TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SÖHBETDEŞLIK

Ýylyň parlak ýyldyzy-2021 :Begenç Çaryýew bilen söhbetdeşlik

Türkmen estradasynda özboluşly däp emele geldi. Ol hem ýylyň dowamynda öz zehini bilen halkyň söýgüsini gazanan ýaş estrada aýdymçylarymyz «Ýylyň parlak ýyldyzy» diýlip yglan edilýär. Ählimize mälim bolşy ýaly,  tamamlanyp barýan 2021-nji ýylda bu hormatly derejä Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň estrada aýdymçysy, Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden “Türkmeniň Altyn asyry” atly bäsleşiginiň ýeňijisi Begençmyrat Çaryýew mynasyp boldy. Şirin mukamlara ýugrulan ajaýyp aýdymlary, özboluşly owazy bilen diňleýjileriň ýüregine ýol salmagy başaran Begenji Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda gazanan üstünligi bilen «Atavatan Türkmenistan» halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com  saýtynyň döredijilik toparynyň adyndan tüýs ýürekden gutlap, onuň bilen söhbetdeş bolmagy makul bildik:

Begenç, «Ýylyň parlak ýyldyzy — 2021» atly bäsleşigiň ýeňijisi bolanyňyzda başyňyzdan geçiren bagtly pursatlaryňyzy okyjylarymyz bilen paýlaşaýsaňyz!

 «Bagt duýdansyz gelýär» diýleni. Menem şeýle bagtly pursatyň eýesi bolaryn diýip pikir etmeýärdim, ýöne arzuw edýärdim. Sebäbi bu bäsleşige gatnaşýan ýaş estrada aýdymçylarynyň zehini biri-biriniňkiden zyýada. Olardan ýeňijini saýlamak aýdymlarymyza ses beren diňleýjilerimize-de aňsat düşen däldir. Şol gün, şol pursat meniň durmuşymda iň bagtly günleriň biri boldy. Täze ýylyň öňüsyrasynda döredijiligime berlen bu ýokary baha maňa ajaýyp toý sowgady boldy. Bu bolsa meni täze-täze eserleri döretmäge borçlandyrýar.

Aýdym-saz sungatyny ykbalyňa öwürmek üçin, ilkinji nobatda tebigy zehin galyberse-de, irginsiz yhlas gerek. “Owal akan ýerden akarmyş aryk” diýlişi ýaly siziň aýdym-saz sungatyna gelmegiňizde maşgalaňyzyň, has dogrusy kakaňyzyň täsiri uludyr!

 Elbetde, halkymyzda “Ata kesbi — ogla halal” diýlişi ýaly, maşgalamyz sungat maşgalasy. Kakam Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Amanmyrat Çaryýew. Kakam sungat adamsy bolansoň, özümizi bilelimiz bäri aýdym-saza imrinip, kiçiligimizden sungatyň içinde ulaldyk. Çagalyk ýyllarymdan bäri kakamyň pianino çalşynyň aşygydym. Eliniň hereketlerine seredip, menem ulalamda şular ýaly çalyp bilermikäm diýip pikir edýärdim. Umuman, özümizi bilelimiz bäri, göreldämiz kakamyz. Galyberse-de, aýdym-saza bolan söýgim 8 ýaşymda 2-nji synpda okaýarkam, orta mekdebiň daşyndan Bäherden etrabyndaky Nury Halmämmedow adyndaky Çagalar sungat mekdebiniň fortepiano bölümine gatnamagyma sebäp boldy. Sungata ýüregiňi berseň, ol öz dünýäsinden aýratyn orun berýän ekeni. Mekdebi tamamlanymdan soňra, häzirki Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň fortepiano bölümine okuwa girdim. Çagalykdan kompozitorçylyk, aýdym döretmek ugruny saýlasam-da, onuň daşyndan aýdymçy bolmaga höweslenip başladym.

Ilkinji ädimleri, ilkinji üstünlikleri ýatlamak hemişe ýakymly. Şol ilkinjilikler siziň göz öňüňizde nähili janlanýar.  

     

“Dostluk”, “Parla baýdagym!”, “Ajaýyp Diýarym”, “Watan” atly aýdymlarym ilkinji ýerine ýetiren aýdymlarym hökmünde häzirem gulagymda ýaňlanyp dur. Ilkinji üstünliklerim mekdep döwründe geçirilýän bäsleşiklerde eýelän orunlarym, aýratynam, Gulbaba adyndaky Çagalar baýragyna mynasyp bolan günüm bilen ýadymda galypdyr. Şondaky begenjim, tolgunyşym şu günki ýaly ýadymda.

