No menu items!
8.9 C
Istanbul
16/07/2020 8:05
No menu items!
Home ATAWATAN ESERLERİ Iň Gowy Eserler Bäsleşýär: Ata Watan Eserleri Bäsleşigi

Iň Gowy Eserler Bäsleşýär: Ata Watan Eserleri Bäsleşigi

Türkiýede bilim alýan Türkmenistanly talyplaryň arasynda geçirilýän “Kitap okamagyň peýdalary” atly döredijilik bäsleşiginde   eserler kabul edişlik tamamlandy. “Ata Watan Eserleri” döredijilik bäsleşiginiň täze tapgyrynda 26 eser bäsleşigiň şertlerine laýyk kabul edildi we saýtymyza ýerleşdirildi. Bäsleşik 15-nji Iýul 2020 senesinde jemlener.

 

Türkiýede hereket edýän Türkmenistanlylar Raýdaşlyk jemgyýeti bilen “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com saýty Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli döredijilik bäsleşigini yglan edipdi.

Bäsleşik Türkiýäniň Stambul şäherinde ýerleşýän, Türkmen, Türk, Iňlis we Rus dillerinde terjime hyzmatlaryny hödürleýan we Türkiýede bilim almak isleýän Türkmenistanly raýatlara bilim ulgamynda maslahat hyzmatlary berýän Atavatan Danışmanlık Yayıncılık, Tercüme, Turizm ve Bilişim Ltd Şti Türk kompaniýasynyň hemaýatkärliginde geçirilýär. Bäsleşigimizde ýeňiji bolan 15 eseriň awtoryna jemi 10 500 Türk lirasy möçberinde baýraklar garaşýar.

Ýeňiji kesgitlemegiň şerti

Siz degişli linke girmek bilen, şol  eserleri saýtymyzdan okap bilersiňiz, şeýle hem resmi  Facebook we Instagram sahypalaryndaky halan eseriňize “haladym” belligini goýup bilersiňiz. Öň yglan edilişi ýaly, ýaryşa hödürlenen eserlerden ýeňiji kesgitlenende saýtymyzdaky şol eseriň “okalan” sany 50 göterim täsir edýän bolsa, “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň resmi  Facebook sahypasyndaky şol eseriň “halanan” sany 25 göterim, “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň resmi Instagram sahypasyndaky şol eseriň “halanan” sany 25 göterim täsir edýär.

Eser Türkmen dilinde ýa-da Türk dilinde ýazylandygyna garamazdan saýtymyzyň Türkmen, Türk we Iňlis dili sahypalarynda ýerleşdiriler we “saýtdan okalan sany” hasaplananda şol 3 dildäki “okalan sanynyň” jemi hasaba alnar. Eger “okalan sany” boýunça saýtda görünýän “okalan sany” bilen “Google Analytic” maglumatlary boýunça “okalan sany” deň gelmese onda, “Google Analytic” maglumatlary kabul ediler.

 

