Göwher Hajymyradowa: Aýdymly dünýäniň bilbili

Baýramçylyk söhbetdeşligi

Şeýle aýdymlar bolýar, olary diňledigiňçe ýürek duýgularyň heýjana gelip, aýdymçy bilen deňine hiňlenip, uzak wagtlap aýdymyň täsirinden çykyp bilmeýän pursatyň bolýar. Kalbyňy ganatlandyrýan şeýle aýdymlary halypa aýdymçy ýerine ýetirende ussatlygyň miwesi hasaplanýar. Ýöne heniz geçilmeli menziller garaşýan ýaş aýdymçynyň owazy bizi özüne kökerende onuň diňe berekellasyny ýetiräýmek galýar. Aýdymly dünýäniň bilbiline öwrülip, ýaz ýakymly owazy belentden ýaňlanýan ýaş zehinli aýdymçylaryň biri-de Türkmen döwlet medeniýet institutynyň medeni miras fakultetiniň höwesjeň aýdym-saz toparyny guramak we dolandyrmak hünäriniň 3-nji ýyl talyby Göwher Hajymyradowa. Göwheri 8-nji mart — Halkara zenanlar güni bilen gutlap, onuň bilen «Atavatan Türkmenistan» halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýty üçin söhbetdeş bolduk.

  — Göwher, söhbetdeş bolýan sungat ussatlarymyzyň aglabasy aýdym aýtmaga 3-4 ýaşlarynda başlandyklaryny aýdýarlar. Siziň hem sungat ýolundaky üstünlikleriňize ser salsak, aýdym-sazly dünýä şol ýaşlarda gadam basandygyňyz öz-özünden düşnükli. Eýsem, aýdyma çagalykdan başlamak zerurmy ýa-da islendik ýaşda-da aýdymçy bolup bolarmy?

— Özüm-ä, ýaňky aýdyşyňyz ýaly üç ýaşymdan bäri aýdym aýdýaryn. Ýöne sungat üçin kesgitli ýaş bardyr diýjek däl. Çagalykdan sungata girişmeseň-de, höwesiň, zehiniň, yhlasyň netijesinde soňra-da aýdymçy bolup bolar. Ýöne hökman tebigy zehiniň bolup zähmet çekmek esasy zat. Islendik käriň eýesi bolmak ýaşyňa däl-de oňa bolan söýgiňe bagly.

Sungaty saýlamagyňyzyň sebäbi?

Maşgalamyzyň aňyrsynda sungat adamy ýok. Ýöne ejem-kakamyň sungata söýgüsi uly. Kakamyň aýdym aýtmaga sesi gowy. Käwagt özaramyzda gitarada aýdym aýdyp berýär. Kakamyň aýdym-saza söýgüsini özümde görýärin.

 — Aýdymçy bolmadyk bolsaňyz?

— Ejem ýaly lukman bolardym.

 — Onda siziň çagalykdan bäri çykyşlaryňyzda köpümiziň ünsümizi çekýän dogumlylygyňyz, özüňize ynamlylygyňyz şondan bolmaly!

— Bu häsiýetler mende özümi bilelim bäri bar. Çagalar bagyna gatnaýarkam goşgy ýa-da aýdym aýdyp çykyş etmeli bolsa hökman saýlanardym. Öýde wagtymam goşgy aýdardym ýa aýdyma hiňlenerdim.

Bir gün çagalar bagymyza Aşgabat şäheriniň Çagalar we ýetginjekler köşgünden gelip, aýdym, goşgy aýtdyryp, çykyş etmäge sesimizi, ukybymyzy barlap gördüler. Işjeňligimi, sesimi gowy görüp meni saýladylar. Şol günden soňra çagalar bagyndan daşgary Çagalar we ýetginjekler köşgüne gatnap başladym. Bu ýerde aýdym-saz sungatyna içgin aralaşyp ugradym. Aýdym öwrenmekden daşgary çeper okaýyş gurnagyna hem gatnadym. Ogulsapar mugallym sahna medeniýetini, dilewarlyk sungatyny, köpçüligiň öňünde çykyş etmegi öwretdi. Çagalar bagynda öňem köpçüligiň öňünde çykyş edip ýöremsoň, Ogulsapar mugallymda okamak maňa kyn düşmedi. Ogulsapar mugallym meni okuwçylarynyň iň tendary hasaplaýardy.

