8.9 C
Istanbul
05/08/2020 7:47
Home ATAWATAN ESERLERİ Kitap okamak – gymmatly hazyna

Kitap okamak – gymmatly hazyna

Adam üçin öwrenmegiň iň täsirli usuly okamakdyr. Kitap okamak arkaly adamlar bilimlerini we medeniýetini ösdürmäge mümkinçilik alýarlar. Kitap okamak durmuşyňyzdaky “boş wagt” düşünjesini aradan aýyrýar. Wagtyňyzy has gowy dolandyryp, durnukly ýaşaýyşa iterýär.

Häzirki wagtda bütin dünýä uly kesel bilen göreşýär. Birnäçe ýurtda adamlaryň köçelere çykmagy çäklendirildi. Bu bolsa adamlaryň öýlerine çekilip özleri bilen ikiçäk bolmagyna getirdi. Öýden çykman oturmak hiç kime ýaramasa gerek, sebäbi daşary çykman oturmak adamlary iç gysgynç ýagdaýa  we wagtymyzy nähili geçirsek diýen pikire getirýär. Öýden çykman oturmak arkaly adam belli bir derejede jemgyýetden uzak galýar we özüni ýalňyz duýmaga başlaýar. Adamyň içinde boşluk döreýär. Bu boşlugy doldurmagyň iň peýdaly ýoly kitap okamak bolsa gerek. Sebäbi kitaplar adamlaryň ýalňyzlygyny giderýär. İçiňizi gysdyrman, dynç almak üçin ajaýyp dostuňyz bolup hyzmat eder. Wagtyňyza many goşmakdan hoşal bolarsyňyz we bu güýç bilen has durnukly häsiýete eýe bolarsyňyz. İslendik ýerde kitap okap bilmek gowy zat. Kitap okamagy dowam etdirdigimizçe, syrlarymyzy olar bilen paýlaşýarys we kitaplaryň aýdýanlary bilen hyýal dünýäsine aralaşýarys. Kitaplar adamlara uly täsir edýär we okalýan her täze kitap adamlara gözýetimlerini giňeltmäge, umumy medeniýetiň derejesini ýokarlandyrmaga we adamlar bilen sagdyn aragatnaşyk saklamaga kömek edýär. Kitap okamak adamyň gymmatlygyna gymmatlyk goşýar. Pikirleri ösdürýär we dürli garaýyşlara mümkinçilik berýär. Kitap okanyňda durmuş has hem gözelleşýär.

Kitap okamagyň iň esasy peýdasy ol hem adamy özüni tanamaga mümkinçilik bermegidir. Okaýan adam haýsy ugurda üstünlige ýetip biljekdigini, haýsy ugur onuň häsiýetine kybap geljekdigini ýüze çykaryp biler. Adamyň kitapdan okan zatlary belli bir derejede onuň häsiýetine siňýär. Kitap okamak, wagtymyzy bilime we öwrenmäge aýyryp bize peýdaly bolmak bilen çäklenmän, eýsem boş işlerden we ýaltalykdan saklar. Tutuş dünýäni gezmäne mümkinçilik tapman bileris, emma kitap okamak arkaly bütin dünýäni gezen kimin bolup bileris. Hiç bir zat kitap okamagyň ýerini tutup bilmez.

Kitap okamak şol bir wagtyň özünde durmuşy okamakdyr. Kitap okamak, geçmişe göz ýetirmek, geljege umyt bilen garamakdyr. Okaýan adamlaryň dünýägaraýşy başgaça bolup durýar. Kitap okaýan adamlarda kitap okamaýan adamlara garanyňda ýatkeşligi has ýiti bolýar. Kitap okamak – maksady bolan adamlaryň işidir. Diňe boş wagtlarda däl, okamak üçin wagt aýyryp beýleki wagtlar hem kitap okamalydyrys. Kitap okadygyňça özüňe bolan ynam hem şonça artar. Okamagyň ýaşy ýokdur. Näçe köp okadygymyzça şonça özümizi kämilleşdirip, geljekki nesillere görelde bolup bileris.

Adamlar ilki başda köpçülige goşulan wagty daşky keşbine üns berilýän bolmagy mümkin, emma wagtyň geçmegi bilen, ol köpçülikde aň we düşünjesine, sowat derejesine görä hormat gazanar. Okamak we irginsiz okamak biziň üçin täze dünýäniň gapylaryny açmak üçin açardyr. Okaýan adamlaryň söz baýlygy güýçlüdir. Olar dünýädäki bolýan wakalara dürli nukdaýnazardan baha berip bilerler. Gürlän wagtlary ýada ýazan wagtlary kän kynçylyk çekmez. Sebäbi söz baýlygy gaty giňdir. Dünýäniň iň akylly adamy hasaplanýan we Nobel baýragynyň eýesi Albert Einsteini üstünlige ýetiren syr okamak endigidi.

Kitap okaýan adam hem özüni kämilleşdirer hem-de birnäçe ugurda maglumata eýe bolup jemgyýete peýdaly adam bolar. Kitap okamak diňe bir şahsy däl, eýsem sosial taýdan hem möhümdir. Kitap okaýan adam jemgyýetler has zähmetsöýer we düşünjeli bolýar. Birek-birege has köp hormat goýýar. Birek-biregiň hukugyna hormat goýýan adamlaryň kömegi bilen jemgyýetde dawa-jenjel ýüze çykmaz, hemişe asudalyk höküm sürer. Adamlar rahat we parahatçylykda ýaşar. Okap kemala gelen jemgyýet hemişe üstün we güýçli bolmagynda galar.

Kitap okamak adamlary has ýakynlaşdyrýar. Sosial raýdaşlygy ýokarlandyrýar. Mysal üçin, taryh kitaplarynyň kömegi bilen bulary okaýan adamlar öz taryhyny öwrenýärler we milletiň düşünjesini kemala getirýärler. Global manyda seretsek, kitap okamagyň netijesinde adamlar dürli ýerlerde we medeniýetlerde ýaşaýan adamlar hakda öwrenýärler. Kitap okaýan adamlaryň hyýal güýji giň bolýar, şonuň esasynda täze tehnologiki ösüşler ýüze çykýar. Kitaplar adamzadyň ýatlamasydyr. Ýatkeşligimizi ýiti saklamak islesek, her gün azajygam bolsa kitap okamalydyrys. Sanalan artykmaçlyklardan başga-da, dine bir okamak bilen çäklenmän, okamaýanlary hem höweslendirmelidir.

Özümize we ýaşaýan jemgyýetimize has gowy düşünmek, daşky gurşawymyz bilen sagdyn aragatnaşyk gurmak üçin kitaplar bilen gatnaşyklarymyzy berk saklamaly we kitap okamak endigimizi durmuşymyzyň bir bölegi hökmünde garamalydyrys. Bir ýazyjy, öz ugrunda şu güne çenli toplan maglumatlaryny we durmuş tejribesini öz kitabyna geçirýär. Şonuň üçin bir kitaby okamak gaty gysga wagtda köp sanly maglumata we tejribä elýeterliligi üpjün edýär. Şu nukdaýnazardan her bir kitap bir dünýädir we gapysyny açan her bir dünýämiz bizi bilim bilen kanagatlandyrar.

Kitabyň her görnüşi adamlary gaýtadan işleýär, aňymyzy köp ugurda ösdürýär. Romanlar adamyň hyýal güýjüni ösdürýär, poeziýa ruhumyzy tämizleýär, taryh kitaplary bolsa geçmişimizi öwredýär we geljege ynamly ädimler ätmäge mümkinçilik berýär.

Kitap okamagyň peýdaly taraplaryndan biri hem, kitap okalan wagty adam beýnisiniň hemişe diri galmagydyr. Ylmy gözlegler, kitap okaýan adamlaryň beýnisindäki neýronlaryň sanynyň köpelýändigini we aňda has köp baglanşygyň emele gelýändigini görkezýär. Bu bolsa, adamyň akyl-payhasynyň ýiti, abstrakt pikirlenmek ukybynyň we hyýalynyň ýokary bolmagyny talap edýär. Şeýdip, has gowy düşünip, pikirlenip we dogry netije çykaryp bilýäris. Medeniýeti ýokary bolan adamlar jemgyýetde has çalt kabul edilýär we söýülýär. Mundan başga-da, bu adamlaryň has üstünlikli bolýandygy mese mälimdir. Medeniýete eýe bolmagyň iň ýönekeý usuly bolsa okamakdyr. Şonuň üçin okamak biziň üçin uly ähmiýete eýe bolup durýar.

