8.9 C
Istanbul
05/08/2020 7:30
Home ATAWATAN ESERLERİ Kitapdyr ynsanyň baky hemrasy...

Kitapdyr ynsanyň baky hemrasy…

Kitap – iň ýakyn dostum, özara gatnaşykda hilelige, ikiýüzlilige, ýasamalyga ýol bermejek ömür çelgim. Durmuşda ynsan kalbyna täsir etmekde çuňňur manyly sözden ähmiýetli zat ýok bolsa gerek. Ýagşy sözler, süýji jümleler, pähimler her bir adamyň göwnüni göterýär, ýüregini giňeldýär, haýyrly işlere höwes döredýär, durmuş meselelerine aýdyň çözgüt we çykalga tapyp berýär. Çuňňur mazmunly kitaplar, ajaýyp eserler ynsan üçin uly tapylgysyz sowgatdyr. Ynsan ruhuny gandyrmakda kitap akyl hazynasy, söz mülküniň genji, ygtybarly taryhy maglumatlaryň hem çeşmesidir. Kitabyň peýdasyny dile almazdan öňürti beýik söz ussatlarynyň, meşhur şahsyýetleriň durmuşynda nähili ornunyň bardygyny seljersek ýerlikli bolarmyka diýýärin. Özümiň käwagtjyklar bellik edýän gündeligimde kitap okamak barada şu setirlere gabat geldim:

… Jahanda kitap dek mährem dost bolmaz (Magtymguly)

***

Çagaňa kitabyň peýdasyny öwretme, ilki bilen okamagyň nämedigini öwret, goý, ol endik etsin. ( Rus şahyry M.W.Lomonosow)

***

Külli işiň beýany, Kurandadyr Kuranda… (Magtymguly)

***

Jennet- nirededir bir ýerde günüň 24 sagadynda, hepdäniň 7 gününde işleýän kitaphananyň bar ýerinde. …ýok, ýalňyşdym 8 güni. ( Kanadaly ýazyjy- žurnalist Alan Bredli)

***

Eger näme ederiňi bilmeseň, kitaphana bar (Britan ýazyjy zenany J.K.Rowlig “Garri Potter we gizlin otag” eserinden)

***

Kitapsyz geçen gün – çöreksiz iýlen nahar. Kitapsyz öý – Gün şöhlesi düşmedik bulaşyk howa. Kitapsyz pikirlenmek – ganatsyz guşuň uçmaga meýil etmegidir. (XV asyr kitaphanalarynyň gapysyndaky ýazgylaryndan)

***

Okamak – ýagtylyk, okamazlyk bolsa, ahyry görünmeýän tümlükdir. (Gruzin ýazyjysy E.Krobkiý) *** Kitap- akylyň perzentleridir. (Irland ýazyjysy Jonatan Swift)

*** Kitap okamagy bes etmek – pikirlenmegi bes etmekdir. (Fransuz ýazyjysy D.Didro)

***

Bizden öňki we häzirki zaman edebiýatda yz goýan meşhurlaryň kitaba sarpasy barada “deňizden bir damja suw” mysal getirdik. Kitap- islendik ýaşdaky okyjyny özüne imrindirip biljek güýç. Kitabyň ylmy-psihologik tarapdan aňy ösdürijilik, ýatkeşligi kämilleşdirmek ýaly, durmuşy jähtden bolsa, jemgyýetçilik sferasynda ornuňy tapmaga kömek bermek ýaly käbir peýdaly taraplarynyň bardygyny aýratyn nygtamasak-da, öz-özünden düşnüklimikä diýýärin. Özümde kitaba bolan söýginiň döreýşi gürrüňsiz ejem bilen bagly. Çagalar bagynda enem terbiýeçi bolup işleýändigi üçinmi ýa-da agtygyna bolan has-da mähirliligi, dözmezligi sebäpli doly gatnamandym (Ýogsam, eýýäm çagalar bagyna gatnalýan döwürde çagalara ilkinji sowat öwredilýär, harplary ýazmaga elleri türgenleşdirilip başlanýar, ahyry!). Baraýsamam, enemiň seredýän toparyna baryp, ýanynda uzakly günümi geçirýärdim. Diňe mekdebe gadam basansoň, kitap diýlen gymmatlyga düşünip başladym. Kitap okamagyň peýdalaryny özüm bilen bagly şeýle kesgitläsim gelýär:

  1. Harplyk kitap – ilkinji elime alan kitabym. Harplary, sözleri, kiçijek goşgulary öwrendim. Häzirki güne çenli içindäki suratlaram ýadymda. Meniň (aslynda, her bir ynsanyň) ýatkeşligimi berkiden iň ähmiýetli kitap diýsem ýalňyşmaryn.
  2. Ene dili dersinden okuw kitaplary – 1-5- nji synplarda türkmen edebiýatynda öçmez yz goýan ýazyjy-şahyrlaryň eserleri bilen tanyşdyrýan kitap. Mundan öňki harplykdan harplary goşup, sözleri ýasamagy öwrenipdim. Indi durmuşda, daşymyzy gurşap alýan jemgyýetde gözüm bilen görüp ýörenem bolsam, kän üns bermeýän zatlaryma çeper sözüň üsti bilen düşünip başladym. Şol synplaryň birinde “Ene dili” sapagynda iň gowy görüp ýat tutan goşgum Gurban Çöliýewiň “Meniň gapjyk tapyşym” goşgusydy. Mugallym goşgyny okap başlanda hakykatdanam kiçi ýaşly oglanjygyň edýän pikirlerini öz kellämde-de aýlapdym. “Eger men pully gapjyk tapan bolsam näme ederdim?!” Goşguda sanalýan zatlaryň ählisem maňa-da gerek ýaly: futbol topy, gawun dilmek üçin çakgy, gyşda geýmek üçin telpek, ýazda geýmek üçin çepek… Ýöne… şu setire ýetende öz pikirlerime utandym, hamala, synpdaşlarymdan biri eşdäýmesin gorkusy bilen gapdalyma-da Ine, maňa şeýle täsir eden setirler:

…Ýöne iliň puluna Nädip alaýyn diýdim. Kim ýitirdi sesleniň, Içi doly pul gapjyk. Sag bol alsam bes maňa Eltip berjek ylgapjyk. Aňymda möhürlenen setirler. Maňa ejem şu güne çenli halal ýaşamagy, kişiniň zadyna göz gyzdyrmazlygy gaýtalap-gaýtalap aýdanam bolsa, şu goşgynyň täsiri has-da üýtgeşik bolupdy. Onsoň nädip kitaby söýmejek?! Çeper sözüň üsti bilen aňymyza täsir edip, durmuş mekdebi bolup hyzmat edýän zat kitaplar dälmi, eýsem?! Men ýekeje goşgynyň mysalynda aýtdym. Haýsy kitabyň gatlaryny agtarsak, bular ýaly temalaryň onlarçasy ýok, ýok, ýüzlerçesi gozgalýar. Halallyk, adamkärçilik, ata-enäni hormatlamak, il-ýurda sylag, Watana söýgi… ählisini ilki bilen-ä, maşgala mekdebinden, soňra “Kitap” atly “bilim deňzinden gulaçlap ýüzmek” arkaly öwrenýäris. Mekdepde geçilýän her sapagyň täsiri başgaça. Hersiniň öz öwrenýän meselesi, tapawutly taraplary ýetik. Olaryň hemmesem öz ýerinde zerur. Adamyň howasyz dem alyp bilmeýşi ýaly, kitapsyz pikirlenip bilmejegine şek-şübhe ýok. Bilim almak, kitap okamak, ylym-bilimiň gazananlary bilen yzygider tanyşmak üçin ýurdumyzda mümkinçilikler ýeterlik. Kitabyň ylmy-amaly ähmiýeti – özümizden öňki ýaşap geçen akyldarlaryň, ussatlaryň ylmy dünýägaraýyşlaryny bize miras geçirmek; psihologik ähmiýeti – ýaş aýratynlygyna laýyklykda durmuşa akyl ýetirmek, psihikanyň, gylyk-häsiýetiň pozitiw kemala gelmegini şertlendirmek, bolup geçýän wakalary aňda şöhlelendirmek; sosial-medeni ähmiýeti – Ýer togalagynda dowam edýän syýasy-sosial we medeni ýagdaýlary düşündirmek, olara akylly-başly çemeleşmegi öwretmek; durmuşy ähmiýeti bolsa, her bir şaýat bolýan wakalarymyza özbaşdak jogap reaksiýasyny berip bilmek, özümizden öňki ýaşap geçen ata-babalarymyzyň ornuna mynasyp nesil bolup ýetişmek we şolar ýaly nesilleri ýetişdirmekden ybaratdyr. Häzirki wagtda ylym alýan ojagym Dumlupynar uniwersitetinde okaýan her bir kitabym türki döwletleriň taryhy, esaslandyran döwletleriniň dolandyryş aýratynlyklary, halklaryň arasyndaky syýasy-sosial meseleleriň çözülişi bilen bagly meseleleri öwredýär. Kitaplardaky taryhy seneler, anyk faktlar meniň takyk pikir ýöretmegime, sanlar arkaly ýatkeşligimiň has-da berkemegine öz oňyn peýdasyny ýetirýär. Bu günki d]wrebao jemgyýetimizde iň köp ýaýran ýene-de bir görnüş – elektron kitaplardyr. Internet mümkinçiligi, ösen tehnologiýalar, halkara 4G optiki ulgamy – ählisi ynsanyýetiň akyl başarnygynyň kämilligi bilen döredilen intellektual baýlyk. Elektron kitaplary okamagyň peýdaly taraplary hökmünde şulary sanamak bolar: 1. Wagt tygşytlylygy. Ömrüň her minudy gyzylyň gyryndysy. Gerekli kitaby ýörite baryp almak işini ýeňilleşdirýär. Öýde, işde, okuwda tapawudy ýok, nirede bolsagam, oturan ýerimizde internetiň üsti bilen kitaplary okamak, satyn almak elýeterli. 2. Ýaşlara elektronikadan oňyn peýdalanmagy öwretmek – häzirki günde ýaşlaryň arasynda ýoň bolan telefony ýerlikli ulanmak meselesi öz-özünden çözülýär. Ýene-de bellemeli zat, kitaplar hemişe ýan jübüsinde saklanýar, islendik pursaty boş geçirmezlik üçin (awtobusda, metroda, dükanda nobata duran wagtyňda…) peýdaly. 3. Dünýä standartyny ornaşdyrmak – elektron kitaplaryň ulanylmagy ösüp gelýän ýaş nesliň dünýäniň öňdebaryjy tejribelerine laýyk ýokary intellektli, innowasion tehnologiýalardan peýdalanyp bilýän ynsanlar bolup ýetişmekligimiz üçin zerurlykdyr. Geçen asyryň ahyryndaky (1980 ý-1990 ý) nesiller bilen häzirki nesilleri deňeşdirenimizde (2000 ý-2020 ý) IQ görkezijisiniň ýokarlanýandygy göze görnüp duran hakykat. Ýokary okuw jaýynda okamak islegi bilen Türkiýe döwletine gelenime 2 ýyldan gowrak wagt geçdi. Gelenim bäri göz ýetiren anyk bir faktymy aýdasym gelýär: halk okamagy çäksiz söýýän eken. Gelen ýylym (2018 ý-2019 ý) dil kursuny geçenimde kitaphanalara barýan adamlaryň sany gün-günden köpelmese azalanokdy. Geň göräýmeli zat, 3 ýaşlyja çagalar ene-atasy bilen okyjylar zalynda suratlyja kitap sahypalaryny agtaryp otyrlar. Diýmek, kitaba söýgi ozaldan ganyna siňen bu halk okamaga has irräkden başlaýan bolmaly. Ýokary okuwyň gapysyndan talyp bolup gadam basan günümden bäri kitabyň ähmiýetine has-da düşünip gelýärin. Makalamyň soňuny “Kitap okamagyň peýdalarynyň” gysgaça sanawy bilen jemlemek isleýärin:

  1. Kitap – ýol görkeziji durmuş mekdebi.
  2. Islendik jogabyny tapyp bilmeýän meselelerimiz kitap bilen çözüp bileris.
  3. Kitap okamak- daş-töweregiňdäki adamlardan tapawutly estetik pikirlenmäge itergi berýär.
  4. Kitap stresden alyp çykýar. Okamak ýüregi şatlandyrýar, göwnüçökgünligi aradan aýyrýar.
  5. Kitap okaýan wagtyň hemişe gowy adamlaryň arasynda bolasyň gelýär. Wagtyňy haýyrly zatlara sarp edýärsiň.
  6. Adamlaryň bir-biri bilen aragatnaşygyny sazlaýar. Okan kitaplaryndaky ýagdaýlary öz durmuşynda synap görüp, netije çykarýan adam bagtlydyr.
  7. Kitap okaýan adamyň söz baýlygy giň bolýar, akyly ösýär, zehini joşýar, pikiri durlanýar.
  8. Kitaby köp okasaň, ylym almagyň we durmuşa düşünmegiň ýollaryny tapyp bolýar.
  9. Sözüň manysyna çuňňur düşünmäge, öwrenilen zatlary pugta ýatda saklamaga, aýdylýan zadyň maksadyny aňmaga we pynhan hikmetleriň syryny bilmäge kömek edýär. Bu ýazanlarymyň ählijesi hem öz garaýşym, öz pikirim. Tankydy göz bilen garap “döwseňizem”, tersine, “öwseňizem” sizden minnetdar bolaryn. Çünki, şu makala öz pikirimi ýazga geçirmek üçin eden ilkinji synanyşygym.

Geldimyrat ATAÝEW, Dumlupynar uniwersitetiniň talyby.

IŇ TÄZE HABARLAR

Türkiye ve Türkmenistan arasında Tercüme Köprüsü

Türkmenistan ve Türkiye arasında tercüme köprüsü görevini üstlenen, Türkmence, Türkçe, İngilizce, Rusça ve Özbekçe tercüme işlerini kısa sürede ve kaliteli yapan Atavatan Tercüme Bürosu...

Turkmen-British cooperation is being strengthened

On July 23, 2020, a telephone conversation was held between the Minister of Foreign Affairs of Turkmenistan Rashid Meredov and the Parliamentary Under Secretary...

Telephone conversation between Turkmenistan and the UAE

On July 22, 2020, a telephone conversation was held between the Deputy Chairman of the Cabinet of Ministers, Minister of Foreign Affairs of Turkmenistan...

Turkmenistan and Bahrain strengthen cooperation

On July 22, 2020, meeting of the B.Matiyeev Deputy Minister of Foreign Affairs of Turkmenistan with the Deputy Foreign Minister of the Kingdom of...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN