Begler Nurberdiýew: Diňe öňe Ynam bilen

Kalpdan çykan setirler zybana aýdym bolup geçende onuň lezzeti has-da üýtgeşik. Ony aýdýan ynsanyň päk göwnünden çykýan buýsanç daş-töwereginede ýetýär we diňleýjileriniň gulagyna ýakymly owaz bolup eşdilýär. Ýakymly pursatlary döretmek we ony halk bilen paýlaşmak bolsa medeniýet we sungat işgärlerine mahsus. Şeýle ajaýyp sözleri aýtmaga sebäp bolan, döredijilik ýoly bilen özüniň ýaşlygyna garamazdan türkmen aýdym-saz, kino sungatynda mynasyp orun alan aýdymçy, talyp ýigidimiz Begler Nurberdiýewdir. Begler öz döredijilik ýoly bilen halk arasynda mynasyp sylagdan peýdalanyp, onuň owazy aýdym-saz äleminiň waspyny ýetirýän sungat işgärleriniň «öýüne» öwrülen  «Türkmen owazy» teleýaýlymynda yzygiderli ýaňlanýar. Biz hem «Atavatan Türkmenistan» halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com    saýtynyň döredijilik topary bilen ýaş aýdymçy, talyp ýigidimize bizi gyzyklandyrýan sowallar arkaly ýüzlenmekligi maksat edinip ol bilen söhbetdeş bolduk we muny ähli okyjylarymyz bilen paýlaşmagy makul bildik.

Begler ilki bilen saýtymyzyň döredijilik toparynyň haýyşyny kabul edip, durmuş we döredijilik ýoluňyzy biz bilen paýlaşanyňyza köp sagbolsunlarymyzy aýdýarys.

Ilki bilen söhbetdeşligimizi sungat ýoluňyzdaky geçmiş sahypalaryňyzdan başlaýsak.

Sungat älemi jadyly dünýä. Bu dünýäniň jadysyny men çagalygymdan duýup gelýärin. Çaga wagtymyz ählimiz bir käre höwesli bolýarys, meniň hem arzuwly kärim aýdymçy bolmakdy. 2005-nji ýylda Gökdepe etrabyndaky 1-nji orta mekdebe gadam basanymdan soňra sungat ugrunda kämilleşmek maksady bilen, ol ýerdäki M.Täçmyradow adyndaky çagalar sungat mekdebiniň dutar bagşy hünärinde okadym. Şol wagtlardan bäri bolsa, aýdym-saz äleminiň wekili hökmünde sungatyň içinde ýaşap gelýärin. Çagalygymda Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Merjen däneleri», Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň «Merdana nesil» bäsleşiklerine gatnaşdym we üstünlikli çykyş etdim.

Ilkinji aýdymlaryňyz.

Ilkinji ädim her bir ynsan üçin iň gadyrly ýatlamalaryň hatarynda aňyňda galýar. Ähli basganjakly ýollar ilkinji ädimden başlaýar. Aýdym-saz älemine gelişim, häzirki ýaly ýadymda 5 ýaşymdadym Gökdepe etrabynyň merkezinde Gurban baýramçylygy mynasybetli uly hiňňildik gurulypdy. Ol ýerde etrap häkimligi tarapyndan baýramçylyk mynasybetli konsert geçirilipdi ol konsertde men ilkinji gezek aýdym aýtdym. Şondan bäri aýdym-saz meniň ýanhemrama öwrüldi

Halypalaryňyz dogrusynda söhbet etsek.

Ýurdumyzyň taryhyna we şu gününe nazar aýlasak öz ugurlary boýunça ökde halypalarymyz bize nusgalykdyr. Olaryň döreden eserleri bize ýol ýörelge bolýar.

Men esasan aýdym-saz ugrum estrada ýoly bolansoň daşary ýurt aýdym-saz äleminiň wekillerine salgylanýaryn. Onsoňam aýdym-saz ähli dilde-de düşünikli. Daşary ýurt aýdymlary dil baýlygymy ösdürmegimede ýardam edýär.

Daşary ýurt aýdymçylaryndan Egor Kreed, Justin Bieber, Billie Eilish, Ed Sheeraen, Michael Buble dagylaryň aýdymlaryny diňleýärin we gaýbana halypalarym hasap edýärin.

Döredijilik ýolunda kimler bilen işleşýärsiňiz?

Döredijilikde esasan aýdymlarymyň heňini we sözlerini özüm ýazýaryn. Ilki heňini tapyp şoňa görä-de sözlerini düzýärin. Mundan başga-da Serdar Baýmuhammedow, Merdan Ataýew, Kerim Hallyýew dagylar bilen ýakyndan işleşýärin we olaryň ýardamlary esasynda birnäçe aýdymlary ýazga geçirip halkymyza hödürledim.

Üstünlik we şowlylyk düşünjelerine garaýşyňyz.

 

Meniň pikirimçe şowly bolmak üçin ilki özüňe ynamly bolmaly. Her bir zatda şol işi başarmak baradaky pikiriňe ilki özüň ynanmaly. Şowlulyk düşünjesini bolsa aňyňda mydama ýaşatmaly.

Üstünlik ― bu seniň eden işiňe görä ýeten sepgidiň, netijäň. Ýadawsyz zähmetleriň netijesinde ýeten derejäň. Üstünlik gazanmak şowly bolmagyň dowamydyr.

Özüňe ynamly tutanýerli zähmet çekseň islendik üstünlige ýetmek mümkinçiligi bardyr.

Bagt näme?

Aslynda ynsanyň dünýä inmeginiň, ýaşamagynyň özi ullakan bagt. Bagt her bir ynsanyň ruhy dünýäsiniň galkynmagy. Ilki bilen janyň sag bolsa, agzybir maşgalaň bolsa, islegli käriňde zähmet çekseň, göwün söýen ynsanlaryň töwregiňde bolsa şondan uly bagt ýokmuka diýýän.

Bagtly pursatlaryňyzdan ýatlap geçseňiz.

Adam durmuşda ömür sürýän döwürleri bagt atly ajaýyp duýgyny ömrüne siňdirmäge, bagtly günlere durmuşyny şaýat etmäge ymtylýar. Elbetde her kimiň durmuşynda bagtly pursatlar bardyr, men hem şolardan ýatlap geçsem ýokarda-da aýdyşym ýaly aýdym-saz älemine gelen günüm, sungat ýolundaky bäsleşiklere gatnaşan wagtlarym, olarda gazanan ýeňişlerim ýagny 2015-nji ýylda «Ýaňlan diýarym» bäsleşigine gatnaşyp ýeňiji bolmagym, şol pursatdaky maşgalamyň dost-ýarlarymyň, halypalarymyň meniň gazanan ýeňişim mynasybetli olaryň ýüzleriniň gülmegi, 2017-nji ýylda bolsa her bir ýaş nesliň ýaşlygynyň ajaýyp döwri bolan talyp diýen arzyly ada eýe bolmagym ― bularyň ählisi ömrümiň  bagtly pursatlary diýip düşünýärin.

Seni buýsandyrýan zat näme?

Meni aslymyň Oguz handan gaýdýan taryhda uly yz goýan beýik şahsyýetleriň, ady belli dana atalymyzyň nesilidigim buýsandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň saýasynda asuda ýurtda, agzybir iliň waspçy perzendi bolup ýaşaýandygym buýsandyrýar. Berkarar ýurtda aýdym-saz äleminiň wekili bolup, mynasyp abraýdan peýdalanyp ýaşaýandygym, islegli ýolumda okaýandygym we netijeli zähmetler bilen halkymyza hyzmat etmek bagtynyň miýesser edendigi buýsandyrýar.

Eger-de aýdymçy bolmadyk bolsaňyz haýsy käri saýlardyňyz?

Eger-de men aýdymçy bolmadyk bolsam kompýuter işlerinde kämil ynsan bolmagy saýlardym, döwrüň talap edýän, täze tehnologik enjamlaryny erkin dolandyryp bilýän, täze programmalaryň üstünde işläp, täzeçillik döretmegiň ugrunda bolmaklygy saýlardym.

Hobbiň näme?

Aýdym-saz meniň durmuşymyň aýrylmaz bölegi, ony men hem kärim, hem hobbim hökmünde görýärin. Ondan daşary men boş wagtlarym kitap okamagy gowy görýärin. Kitap ynsanyň ruhy dünýäsini baý edýär, dünýägaraýşyny giň düşünjelere besleýär. Kitap okamak maňa lezzet berýär.