Bäsleşige hödürlenen Eserler

  1. Mahri Annayeva, Kastamonu Üniversitesi öğrencisi, Kitap okumanın faydaları, Makalenin Facebook linki, Makalenin Instagram linki
  2. Kerim Annaýew, Bahçeşehir uniwersitetiniň talyby, Kitap – akyl-paýhasyň gönezligi, Makalanyň Facebook linki,  Makalanyň Instagram linki
  3. Aydana Abdusalamova, İstanbul Üniversitesi öğrencisi, Kitap Okumanın FaydalarıFacebook linkiInstagram linki
  4. Dilnäz Kadyrowa, Bahçeşehir uniwersitetiniň talyby, Kitap okamagyň peýdalary, Makalanyň Facebook linki, Makalanyň Instagram linki
  5. Kerwen Rozyýew,  Ondokuz Mayıs üniversitesi öğrencisi, Dünyadaki en büyük satıcı, Makalenin Facebook linki, Makalenin Instagram linki
  6. Amanbibi Sarıyeva, Ankara Hacı Bayram Veli Üniversitesi öğrencisi, Kitap Okumanın Faydaları, Makalenin Facebook linki, Makalenin Instagram linki
  7. Maysa Annamyradova, Kırşehir Ahi Evran Üniversitesi öğrencisi, Kitap hayatın vazgeçilmez parçası, Makalenin Facebook linki, Makalenin Instagram linki
  8. Jahan Gulamalyýewa, Bahçeşehir Üniversitesi öğrencisi, Kitap ve Sağlık, Makalenin  Facebook Linki, Makalenin İnstagram Linki
  9. Geldimyrat Ataýew, Dumlupynar uniwersitetiniň talyby, Kitapdyr ynsanyň baky hemrasy…,  Makalanyň  Facebook link, Makalanyň Instagram linki
  10. Gurbangeldi Magtymow,  Bülent Ejewit adyndaky uniwersitetiň talyby, Kitap okamak – gymmatly hazyna, Makalanyň  Facebook link, Makalanyň Instagram linki
  11. Gülnaz Kadyrowa, Bahçeşehir uniwersitetiniň talyby, Kitap – ummansyz hazyna, Makalanyň Facebook linki, Makalanyň Instagram linki
  12. Maýa Saparkulowa, Alanýa Alaaddin Keýkubat uniwersitetiniň talyby, Kitaplar – uly miras, Makalanyň Facebook linki, Makalanyň Instagram linki
  13. Şamyrat Şamyradow, Dumlupynar uniwersitetiniň talyby, Kitap – ýaşaýşymyzyň bezegi, Makalanyň Facebook linki, Makalanyň Instagram linki
  14. Rejepnazar Ýediýew, Marmara uniwersitetiniň talyby, Kitap – ýaşaýşyň gözbaşy, Makalanyň Facebook linki, Makalanyň Instagram linki
  15. Zeýnep Geldimyradowa, Seljuk uniwersitetiniň talyby, Kitap adamyň durmuşyny bezeýän serişde, Makalanyň Facebook linki, Makalanyň Instagram linki
  16. Erkin Apbayev, Kırklareli Üniversitesi öğrencisi, Kitap okumak neden önemli?, Makalenin Facebook linki, Makalenin Instagram linki,
  17. Magtym Jorayev, Ondokuz Mayıs Üniversitesi öğrencisi, Okumak gelişimin anahtarıdır, Makalenin Facebook linki, Makalenin Instagram linki,
  18. Gunça Jorayewa,  Kafkas uniwersitetiniň talyby, “Kitap – Jemşidiň jamy”, Makalanyň Facebook linki , Makalanyň  Instagram  linki
  19. Döwlet Mälikgulyýew, Bahçeşehir uniwersitetiniň talyby, “Bir Kitap” atly adamyň hekaýasy”, Makalanyň Facebook linki , Makalanyň  Instagram  linki
  20. Gunça Açılova,  Kırşehir Ahı Evran üniversitesi öğrencisi, Kitaplar olmasaydı ne olurdu?, Makalenin Facebook linki, Makalenin Instagram linki,
  21. Jemile Galpakowa, 19-njy Maý uniwersitetiniň talyby, Kitap okamagyň peýdalary, Makalanyň Facebook  linki, Makalanyň Instagram  linki
  22. Dövletgeldi Myradov,  Erciyes Üniversitesinin öğrencisi, Kitap Okumanın Önemini Ezberi Bozan Anlatım, Makalanyň Facebook  linki, Makalanyň Instagram  linki
  23. Gülşat Davıdova,  Karamanoğlu Mehmetbey Üniversitesi Öğrencisi, Kitap bizim dostumuzdur, Makalanyň Facebook  linki, Makalanyň Instagram  linki
  24. Gülşirin Davıdova,  Celal Bayar Üniversitesi Yüksek Lisans öğrencisi, Çok Okumak Değil, Doğru Okumak Önemidir, Makalanyň Facebook  linki, Makalanyň Instagram  linki
  25. Mahym Rahadova, Ondokuz Mayıs üniversitesi öğrencisi, Kitap okumak zaman yolculuğu yapmaktır, Makalanyň Facebook  linki, Makalanyň  Instagram  linki
  26. Nuray Garabayeva, Ankara Üniversitesi öğrencisi, Kitap içerisinde yeni dünyalar taşır, Makalanyň Facebook  linki, Makalanyň  Instagram  linki

