No menu items!
8.9 C
Istanbul
04/08/2020 12:01
No menu items!
Home IŇ TÄZE HABAR Hepdelik täleýnama (26 iýul — 1 awgust)

Hepdelik täleýnama (26 iýul — 1 awgust)

Hamal (guzy 21.03 — 20.04)

Hepdäniň başynda siz özüňizi örän rahat duýmalysyňyz. Şeýdip siz beýlekiler bilen wagtyňyzy hoş geçirip bilersiňiz. Siz üçin indiki hepde duşuşyklar üçin iň amatly wagt hasaplanýar. Hamallara öňümizdäki hepde-de pul baýraklary, garaşylmadyk sowgatlar, birnäçe mümkinçilikler gazanyp bilersiňiz. Hepde soňlarynda dostlaryňyz, ýakynlaryňyz bilen duşuşmak maslahat berilýär. Eger-de siz ünsli hereket etseňiz bu hepde-de islendik jedellere oňyn çözgüt tapjakdygyňyzy ýyldyzlar duýdurýarlar.

Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)

Sowurlaryň özlerini ösdürmegiň wagty geldi. Ýumşak düşegiňizden çykyp, herekete geçmegiň wagty geldi. Sowurlar öňümizdäki hepdeden gijä galman maksadaokgunly herekete başlamalydyrlar. Siz ähli zady başararsyňyz, ýöne geleňsizlik edip, şowlulygyň özüňizden ara açmagyna ýol bermäň. Şonuň üçin geljek hepde-de sowurlara başagaýlyk garaşýar. Öz meýilleriňize görä, herekete başlamalysyňyz. Işiň netijesini hepdäniň ahyrynda görüp bilersiňiz.

Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)

Jöwzalara indiki hepde bir hoş habar garaşýar. Esasan-da geljek hepdede wezipe basgançagynda täzelige garaşylýar. Siz özüňizi örän salyhatly alyp baryp, köpçüligiň ünsini özüňe çekmegi başarmalysyňyz. Köp adamlar bilen dostlaşmagyň, dostluk çägini giňeltmegiň wagty geldi. Jöwzalar hyzmatdaşlary bilen täze meýilnamalary gurup, has-da işjeň bolmaklary zerurdyr. Hepde soňlarynda ýakynlaryňyz bilen dynç alyp, wagtyňyzy hoş geçirip bilersiňiz.

Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)

Öňümizdäki hepde sizi şatlykly wakalar, hoş habarlar gurşap alar. Seretanlaryň peýdasyz zatlara üns berip ýörmegini bes etmegiň wagty geldi. Olar indi diňe ýagty geljegi gurmagyň, hünär edinmegiň, maşgala gurmagyň gamyny iýip ýaşamaga başlamalydyrlar. Döredijilik bilen meşgullanmak isleýän seretanlara häzirki wagtda aýdym-saz, tans gurnaklara gatnamak maslahat berilýär. Siziň eliňizde ähli mümkinçilikler bar. Siz bardan bar etmegi däl-de ýokdan bar etmegi başarmalysyňyz.

Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)

Esetlere hepdäniň birinji ýarymynda örän ünsli bolmalydyrlar. Çünki hepdäniň birinji ýarymynda käbir işleriňiz üçin oňaýly bolman biler. Daş-töweregiňizdäkileriň maslahatyna gulak asyp, meýilleşdiren işleriňizi amala aşyrmaga girişiň. Esetleriň öňümizdäki hepdäniň ahyry şowlulyklara beslener. Esetleriň giň gerimli pikirlenme sungaty olara şowlulyk getirer. Siziň geljek hepde-de maddy ýagdaýyňyz durnukly halda saklanar. Jübütlere hoş habar garaşýar.

Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)

Sünbüleler geljek hepde-de haýran galdyryjylygy, özüne çekijiligi bilen aňsatlyk bilen beýlekileriň üns merkezine öwrülip biler. Siz üstünlikleriň “altyn açaryny” almagyň wagty gelendigini ýyldyzlar duýdurýarlar. Haýyr-sahawat işlerini amala aşyryň. Köpçülik ýerlerinde özüňizi salyhatly alyp baryň. Saglygyňyza seretmäge başlamagyň amatly wagty geldi. Hepde soňunda size bir ýakymly habar garaşýar. Maddy ýagdaýyňyz durnukly.

Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Geljek hepdede mizan ýyldyzy astynda doglanlara täze mümkinçilikler açylar. Mizanlaryň bagtly durmuşda ýaşamagyň wagty geldi. Öňümizdäki hepde-de bagtly pursatlar, sazlaşykly durmuş wakalary durmuşyňyzy gurşap alar. Owadan zatlar sizi özüne çeker. Siz geljek hepde-de bir peýdaly adam bilen içgin tanşyp, biznes işiňizi ugrukdyryp bilersiňiz. Göwünaçyjy niýet bilen gurnalan gezelençler, şeýle-de iş saparlar peýdaly geçer. Saglyk ýagdaýyňyz oňat.

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Akraplar üçin öňümizdäki hepde geljegini pikirlenmek we meýilleşdirmek üçin amatly pursat. Oňyn pikirlenmek, giň dünýägaraýyş we ajaýyp karar bermek başarnyklary öňdäki ileri tutulýan ýoly anyk göz öňüne getirmäge mümkinçilik berýär. Kynçylykly pursatlara gabatlaşmagyňyz ahmal. Ýöne siz özüňizi elden bermän başarnykly bolup bar zady ýeňmegi başarmalysyňyz. Geljek hepde-de köpden bäri gözläp ýören meseläňize çözgüt tapyp bilersiňiz.

