Jahan Tagyýewa: Medeniýet — kalbymyň sesi

Köňlüňe beslenen duýgularyňy zybana getip mahmal owazda beýan etmek nähili gözellik. Bu pursatlary ömrüňe ýoldaş edinmek bolsa, ynsany bagtly günlere ýar edýär. Lezzetli ýaşaýşyň astynda manyly ömür sürmegine mümkinçilik berýär. Tutanýerlilik, maksadaokgunlylyk häsiýetleri öz durmuşyna baýdak edinen ynsanlar öz ykballarynyň eýeleri hasap edilýär. Ajaýyp döwrüň bagtyýarlygyny, aşyklaryň söýgülerini wasp edýän döredijilik ýoly bilen halkymyza tanalan aýdymçy türkmen zenanymyz, Türkmenistanyň at gazanan artisti Jahan Tagyýewa bu gün «Atavatan Türkmenistan» halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com  saýtymyzda myhmançylykda.

Jahan, ilki bilen döredijilik toparymyzyň çakylygyny kabul edip geleniňiz üçin köp sagbolsunlarymyzy aýdýarys.

Ilki bilen söhbetdeşligimizi sungat ýoluňyzdaky geçmiş sahypalaryňyzdan başlaýsak.

Men aslynda çagalygymdan medeniýet sungaty örän gowy görerdim. Sungatyň islendik ugry meniň üçin gyzyklydy. Aýdym-saz älemine bolsa okuwçy döwrüm başladym. Mekdepde aýdym sapaklarynda ilkinjileriň hatarynda aýdym aýdardym. Mekdep meýilnamasyndaky her bir aýdymy ýat tutup, başardygymdan ýerine ýetirerdim. Orta mekdepde guralýan çärelere yzygider gatnaşardym. Şol döwürler maňa ejem we doganym Sähragözel has-da ýakyndan ýardam berdiler. Olar meniň sungata bolan höwesimi bilip, aýdym-saz älemine ugrukdyrdylar.  Orta mekdebi üstünlikli tamamlap, maňa 1999-njy ýylda Aşgabat şäherindäki Türkmen döwlet medeniýet institutyna okuwa girmek miýesser etdi. Çagalyk arzuwym, islegim meni medeniýetiň, sungatyň ojagyna getirdi.

Halypalaryňyz dogrusynda söhbet etsek.

Ýokary okuw mekdebinde men birnäçe halypalaryň elinde terbiýelendim. Teleýaýlymlarda görýän halypalaryň elinde sungatyň içine aralaşmak, radiolarda seslerine maýyl bolýan medeniýet-sungat ussatlary bilen duşuşyklarymyz meniň üçin uly bir mekdepdi. Ilki men okuwdan daşary institutymyzyň «Güldesse» tans toparynda tansçy boldum. Owadan sazlara maýyl bolup tans hereketleri bilen sungatda ýaşamak ajaýyp durmuş. Talyplyk ýyllarymyň ilkinji basgançaklaryny başlan tans sungatynda men o diýen kän eglenmedim. Halypa Baýly Allamyradow sesimi diňläp, «Sen aýdymçy bolmaly, Sen sahna adamsy bolmaly» diýip, meni ilkinjileriň hatarynda aýdym-saz älemine iterdi. Şol günlerden soň Baýly Allamyradow sesimiň üstünde işläp, nähili aýdymlaryň gabat gelýänini aýdyp, maňa halyplyk edip başlady. Aýdym-saz äleminde ilkinji halypam Baýly Allamyradow.

Ilkinji aýdymlaryňyz.

Ilkinji aýdymym Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewanyň sözlerine döredilen «Eziz Watanym» aýdymy. Men bu aýdym bilen ýylyň ýylyna geçirilýän «Talyp joşguny» atly dabarada ýerine ýetirdim. Şonda Türkmenistanyň halk artisti Jemal Saparowa meniň aýdymymy diňläp, halypa maslahatlaryny berdi. Şol wagtdan bäri bolsa meniň sungat dünýäsindäki iň ýakyn maslahatçym Jemal Saparowadyr. Soňra men dürli temalardaky aýdymlar bilen yzygiderli sahnalarda çykyş edip başladym. Jemal Saparowa meniň durmuşymyň sungat ýoly bilen dowam etmeginde tutýan orny uludyr. Ol maňa sahna hereketlerinde etiki, estetiki tarapdan nusgalyk mekdep bolup, her bir aýdymlarymyň döremeginde, her bir sahna eşiklerimiň saýlawynda we olaryň milli we owadan çykmagynda gymmatly maslahatlaryny gaýdyrmaýan ynsandyr.

Döredijilik ýolunda kimler bilen işleşýärsiňiz?

Men döredijilik ýolunda Meret Annamyradow, Begenç Saparlyýew, Togrulbeg Artykow, Çary Nuryýew, Nurgözel Gozlyýewa, Güljemal Garaýewa, Şöhrat Maşrykow, Begenç Hojaýew, Mekan Öwlýägulyýew dagylar bilen işleşýärin. Halypam, sungatdaky maslahatçym hökmünde  Türkmenistanyň halk artisti Jemal Saparowanyň adyny buýsanç bilen aýdyp bilerin. Çünki ol maňa sungatdaky, durmuşdaky belentli-pesli ýollary barada degerli maslahatlaryny gaýgyrmaýar.

Üstünlige garaýşyňyz.

Aslynda şu ajaýyp zamanada ýaşamak, söýýän käriňde işlemek üstünligiň çür başy. Sungatdaky üstünlik zähmet bilen ýetilýär diýip düşünýärin.

Okap bilersiňiz  Halkara nebit we gaz uniwersitetine kabul edilşik

Bagt näme?

Bagt — bu ilki bilen dünýäniň ýurdumyzyň saglygy, asudalygy, parahatlygy. Bagt — maşgala bilen sungat ýoluny bilelikde alyp gitmek. Bagt — özüňde bar zatlaryň gadryny bilip ýaşamak.

Bagtly pursatlaryňyzdan ýatlap geçseňiz.

Bagtly pursatlar ynsanyň kalbynda ýatdan çykmajak ýatlamalary ýaşadýar. Ýatlama geçen pursatlar bolsa, ynsany geljege ruhlandyryp, ümzügini öňe sary alyp gidýär we durmuşyňa täsir etjek wakalaryň döremegine sebäp bolýar.

2009-njy ýylda «Ýylyň parlak ýyldyzy» adyna mynasyp bolmagym, 2010-njy ýylda «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen ada mynasyp bolmagym. Ondan başga-da dünýädäki uly bagtyň eýesi bolmak ýagny «eje» adyna mynasyp bolmagym meniň durmuşymyň gymmatly sahypalary diýip belläp bilerin.

 Şowlulyk getiren aýdymlaryňyz?

«Eziz Watan», «Watanymyň Arkadagy», «Arkadagymyz bilen diňe öňe, öňe türgenlerimiz», liriki temalardan bolsa «Owadan söýgi», «Aşyklaryň aýdymy», «Söýgi» ýaly aýdymlarymy aýdyp bilerin.

Sizi buýsandyrýan zat näme?

Bagtyýar zamanada Zenan aýdymçy bolup, ýürek sözlerimi aýdymlaryň üsti bilen beýan etmek bagtyna miýesser bolanlygym, tanymal, ussat halypalar bilen didarlaşmagym, işleşmegim, sungat ýolunda hut mähriban Arkadagymyzyň nazarynyň düşmegi, Şa serpaýyny almagym meni buýsandyrýar.

Egerde aýdymçy bolmadyk bolsaňyz haýsy käri saýlardyňyz?

Aýdymçy bolmasam-da medeniýet ulgamynyň bir wekili bolardym, tansçy, artist tapawudy ýok. Men öz durmuşymy, kär saýlawymy medeniýetden başga ýerde göz öňüne getirip bilmeýärin.

Hobbiňiz näme?

Meniň kär hökmünde saýlan aýdym-saz ugrumy hobbim hökmünde-de görýärin. Mundan başgada welosiped sürmegi halaýan, daşary ýurt aýdymçylaryndan Ani Lorak aýdymçynyň aýdymlaryny diňleýän, taryhy kinolary görýärin.

Durmuşda we sungatda iň ýakyn maslahatçylaryňyz.

Durmuşda ejem, doganym Sähragözel. Sungatda bolsa, Türkmenistanyň halk artisti Jemal Saparowa.

Gaharyňyz geleninde nähilli köşeşýärsiňiz?

Täze aýdym işlemegiň ugruna çykýaryn. Täzelikleriň gözlegine çykmagym meni asmanda ganatsyz uçmaga ýardam edýär.

Başga-da açyk howada gezim edýärin.

Saýtymyzyň üsti bilen salam ýollajak we minnetdarlyk bildirjek ynsanlaryňyz barmy?

Ilki bilen asuda, parahat ýurtda aýdym-saz älemi bilen meşgullanmagymyza döredip berýän mümkinçilikleri üçin mähriban Arkadagymyza ähli sungat işgärleriniň, maşgalamyň adyndan köp sagbolsunlarymyzy  aýdýarys.

Mundan başga-da sungat ýoluna girmegime ýardam eden ejeme,  doganym Sähragözele, ilkinji halypam Baýly Allamyradowy ýatlap, onuň maşgalasyna, sungat ýolunda maslahatçym Türkmenistanyň halk artisti Jemal Saparowa minnetdarlyk bildirýärin.

Sungat ýoluny saýlan ýaşlara maslahatlaryňyz.

Sungat — örän inçe we näzik ugur. Şonuň üçin bu ugry saýladyňyzmy, lezzet almaly we halka lezzet paýlamagy özüňe endik edinmeli. Sungata gelende bir zat üçin däl, sungaty söýüp, hakykatdanam janyň, teniň bilen berilip hyzmat etmäge we halkyň hormatyny, sylagyny gazanmaga çalyşmaly.

Geljekki maksatlaryňyz?

Milli äheňde täze aýdymlar bilen mähriban Arkadagymyza, eziz halkymyza hyzmat etmek. Öňümizdäki baýramçylyklara mynasyp sowgatly barmak.

Jahan, saýtymyzyň myhmany bolup, biziň bilen gürrüňdeş bolanyňyz üçin köp sagbolsunlarymyzy aýdýarys.

Mundan beýläkde toý-dabaralarymyzda, mukaddes sahnalarda, mawy ekranlarda mahmal owazyňyz belenden belent ýaňlansyn. Ýurdumyz parahat, maşgalaňyz abat bolsun!

Sagboluň.

Söhbetdeş bolan:      Şaperi OTUZOWA,

žurnalist.

Atavatan Applikasiýasy täzelendi: Intellektual sahypamyz goşuldy

Göwher Hajymyradowa: Aýdymly dünýäniň bilbili

 

Çagalar üçin sözlük: Suratly Sözlük-Makul Sözlük

 

Meýlis Halbaýew: Ata pendi ömre çyrag

Meýlis Hydyrow: Maksadym ussat skripkaçy bolmak