Okap bilersiňiz  Türkmen Star : Zylyha Kakayeva sahnelerin sevilen sesi

Haýsy temalarda kitap okamagy halaýarsyňyz we awtorlardan kimleriň eserlerine has ýykgyn edýärsiňiz?

Aslynda men o diýen tema saýlamok. Liriki temalarda ýazylan eserler biraz ünsümi çekýär. Olarda beýan edilýän wakalar, olaryň ýazylyş çepeçiligi okadygyň saýy okasyň gelýär.

Men esasan Gurbannazar Ezizow, Kerim Gurbannepesow, Aman Kekilow ýaly türkmen edebiýatynda uly yz goýan, özleriniň ýazan eserleri bilen halkymyzyň kalbynda ýaşaýan ýazyjylarymyzyň eserleri okaýaryn. Olaryň eserleri meniň üçin uly durmuş mekdebidir. Olaryň eserlerindäki dürli temalaryň waspy, örän çeperçilik bilen beýan edilipdir.

Durmuşda iň ýakyn ynsanlaryňyz.

Maşgalam we halaşýan gyzym.

Sportuň haýsy görnüşi boýunça meşgullanýarsyňyz?

Sportuň küşt görnüşi boýunça meşgullanýaryn, trinažor zallaryna gatnaýaryn. Teleýaýlymda bolsa yzygiderli futbol  duşuşyklaryny tomaşa edýärin.

Siziň durmuşyňyzda dostlaryňyzyň orny.

Hakyky dostluk ýürekdeş ynsanlar bilen döreýär we ony dowamly saklamak bolsa adamyň özüni ýalňyz duýmasyna mümkinçilik bermeýär. Dostluk duýgusyny duýup bilýän ynsanyň we ol duýgyny töwregindäkilere paýlap bilýän ynsanyň adamkärçilik sypaty belent bolýar.

Halaýan reňkiňiz.

Ak.

Eger-de Size daşary ýurtlara gitmek mümkinçiligi berilende ilki haýsy ýurda gitmek islärdiňiz?

Russiýa gitmek islärdim.

 

Kino sungaty bilen aýdym-sazyň aratapawudy.

 Kino we aýdym-saz ikisi hem sungat bolsa-da olaryň aratapawudy dag bilen deňiz ýaly. Aýdym-saza bolan höwesim ýaly kinoda aktýor bolmagy hem gowy görýärin. Kino dünýäsi meniň üçin gyzykly dünýä. Her bir düşen kinom mende uly täsir galdyrýar. Kinoda ýerine ýetiren keşplerimi ilki göz öňüe getirip soňra keşbe girmäge synanyşýaryn, bu babatda maňa kinony gurnaýjylar ýakyndan ýardam edýärler. Aýdym aýdanda birnäçe minut sahnada eglenýärsiň, a kinoda bolsa yzgiderli keşpleriň dowamlylygy gerek. Kinoda aýdyljak bolýan zady keşbimiziň aýdýan sözlerimiziň üsti bilen ýerine ýetirmeli bolýarys. Şonuň üçin sungatyň bu dünýäsi köp zähmeti we ynamly ädimleri talap edýär. Döredýän keşbiňde ýaşamaly we ynam bilen ýerine ýetirmeli bolýar.

Kinoda nähilli keşpleri janlandyrmagy halaýarsyňyz?

Kinoda esasan baş keşpleri janlandyrmagy halaýaryn.

Mähri Pirgulyýewa bilen täze aýdym ýazgy etdik

Geljekdäki maksatlaryňyz?

Haýsy kärde bolaly adam öňüne maksat goýmazdan geljege seredip bilmeýär. Meniň hem geljekde öňümde goýýan maksadym aýdym-saz äleminde öňe gitmek, täze aýdymlarym, kino keşplerim bilen türkmen medeniýetiniň, sungatynyň ösüşlerine mynasyp goşantlarymy goşmak.

Saýtyň üsti bilen ildeşlerimize şu habary ýetiresim gelýär, golaýda Mähri Pirgulyýewa bilen täze aýdym ýazgy etdik, geljekde bolsa şol aýdymy şekile geçirip teleýaýlym arkaly halkymyza ýetirmegi maksat edinýäris.