Halypam meni “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” atly döredijilik bäsleşigine taýýarlady. 2004-nji ýylda bu bäsleşige gatnaşyp “Joş ýüregim” aýdymymy aýdyp, ýeňiji bolmak miýesser etdi. Birinji synpa baranymda: “Aýdymçy gyzjagaz biziň mekdebimize gelipdir” diýip garşylanlary,  1-nji sentýabryň dabarasyndaky çykyşym şu günki ýaly ýadymda. Mekdebi tamamlaýançam, baýramçylyklara, mekdepleriň arasynda geçirilýän bäsleşiklere gatnaşýardym. Aýdymlarymyň köpüsini aýdym-saz mugallymymyz Akgül Togtamyradowa ýazyp berýärdi. Aýdym-saz sungatynyň inçe tärlerini öwredýärdi. Mekdepden daşgary Çagalar we ýetginjekler köşgüne gatnamagymy dowam etdim. Dabaralarda, çagalaryň arasynda geçirilýän festiwallarda alypbaryjy bolýardym.

Alypbaryjylyk bilen aýdymçylygy bile ýöredenim üçin hemmeler maňa alypbaryjylykdan aýdyma geçendir öýdýärler. Aslynda, ilki aýdym aýtmakdan başladym. Gerek ýerinde alypbaryjy bolýardym, gerek ýerinde goşgy aýdýardym. Şol wagtlar aýdymçylar, esasan, “Ýaşlyk” teleýaýlymynyň üsti bilen tanalýardy.  Onda menem şekilli aýdymlarym bilen çykyş edýärdim. 5-nji synpdakam “Ýaşlyk” teleýaýlymynyň çagalar bölüminiň işgärleri gepleşik alyp barmaga çagyrdy. Maňa bu ýerde Maýa Italmazowa halypalyk etdi. Öň şekilli aýdymlarym bilen çykyş edýän “Älemgoşar” gepleşigiň indi alypbaryjysy boldum. Gepleşikde ýurdumyzyň çar künjeginden çagalardan gelip gowuşýan hatlar bilen tanyşdyryp, isleg bildirilýän aýdymlary diňleýjilere ýetirýärdim. Bir gün redaktorymyz: “Baýramçylyk sanymyzyň  has täsirli bolmagy üçin gepleşige jigiňem getir diýdi”. Şondan soňra gepleşigiň diňe baýramçylyk sanyny däl, soňrakylarynam jigim bilen alyp bardyk. Soňra “Watan guwanjy” gepleşiginiň alypbaryjysy boldum.

6-njy synpda 2-nji Çagalar sazçylyk mekdebiniň hor dirižýorlygy hünärine okuwa girdim. Bu ýerde halypa mugallymlardan aýdym-sazyň inçe tärlerini öwrendim.

Nädip ýetişýärdiňiz?      

Meýilnama boýunça sazlaýardym. Çagalykdan endik edinemsoň häzirem işlerimi meýilnama görä edýärin.

Daşary döwletlere döredijilik saparlaryňyz, olaryň täsirleri dogrusynda aýdaýsaňyz!

— Çagalar we ýetginjekler köşgüne gatnaýarkam, ilkinji gezek Hytaý döwletine gitdim. Bu ýerde hormatly Arkadagymyz bilen Şanhaý şäherinde geçirilen “Ekspo — 2010” sergisine gatnaşdyk. Iki döwletiň döwlet Baştutanlarynyň öňünde hytaý dilinde gürläp çykyş etdim. Soňra Polşa, Türkiýe, Serbiýa döwletlerinde çagalaryň arasynda geçirilen festiwallara gatnaşmak miýesser etdi.

