8.9 C
Istanbul
05/08/2020 7:37
Home ATAWATAN ESERLERİ Kitap – ummansyz hazyna

Kitap – ummansyz hazyna

Kitap bu näme­­? Kitap bu ummansyz bir hazynadyr, ol adam döredijiliginiň syrydyr. Kitaplar durmuşymyzda mugallym, ýolbelet, we dost hökmünde möhüm rol oýnaýar. Kitapsyz durmuşy göz öňüne getirmek hem mümkin däl, olar durmuş gollanmasydyr. Kitaplar biziň derdimizi paýlaşýar, geljege ynam bilen ýolbaşçylyk edýär. Kitaplar okuwçylaryň we her kimiň aňynda döredijiligi we aýdyňlygy öwrenýär. Olar mugallymlar üçin okuw gurallarydyr. Her gün kitap okamak suwa düşmek ýaly möhümdir. Olaryň kömegi bilen biz geçmişimizi, şu günümizi we geljegimizi öwrenýäris. Kitap okaýarka has gowy geljegi döredip we göz öňüne getirip bileris. Kitaplaryň kömegi bilen häzirki millionlarça meseläni çözüp bileris. Kitaplar durmuşdaky ünsümizi artdyrýar. Kitap okaýarka durmuşymyza we kärdäki maksatlarymyza üns berýäris. Öwreneniňizde az pikir edýärsiňiz we has köp alýarsyňyz. Beýniňiz täze sözlerin we ynançlaryň üstünde işläp başlaýar. Haçanda gaharly, aljyraňňy we stres duýsaňyz, goşgy, oçerkler, ylham beriji kitaplary açyp okaň.  Çünki olar siziň beýniňizi rahatlandyrýar we az wagtlygyna hem bolsa siziň kynçylyklaryňyzy ýatdan çykarmaga kömek edip, sizi has başga bir dünýä göz ýetirmäge ýardam berýär. Öň hem belläp geçişim ýaly, kitaplar durmuşymyzda möhüm rol oýnaýar. “Kitap açanyňyzda täze bir dünýä açarsyňyz” diýýärler we kitaplar adamzat üçin gutulgysyz bolansoň, her kim bu söz bilen razy bolar diýip pikir edýärin. Adamlaryň köpüsi üçin kitaplar gündelik durmuşynyň bir bölegidir. Ol hiç wagt senden uzaklaşmajak iň gowy dost ýalydyr. Kitaplar bilim, bagtly durmuş, durmuş sapaklary, söýgi, gorky, doga we peýdaly maslahatlar bilen baý. Kitaplar bu ýerde ençeme asyr bäri bar we olar bolmasa geçmişimizi, ata-babalarymyzy, medeniýetlerimizi we siwilizasiýalarymyzy bilmek mümkin däl.

23-nji aprelde dünýä Bütindünýa kitap gününi belleýär. Bu gün awtorlaryň, suratkeşleriň, kitaplaryň we iň esasysy okamagyň baýramçylygydyr. Bütindünýä kitap gününiň esasy maksady çagalary kitaplaryň we okamagyň lezzetlerine höweslendirmekdir. Bu aýratyn senäni saýlamagyň sebäbi gyzykly. 23-nji aprel dünýä edebiýaty üçin simwoliki senedir, sebäbi bu William Şekspir, Migel de Serwantes, Wordswort we başgalar ýaly köp beýik ýazyjylar we şahyrlar üçin ölüm senesi.

Meniň pikirimçe, boş wagtyňda kitap okamak iň peýdaly zatdyr we köp adamyň razy boljakdygyna ynanýaryn. Kitap okamagyň birnäçe möhüm sebäpleri bardyr. Olar:

Özüňi täze bir zat bilen tanyşdyrmak üçin: okamak arkaly özüňizi täze zatlara, täze maglumatlara, täze pikirlere, meseläni çözmegiň täze ýollaryna we bir maksada ýetmegiň täze usullaryna sezewar edýärsiňiz. Gözleg okamakdan we düşünmekden başlanýar.

Bilimiňi ösdürmek üçin: okamak dünýä has köp düşünmäge kömek edýär. Munuň üsti bilen sizi gyzyklandyrýan mowzukda has gowy düşünip başlaýarsyňyz. Öz bilimiňi ösdürmek okamakdan başlaýar, okamak arkaly gowy düşünersiňiz we geljekde has gowy kararlar alarsyňyz.

Dünýägaraýşyňyzy giňeltmek üçin: kitap okamak bilen siz başga bir ýurtlara, döwürlere, başga bir dünýä syýahat edip şol ýerleriň däp-dessurlaryna, medeniýetlerine, ynançlaryna we şol döwürlerde ýaşap geçen adamlaryň pikirlerine, dünýägaraýyşlaryna göz ýetirersiňiz. Umuman aýdylanda siz kitaplaryň üsti bilen köp zatlary öwrenip, öz dünýägaraýşyňyzy giňeldýärsiňiz.

Stresi azaltmak üçin: okamak sizi gündelik streslerden daşlaşdyrýar we yürek urşuňyzy peseltmek we myşsalaraňyzdaky dartgynlygy ýeňilleşdirmek arkaly bedeniňizi rahatlandyryp biler. “Sýusseks” uniwersitetinde 2009-njy ýylda geçirilen gözleg okamagyň stresi 68%-e çeli azaldyp biljekdigini ýüze çykardy. Aýdym – saz diňlemek ýa-da gyzgyn çaý içmek ýaly beýleki dynç-alyş usullaryndan has gowy we çalt işleýär. Sebäbi aňyňyz gündelik durmuşyňyzy agyrlaşdyrýan streslerden azat edilip edebi dünýäsine çagyrylýar.

Ýatkeşligiňizi ösdürmek üçin: haçan-da siz kitap okanyňyzda şol kitapda bolup geçýän wakalary, kitapda suratlandyrylýan daş-töweregi, gahrymanlary, olaryň egin – eşiklerini, aralarynda bolup söhbetdeşlikleri ýatda saklajak bolýarsyňyz we bu hem siziň ýatkeşligiňizi ösdürmäge uly ýardam berýär.

Ata – babalarymyzyň, şahyrlarymyzyň we ýazyjylarymyzyň kitap hakynda aýdyp geçen birnäçe danalary bardyr. Olar : “Kitapsyz öý ýüreksiz beden ýalydyr”, “Gowy kitap ynsana jan berýän gandyr”, “Dünýäni dolandyrýan galam, syýa we kagyzdyr”, “Umyt bilen açylyp, peýda bilen ýapylan kitap gowy kitapdyr”, “Ýurduňyzy täzeläniňizden soňra unudylmak islemeýän bolsaňyz, ýa okamaga degjek eser ýazyň ya-da ýazylmaga mynasyp işler başaryň”,  “Kitaplar beýniniň çagalarydyr”, “ Okap dünýämizi, taryhymyzy we özümizi açýarys”, “Kitap ruhuň dermanydyr”, “ Bilimli adamlar dertleriniň çäresini kitaplardan tapýarlar”, “Kitap tekjesi-şu günüň hakyky uniwersitetidir”, “ Milletleri özgerdýän we beýgeldýän zat kitaplardyr”, “Kitap ýeke-täk ölümsizlikdir”, “Kitaplar medeniýetlilige serkerdelik edýän yşyklardyr”. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň  “Paýhas çeşmesi ” atly kitabynda kitap hakynda birnäçe nakyllar aýdylyp geçilýär. Olaryň birnäçesi şulardan ybarat: “Okamadyk öküner, dili gysgadyr, sakynar”, “Kitap okamaýan bir dili biler, kitap okaýan kän dili biler”, “Kitap geçeni, geljegi öwredýän dana’, “Kitap bilen söhbetdeş bolsaň ýüregiň gysmaz”, “Kitap okaýanyň ruhy baý”, “Kitaby magşuk saý, özüňi- aşyk”, “ Kitap ene-ataň ýaly terbiýeçidir”, “Bilmeýän zadyňy kitapdan sora”, “Işiň ussasy – okamak”, “Kitap okamaýan görýänini görer, kitap okaýan dünýäni görer”.

Mundan başga-da kitaplar barada birnäçe gyzykly maglumatlar hem bar. Mysal üçin: dünýädäki iň kiçijik kitap bu hemmämize mälim bolan Anton Çehowyň “Hameleon” kitabydyr. Ol 1996-njy ýylda döredilip 11 setirden ybarat 30 sahypalyk kitapdyr. Onuň ululygy 0.9×0.9 mm bolup bu kitapda 3 sany reňkli surat hem ýerleşdirilipdir. Kitaplaryň arasynda äpet ululylary hem bar. Ýagny 1976-njy ýylda çap edilen “ Super kitabyň” uzynlygy 2.74-den 3.07 metr, 300 sahypaly, agramy 252.6 kg. Ýöne 2004-nji ýylda onuň orny “ Çagajyklaryň dünýädäki iň uly kitaby” bilen çalşyrylýar. Onuň uzynlygy 6 metr, ini 3 metr bolup, agramy 492 kg. Leonardo da Winçiniň “ Suwuň, Ýeriň we asmanyň ylalaşygy” atly 18 sahypadan ybarat kitaby pergamenta ýazylypdyr. Kitabyň harplary aýna şöhlelendirilmesinde ýazylyp, ol diňe aýnanyň kömegi bilen okalypdyr.

Milli Liderimiz kitabyň türkmen halky üçin gymmatyny beýan edip, «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly ikinji kitabynda  şeýle setirleri beýan edýär: «Biziň halkymyza ylma yhlaslylyk we kitaplara bolan söýgi mydama-da mahsus bolupdyr. Halk nesilden-nesle geçip gelýän kitaplary gözüniň göreji ýaly gorap saklapdyr. Biziň ata-babalarymyz hatda iň bir çykgynsyz ýagdaýlarda hem kitaplary iň bir gymmatly zat hökmünde duşmanlardan gizläpdirler.»

Türkmen halkynyň milli ýörelgesini döwrebap ösdürýän hormatly Prezidentimiz kitaphana işini ýola goýmak üçin uly tagallalar edýär. Diňe bir paýtagtymyzda däl, welaýat merkezlerinde döwrebap kitaphanalar gurlup ulanylmaga berilýär. Kitaphanalar — ylmyň we medeniýetiň merkezidir. Häzirki döwürde kitapsyz milletiň ylmyndan we medeniýetinden söz etmek juda kyndyr. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly ikinji kitabynda beýan edişi ýaly: «Kitap ylmyň miwesi, medeniýetiň gülüdir. Kitaplar köp neşir edilse, ylym hem güllär, medeniýetem. Ylym güllese, taryhymyz güllär, tutuş adamzadyň ykballary, şu günümiz, geljegimiz gülzarlyga öwrüler.»

Hormatly Arkadagymyz taryhymyzy we medeniýetimizi öwrenmek meselesine çuňňur garaýar we köpsanly eserlerini türkmen halkyna peşgeş berýär. Türkmen atalar sözünde beýan edilişi ýaly: «Kitap — adam paýhasynyň maddylaşmagydyr.» Hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyjy boýunça neşir edilýän kitaplaryň her biri türkmeniň ruhy dünýasini özünde jemleýär. Kitaplaryň many-mazmuny, çeper pelsepewi pikirleri türkmen halkynda uly gyzyklanma döredýär. Şonuň üçin hem bu kitaplar amala aşyryljak ylmy açyşlaryň gözbaşydyr. Kitabyň ynsan üçin ähmiýeti barada orta asyrlarda meşhur şahyry Reýhan Horezmi «Mertebeler we kemlikler» atly eserinde şeýle ýazypdyr: «Dünýäde atyň üstünden oňat tagt ýok, kitapdan gowy dost ýok».

Gülnaz Kadyrowa, Bahçeşehir uniwersitetiniň talyby.

IŇ TÄZE HABARLAR

Türkiye ve Türkmenistan arasında Tercüme Köprüsü

Türkmenistan ve Türkiye arasında tercüme köprüsü görevini üstlenen, Türkmence, Türkçe, İngilizce, Rusça ve Özbekçe tercüme işlerini kısa sürede ve kaliteli yapan Atavatan Tercüme Bürosu...

Turkmen-British cooperation is being strengthened

On July 23, 2020, a telephone conversation was held between the Minister of Foreign Affairs of Turkmenistan Rashid Meredov and the Parliamentary Under Secretary...

Telephone conversation between Turkmenistan and the UAE

On July 22, 2020, a telephone conversation was held between the Deputy Chairman of the Cabinet of Ministers, Minister of Foreign Affairs of Turkmenistan...

Turkmenistan and Bahrain strengthen cooperation

On July 22, 2020, meeting of the B.Matiyeev Deputy Minister of Foreign Affairs of Turkmenistan with the Deputy Foreign Minister of the Kingdom of...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN