8.2 C
İstanbul
13/08/2020 14:53
Ana Sayfa ATAWATAN ESERLERİ Kitap okamagyň peýdalary

Kitap okamagyň peýdalary

Kitap okamak adamy diňe bir gerekli maglumatlar bilen üpjün etmän, eýsem adamyň içki dünýäsini baýlaşdyrýar.

Biz – ynsanlar, bedenimiz üçin gerek bolan witaminlere baý ir-iýmişleri iýýän bolsak, edil şonuň ýaly gowy kitaplary okamak arkaly ruhy dünýämizi hem iýmitlendirmelidiris.

Dünýäde ykrar edilen Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, “Türkmen halkynyň kitaba goýýan hormaty öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Häzirki türkmen jemgyýetinde, ýaş nesilleriň ruhy taýdan terbiýelenmeginde we döwrebap dünýägaraýyşlaryň kemala gelmeginde kitap möhüm orny eýeleýär”.

Kitap okamak adamyň dünýägaraýşyny giňeldip, şahsyýetiň kämil bolmagy üçin aýratyn ähmiýete eýedir. Kitap okamagyň berýän oňyn netijeleri juda köp bolup, olaryň käbirleri şulardan ybarat:

  1. Ýatkeşligiňi artdyrýar. Adaty ýagdaýda kitap okamak beýniniň hemişe işjeň bolmagyna getirýär, ýatkeşligiňi artdyrýar.
  2. Pikirlenmegiňi kuwwatlandyrýar. Kitap okamak maglumatlaryň we hadysalaryň dowamyny, netijesini öňünden oýlanmak, utgaşdyrmak, seljermek we pikirlenmek ukybyňy ösdürýär.
  3. Dartgynlylykdan halas edýär. Haýsy hünärde zähmet çekýän bolsaň hem gyzykly kitap dartgynly pursatlardan halas edýär. Geçirilen ylmy-barlaglar kitap okamagyň gan aýlanyşyňy we ýürek urşuňy kadalaşdyrýandygyny we rahatlandyrýandygyny subut etdi.
  4. Ünsüňi bir ýere jemleýär. Kitap okanyňda ünsüňi jemlemegiň ýeke-täk ýoly maglumat bilen aňyň utgaşmasyny gazanmakdyr. Bu adamy daşky dünýäden üzňeleşdirýär, munuň yzygiderli gaýtalanmagy bolsa adama ünsüňi jemlemek endigini gazandyrýar.
  5. Ynamly, ugurtapyjy hem-de abraýly edýär. Ynam synmaz güýçdir. Dowamly kitap okamak adama täze maglumatlary tapmaga, hadysalaryň görünmeýän taraplaryny aýdyňlaşdyrmaga, durmuşda duş geläýjek meselelerde ugurtapyjy häsiýetde hereket etmäge gönükdirýär.
  6. Söz baýlygyňy we dilewarlygyňy baýlaşdyrýar. Näçe köp kitap okasaň, şonça-da söz baýlygyň artýar. Söz baýlygy adamyň dilewarlyk ukybyny kämilleşdirip, meseläni anyk, takyk, gysga, manyly beýan etmäge, gürrüňdeşini ýadatman geplemäge, düşündirmäge ýardam edýär.
  7. Ýazuw-beýan ediş kadalaryňy berkidýär. Okalýan her bir kitabyň aýratyn beýan ediliş usuly bardyr. Birnäçe kitapdaky beýan ediliş usullary adama edebi ýazuw kadalaryny öwredýär. Sözlemlerde sözleriň nähili ulanylmalydygyny, meseläniň iň gysga we jaýdar sözler bilen nähili beýan edilmelidigini öwrenmegiňe getirýär.
  8. Dynç we lezzet berýär. Kitaphanalara gidip ýa-da elektron kitaplary okamak bilen her bir adam köp maglumatyň eýesi bolup biler. Öwrenilenler adama dynç berer, rahatlandyrar. Boş wagtlaryňy bisarpa geçirmän, okamak duýgusy durmuşyňa lezzet goşar.
  9. Durmuşda adamyň wepaly dosty bolýar. Ürç edip okaýan zatlaryň adamyň ýadynda galyp, asla terk etmez, utgaşdyran tejribäň wepaly dostuň bolýar.

Häzirki wagtda okamak, telewizora tomaşa etmek, radio diňlemek we internetden peýdalanmak, şeýle hem surata seretmek arkaly täze zatlary öwrenýäris. Emma, esasan, okamak arkaly öwrenilýär. Näçe köp okalsa, şonça-da köp zat öwrenilýär. Eýsem, has çalt okap, has köp zat öwrenmek mümkinmikä ?! Ilki bilen, köp okamak däl-de, okan zadyňa düşünmegiň öwrenmek üçin peýdalydygyny unutmalyň !

