Orazgül Gurdowa: “Teatr – bu meniň durmuşym”

Ozalky wagtda danalaryň biri şeýle jümläni aýdyp geçipdir: “Halkyň geçmişini biljek bolsaň muzeýine syýahat et, geljegini bilesiň gelse, mekdeplerine aýlan, häzirki durmuşy bilen gyzyklansaň teatrlaryna nazar aýla!” Dogrudan hem, halkyň hal-ýagdaýy, şatlygy, gynanjy, arzuw-hyýallary teatrda janlanýar. Teatr – geçmişiň aýnasy, geljegiň arzuwçysy, şu günüň wagyzçysydyr. Biz hem şeýle jogapkärli işde zähmet çekýän adamlar bilen söhbetdeşlikleri dowamly geçirip durýarys. Biziň “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň “atavatan-turkmenistan.com” saýty üçin bu gezekki geçiren söhbetdeşligimiz Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň artisti, Türkmenistanyň at gazanan artisti, şirin sesli aýdymçy Orazgül GURDOWA bilen boldy.

Hormatly Orazgül Gurdowa, ilki bilen sizi redaksiýamyzda hoş gördük. Biziň çakylygymyzy kabul edendigiňiz we biziň bilen söhbetdeşlik etmäge razy bolandygyňyz üçin döredijilik toparymyzyň adyndan size uly minnetdarlyk bildirýäris. Meniň size berjek ilkinji sowalym şeýle: Siziň sungat dünýäsine gelmegiňize kim ýa-da näme sebäp boldy? Sungat ýoluna gelşiňiz barada gürrüň beräýseňiz…

Elbetde, her kimde-de bolşy ýaly, sen çagakaň aýdym-saza birtüýsli mähriň gidýän eken. Men mekdepde okaýan döwürlerim Çary Abdyllaýew diýen kompozitor mugallymymyz bardy. Meniň aýdym-sazda ilkinji halypalarymyň biri şol – Çary Abdyllaýew diýsem ýalňyşmasam gerek. Ol döreden aýdymlaryny şu wagta çenli maňa hödürläp ýör. Biziň maşgalamyzda uýam Annagül hem aýdym bilen meşgullanyp ýörensoň olam maňa halypalyk etdi. Meniň sungat dünýäsine gelmegimde şolar sebäp boldy diýsem ýerlikli bolar. Meni halk arasynda meşhur eden “Kabul eýle jan Watan” aýdymym boldy. Bu aýdymyň sözleri gazetde çap edilende kompozitor Alyhan Ökdirow ony görýär-de, şoňa aýdym döredýär. Soňra ol aýdymy kime bermegi oýlap, uzak ýyllap öz ýanynda saklapdyr. Menem şol döwürde Ahal welaýatynyň medeniýet bölüminde işleýärdim. Bir gün Alyhan Ökdirowyň agasy Döwletgeldi Ökdirowyň ady bir mekdebe dakyldy. Şonda biz hem welaýatyň medeniýet işgärleri bolup şol ýerde çäräni geçirmäge gitdik. Şol ýerde men Alyhan aga bilen tanyşdym. Ol maňa şonda şol aýdymy berdi. Menem ony diňläp görüp haladym we ýerine ýetirdim. Mundan soň hem men ençeme aýdymlary ýerine ýetirdim. Olar Magtymguly Pyragynyň “Gözel bardyr” diýen goşgusyna düzülen aýdym, “Deňiz guşum”, “Ädijik”, “Sen”, “Ýagmyr ýagdyr soltanym”, “Nar agajy” we beýlekiler. Şu aýdymlary we Döwletgeldi Ökdirowyň aýdyp giden birnäçe aýdymlaryny maňa Alyhan Ökdirow öwretdi.