2010-njy ýylda Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň medeni işewürlik merkeziniň “Ruhubelent” çagalar tans topary bilen Polşa döwletine gitdik. Bu ýerde aýdymlarym bilen çykyş etdim. Ol ýerde on gün dagy bolamyzsoň, “Ruhubelendiň” çagalary bilen dogan ýaly bolup öwrenişdim. Gelenimizden soňra olary göresim gelip, ejeme meňem tansa gatnasym gelýär diýdim. Şeýdip, okuwymdan daşgary tansa-da gatnap başladym. Jigim Rüstem hem tansa höwes edensoň, soňra onuň bilen bile gatnadyk. Alypbaryjy, tansçy bolsam-da aýdymy ýanymdan aýyrmadym.

Mekdebi tamamlamankam, “Galkynyş” folklor-tans toparyna aýdymçy bolup geçdim.

2018-nji ýylda Türkmen döwlet medeniýet institutynyň medeni miras fakultetiniň höwesjeň aýdym-saz toparyny guramak we dolandyrmak hünärine okuwa girdim. Häzirki wagtda hem okuwymdan daşgary “Galkynyş” toparynda işleýärin. Bu ýerde Türkmenistanyň at gazanan artisti Rüstem Baýramow halypalyk edip, halk aýdymlaryny ýerine ýetirmegiň inçe tärlerini öwredýär. Halk köpçüligi meni, esasan, estradada tanaýar. Muňa garamazdan, halk aýdymlaryny ýanymdan aýramok. Ähli ýollardan aýdyp görmäge synanyşýaryn. Toparymyz bilen Hindistan döwletinde geçirilen festiwala gatnaşmaga gitdik. Ol ýerde birnäçe halk aýdymlarymyz bilen çykyş etdik. Festiwala gatnaşanlar çykyşlarymyzy gyzgyn garşyladylar. Soňra Kazanda “Sabantuý” baýramçylygyna gatnaşdyk.

Daşary ýurtlaryň hersiniň sungaty özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Ýöne biziň sungatymyzyň, eşiklerimiziň milliliginiň taýyny başga ýerde görmedim. Daşary döwletlerde çykyşlarymyza, aýdymlarymyzy janly ýerine ýetirişimize ýokary baha berenlerinde sungatymyzyň dünýädäki abraýynyň belentdigine buýsanýarys.

Iň tolgundyryjy, bagtly pursatlara eýe bolan çykyşlaryňyzy okyjylarymyza ýetiräýseňiz!

— Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda baş arçanyň ýanynda garşylan Täze ýylymyz durmuşymyň iň bagtly pursatlarynyň biri boldy.

Gutlap täze ýylymyz,

Geldi howandar geldi…

diýip ýerine ýetiren çykyşymyz ýakymly täsiri bilen ýadymda galdy. Soňra Awazada geçirilen “Awaza — dostluk mekany” atly çagalar festiwalynda Gahryman Arkadagymyzyň akkordeon saz guralynda sazandarlyk etmeginde çykyş etmek miýesser etdi.

2017-nji ýylda paýtagtymyzda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ýapylyş dabarasynda aýdymçy Durdy Durdyýew bilen bilelikde ýerine ýetiren çykyşymyz, şonuň yzysüre 2018-nji ýylda “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň ýeňijisi, şol ýylam bagtyýar talyp bolmagym täze üstünliklere ruhlandyrdy.

Siziň alypbaryjy, tansçy däl-de, aýdymçy bolup gitmegiňize näme sebäp boldy?

— Alypbaryjylygam, tansam gowy görýärin, ýöne aýdym maňa has ýakyn. Galyberse-de, tans ýolbaşçymyz Leýli Babaýewa aýdymlaryma köp üns berip, toparyň aýdymçysy hökmünde gördi. Hem tans edýärdim, hem aýdym aýdýardym. Daşary döwletlere gidenimizde aýdymlarym bilen çykyş edýärdim.

Daşary ýurt aýdymlaryny ýerine ýetirmek maksadyňyz barmy?

— Daşary ýurt aýdymlaryny olaryň öz dillerinde aýdasym gelýär.

 — Sahnanyň sungat adamyna täsirine nähili garaýarsyňyz?