Belli alymlar kitap okamagyň egsilmez hazynadygyny belläp geçipdirler. Okamak ýüregi şatlandyrýar, göwnüçökgünligi aradan aýyrýar. Kitap okaýan wagtyň hemişe gowy adamlaryň arasynda bolasyň gelýär. Wagtyňy haýyrly zatlara sarp edýärsiň. Kitap okaýan adamyň söz baýlygy giň bolýar, akyly ösýär, zehini joşýar, pikiri durlanýar. Okan adam bilime baý bolup, ýatkeşligi, düşünjesi ýitileşýär. Kitaby köp okasaň, ylym almagyň we durmuşa düşünmegiň ýollaryny tapyp bolýar. Sözüň manysyna çuňňur düşünmäge, öwrenilen zatlary pugta ýatda saklamaga, aýdylýan zadyň maksadyny aňmaga we pynhan hikmetleriň syryny bilmäge kömek edýär.

Ata-babalarymyz perzentlerine kitap okamagy, hat-ýazuwy öwrenmegi pugta sargar ekenler. Kitap okamagyň peýdasy hakynda aýdylan pendi-nesihatlar örän kän. Gyzyla gaplaýmaly ol pikirleriň her biri häzirki döwrümizde hem uly ähmiýete eýe. Ylma-bilime uly hormat goýýan halkymyzyň “Tejribe Çyn-Maçynda bolsa-da, öwren” diýen pähim bar. Kitap okalýan ýerde jemgyýet ösmek, kämilleşmek bilen bolýar. Taryhdan mälim bolşuna görä, kitaby köp okaýan jemgyýet dünýä nusgalyk medeniýeti döredip bilýär.

Okamagyň, has dogrusy çuňňur many-mazmunly kitaplaryň durmuşymyza, bagtly geljegimize ýetirýän täsiri örän uludyr. Hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasynyň miwesi bolan ajaýyp kitaplar biziň her birimiz üçin medeniýetimiziň çeşmesidir. Hormatly Arkadagymyz halkymyza peşgeş beren “Paýhas çeşmesi” atly kitabynda şeýle belläp geçýär : “Kitap ynsanyýetiň baş baýlygydyr, sermaýasydyr, döwürleriň, nesilleriň we medeniýetleriň arasyndaky arabaglanyşygy özünde jemleýän bilimler çeşmesidir. Kitapsyz öý ýüreksiz beden ýalydyr. Ol ynsana hormat goýmagy öwredýär, bagtyýar durmuşda ýaşamagyň ýoluny salgy berýär, Watana, halka bolan beýik buýsanjy terbiýeleýär.”

Hormatly Prezidentimiz ýaşlaryň okamagy, öwrenmegi, ýokary derejede kämil bilim almagy üçin giň mümkinçilikler döredip berýär. Şol mümkinçiliklerden peýdalanyp, biz hem ruhy baýlygymyz bolan kitaplary köp okap, bilimimizi artdyryp, Watanymyzyň ösüşine uly goşant goşarys.

Gurbangeldi MAGTYMOV, Bülent Ejewit adyndaky uniwersitetiň talyby.

IŇ TÄZE HABARLAR

Türkiye ve Türkmenistan arasında Tercüme Köprüsü

Türkmenistan ve Türkiye arasında tercüme köprüsü görevini üstlenen, Türkmence, Türkçe, İngilizce, Rusça ve Özbekçe tercüme işlerini kısa sürede ve kaliteli yapan Atavatan Tercüme Bürosu...

Turkmen-British cooperation is being strengthened

On July 23, 2020, a telephone conversation was held between the Minister of Foreign Affairs of Turkmenistan Rashid Meredov and the Parliamentary Under Secretary...

Telephone conversation between Turkmenistan and the UAE

On July 22, 2020, a telephone conversation was held between the Deputy Chairman of the Cabinet of Ministers, Minister of Foreign Affairs of Turkmenistan...

Turkmenistan and Bahrain strengthen cooperation

On July 22, 2020, meeting of the B.Matiyeev Deputy Minister of Foreign Affairs of Turkmenistan with the Deputy Foreign Minister of the Kingdom of...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN