8.9 C
Istanbul
05/08/2020 7:35
Home ATAWATAN ESERLERİ Kitap adamyň durmuşyny bezeýän serişde

Kitap adamyň durmuşyny bezeýän serişde

1. Kitap adamy, adam dünýäni üýtgetýär.

Adamy beýleki jandarlardan tapawutlandyrýan iň möhüm aýratynlyk, onuň pikirlenmek ukybydyr. Oýlanmak mehanizmini iýmitlendirýän zat okamakdyr. Her gün bir zat okamak we öwrenmek niýetimiz bar. Şeyle-de bolsa käbirilerimiz gynansak-da ,,oka!” diýmegi eliňe diplom almak manysynda düşünýäris. Aslynda  Aliýa Izzetbegowiçiň aýdyşy ýaly, okamak ,,Erkinlige uçmak”. Hawa, okamak erkin adamlaryň, adalat, rehimdarlyk we doganlyk höküm sürýän jemgyýetleriniň habarçysy bolar we bu parahatçylykly dünýäniň habarçysy bolar diýip, umyt edýäris. Sebäbi aňly adam aýaklary ýerde durup, özi we jemgyýetiniň kynçylyklaryndan habarly adamlardyr. Okamak, bu düşünjäni we şahsyýetde bu ruhy döretmegiň iň möhüm usulydyr. Adamlar her kitaby okamaýarlar. Saýlap ondan soň okaýarlar. Onuň  üçin özüne dogry kitap saýlamagy hem başarmalydyr. Dogry kitap nädip saýlamaly? okamak endigi baradaky bu jikme-jikliklerden başga-da aýratyn üns bermeli zat, okaljak kitaby saýlamakda edilýän alada. Elbetde, bir ýylda neşir edilen münlerçe kitabyň arasynda peýdaly eserlerden başga-da kitap hasaplap bolmajak neşirler hem bar. Bu kitaplaryň arasynda okaljak dogry kitaplary saýlamak diňe adamlary dogry ugrukdyrmak arkaly mümkindir. Emma käwagt nädogry kitaplary saýlaýarys. Her pursatda peýdalanýan, sumkalarymyzdan tapyp bilmeýän we özümize laýyk her dürli tapyp bilýän kitaplarymyz aýratyn dünýädir. Kitap saýlanymyzda, gyzyklanmalarymyza göra, saýlaýarys. Şübhesiz, hatda kitaba düşünýän adam üçinem kynçylyk bilen, saýlanan eser adamlarda tolgunma döretjek eser bolmaly. Gowy okajak kitaplarymyzy saýlamalydygymyzy we döwrüň süzgüçinden geçirýän kitaplaryň bolmalydygyny belläliň. Şeýlelik bilen, biziň üçin gaty möhüm bolan kitaplaryň taryhy hakynda pikir edip gördüňizmi? Kitaplar hakda bilmeli köp zat bar… Indi iň meşhur kitaplar, çaphanalaryň senesi, gazet we kitaplar hakynda gyzykly maglumatlary öwrenmek örän gyzykly. Mysal üçin: Dünýäniň iň uzyn sözlemi fransuz ýazyjysy Wiktor Gýugo tarapyndan 1862-nji ýylda düzülipdir we ol hem, takmynan, 823 sözden ybaratdyr. Mundan başga-da täsin maglumatlaryň biri dünyýäde iň kiçi kitaby bolan ,,Dört möwsüm gülleri” 22 sahypadan ybarat. Onuň ölçegi 0,75×0,75 millimetr bolup, bu kitap Ginnesiň rekordlar kitabyna girýär we ol kitaby okamak üçin  ýörite mikroskop ýa-da linza gerek. Kitaplar hakyndaky maglumatlary jemlemek sanardan juda kän bolup, olardan ýene biri bolsa, dünýä taryhynda belli bolan ilkinji kitaphana Sumerlilere degişlidir. Biziň eramyzdan öň 2600-njy ýylda Sumerlilerde şunuň ýaly ybadathanalarda ýazylan planşetler bar eken. Şol döwürdäki hökümet resminamalary we täjirçilik işleri ýazylan bu planşetler arhiwlenip saklanylýar. Bu arhiwler kitaphananyň binýady hökmünde kabul edilýär.  Kitap okamak adam durmuşyny nähili üýtgetýär? Biziň gidip bilmeýän ýerlerimize gitmek, uzak ýurtlardaky adamlar bilen tanyşmak, durmuşa düşünmek, durmuşynyň içine seretmek kitap okamakdyr. Okaýan kitaplarymyzyň syryny öwrenmekdir: 1726-njy ýylda Jonatan Swift tarapyndan çap edilen ,,Gulliweriň syýahatlary” çagalar romanlarynyň kategoriýasyna girýän başdan geçirmeler kitabydyr. Ilkibaşda ,,Lemuel Gulliweriň dünýäniň birnäçe uzak ýurtlaryna syýahat” ady bilen döredilen bu eser, iň köp okalýan dünýä klassikleriniň biridir. Gäminiň kapitany Lemuel Gulliweriň başdan geçirmelerine şaýat bolan kitabymyzda Mars planetasynyň iki emeli hemrasy agzalýar. Kitapda Jonatan Swift aýlanyş tizligini we iki hemra ,,Fhobos” we ,,Demios”-yň ölçeglerini aýdyň suratlandyrýar. Gyzykly tarapy; astronomlar kitapdan takmynan 100 ýyl soň agzalýan Marsyň bu maglumatlaryny tapýarlar. Şeýle-de bolsa, kitabyň awtorynyň bu maglumatlary nirede we nädip öwrenendigi baradaky mesele henizem gynandyryjy.

Kitap okamak, dürli adamlaryň durmuş hakynda näme pikir edýändigini we pikirini bilmek, köp  dürli pikirleri öwrenmek ukybydyr. Geçmişimizi öwrenmek, taryhymyzy öwrenmek, nireden gelendigimizi we nirä gidenimizi bilmek, ata-babalarymyzyň nähili ýaşandyklaryny, bize näme galdyrandygyny öwrenmekdir. Kitap okamak daşardan seredenimizde gaty adaty görünýän adamyň baý, çeper, ajaýyp ýa-da ýaralanan içki dünýäsini açmakdyr. Mundan başga-da, ,,boş wagtyňyz näme edýärsiňiz” diýen sowalyň jogabyna gynansakda, okamak diýip jogap berilýär. Şeýle-da bolsa, boş wagtlarda kitap okalmaýar, okamak üçin wagt bölünip berilýär. Şonuň üçin okamak durmuşymyzyň aýrylmaz bölegi bolmaly. Bedenimiziň iýmite we howa gündelik mätäç bolşy ýaly, okamagyň  hem durmuşymyzda zerurlyklaryň birine öwrülmegi zerurdyr. Maglumat eýýamynda  ýaşaýarys. Üstünligiň iň möhüm çeşmesi bilimdir. Bilim güýçdir. Üstünlik gazanan adamlar ömrüniň köp bölegini okamak bilen geçirdiler. Durmuşda üstünlikli we bagtly bolmak üçin okamak endigini edinmeli, yöne hemmeler muny endik edip bilmeýär.

Bilim bilen tanyş bolmadyk jemgyýetleriň soňy lapygeç bolýar. Uly döwlet, uly millet bolmak üçin bilimli we aňly jemgyýete peýdaly bolmaly. Taryhyň bilimde agdyklyk edýän dünýäde höküm sürýändigine kitaplar şaýatdyr. Kitap bilim, bilim durmuşdyr. Kislorod öýkenimiz üçin näçe möhüm bolşy ýaly, kitaplaram adam durmuşyna şoça möhümdir. Beýniniň habarsyz goýmak hasam agyrylary köpeltmekdir. Kislorodsyz galan adam gysga wagtyň içinde ölýär. Şeýle hem, okamak maksat däl-de, okan zatlarmyzy ýatda saklamak we öwrenmek möhüm serişde bolmaly. Okamak bilen bilim almaly we peýdaly zatlary öwrenmeli. Okaýan tekstlerimiz şu güne ýagtylyk bermeli. Kitapdan öwrenýän maglumatlarmyzy ulanmaly, durmuşymyzda we jemgyýetde peýdaly ulanmagy başarmalydyrys. Elmydama okaýan, özüni kämilleşdirýän we okan zatlaryny ulanyp, jemgyýetimize we halkymyza peýdaly bolmaga umyt edýäris…

Ähliňize okuwlaryňyzda, işleriňizde diňe üstünlik gazanmagyňyzy arzuw edýärin!

Zeýnep Geldimyradowa,

Seljuk uniwersitetiniň talyby.

IŇ TÄZE HABARLAR

Onlaýn Söwdanyň Türkmenistan nusgasy

Türkmenistanda onlaýn söwdanyň ösüşi barada Agageldi Italmazowyň “Türkmenistan” gazetinde neşir edilen “Onlaýn söwda: gapyda kabul ediň!” atly makalasynda mysallar bilen görkezilýär. Bu gyzykly we...

Türkmenistandan Owganystana lukmançylyk kömegi

Türkmenistandan goňşy Owganystan Yslam Respublikasyna polimeraz zynjyrynyň reaksiýasy (Real-time PCR) üçin lukmançylyk enjamlarynyň toplumlaryny ynsanperwer kömegi hökmünde berilýär. Munyň bilen baglanşykly Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga...

Täze Sahypa “Täleýnama”: Ýyldyzlar näme diýýär?

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com saýty okyjylaryna has gyzykly we peýdaly habarlary, şeýle-de seljermeleri ýetirmek maksady bilen täze sahypalar açmaga dowam edýär. Ýakynda Size...

Çaga Robot Däldir

Arada men işim çykyp, obamyzdaky (Çagyl obasy) öýleriň biriniň gapysyndan gözledim. Görsem, är-aýal ikisem öýlerinde jem bolup oturan eken. Öý eýeleriniň göwünjeň mürähet etmekleri...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Germaniýadan hoş habar

Germaniýanyň birnäçe instituty «Covid-19» pandemiýasy üçin sanjymynyň gözleginde ençeme işler alyp barýarlar. Ynha şolaryň biri-de Germaniýanyň Paul-Erlih institutydyr. Institutyň direktory Çiçutek alyp barýan işleriniň...

114 ýyl gijegen ötünç

Nýu-Ýorkyň haýwanat bagy geçen asyryň başynda bolup geçen bir ýakymsyz waka üçin 114 ýyldan soňra ötünç sorady. «AR» neşiriniň ýazmagyna görä, 1906-njy ýylda afrikaly Ota...

Onlaýn Sergi Ata Watanymyz barada maglumat berýär

Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň Şanly 25 ýyllygyna bagyşlanan onlaýn sergi hereket edip başlady. https://neutrality.gov.tm/online-exhibition/ salgysyndan onlaýn zyýaratçylaryny kabul edýän sergi birnäçe onlaýn pawilýonlardan ybarat. Onlaýn...

TMCELL-de täzelik: wideo jaň

Türkmenistanyň mobil aragatnaşyk operatory bolan «Altyn asyr» öz hyzmatlarynyň hataryna wideo jaňlary hem goşdy. Bu barada TMCELL resmi saýtynda hem habar berdi. Wideo jaňdan peýdalanmak üçin...