— Sahna — gudratly ýer. Nähili duýgudadygyňa garamazdan, kalbyňy heýjana getirip, joşduryp bilýän, ylhamyňa ylham goşýan ýer. Sahnanyň jadyly dünýä deňelmeginiň sebäbi-de şonda bolsa gerek. Bardy-geldi aýtmaly sözleriň ýadyňdan çykan pursatynda-da, sahna saňa kömege gelýär. Garaşman durkaň sözleriň özi diliňe gelýär-de, tomaşaçylaryň gyzgyn elçarpyşmalaryna eýe edýär.

Üstünlige ýetmek maşgalaňa baglymy ýa-da özüňe?

 — Ikisine-de. Maşgalanyň goldawy esasy zat. Özümden mysal alsam, şu günlere ejemiň yhlasy bilen ýetdim. Ejem çagalygymdan sungatyma aýratyn üns berdi. Käri lukman bolsa-da, aýdym-saza gowy düşünýär. Çykyşlaryma baha berýär.

Çagalygymdan maşgalamyz üstünliklerime guwandy. Bu meni täze maksatlara ruhlandyrdy. Häzirem meniň sungatdaky, durmuşdaky iň ýakyn hemram ejem. Haçan-da, iň ýakyn adamyň seni goldasa üstünlige ýetýäň. Ýöne bellibir derejede özüňe-de bagly. Üstünlige ýetmek üçin maksadyň anyk bolup, ädimleriňi dogumly ätmeli. Üstünlige eltýän ýollar biperwaýlygy halamaýar.

  — Ykbal taýyňyza duşduňyzmy?

 — Ýok heniz duşamok.

  — Onuň nähili bolmagyny isleýärsiňiz?

— Ýüregime görä duşmagyny dileýärin. Elbetde bir ömür bagtly etmegini, sungatyma, ýüregime düşünip, goldamagyny isleýärin. Haýsy kärde işlese-de tapawudy ýok, esasy maşgalasyna hormat goýmagy, ýüreginiň söýgüden, sylagdan doly bolmagy esasy zat.

  — Sungatdan daşgary ýene bir kär ýöretmek maksadyňyz barmy?

— Gelin-gyzlarymyzyň esasy isleg bildirýäni dürli görnüşdäki lybaslar bolany üçin, geljekde tikinçilik öýüniň işini ýöretmek isleýärin. Özümiňem iň köp barýan ýerim tikinçilik öýi. Adam ýürek bilen ýapyşsa, bir käri däl, birnäçe käri ýöredip biler.

Çykyşlaryňyza lybaslary nähili saýlaýarsyňyz?

— Men köýnekleriň biçüwleriniň dürli nusgalaryny taýýarlamagy gowy görýärin. Öz köýneklerimiň nusgalaryny tikinçime aýdýaryn, gaşlaryny özüm düzýärin. Köýnekleri saýlanymda millilige-de, döwrebaplygy-da deň derejede üns berýärin. Esasy zat köýneklerimiň nusgalaryny öz pikirim boýunça geýmek. Tikinçim köýneklerimi çagalygymdan tikensoň hem-de şol bir durkumy saklamsoň deňemezden hem tikýär. Ejem lybaslary saýlamakda ýakyn maslahatçym. Çykyşlarymyň lybaslaryny iň köp geýenimde üç sapar geýýärin. Soňra ýene geýmek islesem, arasyna wagt salýaryn.

Nähili gözellik serişdelerini ulanýarsyňyz?

— Diňe bir kärhänanyňkyny ulanmaga däl-de, esasy hiline üns berýärin. Atyr sepinmegi gowy görýärin. Gündelik “Zara” atyryny ulanýaryn.

 — Näme sowgat berseler halaýarsyňyz?

— Çagalygymdan bäri muşdaklarymyň biri teleýaýlymda aýdym aýtsam ýazgy edip, özüme berýär.  Onuň sungat işgärlerine hormaty uly. Sowgat bilen begendirmegi halaýar. Bir saparam sungatyňyza hormatym diýip kümüş gülýaka sowgat berdi. Sungat adamy üçin iň uly sowgat aýdymlarynyň söýlüp diňlenmegi. Galyberse-de, gül çemenlerini sowgat berseler gowy görýärin. Özüm daşary ýurda döredijilik saparlaryna gidenimde dükanlaryň ilki bilen sowgatlyk bölümine baryp, ýakynlaryma sowgat alýaryn.

— Sungatyň başga haýsy görnüşi sizi gyzyklandyrýar?   

Goşgy ýazmak. Şahyrlaryň goşgularyny okaýaryn, serime gelen setirleri ýandepderçäme ýazmagy endik edinipdirin. Söýgi hakynda ýazan goşgym bar. Ony ýazmagyma: “Söýgi diýip nämä düşünýäň?” diýip birine sowal berenimde alan jogabym sebäp boldy. Ol: “Süýji iýeňde doýup bolmaýşy duýgydyr söýgi” diýip jogap berdi. Bu jogap mende täsir galdyransoň ony goşga geçirdim:

Söýgi näme diýip senden soramda,

Diýdiň-ä sen: “Wah, saňa nädip aýtsam?!”

Süýji baly iýip doýup bilmäňde,

Dodakdaky galýan şol ajap tagam,

Ana, şol söýgi!

 

Sen demim gysanda uludan gelýän,

Erkin sorup alýan mylaýym howam,

Daş ýere gideňde ýanaýjak bolýan,

Demsiz galan ýaly men-ä birsalym.

 

Gitme meni taşlap sen uzaklara,

Sen gidäýseň men durmuşda neýläýin?!

Goýma meni dertde, aralyk ýolda,

Seň ornuňy men ýürekde gizläýin!

Ine, şu söýgi.

— Goşgy ýazanymda pikirlerimi agramly sözler bilen beýan etmäge çalyşýaryn. Özüme ýakyn sözleri gözleýärin.

Siz telefilmlerde hem keşp janlandyryp gelýärsiňiz. Aýdymçy üçin artist bolmagyň täsiri nähili?

 — Çagakam “Toýlar-toýa ulaşsyn!” atly telefilmde Türkmenistanyň at gazanan artisti Amangül Mämmetýazowanyň agtygy bolup keşp janlandyrdym. Bu telefilm teletomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylandy. Şeýle-de, Türkmen döwlet gurjak teatrynyň sahnasynda keşp janlandyryp gördüm. Artistlikde ukybymy synap görendigime, telefilmde keşp janlandyrmagy gowy görýändigime garamazdan, ýene-de aýdym maňa has ýakyn.

Şu ýyl 8-nji mart — Halkara Zenanlar gününe bagyşlap hem “Türkmen owazy” teleýaýlymy tarapyndan surata düşürilen telefilmde keşp janlandyrdym.  Men köplenç, şadyýan gyzyň keşbini janlandyrýaryn. Nesip bolsa, geljekde başarnygymy synap görmek üçin duýgulandyrýan gahrymanyň keşbini janlandyrasym gelýär.

 — Siz aýdymçy, şol bir wagtda-da diňleýji hökmünde kärdeşleriňiziň sungatyna garaýşyňyz nähili?

— Aýdymçylarymyzyň hemmesinem zehinli görýärin. Ählisiniň sungatyna hormatym uly. Olar maňa çagalygymdan bäri: “Göwherjik, Gökgi, Gökgiş, ” diýip ýüzlenip, edil jigileri ýaly görýärler.

 — Ejeňiziň durmuşda we döredijilik ýolunda berýän maslahatlary?

 

— Ejem ähli babatda ýakyn maslahatçym. Onuň: “Ilden beýik boljagam bolma, pes boljagam bolma, il deňinde ýöräber” diýýän sözleri meniň esasy ýörelgäm. Ejem özüň bolup ýaşamagy, birini gaýtalamazlygy ündeýär.

 — Nähili aýdymlary diňlemegi halaýarsyňyz?

— Ýerine düşen aýdymlary diňlemegi gowy görýärin.

— Şowly çykan aýdymlaryňyz?

— Her bir aýdymym täzeçe üstünlik getirýär. “Balajyk”, “Şol gün”, “Ýüregimde sen”, “Türkmenistanym!”, “Aşgabat” atly şekilli aýdymlarymy diňleýjiler has gyzgyn garşyladylar.

 — Özüňizde nähili häsiýetleri görýärsiňiz?

— Özümi gönümel, şadyýan, dogruçyl, alçak, süýji sözli hasaplaýaryn.