 

Ýeňijilere Pul Baýraklary Garaşýar: Jemi 10.500 Türk Lirasy

Bäsleşigiň şertlerine görä, birinji bolan eseriň awtoryna 2000 Türk lirasy möçberinde pul baýragy garaşýar. Pul baýraklary ýeňijiniň öz adyna açylan bank hasabyna Türk lirasy görnüşinde geçiriler. Ýaryş öňem belläp geçişimiz ýaly Türkmen, Türk, Iňlis we Rus dillerinde terjime hyzmatlaryny hödürleýan we Türkiýede bilim almak isleýän Türkmenistanly raýatlara bilim ulgamynda maslahat hyzmatlary berýän Atavatan Danışmanlık Yayıncılık, Tercüme, Turizm ve Bilişim Ltd Şti Türk kompaniýasynyň hemaýatkärliginde geçirilýär.

 

1-nji orun: 2000 Türk Lirasy

2-nji orun : 1500 Türk Lirasy

3-nji orun : 1000 Türk lirasy

4-nji orun :500 Türk Lirasy

5-nji orun :500 Türk Lirasy

6-njy orun :500 Türk Lirasy

7-nji orun :500 Türk Lirasy

8-nji orun :500 Türk Lirasy

9-njy orun :500 Türk Lirasy

10-njy orun :500 Türk Lirasy

11-nji orun : 500 Türk Lirasy

12-nji orun : 500 Türk Lirasy

13-nji orun : 500 Türk Lirasy

14-nji orun : 500 Türk Lirasy

15-nji orun : 500 Türk Lirasy

 

Saýtdan “okalan sany”

Saýtdan okalan sanynyň ortaçasy hasaplananda 50.000 gezek okalanda 100 bal bolýar. Ýagny her 500 gezek okalan sany 1 bala deň gelýär.

Instragram hasabyndan “ halanan sany”

Instagram hasabymyzdan şol eseriň 1000 gezek “halanan sany” 100 bala deň gelýär. Ýagny, her 10 gezek “halanan” 1 bala deň gelýär. Eger haýsyda bolsa bir eseriň Instagramda “halanan sany” 1000 gezekden geçen bolsa 1:10 möçberi täzeden kesgitlenilýär. Mysal üçin Instagram hasabymyzda bir eser 600 gezek halanan bolsa, 600/10=60  bal alar.

Facebook hasabyndan “halanan sany”

Facebook hasabymyzdan şol eseriň 1000 gezek “halanan sany” 100 bala deň gelýär. Ýagny, her 10 gezek “halanan” 1 bala deň gelýär. Eger haýsyda bolsa bir eseriň Facebook hasabynda “halanan sany” 1000 gezekden geçen bolsa 1:10 möçberi täzeden kesgitlenilýär. Mysal üçin Facebook hasabymyzda bir eser 400 gezek halanan bolsa, 400/10=40 bal alar.

Mysallara ýüzleneliň:

A  belgili  eser saýtymyzdan  55 bal alan bolsa , Instagram hasabymyzdan 45 bal alan bolsa (ýagny Instagram hasabymyzda 450 gezek “halanan”  bolsa) we Facebook hasabymyzdan 35 bal alan bolsa (ýagny Facebook hasabymyzda 350 gezek “halanan” bolsa, onda bu eseriň jemi baly şeýle kesgitlenilýär.

=(55*50/100)+(45*25/100)+(35*25/100)= 27.5+11.25+8.75=47.5 bal

B  belgili  eser saýtymyzdan  45 bal alan bolsa, Instagram hasabymyzdan 53 bal alan bolsa (ýagny Instagram hasabymyzda 530 gezek “halanan”  bolsa) we Facebook hasabymyzdan 47 bal alan bolsa (ýagny Facebook hasabymyzda 470 gezek “halanan” bolsa, onda bu eseriň jemi baly şeýle kesgitlenilýär.

=(45*50/100)+(53*25/100)+(47*25/100)= 22.5+13.25+11.75=46.5 bal

C  belgili  eser saýtymyzdan  48 bal alan bolsa, Instagram hasabymyzdan 67 bal alan bolsa (ýagny Instagram hasabymyzda 670 gezek “halanan”  bolsa) we Facebook hasabymyzdan 80 bal alan bolsa (ýagny Facebook hasabymyzda 800 gezek “halanan” bolsa, onda bu eseriň jemi baly şeýle kesgitlenilýär.

=(48*50/100)+(67*25/100)+(80*25/100)= 24.00+16.75+20.00=60.75 bal

Bu ýagdaýda,  C belgili eser 60.75 bal bilen 1-nji orny, A belgili eser 47,5 bal bilen ikinji orny we B belgili eser bolsa 46.5 bal bilen 3-nji orny eýeleýär.

IŇ TÄZE HABARLAR

“Super Mario” rekord bahadan satyldy

“Super Mario” oýnunyň bir nusgasy 1985-nji ýylda Nintendo güýmenje ulgamy (NES) platformasynda çykyş edip, öz rekordyny täzeledi. BBC-niň habar bermegine görä, şu ýyl çykan we...

Gaýynatamyň ýatlamasy

Taryhda öz ata-watanyny, halkyny goramak üçin köp edermenlikleri görkezen merdana ýigitler, türkmende bar. Bu toprakda, özleriniň şan-şöhraty, gaýduwsyzlygy  bilen tanalan gahryman türkmen serkerdeleri bar....

Ýeňijilere pul baýraklar onlaýn şertlerde gowşurylar

Türkiýede bilim alýan Türkmenistanly talyplaryň arasynda geçirilýän “Kitap okamagyň peýdalary” atly döredijilik bäsleşigi bugün tamamlandy. Türkmenistanyň ýerli wagty bilen sagat 18:00 ýagdaýyndaky netijelere görä...

Ýewropa sebitindäki COVID-19 keseliniň hasaba alynmadyk ýeke-täk ýurt

2020-nji ýylyň 15-nji iýulynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa Sebitleýin edarasynyň (BSGG ÝSE) konsultatiw-tehniki wekiliýetiniň bilermenleriniň Türkmenistana bolan saparynyň netijeleri...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Brifing başlaýar: Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy

Türkmenistanyň Söwda senagat edarasynyň mejlisler zalynda Türkmenistana iş sapary bilen gelen Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) Ýewropa Sebitleýin edarasynyň gatnaşmagynda brifing başlaýar. Ýerli wagt...

Parižde ýüzýän kinoteatr

Fransiýanyň paýtagty Parižde koronawirus epidemiýasy sebäpli belli bir aralygy goramak maksady bilen awtoulaglarda kino tomaşa etmäge mümkinçilikler döredildi. Awtoulagly kinoteatr, awtoulaglar bilen konsert we...

Boksçylaryň reýtingi: Saul Alvarez

Kanadanyň MMA portaly, agram derejesine garamazdan boksçylaryň reýtingini mälim etdi. Birinji orunda Saul Alvarez. Ikinji orunda ukrainaly Wasili Lomaçenko, üçünji orunda bolsa Iňlis türgeni...

“La Ligada” aýyň iň gowy oýunçysy

“La Liganyň” resmi “Twitter” sahypasynda iýun aýynyň netijelerine görä, iň gowy oýunçyny yglan edildi. Oňa “Real Madridiň” hüjümçisi Karim Benzema mynasyp boldy. Benzema, Fransiýanyň “Lion”...