СОБЫТИЯ

Täze Sahypa “Täleýnama”: Ýyldyzlar näme diýýär?

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com saýty okyjylaryna has gyzykly we peýdaly habarlary, şeýle-de seljermeleri ýetirmek maksady bilen täze sahypalar açmaga dowam edýär. Ýakynda Size täze açylan “Saglyk” sahypamyz we soňky döwürde has işjeňleşen  “Teswirler” sahypamyz barada habary saýtymyza ýerleşdiripdik.  Bugün Size ýetirjek sahypamyz bolsa “Täleýnama” sahypasydyr.

Her gün millionlarça adamlar «ýyldyzlar näme diýýär» diýen gyzyklanma bilen gazet-žurnallaryň ýa-da web saýtlaryň sahypalaryny gözden geçirýärler. Ýyldyzlaryň täsiri astynda adamyň doglan senesine laýyklykda düzülen çyzga goroskop diýilýär. Bu söz türkmen dilinde täleýnama diýip terjime edilýär.

Biz  www.atavatan-turkmenistan.com  saýtynyň “Täleýnama” sahypasynyň üsti bilen Size her bir ýyldyz barada giňişleýin maglumat bereris. Awtorymyz Aýbölek Abdyrasulowa öz burjynda ilki bilen Täleýnamalar barada umumy maglumat berýän “Täleýnama — ýyldyzlar näme diýýär” atly makalasyny Size ýetiripdi. Awtorymyz soňra  her bir ýyldyz baradaky seljermesini Size ýetirmäge başlady we  häzire çenli hamal (guzy 21.03—20.04), sowur (öküzçe 21.04 — 20.05) we jöwzalar (ekizekler, 21.05- 22.06) baradaky seljermeler saýtymyza ýerleşdirildi. Geljekde yzygiderlikde beýleki ýyldyzlar baradaky seljermeleri hem Size ýetireris.

Şeýle hem, saýtymyzyň “Täleýnama” sahypasyna, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby  Çaryguly Hanjaýew tarapyndan taýýarlanylýan  hepdelik Täleýnamalar baradaky maglumatlary ýerleşdirmäge başladyk.  Häzire çenli  2020-nji ýylyň 19-25 iýul, 26 iýul — 1 awgust we 2-8 awgust döwürleri üçin hepdelik täleýnamalar baradaky seljermeler ýerleşdirildi. Seljermeler geljekde hem hepdelik dowamly saýtymyza ýerleşdiriler. Şol sebäpli ýyldyzlar bilen gyzyklanýan okyjylarymyzy “Täleýnama” sahypasyna  çagyrýarys.

Ýene-de okaň

Туркменистан представит национальный павильон на ЭКСПО Китай–Евразия в Урумчи

Туркменистан присоединится к Протоколу об охране промышленных образцов к Евразийской патентной конвенции

В связи с Курбан байрамы 16-17-18 июня выходной перенесен на среду

Жители Дашогузского велаята нашли монеты 12-13 веков

Потенциал казахстанского экспорта в Туркменистан оценивается в $ 120 миллионов – Минторговли и интеграции Казахстана

В Стране восходящего солнца сияют огни культуры Туркменистана