Duýgulanan wagtyňyz bolýarmy, ýa-da hemişe şadyýanmy?

— Aslynda men özüme-de, töweregimdäkilere-de ýylgyryş paýlamagy gowy görýärin. Ýöne käwagt ýürege ýakyn telefilme tomaşa edenimde duýgulanýaryn.

 — Işleşýän kompozitorlaryňyz, şahyrlaryňyz?

— Türkmenistanyň halk ýazyjysy Döwletgeldi Annamyradow, Söhbet Rozyýew, Şöhrat Mäşeripow, Kerim Hallyýew, kompozitorlar  Begenç Hojaýew, Atamyrat Bäşimow, Babamyrat Babaýew, Baky Dolyýew bilen işleşýärin.

 — Nähili dynç almagy halaýarsyňyz?

— Öýde maşgalamyň arasynda dynç almagy gowy görýärin. Şeýle-de, deňiz ýakasynda arassa howada gezelenç etmegi iň gowy dynç hasaplaýaryn.

Maşgalaňyz hakynda gürrüň beräýseňiz

— Biz maşgalada üç dogan. Men öýde ýeke gyz. Özümem ortanjy. Agam Arslan, jigim Rüstem. Gelnejem Sähra Daňatar Öwezow adyndaky ýörite sazçylyk mekdebinde okaýar, onuň hem sungata söýgüsi uly. Özem çagalyk joram hem goňşymyz. Ikimizem bir mekdepde okadyk. Indi maşgalamyz hasam ulaldy. Öýümiziň göz-guwanjy Melek biziň şatlygymyza şatlyk goşýar.

Nähili tagamlary taýýarlamagy halaýarsyňyz?

— Tagamlardan palaw, manty, towuk buglamasyny taýýarlamagy gowy görýärin. Şeýle-de, baýramçylyklarda dürli görnüşdäki süýjülikler bilen saçagy bezemegi halaýaryn.

 — “Eje” diýeniňizde seriňize gelýän ilkinji jümle.

— Ejeme hemişe: “Ömrümiň manysy nur ýüzli käbäm!” diýesim gelýär.

Diňleýjilere nähili aýdymyňyz garaşýar?

— Söhbet Rozyýewiň sözlerine, Atamyrat Bäşimowyň sazyna söýgi aýdymyny taýýarladym.

— Geljekki maksatlaryňyzy, baýramçylyk arzuwlaryňyzy paýlaşaýsaňyz!

— Nesip bolsa, okuwymy tamamlap milli medeniýetimiziň, aýdym-saz sungatymyzyň mundan beýläk-de ösüşlerine mynasyp goşandymyzy goşmagy, milli hem döwrebap äheňdäki täze aýdymlary diňleýjilere ýetirmegi maksat edinýärin.

Mähriban käbelerimizi, bahar bägülleri ýaly görkana gelin-gyzlarymyzy 8-nji mart —Halkara zenanlar güni bilen tüýs ýüregimden gutlaýaryn! Ejelerimiziň, enelerimiziň güler ýüzleri solmasyn, ömürleri uzak bolsun!

— Aýdymly dünýämize ylham bagyşlaýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun, alyp barýan il-ýurt bähbitli, döwletli işleri rowaç alsyn!

Göwher, saýtymyzyň söhbetdeşlik teklibini kabul edip gelendigiňiz üçin köp sagboluň! Biz size döredijilik toparymyzyň adyndan geljekde-de, sungat äleminde ajaýyp üstünlikleriň ýar bolmagyny, owazyňyzyň belentden ýaňlanmagyny, hemişe güler ýüzüňiziň bagtyýar ýylgyryşa beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris! Baýramyňyz gutly bolsun!

 — Sagboluň!

Doglan wagty, ýeri: 1998-nji ýylyň 4-nji awgusty, Aşgabat ş.

Tamamlan orta mekdebi: Aşgabat şäherindäki 38-nji orta mekdep.

Ilkinji ýerine ýetiren aýdymy: “Joş ýüregim”.

Ilkinji şekilli aýdymy: “Gülüp-oýnaň çagalar!”.

Iň täze şekilli aýdymy: “Şol gün”.

 

Söhbetdeş bolan Aýjemal GAÝLYÝEWA,

Magtymguly adyndaky TDU-nyň 5-nji ýyl talyby.

Atavatan Applikasiýasy täzelendi: Intellektual sahypamyz goşuldy

Meýlis Halbaýew: Ata pendi ömre çyrag

 

Meýlis Hydyrow: Maksadym ussat skripkaçy bolmak

 

Mämmetsapar Toýlyýew: Ussatlary gören halypa

 

Suhan Orazberdiýew: — “Bagşy bolma, ýagşy bol!”

 

 

Begler Nurberdiýew: Diňe öňe Ynam bilen

 

 

 

 

ÝENE-DE OKAŇ

Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde dowam edýän tomusky Olimpiýa oýunlarynda medallar gazanylyp başlandy. 10 metr aralykda pnewmatik tüpeň atmak bäsleşiginde zenanlaryň arasynda hytaýly Ýan Sýan altyn medal gazanan bolsa, erkeklerde altyn medaly eýranly türgen Jawad Forugi gazandy. 41 ýaşy eýranly 244,8 utuk bilen birinji boldy. Ikinji orny 237,9 utuk bilen serbiýaly Damir Mikes, üçünji orny bolsa 217,6 utuk bilen hytaýly Pan...
UNFSS2021-ň öňsyrasyndaky maslahata hasaba alynmak üçin ýazylyşyk başlandy! Bary-ýogy birnäçe hepde galdy, sessiýalara tomaşa etmek, iýmit ulgamlarymyzy gowulandyrmagyň usullaryny öwrenmek we dünýäniň dürli künjeklerinden adamlar bilen söhbetdeşlik etmek üçin ýazylyň. Bu işler hemmeler üçin has gowy, has dumukly azyk ulgamlaryny döretmek ugrunda amala asyrylýan tagallalardyr. Maslahat 26 – 28-nji iýulda geçiriler. Oňa ýazylmak üçin: https://www.un.org/en/food-systems-summit/pre-summit https://www.atavatan-turkmenistan.com/koytendag-yunesko-nyn-butindunya-sanawyna-giriziler/      
«Türkmengaz» döwlet konserni Daşoguz welaýatynda poliwinilasetatyň önümçiligi boýunça gazhimiýa zawodyny gurmagy meýilleşdirýär. Bu kärhany «açary gowşurmak» şerti bilen taslamalaşdyrmak we gurmak boýunça bäsleşik Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň gazetiniň elektron saýtynda neşir edildi. Taslamany «Uglewodorod serişdeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, önümi paýlaşmak şerti bilen göni maýa goýumlarynyň esasynda durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar. Poliwinilasetatyň ulanylyşynyň esasy ugry poliwinilasetat ýeliminiň (PWA kleý), suw emulsion...
Russiýa Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyna gatnaşmaga gyzyklanma bildirýär. Bu barada Russiýa Federasiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow geçen hepde Özbegistanyň paýtagty Daşkentde geçirilen «Merkezi we Günorta Aziýa: sebitleýin özarabaglanyşyk. Howplar we mümkinçilikler» atly ýokary derejeli halkara maslahatda belledi. Bu barada "turkmengaz.gov.tm" internet neşirinde bellenilip geçildi. «Merkezi hem-de Günorta Aziýanyň energetika infrastrukturalarynyň utgaşmagynyň geljegi örän...
  Koreýleriň hemmesiniň ýarysyna diýen ýaly Li, Park ýa-da Kim diýilýär   Koreýaly täjirleriň XVII asyrda durnukly ösmek isleginiň galyndysy, iki at ony ýarym adada ulaltdy. Esasanam Kimiň aýratyn pozisiýasy bar: bäş koreýden biriniň bu familiýasy bar. Kimçi – durmuş (göçme manyda)                                     ...

Teswirler

Aýbölek Abdyrasulowa
Edepli Ile Ýarar
Babahan Berdiýew
“Öwgi” usuly
18,713BeğenenlerBeğen
19,500TakipçilerTakip Et
858TakipçilerTakip Et
417AbonelerAbone

Iň täze habarlar