Men diňe bir aýdym-saz bilen däl, eýsem sport bilen meşgullanmagy hem gowy görýärdim. Men ýaşlykda woleýbol sportunyň gyzlar toparynyň toparbaşysy hökmünde köp oýunlara gatnaşdym. Mundan başga-da ýeňil atletika we ylgaw ýaryşlaryna gatnaşyp, elmydama birinji ýeri eýeleýärdim. Mekdebi tamamlanymdan soň şol wagtky M.Gorkiý adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň hukuk fakultetine okuwa girdim. Uniwersiteti tamamlanymdan soň hem kän edaralarda, kärhanalarda işledim. Men haýsy kärhana barsam, şol ýerde aýdymçylar toparyny döredip, konsert berýärdim. Ahyrsoňy men Ahal welaýatynyň medeniýet bölümine işe çagyryldym, şol ýerde hem birnäçe ýyllap aýdymçy bolup işledim. Ondan soň Türkmenistan teleradiokompaniýasynyň aýdymçylar toparyna kabul etdiler. Türkmenistanyň halk bagşysy Nurýagdy Baýramow, Türkmenistanyň halk artisti, professor, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly mugallymy Ýolaman Nurymow ýaly halypalardan kän aýdymlary öwrendim. Men ilki estrada aýdymlaryny, soňra halk aýdymlaryny aýtdym. Aradan biraz wagt geçenden soň meni Mollanepes adyndaky drama teatryna işe çagyrdylar. Şol ýerde birküç ýyl işlänimden soň režissorymyz maňa Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatryna girmegimi maslahat berdi. Şeýlelikde, şol wagtdan bäri şol teatrda zähmet ýolumy dowam etdirip ýörün.

Ol ýerde ilkinji ýerine ýetiren keşbim režissýor Aýnazar Batyrowyň sahnalaşdyrmagynda “Leýli-Mejnun” spektaklynda Leýliniň ejesiniň keşbi boldy. Ondan soň “Durmuş rowaýaty” spektaklynda Aladdiniň ejesiniň, “Söýgi we hasrat” spektaklynda Leýliniň ejesiniň, “Nurana şekiller” spektaklynda baş keşbi janlandyrýan oglanyň ejesiniň, “Gel kenara söwer ýar” spektaklynda Eleanoranyň, “Söýgi bizi halas eder” spektaklynda balkanly balykçynyň aýalynyň, “Toýumyza gel, toýumyza” spektaklynda durmuşa çykýan gyzyň ejesiniň, “Durmuş diňe düýş däl” spektaklynda hindi aýalynyň we türkmen zenanynyň (ikisinde hem gyzyň ejesiniň) keşbini ýerine ýetirdim.

Sungat dünýäsiniň ýoly kynmy?

Elbetde, kyn. Ýöne, Hudaý tarapyndan saňa ezberlik berlen bolsa, biz kynçylyk çekemizok. Tersine, biz onda dynç alýarys, höwes bilen işleýäris. Çünki sungatyň adamy jadylaýjy güýji bar eken. Biz teatry metjit hasap edýäris. Ol adamlary özüne çekýär.

Siziň sahnada kynçylyk çeken ýerleriňiz boldumy?

Elbetde, ilkibaşlarda kynçylyk çekdim. Çünki aýdym-saz başga bir sungat, teatryň sahnasynda oýun oýnamak başga bir sungat. Ýöne, onuň inçe bir çyzygy bar, şol ýerde olaryň ikisi hem bir sungat ýaly bolup görünýär. Sebäbi biziň teatrymyz sazly drama teatry. Men keşbimiň niresinde aýdym aýtmaly ýeri bar bolsa, şony hezil edip aýdýaryn. Şol ýerde kynçylyk çekmeýärin. Emma men onuň tehnikasyny bilemok. Sebäbi men teatr ugrundan okamadym. Men şol kynçylygy ýeňip geçmek üçin sahnalara kulisde tomaşa edip, sahnadaky halypa artistleri ürç edip ünsli diňleýärdim.

Siz sahnada nähili duýgulary başdan geçirýärsiňiz?

Men ozaldan aýdymçy-bagşy bolup köpçüligiň öňünde köp çykyş etdim. Şonuň üçin tomaşaçynyň öňüne nähili çykmalydygyny bilýärin. Men oýnuň soňundaky el çarpyşmalary gazanmak üçin elimden gelenini edip işleýärin.

Siz ýaňy: “Maňa esasan baş keşpleri ynanýarlar” diýip aýtdyňyz. Baş keşbiň beýleki keşplerden nähili kynçylykly taraplary bar?

Men baş keşbi janlandyranymda sahnada bolup geçýän wakalara özüm jogapkärli ýaly duýýaryn. Sen sahnada keşbiňi nädip başlasaň, onuň yzyny hem şonuň ýaly edip göterilip gidiberýär. Tüweleme, häzirki wagtdaky ýaşlarymyz şeýlebir zehinli ýaşlar. Olar seniň keşbiňi gowy ýerine ýetirmegiň üçin öz kömeklerini berýärler.