Begenç, söhbetdeşligimiziň başynda-da belleýşimiz ýaly, aýdym-saz sungatyna gelmegiňize sebäp bolan ynsan — kakaňyzyň döredijiligi sizde özbaşyna eser döretmek ukybyny-da kämilleşdiren bolsa gerek?

 Elbet-de, halypa gatnap tälim almak bir başga, onuň (halypanyň) bir parçasy bolmak düýbünden başga zat. Sazçylyk mekdebine okuwa girmänkäm, kakamyň döredijiliginden täsirlenip, birnäçe sazlary nota geçirip, kompozitorçylyk sungaty bilen meşgullandym. Galyberse-de, türkmen we daşary ýurt kompozitorlarynyň döredijiligini irginsiz öwrenmegim aýdym-saz sungatynda tejribämiň artmagyna ýardam berdi. Ussat kompozitorymyz Nury Halmämmedowyň, daşary ýurt kompozitorlary Friderik Şopeniň, Lýudwig Wan Bethoweniň, Iogan Sebastian Bahyň meşhur sazlaryny gowy görüp, söýüp diňleýärdim. Olardan fortepianoda yzygiderli ýerine ýetirip türgenleşdim. Sazçylyk mekdebini üstünlikli tamamlap, 2008-nji ýylda häzirki Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasyna okuwa girdim. Talyplyk ýyllarymda aýdym-saz sungatynyň ençeme ussatlaryndan tälim almak miýesser etdi. Sazçylyk mekdebinde fortepiano bölüminden Gözel Babanyýazowa sapak berdi. Ýokary okuw jaýynda kompozitorçylyk ugrundan halypalar Rejep Allaýarowdan, Röwşen Nepesowdan, Meret Ataýewdan tälim aldym. 2017-nji ýyldan häzirki wagta çenli bolsa Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde halypa aýdymçy-sazandalar bilen bir ojakda zähmet çekmegim döredijilik gatnaşyklarymyzyň giňemegine, tejribämiziň artmagyna ýardam berýär.

Maşgalaňyzda başga-da sungat ýolundan gidenler barmy?

Biz maşgalada bäş dogan — dört oglan, bir gyz bolup ulaldyk. Iň uly agam Orazmyrat. Ondan kiçimiz Mämmetmyrat dutar çalýar. Häzirki wagtda Bäherden etrabynda bilim ulgamynda zähmet çekýär. Menden uly agam Şamyrat aýdymçy hem sazanda. Ahal welaýat medeniýet öýünde işleýär. Aýal doganym Aýgül sungat ugrundan gitmese-de, onuň maşgalamyzyň döredijiligine hormaty uly.

Kakaňyz aýdym döretmekde nähili maslahatlary berýär?

Kakam, esasan, aýdyma ilkinji nobatda gowy sözüň, gowy heňiň, soňra-da ony halkyň gowy görmeginiň gerekdigini aýdýar. Aýdymy döredeniňden soňra ony özüň gowy görüp, öýde guwananyň bolanok. Ilki bilen halk gowy görmeli. Kakam hem hemişe diňleýjileriň nähili äheňdäki aýdymlary gowy kabul edýändigini, şoňa aýratyn üns bermelidigini nygtaýar. Meselem, men opera sungatyny gowy görýärin. Bärde seniň gowy görmegiň esasy zat däl-de, eseriň diňleýjileriň göwnünden turmagy esasy zat. Galyberse-de, kakam aýdymda süýjüligiň, özüne çekijiligiň bolmalydygyny, bir gezek diňlän adamyň gaýtalabam diňläsiniň gelmelidigini, hiç kimiňkä meňzemeýän özboluşly äheňi saýlamalydygyny nygtaýar:

Açylan bägüller gülüm, diňe seň üçin,

Urýar ýüregim läläm, diňe seň üçin…

Şular ýaly mylaýym äheňli söýgi aýdymlarymda kakamyň maslahaty bilen “läläm…” ýaly ýürege ýakyn sözleri köp ulanýaryn.

