Meýlis Halbaýew: Ata pendi ömre çyrag

Ykbal ýoly haçanda lezzetli ýaşalanda onuň ömri dowamat bolýar. Halkymyzyň asylly däbi bar maşgalada ata-enä hormat goýmak, her başlan işiňi olaryň maslahaty we ýol görkezmesi esasynda alyp gitmek. Bu bolsa şol işiň şowly bolmagyna getirýär. Haýsy işiň başyna bar, islendik käri saýla tapawudy ýok maslahatly işleriň netijesi elmydama her kim üçin peýdaly we üstünlikli bolýar. Çagalygyndan bu häsiýetleri özünde jemlän ynsan tutanýerli, maksadaokgunly we adamkärçilik tarapyndan belent häsiýetli bolýar.

Bu gün saýtymyzda goýny 360 Pirli toprakdan gelen sungat işgärimiz, ýürege ýakymly aýdymlary bilen halk köpçüliginiň söýgüsini gazanan Meýlis Halbaýew bizde myhmançylykda. Myhmançylygyň dowamynda edilen söhbetleri bolsa «Atavatan Türkmenistan» halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýtynyň okyjylary bilen paýlaşmagy makul bildik.

Ilki bilen Meýlis, biziň saýtymyzyň çakylygyny kabul edip geleniňiz üçin döredijilik toparymyzyň adyndan köp sagbolsun aýdýarys.

Ynsanyň ýaşama sebäpleriniň mukaddes ýollarynyň biri-de özüne mynasyp kär saýlamak. Söhbetimizi aýdymçy bolmak höwesiniň durmuşyňyzda peýda bolan wagtlaryndan başlaýsak.

Men aýdym-saz äleminiň gapysyndan heniz 4-5 ýaşly çaga wagtym girdim. Maşgalamyzda agalarymyň aýdym-saz dünýäsinden habarly bolanlygy sebäpli kiçilikden olaryň ýanynda bolup, aýdym aýdardym. Aýdym aýtmagyň syrlaryny hem agalarymdan öwrendim. Esasan hem agam Serdar Halbaýew sungat ýolunda maňa halypalyk etdi. Ol häzirki wagtda Könürgenç etrabyndaky çagalar sungat mekdebinde mugallym bolup zähmet çekýär. Olaryň dutar çalyp, aýdýan aýdymlary meniň kiçiligimden aňyma siňdi we şol döwürde öwrenen aýdym aýtmakdaky tilsimlerimi häzirki wagtda hem döredijiligimde ulanýaryn.

Ilkinji öwrenen we aýdan aýdymyňyz.

Ilkinji öwrenen aýdymym çagalar bagynda ýerine ýetirdim. «Ner gezgin» aýdymy. Bu aýdymy öwrenmegimiň sebäbi şol wagtlar agam Daşoguz welaýatyndaky M.Garlyýew adyndaky sungat mekdebinde okaýardy. «Ner gezgin» aýdymyny bolsa köp aýdardylar, men hem bolsa olaryň ýanynda köp gezensoň şol aýdymy tiz öwrendim.

Aýdymçy bolmak adamyň ýaşyna baglymy?

Sungat diýilen zat gaty inçe zat. Sungatyň islendik görnüşini alanymyzda-da ony zehin bilen yhlasyň, zähmetiň netijesinde ýüze çykaryp bolýar. Adamyň ýatkeşligi we eşidişi güýçli bolsa aýdymçy bolmaga mümkinçiligi bolup bilýär. Aslynda adamyň 33-35 ýaşyna çenli ses üýtgäp bilýär. Tebigy zehin ynsana berileni bilen ony ýüze çykarmak her kime miýesser etmeýär. Käri ele almak üçin ýaş kesgitlenilmeýär. Aýdymçylyk ugruny adamlaryň aglabasy özleriniň hobbisi görnüşinde-de ulanýarlar. Dynç almak, içki pikirlerini, buýsançlaryny aýdymlaryň üsti bilen beýan etmek we ş.m. Meniň pikirimçe eşidiş agzasy güýçli we azajygam bolsa zehini bar adam islendik ýaşda aýdymçy bolmak mümkinçiligi bar.

Döredijilikde kimler bilen işleşýärsiňiz?

Döredijilikde ilkinji halypam Baýramdurdy Garrybaýew aýdym-sazyň Daşoguz ýolundan tälim berdi, Ahal ýoluny bolsa Hydyr Hanowdan öwrendim. Häzirki wagtda  aýdymlarymyň sazlaryny Mämmetnazar Muhammetnazarow, Döwran Orazow, sözlerini bolsa Rahmanberdi Gökleňow, Arslan Gökleňow dagylar bilen işleşýärin.

Aýdymçylyk käriňizden başga näme bilen meşgullanýarsyňyz?

Ýurdumyzda hemmämize mälim islendik käriň eýesi bolmaga mümkinçilikler döredilen. Özüm oba oglany bolamsoň mellek ýerimiz bardy. Alyn deriň bilen ekin ekip onuň miwesini iýmek iň datly tagam hasaplanylýar. Şeýle datly tagamlary yzygider dadyp durmagy we maşgala agzalarymyzyň hem arassa miwelerden peýdalanmagyny nazara alyp, kakamyň maslahaty bilen öz öýümiň ýanyndaky ýerden kiçeňiräk bag döretdim. 2018-nji ýylda döreden bag ýerime ilki-ilkiler alma, erik, üzüm, nar ýaly miweleriň görnüşlerini ekdim, şu wagtlar şolar miwe berip başlady.

Bag ýetişdirmegiň Size nämesi täsir galdyrdy?

Ýazyň howasynda bagyň içinde aýlanmak, arassa howasyndan dem almak, şirinden-şeker datly miwelerinden gögerip duran ýerinden ýolup almagyň lezzeti bir başga. Bahar aýlary gülläp oturan miweli agaçlary synlanyňda, güýzüne çagalar bilen miwesini ýygnap, gyşa taýýar edip goýmagymyz, gyşda bolsa öz ekinmizden taýýarlanan mürepbeleri iýenimizde onuň tagamy başgaça bolýar.

Haýsy ýurtlara syýahat etmegi halaýarsyňyz?

Aslynda öz ata mekanyňdan gözel, ajaýyp ýer ýok. Ýöne gezelenje gitmekde Angliýa we Turkiýäni saýlardym. Çünki ol ýerleriň gadymylygy, taryhy ýerlere baýlygy özüne çekýär we şol sebäpli-de maşgalamyz bolup şol ýerlere gitmegi gowy görýäris.

Nirelerde dynç almagy isleýärsiňiz?

Maşgalam, çagalarym ýanymda bolsa ýeriň parhy ýok. Hatyja atly gyzym, Musa, Isa, Muhammetaly atly ogullarym bar. Bular bilen geçiren her bir günüm meniň üçin dünýäniň iň hezil pursady.  Käwagty çagalarym bilen üýşüp, çaý içýäris, telewizora tomaşa edýäris, gürrüňdeş bolýarys, çagalaryň mekdep durmuşlary bilen içkin gyzyklanyp sowal-jogap alyşýarys wagtymyzyň nädip geçeninem bilmän galýarys. Ynsanyň haçanda geçen wagtyny hasaplamaga ýetişmedik halaty, şol wagtyň netijeli we lezzetli işe sarp edilendigini aňladýar. Dynç almak megerem ýakyn ynsanlaryň bilen töweregiňde bolup, lezzetli ýaşaýyşy bina etmegiň bolsa gerek.

Okap bilersiňiz  Merdan Handurdyýew: Teatr jadyly dünýä

Durmuşda iň ýakyn ynsanlaryňyz.

Durmuşda men ähli zat babatynda kakam bilen maslahatlaşýaryn. Kakamyň öwüt-ündewleri esasynda bagtly durmuşyň eýesi, agzybir maşgalanyň maşgalabaşysy, arzuwly kärimiň eýesi boldum.

Milli lybaslaryna garaýşyňyz?

Aslynda türkmen ýigidi, türkmen zenany milli edim-gylymy, däp-dessury, arassa dili, milli lybaslary bilen özboluşly bir dünýäni döredýär. Şu ýerde bir zady belläsim gelýär, dünýä ýüzi boýunça Türkmenistan milliligini saklap galan ýurt hökmünde tanalýar. Iki örüm saçly tahýaly türkmen gyzlaryny, ýaglykly gelinlerimizi, tahýaly ýigitlerimizi göreniňde, ak gyňaçly enelerimizi, ak sakally atalarymyzy göreniňde göwnüň galkynýar. Her bir milletiň özboluşly aýratyn tarapy onuň milliligidir. Her millet şonuň bilen gözel, şonuň bilen beýik we mizemezdir.

Haýsy reňki halaýarsyňyz?

Ýaşyl.

Siziň üçin durmuşda iň wajyp zat.

Durmuşda meniň üçin iň wajyp zat, gaýtalanmaýan ömrümi manyly we abraýly ýaşamak. Maşgalamyň agzybirligi, jan saglygy. Elimizden geldiginden töwreregime ýardam etmek, birleriniň ýa-da birnäçeleriniň begençli günlerine sebäp bolmak.

Maşgala mukaddesligi.

Maşgala — bu adamzadyň iň uly baýlygy, lezzetli öýi, özbaşdak gözel dünýäsi. Bu dünýä ynsana hiç bir zadyň berip bilmejek sowgadyny peşgeş edýär. Bu ýerde ynsan özüni goragly we arkaly duýýar. Mukaddes öý bolan maşgala her kimiň köňül arzuwyndaky mekany, gadyrly ynsanlarynyň jemlenen ýeri. Ol ýerdäki ynsanlar Seniň ömrüňe we durmuş ýoluňa baky baglanan ynsanlar bolýar.

Kaka bolmak nähilli duýgy?

Bu duýgy gaty süýji we ajaýyp duýgy. Bu duýgyny wasp edere söz ejiz gelýär. Ata-babalarymyz aýtmyşlaýyn «Bal süýji, baldan bala» diýleni. Ilkinji gezek perzendiňi eliňe alanyňda, onuň naşyja gözlerine bakanyňda, kaka diýen ada eýe bolanyňy bildirýän sözler bilen ýüzleneninde dünýäň täzelenen ýaly bolýar. Gapydan giren badyňa «KAKA»  diýip öňüňden çykan pursady ähli ýadawlygyň ýat bolýar. Umuman perzentli bolmak, kaka adyna eýe bolmak dünýädäki iň uly bagt we iň beýik duýgy.

Sizi buýsandyrýan zat näme?

Meni ilki bilen ýurdumyzyň asudalygy, parahatlygy buýsandyrýar. Janymyzyň sag bolup jemgyýetde mynasyp ornumyzy tapyp, aýdymly setirleriň üsti bilen ýürek buýsanjymy beýan etmek mümkinçiligine eýe bolmagym. Her bir işde medetkärim kakamyň bolmagy, agzybir maşgalamyň maşgalabaşysy bolmagym.

Geljekdäki maksatlaryňyz.

Häzirki wagtda «Ýurdum» atly täze aýdymy işlemegi we tiz wagtda teleýaýlymda şekile geçirip halk köpçüligine ýetirmegi maksat edinýärin.

Täze kärendesine bag ýer alyp bag görnüşlerimi köpeltmek isleýärin we bu islegimi amala aşyrmagy maksat edinýärin.

Saýtymyzyň üsti bilen salam ýollajak we minnetdarlyk bildirjek ynsanlaryňyz barmy?

Ilki bilen türkmen topragynda asudalygy baýdak edinip, parahatlyk ýoly bilen halkymyzy eşretli zamanada ýaşadýan mähriban Arkadagymyza köp sagbolsunlarymyzy aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

Kakama we maşgalama, döredijilikde bile işleşýän ýoldaşlaryma minnetdarlygymy bildirýärin. Türkmende bir söz bar: ― Arkalaşan dag aşar ―  bu jümle her bir işde seniň töweregiňde ýakyn ynsanlaryň goldawynyň zerurlygy we işini dowamly alyp gitmeginde uly ähmiýete eýedigini habar berýär.

Meýlis, saýtymyza gelip beren gyzykly we täsirli gürrüňleriňiz üçin köp sagbolsunlarymyzy aýdýarys. Janyňyz sag, abraýyňyz belent, sungat ýolunda üstünlikleriň ýar bolmagyny arzuw edýäris.

Sagboluň!

Şahsy maglumatlary:

Doglan senesi: 18.09.1988ý.

Doglan ýeri: Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç şäherinde.

Köneürgenç şäherindäki 1-nji orta mekdebi tamamlan.

Ilkinji halypasy: Baýramdurdy Garrybaýew.

Hobbisi: Saz gurallarynda janly aýdym aýtmak.

Halaýan sport görnüşi: suwda ýüzmek.

Daşary ýurtlardan Özbekistanda, Turkiýede bolan.

Maşgalaly, 4 perzendi bar.

Işleýän ýeri: Nebit-gaz toplumy, medeni işewürlik merkeziniň aýdymçysy.  

 

Söhbetdeş bolan: Şaperi Otuzowa.

Atavatan Applikasiýasy täzelendi: Intellektual sahypamyz goşuldy

Ähli Söhbetdeşliklerimiz:

Meýlis Hydyrow: Maksadym ussat skripkaçy bolmak

 

Mämmetsapar Toýlyýew: Ussatlary gören halypa

 

Suhan Orazberdiýew: — “Bagşy bolma, ýagşy bol!”

 

Begler Nurberdiýew: Diňe öňe Ynam bilen

 

Tirkeş Mätnazarow: Maksadym şowsuzlyklardan ýokarda

 

Guwanç Meläýew: Kesbimden kemal tapanym

 

Akmuhammet Hanow: Bagtyma şaýat bolan Sungat

 

Täşli Tülegenow: “Ömrüm aýdyma berlen”

 

Leýli Ökdirowa :Ýyldyza öwrülen zehin

 

Azat Dönmezow: Ýyldyzyň ýürek owazy

Han Pälwanow: Aýdymym göwün şadym

 

Merdan Handurdyýew: Teatr jadyly dünýä

 

Ogulgerek Durdyýewa: Tutanýerliklikde Ýeten Maksadym…

 

Bahar Annaýewa: Aýdym-saz durmuşymyň bir bölegi

 

Gülälek Gulmyradowa: Käbäm bilen bile ýörän ýollarym!

 

 

Halk aýdymlary bilen adygan bagşy: Läle Begnazarowa

 

Meşhur sungat işgärleri Ata Watan Türkmenistanda myhmançylykda