Çalt okamak barada geçirilen barlaglaryň netijesinde, okamagyň göz bilen beýniniň arasyndaky gatnaşyk bilen bolup geçýändigi mälim edildi. Bu gatnaşyga başga zatlar goşulanda bolsa, okamak tizligi peselýär. Mysal üçin, sesli okamak beýni bilen gözüň arasyndaky gatnaşygyň tizligini peseldýär. Ýagny, sesli okamak hem okamak tizligini peseldýär. Edil şolar ýaly, dodagyňy gymyldadyp okamak hem şeýle netije berýär. Eger okyjy çalt okamak isleýän bolsa, onda diňe gözi bilen okamaga synanyşmaly !

Käbir adam has gowy düşünerin diýen pikir bilen haýal we batly ses bilen okaýar. Islendik tekstiň çalt okalmagy, oňa düşünilmegi gijikdirmeýär ýa-da haýallatmaýar. Şol sebäpli, mümkingadar çalt okamaga synanyşmaly ! Ilkibaşda düşünmeýändirin öýdülse hem, gysga wagtdan okyjy okan zadyna düşünýändigine göz ýetirer.

Okamagyň tizligini peseldýän ýene bir zat ünsi şol bir söze gönükdirmekdir. Bir wagtda birnäçe sözi görüp biljek derejede teksti uzakdan okalsa, göz ýadamaz. Gözüň ýadamagy hem okamak tizligiňi peseldýär. Şol sebäpli, okalanda gözüňi ýadatmajak bolmaly ! Okalanda kitap bilen gözüň aralygyndaky uzaklygy sazlamak we yzygiderli okamak “maşky” ýerine ýetirilse, minutda 1000 sözi okap hem oňa düşünip bolar.

Bilermenler çalt okamagy öwrenmegiň iň aňsat ýolunyň yzygiderli “maşk etmekdigini” belleýärler. Okamagyň adama köp zat öwretjekdigi ikuçsuzdyr !

Çuňňur mazmunly kitaplar, ajaýyp eserler  ynsan üçin uly tapylgysyz sowgatdyr. Ynsan ruhuny gandyrmakda kitap akyl hazynasy, söz mülküniň genji, ygtybarly taryhy maglumatlaryň hem çeşmesidir. Kitaby söýmek, ylym-bilime sarpa goýmak ýörelgesi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen giňden dabaralanýar. Güneşli Diýarymyzda hem kitaphanalarymyz barha baýlaşýar, neşir işlerinde öňegidişlikler gazanylýar. Türkmen halkynyň milli ýörelgesini döwrebap ösdürýän Gahryman Arkadagymyz kitaphana işini ýola goýmak üçin uly tagallalar edýär. Diňe bir paýtagtymyzda däl, eýsem ähli welaýat merkezlerinde hem döwrebap, dünýä ülňülerine gabat gelýän kitaphanalar gurlup, ulanylmaga berilýär. Kitaphanalar – ylmyň we medeniýetiň merkezidir. Munuň özi halkymyzyň ruhy gymmatlygyna öwrülen kitaba bolan çäksiz hormatyň aýdyň nyşanydyr. Kitap geçmişiň, şu günüň     hem-de geljegiň aýnasydyr, paýhaslar ummanynyň gözbaşydyr.

Ýeri gelende aýtsak, alym Arkadagymyzyň kitaba bolan garaýşy eserlerinde hem beýanyny tapýar. Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” kitabynyň ikinjisi şu sözler bilen başlanýar: “Kitap dünýäni açýar. Aslynda, dünýä kitaba öwrülmek üçin ýaşaýar. Kitaplar asyrlaryň taryhyny, durmuşyny, ruhuny özüne siňdirýändigi bilen şöhratlanýar. Çünki kitap döwrüň waspçysy, paýhas ummany”. Adyl Arkadagymyz taryhymyzy we medeniýetimizi öwrenmek meselesine çuňňur garaýar we köpsanly eserlerini türkmen halkyna peşgeş berýär. Atalar sözünde beýan edilişi ýaly: “Kitap – adam paýhasynyň maddylaşmagydyr”. Milli Liderimiziň eserleri halkymyz we dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan gyzgyn goldaw bilen garşylanýar.

Kitap halklary we döwletleri birleşdirýän ruhy gymmatlyk bolup hem hyzmat edýär. Şonuň üçin ýurdumyzda her ýyl hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen “Kitap – hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly” atly neşir önümleriniň halkara kitap sergi-ýarmarkasy geçirilýär. Bu halkara foruma dünýäniň ençeme ýurdundan çaphana ugrunda işleýän kompaniýalar bilen bir hatarda alymlar hem-de edebiýatçylar gelýärler. Bu döredijilik forumy Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, ýurdumyzyň we dünýäniň çap önümleri senagatynyň üstünliklerini we gazananlaryny görkezmäge gönükdirilendir. Şeýle hem ol dünýäniň ähli halklarynyň toplan medeni we taryhy mirasynyň özara baýlaşdyrylmagy ugrunda giň halkara hyzmatdaşlygyny hem berkitmekde uly ähmiýete eýedir.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe neşirýat-çaphana ulgamy ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň iň möhüm ynsanperwer düzüminiň biridir. Milli Liderimiziň atalyk aladalary netijesinde, dünýäniň esasy önüm öndürijileriniň öňdebaryjy tehnologiýalaryny we enjamlaryny ornaşdyrmak ýurdumyzyň häzirki zaman neşirýat önümçiliginiň häsiýetli aýratynlygyna öwrüldi. 2015-nji ýylda Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Metbugat öýüniň täze toplumynyň işe girizilmegi bilen bu ulgam kuwwatly mümkinçilige eýe boldy.

Ýurdumyzda geçirilýän halkara kitap sergi-ýarmarkasy hem dünýäde uly meşhurlyga eýe bolýar. Oňa her ýylda dünýäniň dürli ýurtlaryndan abraýly neşirýatlaryň wekilleriniň işjeň gatnaşmagy hem muňa aýdyň subutnamadyr.

Ýurdumyzyň ähli künjeginde gurlup, ulanylmaga berilýän dünýä ülňülerine doly laýyk gelýän häzirki zaman kitaphanalar ilatyň, şol sanda ýaşlaryň kitap okamaga bolan höwesini artdyrmakda, gerekli kitaplar bilen üpjün etmekde, ynsanperwer, giň dünýägaraýyşly, kämil, zehinli hem-de ylymly-bilimli nesli kemala getirmekde möhüm orny eýeleýär.

Pursatdan peýdalanyp, biz – Ýaşlaryň şeýle eşretli zamanada okamaga, öwrenmäge, döretmäge, ýaşamaga döredip berýän mümkinçilikleri üçin Milli Liderimize ýürekden minnetdarlyk bildirýäris! Goý, Arkadag Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il we döwlet bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin!

 

 

Jemile GALPAKOWA,

19-njy maý uniwersitetiniň lukmançylyk fakultetiniň 3-nji ýyl talyby

IŇ TÄZE HABARLAR

Covid-19: Türkmenistan Afganistan’a insani yardım gönderdi

Türkmenistan, koronavirüs pandemisine karşı mücadele etmesi için Afganistan’a tıbbi ekipmandan oluşan insani yardım gönderdi. Bu yardım yapılması yönünde Türkmenistan  Devlet Başkanı ilgili kararname imzalamıştı. Kararname...

Türkmenistan Dışişleri Bakanı ile Afganistan Merkez Bankası Başkanı online görüştü

Türkmenistan Dışişleri Bakanı Raşid Meredov ile Afganistan Merkez Bankası Başkanı Ajmal Ahmadi arasında online bir görüşme gerçekleştirildi. Görüşmede, karşılıklı menfaat sağlayan tüm işbirliği alanları ele...

Orta Asya+Japonya Dışişleri Bakanları toplantısı yapıldı

Orta Asya + Japonya Diyaloğu Dışişleri Bakanları toplantısı video konferans ile gerçekleştirildi. Japonya Dışişleri Bakanlığı girişimiyle yapılan toplantıya, 5 Orta Asya ülkelerin Dışişleri Bakanları...

Türkmen Lider, ülkenin büyük şairini doğum günü ile tebrik etti

Türkmenistan Devlet Başkanı Sayın Gurbanguli Berdimuhamedov, Türkmenistan Kahramanı, Türkmenistan Uluslararası Magtymguly Ödülü sahibi,  Türkmenistan Halk Yazarı, şair Amangözel Şagulıyeva’nı 80.yaş günü ile tebrik etti. Türkmen...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Türkmenistan Gümrük Servisi elektronik belge sistemini başlattı

Bilgi teknolojilerinin şu anki gelişim aşamasında, elektronik belgeler ve elektronik belge yönetimine geçiş çok önemli hale geldi. Türkmenistan’da da bütün sektörlerde modern teknolojilerin kullanılması...

Türkmenistan ile Almanya işbirliği görüşüldü

Türkmenistan Dışişleri Bakanı Raşid Meredov ile Almanya Dışişleri Bakanlığı Devlet Bakanı Miguel Berger ile telefonda görüştü. İkili işbirliği gündeminde diplomatlar özellikle siyasi-diplomatik, ticari-ekonomik ve kültürel-insani...

Türkmenistan deterjan üretiminde güçleniyor

Türkmenistan’da özel sektörün üretim payının artmasıyla birlikte deterjan ve temizlik ürünlerinin üretiminde hızlı bir artış görüldü. Daha önce yurtdışından ithal edilmekte olan deterjan ve...

Türkmenistan’dan Hindistan’a taziye

Türkmenistan Devlet Başkanı Sayın Gurbanguli Berdimuhamedov, Hindistan Cumhurbaşkanı Ram Nath Kovind ve Başbakan Narendra Modi’ye uçak kazası nedeniyle taziye mesajını gönderdi. Türkmen Lider, Hindistan’ın...