Aýdymlaryňyzyň özboluşly aýratynlygy, ýüreklere ýakynlygy hem şol şirin labyzly sözlerde jemlenýän bolmaly. Aýdymlaryňyzyň sazy bilen birlikde sözleri-de öz döredijiligiňize degişli bolsa, onda sizde şahyrçylyk ukyby-da bar-da?

 Edil bar diýip biljek däl. Ýöne “Ýürekden çykan söz, ýürege ýetýär” diýlişi ýaly, kalbymyzyň joşgunyny aýdyma salýarys. Aýdymlarymyň sazynam, sözünem, köplenç, özüm ýazýaryn. “Ýylyň parlak ýyldyzy — 2021” bäsleşiginde-de ilkinji ýerine ýetiren “Söýýänimi bilsene!” atly aýdymymyň sazy, sözi özümiňki.

Aýdymyň içinde agyrrak gelýän tilsimleri kakam bilen maslahatlaşýaryn. Ses ýazgylar otagymda aýdym işläp oturkam kakam gelip: “Oglum şu ýerini şeýtseň gowy bolardy” diýip, aýdymyň bärden gaýdýan ýerlerini aýdyp, maslahatlaryny berýär. Umuman, kakam durmuşda-da, sungatda-da ýakyn maslahatçym, halypam hem ilkinji diňleýjim.

Başda-da belleýşim ýaly, esasy ugrum kompozitorçylyk bolansoň, ilki-ilkiler aýdymçylaryň birnäçesi bilen işleşip, aýdym ýazýardym. Soňra özümde aýdymçy bolmak höwesi aryp ugrady. Şeýdibem, özümem duýmazdan aýdymçylyga ymykly ykbalymy bagladym.

 Size meşhurlyk getiren aýdym?

Saňa garaşdym,

Ýarym garaşdym,

Söýgim duýup geler diýip…

diýen setirler bilen başlaýan aýdymym söýgi hakynda ilkinji çykaran hem maňa ilkinji üstünlik getiren aýdym.

Goşgularyny dörejiligiňize ýakyn görüp işleşýän şahyrlaryňyz?

Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewanyň goşgularyny kakam-da, menem labzymyza ýakyn hasaplaýarys. Kakam Gözel halypanyň sözlerine “Ýaşasym gelýär” atly täze aýdymy işledi. Bu aýdymy Türkmenistanyň halk artisti Züleýha Kakaýewa bilen bilelikde ýerine ýetirýäris. Aýdymy Gözel halypanyň özüne diňledenimizde gowy gördi. “Türkmen owazy” teleýaýlymynda şekilli görnüşinde hem halkymyza ýetirdik. “Ýylyň parlak ýyldyzy — 2021” bäsleşiginde-de şol aýdymy sazsyz ýerine ýetirdim.

Türkmen estradasynda özboluşly ýol goýan halypalaryň repertuaryndan aýdymlary ýerine ýetirdiňizmi?

 Halypa Atabaý Çarygulyýewiň “Ezizim”, “Gözleriň”, Nurmuhammet Meredowyň “Gülälegim”, Annaguly Myratdurdyýewiň “Hurmany” , Mekan Ýazmyradowyň “Ilimiň gyzlary” atly aýdymlaryny ýerine ýetirdim. Galyberse-de, halk döredijilik eserlerini täzeçe öwüşginde işleýäris. Täzelikde “Dönem” atly täze aýdymy diňleýjilere ýetirdim. Halkymyzyň milli mirasynyň altyn hazynasyna giren eserlere döwrebap öwüşgin çaýyp ýerine ýetireniňde ol aýdymlar hasam täsirli ýaňlanyp, ýüreklere ornaýar .

Sungatda öz ýoluňyzy tapdym diýýärsiňizmi?

Ony il kesgitleýär. Sungat adamsy öz-özüne baha berse iň uly ýalňyşlyk şol. Il saňa baha bermeli.

Sungatdan daşgary näme bilen meşgullanýarsyňyz?

Men Alabaý itlerini gowy görýärin. Aňyrdan gelýän arassa tohumly ýaş güjükleri ösdürip ýetişdirýärin. Boş wagtym olara ideg edýärin. “Gaplaň” atly Alabaý itim şu ýyl ýaş itleriň arasynda geçirilen bäsleşikde Türkmenistan boýunça çempion boldy. Alabaý itlerini nähili ýetişdirmeli, haýsysyny özüňe saýlap alyp galmaly, olaryň haýsysynyň tohumy arassa  hemmesi barada bize ähli babatda görelde mekdebi hormatly Prezidentimiziň “Türkmen Alabaýy” atly kitabynda ýerleşdirilen. Ondan okap, öwrenýäris. Şeýle-de bedewe münüp gezelenç etmegi gowy görýärin. Gülendam atly atym bar. Onuň bilen boş wagtym tebigatda dynç alýaryn. Ylham almak üçin ata münýärsiň welin, täzeden oýanan ýaly bolup, ýüregiň joşýar.

Maşgalaňyz barada-da aýdaýsaňyz?

Kalbyma ylham berýän — ýanýoldaşym Mahym. Dört sany perzendim — iki oglum, iki gyzym bar. Uly oglum Alyhan 6 ýaşynda, ondan kiçisi Ýunushan 4, gyzjagazym Ejegül 2 ýaşynda, körpeje gyzym Zybagözel bolsa 1 ýaşynda.

Täze döredýän aýdymlarymy maşgalam bilen maslahatlaşýaryn. Ýanýoldaşym, çagalarym ilkinji diňleýjilerim. Çagalarym heniz kiçi hem bolsalar olara aýdym täsir edýän bolmaly. Aýdym eşitdirýärsiň welin, tans edipjik oýnaýarlar. Şonda kelläňde bu aýdym gowy boljak bolmaly diýen pikir döreýär. Galyberse-de, Alyhanyň aýdym-saza söýgüsiniň bardygy şu wagtdan bildirýär.

Gelniňiz gabanjaňmy?

Ýok.

Begenç, söhbetdeşligimiziň şu ýerinde şowly çykan şekilli aýdymlaryňyzyň üstünde durup geçseňiz?

Ilkinji şekilli aýdymym “Saňa garaşdym”. “Näzi bar”, “Söýenim”… atly söýgi temasyna  bagyşlanan şekillerim aýdymlarym tomaşaçylaryň göwnünden turdy. Gahryman Arkadagymyzy, owadan ýurdumyzy wasp edip “Arkadag”, “Aşgabat” atly täze aýdymlary işledik. Sazy kakamyňky, sözleri özümiňki. “Türkmen owazy” teleýaýlymy tarapyndan şekile geçirilip, halk köpçüligine ýetirilip dur.

Göreldämiz Siz, Arkadag,

Ýörelgämiz Siz, Arkadag,

Halypamyz Siz, Arkadag,

Ýaşyňyz uzak Arkadag!

 Nähili aýdym-sazlary diňlemegi halaýarsyňyz?

Türkmen milli aýdymlarymyzy, nusgawy sazlary söýüp diňleýärin. Olary her gezek diňlänimde täze bir zat öwrenýärin.

Eger aýdymçy bolman, başga käri saýlamaly bolsaňyz…?

 Aýdym diýilýän zat kalbyňdan joşup gelýär. Oňa bir gireňsoň çykmaklyk mümkin däl. Men-ä özümi başga kärde göz öňüne-de getirip bilemok.

 Saglygyňyza nähili seredýärsiňiz?

Saglyk ýoluna ýöriş edýärin. Sport bilen meşgullanýaryn. Öň dzýudo gatnaýardym. Häzirki wagtda ýörite fitnes zallaryna gatnap, maşklary ýerine ýetirýärin.

 Özüňize eşik alanyňyzda maslahatlaşýan adamyňyz barmy? Sahna geýýän eşikleriňizi nähili saýlaýarsyňyz?

Eşiklerimi özüm saýlaýaryn. Aýdymlaryma görä klassyky reňkli eşikleri geýmegi halaýaryn.

Özüňizde halamaýan ýa-da artykmaç görýän hasiýetiňiz barmy?

Ýok.

 Begenç, bilşimiz ýaly, siz birnäçe gysga metražly çeper filmlerde-de keşp janlandyrdyňyz. Aktýor bolasyňyz geldimi?

Keşp janlandyranam bolsam, aktýorçylygy özüme ýakyn hasaplamok.

Sungat äleminde öňüňizde nähili maksatlary goýýarsyňyz? Şeýle-de diňleýjilere täze nähili aýdymyňyz garaşýar?