Saýtymyzyň üsti bilen salam ýollajak we minnetdarlyk bildirjek ynsanlaryňyz barmy

Ilki bilen asuda ýurdumyzy döredijilik mekanyna öwürýän, biz ýaşlaryň arzuwly kärimizi ele almakda birnäçe mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza köp sagbolsunlarymyzy aýdýarys.

Başga-da sungat ýolunda meni goldap, ähli tarapdan hemaýat edýän maşgalama, aýdymlarymy yzygiderli diňleýän müşdaklaryma öz minnetdarlygymy bildirýärin.

Begler saýtymyza gelip, beren gyzykly gürrüňleriňiz üçin köp sagbolsunlarymyzy aýdýarys. Mahmal owazyňyzyň mundanda belent ýaňlanmagyny arzuw edýäris.

Sagboluň.

Hormatly okyjylarymyz,

Talyp aýdymçy ýigidimiz Begler Nurberdiýewiň ýerine ýetiren “Gülüm” aýdymyna tomaşa etmek üçin şu ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyň!

 

Şahsy maglumatlary:

12.01.1998 ýylda Gökdepe etrabynda doglan.

Maşgalada körpe oglan, özünden uly 2 agasy bar.

2015-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Ýaňlan diýarym» bäsleşiginiň ýeňijisi.

Hobbisi: Kitap okamak.

Häzirki wagtda Türkmen döwlet binagärlik we gurluşyk institutynyň talyby.

Söhbetdeş bolan: Şaperi Otuzowa.

Siz habarlar saýtymyza girilen dessine Size bildiriş gelmegini isleýän bolsaňyz onda “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com   saýtynyň ýakynda hyzmata giren Android ulgamynda işleýän Applikasyýasyny şu ýere basyp ýa-da aşakdaky suratyň üstine basyp öz telefonyňyza ýükläp alyň! Eger Siz bu habary kompýuteriň üsti bilen okaýan bolsaňyz, el telefonyňyzyň Google Plaý dükanyndan “Atavatan Turkmenistan” ýazyp biziň Applikasyýamyzy indirip mugt alyp bilersiňiz!

Hoş habar -Täze Applikasiýa: Makul Sözlük

Makul Sözlük (www.makulsozluk.com ) özüniň “Android” ulgamynda hereket edýän täze applikasiýasyny-Makul Sözlük applikasiýasyny hödürleýär. Toparymyz  düýn Kompýuterlerdäki  “Chrome Browserde” ulanmaga mümkinçilik berýän täze “Browser goşundysyny”-Makul Sözlük goşundysyny  ulanmaga taýýar eden bolsa, şu gün “Android” applikasiýasyny herekete girizdi. Şeýlelikde, köp sanly “Makul Sözlük” ulanyjylary, diňe www.makulsozluk.com saýtyna girmek bilen bu sözlükden peýdalanman, eýsem, kompýuterlerinde “Makul Sözlük” goşundysyny, Android ulgamyndaky mobil telefonlarynda bolsa “Makul Sözlük” applikasiýasyny ulanyp bilerler. Ýakynda IOS ulgamynda hereket edýän Applikasiýamyz hem hereket edip başlar.

Ähli Söhbetdeşliklerimiz:

Tirkeş Mätnazarow: Maksadym şowsuzlyklardan ýokarda

 

Guwanç Meläýew: Kesbimden kemal tapanym

 

Akmuhammet Hanow: Bagtyma şaýat bolan Sungat

 

Täşli Tülegenow: “Ömrüm aýdyma berlen”

 

Leýli Ökdirowa :Ýyldyza öwrülen zehin

 

Azat Dönmezow: Ýyldyzyň ýürek owazy

Han Pälwanow: Aýdymym göwün şadym

 

Merdan Handurdyýew: Teatr jadyly dünýä

 

Ogulgerek Durdyýewa: Tutanýerliklikde Ýeten Maksadym…

 

Bahar Annaýewa: Aýdym-saz durmuşymyň bir bölegi

 

Gülälek Gulmyradowa: Käbäm bilen bile ýörän ýollarym!

Okap bilersiňiz  Hoş habar -Täze Applikasiýa: Makul Sözlük

 

Halk aýdymlary bilen adygan bagşy: Läle Begnazarowa

 

Meşhur sungat işgärleri Ata Watan Türkmenistanda myhmançylykda