Kowus (keman 23.11 — 21.12)

Kowus ýyldyzy astynda doglanlara dynç almagyň wagty geldi. Uzak wagtdan bäri zähmetden soň alynjak bu dynç alyş siziň saglygyňyza oňyn täsir eder. Sapaly dynç alyşdan soň, olara aýgytly herekete geçmek, işjeň bolmak maslahat berilýär. Kowuslara töwekgelçilikli hereket etmegiň wagty gelendigini ýyldyzlar duýdurýarlar. Ikirjiňlenmäň. Niýetiňizi gowa ýoruň. Işiňiz şowuna bolar. Hepdäniň başynda kowuslaryň gahar-gazaba münmegi mümkin, duýgularyňyzy «jylawlaň».

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Jediler geljek hepdede özleriniň şahsy durmuşyny gowulandyryp bilerler. Bu babatda siz öz duýgularyňyza ynanyň. Işde özüňiziň çalşyp bolmaýan işgärdigiňizi ýeňillik bilen subut edersiňiz. Käbir jedi ýyldyzy astynda doglanlaryň maşgalasyna täze bäbege gowuşmak ähtimallygy bar. Ýöne size men-menlik etmezlik maslahat berilýär. Meseleleri oňyn çözmekde guramaçylyk, oýlanyşyklylyk we ätiýaçlyk ukybyňyz kömek eder. Iş bilen dynç alşy sazlaşykly utgaşdyryň.

Daluw (gowa 21.01. — 20.02)

Geljek hepde daluwlar dürli mümkinçilikler dörär. Daluwlara ýagdaýlary dogruçyl kesgitläp, öz mümkinçiliklerini ölçerip-dökmek maslahat berilýär. Howlukmaň! Ýedi ölçäp bir kesmegi başaryň. Oýlanşykly hereket ediň. Birwagtda birnäçe işi birden bitirjek bolup howlukmaň. Uka, dynç alşa, gezelenje we maşgala gatnaşyklaryna, çagalara güýmenmäge hem wagt kesgitläň. Hepdäniň ahyrynda döredijilik hyjuwyňyz ýokarlanar, sizde köpsanly başlangyçlar dörär.

Hut (balyk 21.02 — 20.03)

Geljek hepdede hutlara gaharjaň, durmuşa ýakymsyz garaýyşly adamlardan çetde durmak maslahat berilýär. Ýogsam, şeýle adamlaryň ýaramaz täsirine düşmegiňiz mümkin.  Maddy-üpjünçilik babatynda size ýakymly täzelikler garaşýar. Bu döwür size täze girdejili işiň ýa-da gysga wagtlaýyn goşmaça zähmet hakly işiň teklip edilmegi mümkin. Işdeş ýoldaşlaryňyzdan öňe saýlanjak bolmaň. Hepde soňlary dostlaryňyz, maşgalaňyz, ýakynlaryňyz bilen wagt geçirmek üçin amatly wagt bolar.

Ykbalyň bagt ýyldyzy hemmelere miýesser etsin.

Janyňyz sag, işiňiz ugryna bolsun!

Ýyldyzlar baradaky beýleki makalalary okamak üçin

Guzy :Müneçjimleriň aýtmagyna görä….Size gowulyk garaşýar

Täleýnama — ýyldyzlar näme diýýär

Hepdelik täleýnama (19-25 iýul)

IŇ TÄZE HABARLAR

Sesden çalt uçar peýda bolar

ABŞ-nyň “Virgin Galactic” kompaniýasy sesden çalt gitjek uçaryň taslamasyny hödürledi. Bu barada kompaniýanyň metbugat gullugy habar berýär. Metbugat gullugynyň berýän habaryna görä, takmynan 18 kilometr...

Di Kaprio “Apple” bilen şertnama baglaşdy

Meşhur amerikaly aktýor Leonardo Di Kaprio degişli bolan “Appian Way” kinokompaniýasy “Apple” kompaniýasy bilen şertnama baglaşdy. Şertnama laýyklykda, aktýoryň kompaniýasy “Apple” şereketiniň hyzmatlary babatda...

Dünýädäki iň gowy restoranlaryň sanawy düzüldi

“TripAdvisor” syýahatçylyk saýty dünýäniň iň gowy restoranlarynyň sanawyny taýýarlady. Şoňa laýyklykda, sanawda birinji ýeri fransuz restorany “Auberge Du Vieux Puits” eýeleýär. Ikinji orunda “La Ville...

Immobile iň köp pökgi geçiren futbolçy

Italiýanyň milli ýygyndysynyň we "Lazio" toparynyň hüjümçisi  Çiro Immobile şu möwsümiň ahyrynda "Altyn aýakgap" baýragyna mynasyp boldy. 30 ýaşly hüjümçi üçin bu abraýly baýrak...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Türkmenistan- Azerbaýjan: Telefon arkaly söhbetdeşlik

Türkmenistanyň  Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Iki ýurduň Liderleri birek-biregi mukaddes Gurban baýramy bilen gutlap, musulman...

Zenan syýahatçylardan täze rekord

Beýik Britaniýaly iki zenan iki adamlyk welosipedde dünýäniň aýlanyp çykyp, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Täsinlik neşiriniň wekilleri bu syýahatyň esasy aýratynlygy hökmünde onuň gysga...

ÝUNISEF: Türkmen dilinde Gurban baýramy gutlagy

Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili Kristin Weýgand Türkmen dilinde Gurban baýramyny gutlady. ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasynyň resmi Instagram hasaby bolan @unicef_turkmenistan hasabyndan...

Türkmenistanyň Prezidenti Ahalteke atçylyk toplumyna bardy

Şu gün zähmet rugsadynda bolýan döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna baryp, halkymyzyň milli buýsanjy bolan behişdi bedewler bilen didarlaşdy. …Milli Liderimiz...