TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SÖHBETDEŞLIK

Muhammetguly Kasymow: “Arzuwlarymyň amala aşan ýeri – teatr”

Sungat ýoly muşakgatly, miwesi datly hünärleriň biri hasaplanýar. Munda arman-ýadaman uzak ýyllar zähmet çekiberseň, halkyň içinde abraýyň, mertebäň, hormatyň hem artyberýär. Biz hem şeýle sylag-hormatly artistleriň biri Mollanepes adyndaky Talyplar teatrynyň aktýory, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy, Türkmenistanyň halk artisti Muhammetguly Kasymow bilen “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com  saýty üçin  söhbetdeşlik etdik.

Muhammetguly aga, söhbetdeşlik etmek üçin wagt aýryp redaksiýamyza geleniňize örän minnetdar. Meniň size berjek ilkinji soragym şeýle: sungata gelmegiňize kim ýa-da näme sebäp boldy?

Her bir adam çagalykdan birnäçe käre höwes edýär. Çagalykda esger bolasyň gelýär, lukman, mugallym, artist, suratkeş bolasyň gelýär. Emma adam ahyrsoňy bir käri saýlamaly bolýar. Meniň kakam Orazguly Kasymow suratkeşdi. Ol surat çekmegi halaýardy. Kakam pahyr peýzaž çekýärdi, tebigatyň, daglaryň suratyny köp çekerdi. Onuň dutar, gyjak çalmakdan hem başy çykýardy. Ol irden turup, dutar ýa gyjak çalardy. Kakamyň özi döredijilik işgäri bolansoň, biziň öýümize döredijilik işgärleri köp gelýärdi. Şahyrlar, ýazyjylar, artistler, heýkeltaraşlar, nakgaşlar… gelerdi. Menem şolar gelende olara hyzmat edýärdim. Olar biziň taryhy şahsyýetlerimiz, taryhymyz, döredijilik işgärleri hakynda şeýlebir gyzykly gürrüňler edýärdiler. Olaryň aýdýan zatlary meniň üçin şeýle gyzykly duýulýardy. Meniň sungata gelmegime şolar sebäp boldy diýip oýlaýaryn.

Men mekdepde okaýarkam mekdebimizde birnäçe gurnaklar geçirilýärdi. Biz şol gurnaklarda gysgajyk sahnalar oýnaýardyk, aýdym aýdýardyk. Umuman, bir käre höwes döremek üçin bir zat itergi bermeli. Meniň pikirimçe, mende sungata söýginiň döremegine kakamyň ýanyna gelen sungat işgärleri sebäp boldy diýip oýlaýaryn.

Sungata gelmekden maksadyňyz nämedi?

Her bir adam durmuşda öňünde maksat goýup ýaşaýar. Döredijilik işgäri bolmakdan maksadym ýurdumy, Watanymy, halkymy wasp etmek. Bu her bir döredijilik işgäriniň maksady şeýle diýip pikir edýärin.

Men bir gezek kakama şeýle sorag beripdim: “Kaka, sen näme üçin diňe daglaryň suratyny çekýärsiň?” Şonda kakamyň jogaby şeýle bolupdy: “Tebigat meniň ylhamymy oýarýar. Men şol ylhamy bir zada geçirmesem, suraty “ýazmasam” rahat bolup bilemok.”

Biziňem kärimiz şonuň ýaly. Biz hem durmuşda aýdyp bilmeýän zadymyzy sahnanyň, spektaklyň üsti bilen aýdýarys. Emma hemme zady aýdyp hem bolanok. Sebäbi diýjek bolýan zadyňa akylyň ýetýär, emma ony sungatyň üsti bilen bermek başga zat bolýar. Mysal üçin, men Watanymy ýa-da söýgimi, ene-atamy wasp edesim gelýär. Sen ony öz ýanyňdan wasp edip bilersiň, seniň ýüregiňdäki howsala, galagopluk şolary köpçülige aýtmagyňy isleýär. Sungat adamsynyň, döredijilik işgäriniň borjy halkymyzy, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzy, hormatly Arkadagymyzy wasp etmekdir.

Şunlukda, sungata gelmegimiň sebäbi ýüregimdäki, kalbymdaky duýgulary halka ýetirmek. Çünki sungatyň üsti bilen ýetirilen her bir zat halka örän güýçli täsir edýär. Biz Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymlary hökmünde her bir talyba öňünde maksadynyň hökman bolmalydygyny aýdýarys. Sebäbi durmuşda etsem-petsemsiz ýaşap bolmaýar ahyry. Adam hemişe kämilleşmeli. Biziň ýaşymyz ulalyp barýar. Şunda biziň şoňa bolan höwesimiz gaçaýjak ýalydyr welin, emma, tersine, ol höwes wagt geçdikçe has-da güýjeýän eken. Sebäbi ýaş wagtyň başgaça pikir edýärsiň, orta ýaşa geleniňde başgaça, soň garranyňda başgaça, has çuň pikir edýän ekeniň. Uly zatlar hakynda pikir edýän ekeniň.

Meniň iň uly arzuwym: Watanyma, halkyma sungatyň üsti bilen özümden bir zat goýup bilmek. Biz sungaty halypalarymyzdan öwrendik. Halypasyz hiç zat bolmaýar. Hormatly Prezidentimiz hem halypa-şägirtlik ýoluna üns bermegi ýöne ýerden aýdanok.

Sungata aralaşmak üçin nämäni öwrenmeli?

Durmuşda her bir zadyň (aýdymçylygyň, artistligiň, sazandalygyň) köki, düýbi bar. Biziň sungatymyzyň köki hem milli halk döredijiligimizden gaýdýar. Biz hem talyplarymyza ilki halk döredijiligini öwrenmekligi aýdýarys. Her bir sungat adamsy Magtymguly Pyragynyň goşgularyny elmydama ýatdan bilmeli, biziň milli däp-dessurlarymyzy öwrenmeli, nusgawy eserlerimizi ürç edip okamaly, dessanlarymyzy, taryhymyzy doly bilmeli. Eger sen şony bilmeseň hiç zat döredip bilmeýärsiň. Umuman, sungat işgärleriniň hemme zatdan başy çykmaly. Eger sen saz çalyp bilmeseň-de, ony diňlemegi öwrenmeli. Suratkeşlerimiziň, nakgaşlarymyzyň, heýkeltaraşlarymyzyň eserlerini öwrenmeli. Çünki her bir eser bir maksat bilen döredilýär. Şol zatlary bilseň, seniň tejribäň artyberýär. Halkymyzda “Şägirt halypadan ozdurmasa, kär ýiter” diýen nakyl bar. Şol nakylda kämillik hakynda aýdylýar.

 

Jemläp aýdanymda, sungata aralaşmak üçin öz ýüzüň, öz milliligiň hökmany suratda bolmaly. Hiç haçan birine öýkünjek bolmaly däl. Başga ýerlerden hem öwrenmeli, emma şonuň içinde seniň öz milliligiň bolmaly. Şol milliligiňi hemme babatda, hemme ugurda dünýä ýaýmaly. Şonda biziň öz milli sungatymyz kemala gelip, adama has täsirli bolýar.

Sungatda ýoluňa dowam etmek üçin nämelere eýe bolmaly?

Ilki bilen, Ýaradan tarapyndan berlen zehin bolmaly. Emma şol zehiniň bolmagy ýetik däl. Zehinden başga-da örän köp zähmet çekmek gerek. Sungatda ýüregi arassa, päk adamlar ýol alyp bilýärler. Aşyk Aýdyň piriň bir aýdan sözi bar: “Sungat neresse çaganyň kalbyna meňzemeli.” Şonuň üçin elmydama halal bolmaly, edýän işiňe ikilik etmeli däl, adamlara ýagşylyk edip bilmeli, durmuşyň gözelligini duýup ýaşamaly, şony halka görkezip bilmeli. Sungatda halka peýda getirip biljek, şolara dogry ýoly görkezip bilýän eserleri görkezsek, biziň edýän işimiz hem ýerine düşer, edýän arzuwlaryň hem hasyl bolýar, özüň hem şondan lezzet alarsyň.

Oňa üstünlik hem täsir edýärmi?

Sen bir zada ymtylyp ýa-da bir zatdan hantama bolup işleseň, sungatda seniň işiň bolmaz. Halka özüňi söýdürip bilseň, şunuň özi üstünlik, diýmek seniň işiň ugruna bolanlygy. Emma meniň işim ugruna boldy diýip çişmeli däl, aýagyňy ýerden üzmeli däl, badyhowalyk etmeli däl. Üstünlik seniň başyňy aýlamaly däl. onuň üçinem özüňe berk bolmaly. Hakyky sungat işgärleri badyhowalyk, bir zatdan hantamalyk etmeýär. Kakam pahyryň şeýle bir sözi bardy: “Oglum, abraý, üstünlik, şan-şöhrat diýip kowalaşmagyn! Sen köp zähmet çekiber, olaryň özi seni tapar. Sen zähmeti dost edinseň, abraý, üstünlik, şan-şöhrat saňa ýoldaş bolar.”

Artist ählitaraplaýyn bolmaly diýlen düşünje bar. Siz bu düşünjä nähili garaýarsyňyz?

Artist ählitaraplaýyn bolmaly. Bir taraply artist sungatda kän bir kabul edilip hem barlanok. Artist dramany hem, tragediýany hem, komediýany hem oýnap bilmeli. Sebäbi kärimiz şuny talap edýär.

 Teatr size durmuşda nämäni öwretdi?

Teatr işgärleri iki ýaşaýar diýilýär. Olaryň biri durmuşda, beýlekisi hem sahnada. Biz sahnada hem ýaşamaly. Köp kişi sahna çykyp, diňe öz sözüňi aýdyp gaýdaýmaly diýip pikir edýär. Emma bu beýle däl. Biz sahnada ýaşamasak tomaşaçylara täsir etmeýäris. Sahnada gaharly bolmaly bolsaň, hakykatdan hem gaharlanmaly, gülmeli bolsaň, hakykatdan hem gülmeli. Sahnada ýalançylyk etmeli däl. ine, şunuň özi hem biziň iki gezek ýaşaýandygymyzy görkezýär.

Teatr, sahna sungaty maňa örän kän zat berdi. Ol maňa durmuşda ýaşamagy öwretdi. Halypalarym Ata Alawow, Welmyrat Amanow, Nury Allaberdiýew, Çary Işangulyýew, Oguldurdy Mämmetgulyýewa, Baýram Seýdullaýew bizi institutda aktýorlyk sungatyndan bilim berdiler. Sen şolaryň hersinden bir zat öwrenseňem saňa ýetik. Durmuşda, köpçülikde özüňi nähili alyp barmaly, çagalaryň, kärdeşleriň, töweregiňdäki adamlar bilen nähili gatnaşykda bolmaly, bularyň hemmesini şol halypalar edil ejemiz, kakamyz ýaly bolup bize öwretdiler. Sebäbi biz teatrda durmuşy öwrenýäris.

Teatr ähli sungatyň birleşen ýeridir. Sen teatrda tans edip hem, aýdym aýdyp hem bilmeli. Teatr maňa durmuşyň tejribesini öwretdi.

Sungatyň jadysy nämede?

Sen haýsam bolsa bir keşbi janlandyrýarsyň. Şol keşbiň nähili bolandygyna tomaşaçy baha berýär. Emma sen hem keşbiň ýerine düşendigini ýa-da kemter gaýdandygyny duýýarsyň. Emma sahnadan soňky seslenmeler, el çarpyşmalar seni ýene täze eserleri döretmäge, täze keşpleri janlandyrmaga ruhlandyrýar. Men sungatyň jadysy şundamyka diýip pikir edýärin.

Siz arzuwyňyzdaky keşbi janlandyrdyňyzmy?

Onuň ýaly arzuwlar mende köp bolupdy. Men Mollanepes şahyryň keşbini janlandyrasym gelipdi. Nesibäm çekip, şol keşbi janlandyrmak nesip etdi. Arzuwda şu keşbi janlandyrsam indi boldy diýlen zat bolmaýan eken. Ol arzuwlar has çuňlaşyp barýan eken. Çünki seniň her bir işiň täze bir işe itergi berýär. Halypa Hajy Annamämmedow: “Sungaty söýeniň ýetik däl. Sungatyň yşkynda ýaşamaly” diýerdi.

Keşbi özüňe “siňdirmek” üçin näme etmeli?

Keşbi özüňe “siňdirmek” üçin awtoryň ýazan şol eserini näme üçin ýazandygyny öwrenmeli. Soňra keşbiňi içgin öwrenmeli. Keşbiňe özüňçe häsiýetnama ýazmaly, şol keşbi ýaşamaly. Şonda obraz döreýär. Keşbi başga adamlar – dramaturglar ýazýar, sen şol keşbi “özüňki etmeli’, şony özüňe uýgunlaşdyrmaly, onuň aýdýan her sözüni özüňki edip aýtmagy başarmaly.

Keşp nähili döreýär?

Sahnada goýulýan eserdäki gahrymanyňy içgin öwrenip, keşbiňe özüňçe çemeleşseň, eseriň, keşbiň maksadyny öwrenseň, şonda keşp döreýär.

Sahna adatdan daşary ýagdaýlar bolanda siz nähili baş alyp çykmagy başardyňyz?

Artist adatdan daşary ýagdaýa elmydama taýýar bolmaly. Sahnada her zat bolaýýar. Şonda özüňi ýitirseň, şol ýerde sungat gutarýar. Ökde artistler sahnada adatdan daşary ýagdaý bolanda, şony edil bolmalysy ýaly edip oýnaberýärler. Şeýle wakalaryň biri mende hem bolupdy. Men “Hindi rowaýaty” atly spektaklda Akbar hojanyň keşbini janlandyrýardym. Men şol keşbi janlandyran pursadymda ýelimlenen murtumyň bir gapdaly gaçdy. Ol hem uly murt bolansoň men gürlänimde maňa örän uly päsgel beripdi. Şonda sahnada beýläme öwrüldim-de, elim bilen murtumy aýyrdym. Şol murty aýyranymy sahnada bile oýnan artistler hem, tomaşaçylar hem bilmändirler.

Sahnanyň nähili ahlagy bar?

Sahna mukaddes diýlip ýöne ýere aýdylmaýar. Sahnada örän arassa bolmaly, erbet sözler aýdylmaly däl. Sahna ikilik etmeli däl. Eger seniň sahna medeniýetiň bolmasa, sahnada saňa iş ýok. Sahnada seniň ylymyň, bilimiň ýetik bolmaly. Sahna seniň kimligiňi görkezýär. Sahnanyň üsti bilen şöhrat gazanjak bolmaly däl, niýetiň, päliň düzüw bolmaly.

Meşhurlyk artiste nähili täsir etmeli?

Meşhurlyk örän “süýji” duýgy. Ýöne, ony göterip başarmaly. Meşhurlyk gowy zat, emma şol meşhurlygy öz bähbidiň üçin ulanmaly däl. Halypalarymyz: “Biz kärimizde işlemeýäris, oňa gulluk edýäris” diýýärdiler. Dogrudan hem, biz Watanymyza, halkymyza, hormatly Prezidentimize gulluk edýäris. Şol gullukda gowy işler etmek bize meşhurlyk getirýär. Halk bizi söýýär, sylaýar, hormat goýýar. Şol meşhurlyga laýyk bolmagy başarmaly.

Artist bolmagyň nähili kynçylyklary bar?

Türkmenistanyň halk artisti, halypa Orazmyrat Gummanow: “Artistler hem lukman ýalydyr. Lukmanlar adamlaryň bedenini, organyny bejerýär, biz bolsa halkyň halkyň ruhuny bejerýäris” diýýärdi. Artist bolmagyň kyn taraplary kän. Kyn tarapy: seniň edýän işiň ýerine düşmegi üçin örän köp zähmet çekmeli. Artist uzakly gününi teatrda geçirýär, şol sebäpli çagalaryňy görmäge wagtyň bolmaýar. Şol tarapy kyn diýip aýdyp bolar. Sen elmydama bir zada meşgul bolup, köp zatlardan (toý-tomaşalardan, baýramçylyklardan) galmaly bolýarsyň. Sen elmydama şol bir formada bolmaly. Emma teatry söýýän adam şony bolmaly zat diýip düşünmeli.

Artistligiň gowy tarapy: seniň eden işiň ugruna bolanda senden bagtly adam ýok. Men öýe baranymda maşgalamdaky ähli adamlar sungat adamsy bolansoň, geljekdäki etsem-goýsamlaryňy maslahatlaşýarsyň. Ine, şu onuň “süýjüligi”.

Artist bolanyňyza ökünen wagtyňyz boldumy?

Ozal meni örän köp ýere işe çagyrdylar. Emma men olara teatrsyz ýaşap bilmeýändigimi aýtdym. Meniň arzuwlaryma ýeten ýerim teatr. Men hiç wagt muňa ökünmedim. Teatrda durmuşa düşünmeýän zatlaryma düşündim. Häzir hem men Türkmen döwlet medeniýet institutynda mugallymçylyk edýärin, emma teatrdan daşlaşmadym.

Siziň söýüp tomaşa edýän artistleriňiz kimler?

Olar kän. Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda zähmet çekýän Öwez Gelenow, Ogultäç Hanyýewa, artistler Ýagmyr Gurbannazarow, Döwlet Berdiýew, Alp Arslan adyndaky drama teatryndan Akmyrat Arçykow, Handurdy Berdiýew, Döwlet Hanmämmedow, Göwher Muhammetgulyýewa, Baş drama teatryndan Nury Allaberdiýew, Baýram Kerimow, Orazgül Apbasowa ýaly artistleriň spektakllaryny söýüp tomaşa edýärin.

Eger siziň durmuşyňyz bir spektakl bolsa ýeriňizde kimi göresiňiz gelýär?

Şägirtlerimiň içinde Yhlas Yslamow atly 5-nji ýyl talybymyz bar. Şol oglanda men özümi görýärin diýip aýdyp bilerin. Şol menden goşgy okamagyň, artistligiň usullaryny öwrenýär. Şondan meniň keşbimi janlandyryp biler diýip tama edýärin. Sebäbi ol sapagyň daşyndan hem birtopar zatlary öwrenip gelýär. Yhlasda men öz ýaşlygymy görýärin. Onuň degişgenligi, bilesigelijiligi meniň ýaşlygym bilen gabat gelýär.

Siziň geljekde nähili meýilleriňiz bar?

Arzuwlar, hyýallar juda kän. Biz häzirki wagtda talyplarymyzyň diplom işinden 2 sany spektakl goýmagy meýilleşdirýäris. Şonda şowly bolan eseri hem teatrymyzda tomaşaçylara hödürlemekçi. Ondan soň hem indiki ýyl Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bir kompozisiýa goýmagy niýetleýärin. Şol kompozisiýada özüm Magtymgulynyň keşbine girmegi, ýanymda talyplara beýik şahyrymyzyň goşgularyny okamaklaryny isleýärin.

Şeýle hem biz mugallymlaryň Watanymyza wepaly, peýdaly ýaşlary, öz kärinde ökde artistleri ýetişdirip bilmek iň uly arzuwymyz. Şu arzuwymyza ýetsek, biziň armanymyz ýok.

Bize şeýle giň mümkinçilikleri döredýän, sungatymyza hormat goýýan Gahryman Arkadagymyza hem köp sag bolsun aýdýaryn. Goý, hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Muhammetguly aga, beren gyzykly gürrüňleriňiz üçin köp sag boluň. Arzuwlaryňyz amala aşsyn! Işleriňizde üstünlikler ýar bolsun!

 Söhbetdeş bolan

Maksat  TAGANOW,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň

 žurnalistika hünäriniň talyby.

Maýa Annameredowa – “Vip Maya” öýmeleri nepislikden we reňk öwüşginlerinden dörän sungat!

Laçyn Söýünowa – Melhemleri döredýän gözellik

 

Annagül Gurdowa: Geçmişden geljege ýaňlanan öçmejek owaz

Ýene-de okaň

Kakajan Muraýew:  Durmuşyma baglanan sungat ýolum

Ata Watan Eserleri

Çary Berdiýew – sungata aşyk ynsan

Batyr Çaryýew – sungata baglanan ykbal

Teswirle