Size ynanylan keşbi özüňize “siňdirmek” üçin nämeler edýärsiňiz?

Ilki bilen şol keşbi gaýta-gaýta okap ýatlaýaryn. Wakalary, keşbimi göz öňüme getirýärin. Şeýdip keşbimi özüme siňdirýärin.

Siziň özüňize ýakyn hasaplaýan keşbiňiz haýsy?

Meniň iň gowy görüp, özüme ýakyn hasaplaýan keşplerim “Arşyn mal alan” spektaklyndaky Jahanyň we “Leýli-Mejnun” spektaklyndaky Leýliniň ejesiniň keşbi.

Siziň durmuşyňyzda teatr nähili ähmiýetde?

Teatr – bu meniň durmuşym, dem alýan howam, ikinji öýüm. Umuman, men sungat bilen çagalarymy terbiýeledim. Teatra gitmedik günlerim meniň ýüregim ynjalmaýar.

Teatryň geljegi hakda näme diýip bilersiňiz?

Häzirki kemala gelýän ýaşlar teatryň geljegi. Men olaryň arasynda teatryň geljegini mundan-da has ýokary derejelere ýetirjek ýaşlary görýärin. Men biziň aramyzda şeýle artistleriň bardygyna begenýärin. Şol sebäpden hem teatryň geljeginiň has-da şuglaly boljakdygyna ynanýaryn.

Siz şol ýaşlarda artistlik “yşygynyň” bardygyny nähili duýýarsyňyz?

Artistiň her bir sözi ýürekden çykyp, öz keşbine ýüregini berip oýnanynda şol keşp tomaşaçynyň ýüregine baryp ýetýär. Men şol ýaşlaryň oýunlaryna tomaşa edenimde mende şonuň ýaly duýgy dörese, şol artistiň geljekde ökde artist bolup ýetişjekdigine güwä geçip bilýärin.

Aýdymçydan artist ýasamak aňsatmy ýa-da artistden aýdymçy?

Aýdymçydan artist ýasamak aňsat. Ýöne, artistden aýdymçy ýasamak kyn. Sebäbi oňa ses gerek. Eger sesiň bolmasa artistden aýdymçy ýasap bolmaýar.

Siziň gowy görüp tomaşa edýän artistleriňiz kimler?

Jeren Işangulyýewanyň, Liza Karaýewanyň, Orazgül Apbasowanyň, Muhammet Bekiýewiň, Çary Berdiýewiň janlandyran keşplerine söýüp, gaýta-gaýta tomaşa edýärin.

Siziň sungat dünýäsine gelmekdäki maksadyňyz nämedi?

Men aýdym saýlanymda onuň halkyň arasynda meşhur bolup, söýlüp diňlenilmegini, ony diňlän adamyň aňynda ömürlik galmagyny isläp saýlaýaryn.

Siziň durmuşdaky iň uly arzuwyňyz näme? Eden arzuwlaryňyzyň ählisine ýetdiňizmi?

Elbetde, her bir enäniň öz arzuwy bar. Ene çagajyklarynyň öýli-işikli bolmagyny, sagdyn bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, döwletimize, halkymyza peýdaly adam bolup ýetişmegini, Watana wepaly bolmagyny, il-halkyň arasynda arzylanmagyny, gerekli bolmagyny arzuw edýär. Men 4 sany çagany, 10 sany agtygy ösdürip ýetişdirdim. Menem ene hökmünde çagalaryma şulary arzuw edýärin.

Öňki arzuwlarym hakda aýdanymda bolsa, olaryň hemmesine ýetmedim. Men çagakam dutar çalmagy arzuw edýärdim.

Durmuşda birine meňzemek islediňizmi?

Ýok. Hiç kime meňzemek islemedim. Men diňe özümi, öz ýolumy döretmek isledim. Munuň sebäbi hem men başgalardan üýtgeşik bolasym, sesimi üýtgeşik edesim geldi. Sebäbi durmuşda hemme biri-birine meňzese, durmuş gyzyksyz bolýar. Häzirki wagtda biz maşgalada 4 sany aýdymçy: Annagül, men, gyzlarym: Gülşat we Jemal. Biziň dördümiziň hem ýolumyz, ugrumyz başga. Biz ozal üç bolup (Annagül, men, Gülşat) çykanymyzda bize gyjagyň üç tary diýerdiler. Çünki gyjagyň her taryndan aýratyn ses çykýar. Bizi şoňa meňzedýärdiler. Jemal bolsa, bizdenem üýtgeşik boldy.

Durmuşda ahmyr eden wagtyňyz boldumy?

Men şu wagta çenli ahmyrly. Ýöne, indi giç. Maňa “Sen durmuşy başdan başlan bolanyňda näme ederdiň?” diýenlerinde men şeýle diýerdim: ilki Moskwanyň teatral institutyny okardym, soňra sazçylyk ugrundan okardym, dutar çalyp bilmegi öwrenerdim. Maňa dutary çalyp bilmän aýdym aýtmak kyn bolýar. Umuman, sazanda bolman aýdym aýtmak maňa kyn. Şonuň üçin Gülşady saz ugrundan 11 ýyl okatdym.

Sizi näme gaharlandyrýar?

Ýalan sözleseler, mekirlik etseler, biri öz ýagdaýyny bilmän başga birini ýamanlasa örän erbet gaharym gelýär.

Onda näme begendirýär?

Täze aýdym döredenimde şony diňlemekden keýp alýaryn. Çagalarymyň saglygy, umuman, türkmen bolup doglanlygym meni örän begendirýär. Sebäbi asmany arassa, parahat ýurduň halky biz.

Ýalňyzlyk bilen araňyz nähili?

Ýalňyzlyk adama gerek däl. Çünki biz maşgalada köpçülik bolup ýaşadyk, häzirem ýaşaýarys.

Siz kynçylyklardan nähili baş alyp çykdyňyz?

Kynçylyklary aýdym arkaly ýeňdim. Aýdym meniň elmydama hemram, energiýam boldy.

Siz tankyda nähili garaýarsyňyz?

Men tankyt edilenimi gowy görýärin. Sebäbi adam tankyt arkaly kemçiliklerini düzeldýär. Tankytsyz sungat bolmaz. Jedelsiz iş bitmeýär.

Badyhowa adamlara siziň garaýşyňyz nähili?

Olary düýbünden halamok. Men ýok ýaly bolup gezmegi, şükürli bolmagy halaýaryn. Adam sylagy-hormaty, abraýy götermegi başarmaly.

Sungat işgäriniň artykmaçlygy nämede?

Adamkärçiligi. Ilkinji nobatda adamkärçiligiň bolmaly. Ondan soňra sesiň bolmaly.

Aýdymçy hökmünde kimi diňlemegi gowy görýärsiňiz?

Züleýha Kakaýewany. Men şonuň sesini, aýdymlaryny ýerbe-ýer aýdyşyny gowy görýärin. Ol aýdymda hatda dem almaly ýerini hem dogry bilýär. Şonuň aýdýan aýdymlaryny soňuna çenli diňläp bilýärin. Şonuň aýdymlary meniň inimi tikenekledýär. Çünki aýdymda dem almagyň hem öz kanunlary bar.

Ondan başga-da Parahat Şyhymowy hem diňlemegi halaýaryn.

Sabyr etmegi başarýarsyňyzmy?

Sabyr etmegi başarýaryn. Ýöne, kän pikir edýärin.

Siziň durmuşyňyz kino ýa-da sahna oýny bolsa, öz ornuňyzda kimi görmek islärdiňiz?

Bu sorag şeýle gowy sorag. Men Gülşirin Annamyradowany görmek islärdim. Diňe şonuň meni doly ýerine ýetirip biler diýip ynanýaryn.

Durmuşdan razysyňyzmy?

Durmuşda şeýle at-abraýly bolandygym üçin müňlerçe esse razy.

Adamlardan nä?

Adamlaryň içinde her dürlüsi bar. Häzirki wagtda ýaşlaryň köpüsiniň gürleýşini, sögüşlerini halamok.

Şägirtleriňiz hakda hem gürrüň beräýseňiz?

Biziň esasy şägirdimiz Gülşat. Dogrymy aýtsam, ol bize halypa ýaly. Çünki uýam Annagülüň hem, meniň hem sazdaky ýalňyşlarymyzy Gülşat düzedýär.

Teatrda welin, men özümi halypa hasaplamok. Emma öz düzedişlerimi, maslahatlarymy ýaşlara berýärin.

Siz diňleýjileriňize nämeleri diýmek isleýärsiňiz?

Ýaş aýdymçylaryň käbirleri meniň “Gözel bardyr gözellerden zyýada” aýdymymy dogry ýerine ýetirmän aýdýarlar. Men şolara gynanýaryn. Olaryň maňa jaň edip ýa-da gelip menden aýdymymy dogry ýerine ýetirilişini öwrenmeklerini isleýärin. Ýaşlara berjek maslahatym: halypalardan aýdymyň dogry ýerine ýetirilişini öwrenmeli, badyhowalyk, hondanbärsilik etmeli däl. adamlar başgalardan “Bagyşla” diýmegi gysganmaly däl.

Siziň geljekde nähili meýilnamalaryňyz bar?

Halypalaryň maňa beren aýdymlaryny gaýtadan ýerine ýetirmegi, aýdymlarymy köpeldesim gelýär. Teatrda bolsa has-da köp keşpleri ýerine ýetirmegi niýetleýärin. Mysal üçin, kolhoz başlygynyň keşbini janlandyrasym gelýär.

Ýurdumyz abat, halkymyz güler ýüzli bolmagyny arzuw edýärin. Täze aýdymlary döretmäge, täze spektakllary goýmaga, umuman, sungatda täzelik etmäge mümkinçilik berýän Gahryman Arkadagymyza köp sagbolsunlary aýdýaryn.

Bizem siziň arzuwlaryňyzyň, niýetleriňiziň amala aşmagyny, üstünlikleriňiziň mundan-da has köp bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris. Söhbetdeşlik edendigiňiz üçin sag boluň!

 

Söhbetdeşligi geçiren: Maksat  TAGANOW

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň

žurnalistika hünäriniň talyby.

4 Dilde gürleýän Sözlük: Makul Sözlük Rus dilinde

Selbi Kakanowa: Gözellik dünýäsi durmuş ýörelgäm

 

Muhammetguly Kasymow: “Arzuwlarymyň amala aşan ýeri – teatr”



ÝENE-DE OKAŇ

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça sanly ulgam arkaly Hytaý bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli sammite gatnaşdy. Sanly ulgam arkaly ýokary derejeli duşuşyga Merkezi Aziýa sebitiniň beýleki döwletleriniň Baştutanlary — Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon hem-de Özbegistan...
Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň başlangyjy boýunça Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Hytaýyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp onlaýn-sammit geçirildi. Çäräniň başynda geçen 30 ýylyň dowamynda Hytaýyň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy gazananlaryny hem-de dostlukly gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny beýan edýän wideoşekiller görkezildi. Soňra Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin çykyş etdi. Ol Hytaýyň bu sebitiň...
Dünýäniň iň baý adamlarynyň biri hasaplanýan "Amazon" kompaniýasynyň esaslandyryjysy Jeff Bezos futbol dünýäsine aralaşmagy meýilleşdirýär. Bu barada Italiýanyň metbugaty habar berýär. Metbugatyň habaryna görä, Italiýanyň Naples şäherinde kosmos bazasyny gurmak isleýän Bezos şol bir wagtda "Napoli" toparyny hem satyn almagy meýilleşdirýär. "Napoli" topary De Laurentisden Jeff Bezosa geçmeigne garaşylýar. Kino prodýuseri Aurelio de Laurentis "Napoli" topary bilen bir hatarda Italiýanyň aşaky...
Şu gün “Hytaý-Merkezi Aziýa döwletleri” döwlet Baştutanlarynyň sanly ulgam arkaly sammiti geçirildi. Onlaýn tertibinde geçirilen bu sammit Hytaý bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda ýola goýlan diplomatik gatnaşyklarynyň 30 ýyllygyna bagyşlandy. Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň başlangyjy esasynda geçirilýän bu sammite Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşdy. Hytaý bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň geçen 30 ýylyna syn berlen onlaýn...
Dünýäniň iň baý tehnologiýa milliarderleriniň umumy baýlygy 2022-nji ýylyň başyndan bäri 85,7 milliard dollar azaldy. Ilon Mask, Jeff Bezos, Bill Geýts, Larri Page we Mark Zukerbergiň baýlygynyň azalmagy; inflýasiýa we göterim derejesiniň ýokarlanmagy bilen baglanyşykly boldy. Ine, dünýäniň iň baý adamlarynyň baýlygynda ýitirilen milliardlarça dollar... Dünýädäki iň baý bäş adamyň baýlygy, geçen hepdäniň bazaryndaky satuwdan soň uly täsir galdyrdy. 2022-nji...

Iň täze habarlar