Medeniýet — kalbymyň sesi

 

Göwher Hajymyradowa: Aýdymly dünýäniň bilbili

 

Meýlis Halbaýew: Ata pendi ömre çyrag

ÝENE-DE OKAŇ

Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde dowam edýän tomusky Olimpiýa oýunlarynda medallar gazanylyp başlandy. 10 metr aralykda pnewmatik tüpeň atmak bäsleşiginde zenanlaryň arasynda hytaýly Ýan Sýan altyn medal gazanan bolsa, erkeklerde altyn medaly eýranly türgen Jawad Forugi gazandy. 41 ýaşy eýranly 244,8 utuk bilen birinji boldy. Ikinji orny 237,9 utuk bilen serbiýaly Damir Mikes, üçünji orny bolsa 217,6 utuk bilen hytaýly Pan...
UNFSS2021-ň öňsyrasyndaky maslahata hasaba alynmak üçin ýazylyşyk başlandy! Bary-ýogy birnäçe hepde galdy, sessiýalara tomaşa etmek, iýmit ulgamlarymyzy gowulandyrmagyň usullaryny öwrenmek we dünýäniň dürli künjeklerinden adamlar bilen söhbetdeşlik etmek üçin ýazylyň. Bu işler hemmeler üçin has gowy, has dumukly azyk ulgamlaryny döretmek ugrunda amala asyrylýan tagallalardyr. Maslahat 26 – 28-nji iýulda geçiriler. Oňa ýazylmak üçin: https://www.un.org/en/food-systems-summit/pre-summit https://www.atavatan-turkmenistan.com/koytendag-yunesko-nyn-butindunya-sanawyna-giriziler/      
«Türkmengaz» döwlet konserni Daşoguz welaýatynda poliwinilasetatyň önümçiligi boýunça gazhimiýa zawodyny gurmagy meýilleşdirýär. Bu kärhany «açary gowşurmak» şerti bilen taslamalaşdyrmak we gurmak boýunça bäsleşik Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň gazetiniň elektron saýtynda neşir edildi. Taslamany «Uglewodorod serişdeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, önümi paýlaşmak şerti bilen göni maýa goýumlarynyň esasynda durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar. Poliwinilasetatyň ulanylyşynyň esasy ugry poliwinilasetat ýeliminiň (PWA kleý), suw emulsion...
Russiýa Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyna gatnaşmaga gyzyklanma bildirýär. Bu barada Russiýa Federasiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow geçen hepde Özbegistanyň paýtagty Daşkentde geçirilen «Merkezi we Günorta Aziýa: sebitleýin özarabaglanyşyk. Howplar we mümkinçilikler» atly ýokary derejeli halkara maslahatda belledi. Bu barada "turkmengaz.gov.tm" internet neşirinde bellenilip geçildi. «Merkezi hem-de Günorta Aziýanyň energetika infrastrukturalarynyň utgaşmagynyň geljegi örän...
  Koreýleriň hemmesiniň ýarysyna diýen ýaly Li, Park ýa-da Kim diýilýär   Koreýaly täjirleriň XVII asyrda durnukly ösmek isleginiň galyndysy, iki at ony ýarym adada ulaltdy. Esasanam Kimiň aýratyn pozisiýasy bar: bäş koreýden biriniň bu familiýasy bar. Kimçi – durmuş (göçme manyda)                                     ...

Teswirler

Aýbölek Abdyrasulowa
Edepli Ile Ýarar
Babahan Berdiýew
“Öwgi” usuly
18,713BeğenenlerBeğen
19,500TakipçilerTakip Et
858TakipçilerTakip Et
417AbonelerAbone

Iň täze habarlar