Esasy maksat diňleýjileriň, halkymyzyň göwnünden turjak täze, owadan aýdymlary döretmek. Şu günlerde Gahryman Arkadagymyzy, owadan Watanymyzy wasp edýän, şeýle-de birnäçe söýgi aýdymlarynyň üstünde işleýäris. Ýene-de maksatlarymyň biri repertuarymy öz döredijiligim bilen baýlaşdyrmak bolup durýar. Ýakynda diňleýjilerime öz döredijiligimden “Wagt üçin” atly täze aýdymymy ýetirmekçi.

Begenç, tamamlanyp barýan 2021-nji ýylda döredijilik dünýäsinde gazanan üstünlikleriňizi ýatlap geçseňiz, şeýle-de ildeşlerimiz bilen Täze ýyl arzuwlaryňyzy paýlaşaýsaňyz!

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe her günümiz, aýymyz, ýyllarymyz biri-birinden zyýada gelýär. Sebäbi biziň owadan Watanymyz, ýurt başynda Gahryman Arkadagymyz bar. Şeýle ajaýyp Diýarda ýaşamak, onda-da sungat adamsy bolup döwletli döwrümiziň waspyny ýetirmek uly bagt. 2021-nji ýyl meniň durmuşymda ýatdan çykmajak iň bagtly ýyllaryň biri boldy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden “Türkmeniň Altyn asyry” atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijisi bolmak bagty miýesser etdi. Ynha, Täze ýyl baýramçylygynyň öňýanynda-da “Ýylyň parlak ýyldyzy — 2021” bäsleşiginiň ýeňijisi bolup, göçme nyşana mynasyp bolmagym ylhamymy öňküden-de joşdurdy. Täze — 2022-nji ýylymyzam her bir sungat adamsyna düşümli, döredijilikli ýyllaryň biri bolsun! Tutumly toýlarymyzda aýdym-sazlaryň owazy belentden ýaňlansyn!

Halkymyzy owadan Diýarda, ajaýyp zamanada ýaşadýan, biz ýaşlara ähli babatda nusgalyk, görelde mekdebimiz Gahryman, Mähriban Arkadagymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun, tutumly işleri hemişe rowaç alsyn!

Sag boluň, Begenç ajaýyp arzuwlaryňyz hasyl bolsun! Size «Atavatan Türkmenistan» halkara žurnalynyň  döredijilik toparynyň adyndan täsirli söhbetdeşligiňiz üçin köp sag bolsun aýdýarys. Täze ýylda täze döredijilik üstünliklerini, owadan, şirin labyzly aýdymlaryňyzyň toýlarymyzyň bezegi bolup, ildeşlerimiziň göwünlerini ganatlandyryp belentden-belent ýaňlanmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris!

Sag boluň!

 Awtordan:    

  Sungatda ynsany özüne kökerýän nähilidir bir güýç bar. Muňa döredýän eserleri bilen halkyň ýüreginde orun tutmagy başaran sungat adamlarynyň döredijiligi bilen ýakyndan tanyş bolanyňda hasam oňat göz ýetirýärsiň. Heniz ýaşdygyna garamazdan, süýji labyzly, owadan aýdymlary bilen diňleýjileriň ýüregine ýol salmagy başaran ýyldyz aýdymçy Begenç Çaryýewiň sungata sary ätlän ilkinji gadamlaryndan başlap, häzirki güne çenli ýeten menzillerini saldarlanyňda-da onuň peder kesbini ýüregine nagyşlap, ykbalyny aýdym-saz älemine bagyşlandygyny görmek bolýar.

 

Söhbetdeş bolan Aýjemal Gaýlyýewa,

Balkanabat şäherindäki daşary ýurt dillerini

 çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiň mugallymy.

 

Gülälek Babakulowa – Aglama gurjak, seni eý görjek..

 

4 DILDE GÜRLEÝÄN SÖZLÜK: MAKUL SÖZLÜK RUS DILINDE

 

ATAGELDI GARÝAGDYÝEW: OWAZY DÜNÝÄ DOLAN OPERAÇY

 

 

ORAZGÜL GURDOWA: “TEATR – BU MENIŇ DURMUŞYM”

 

Ýene-de okaň

Kakajan Muraýew:  Durmuşyma baglanan sungat ýolum

Ata Watan Eserleri

Çary Berdiýew – sungata aşyk ynsan

Batyr Çaryýew – sungata baglanan ykbal

Teswirle