TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SÖHBETDEŞLIK

Annagül Gurdowa: Geçmişden geljege ýaňlanan öçmejek owaz

Halkyň göwnüne giren artist, aýdymçy ýa-da başga biri ömürboýy şol ýerde ýaşamagyny dowam etdirýär. Halkyň söýgüsine mynasyp bolan kişi elmydama islendik ýerde abraýly, ýüzi ak bolýar. Bizem halkyň kalbynda mydamalyk orun alan aýdymçylaryň biri Türkmenistanyň halk artisti Annagül Gurdowa bilen “Atavatan Turkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýty üçin söhbetdeşlik geçirmegi makul bildik.

-Hormatly Annagül ene, ilki bilen çakylygymyzy kabul edip biziň bilen söhbetdeşlik geçirmäge razy bolandygyňyz üçin köp sag boluň. Söhbetdeşligimizi siziň sungat dünýäsine geliş taryhyňyz baradaky gürrüň bilen başlaýalyň…

Mende çagalyk döwrümden sungata söýgi döredi. Biz maşgalada alty (4 gyz, 2 oglan: Bahargül, Annagül, Orazgül we beýlekiler) çagadyk, men bolsa ikinji çagadym. Men oturyp bilýän döwrümden öýde radio goýlanda diňe dutar, halk aýdymlaryny diňläp, şol aýdym-saza görä çaýkanyp başlaýan ekenim. Meniň bu ýagdaýymy ejeme goňşularymyz duýdurýar. Olar meniň geljekde aýdymçy bolup ýetişjekdigimi ejeme aýdypdyrlar. Ol wagtlarda rus we ermeni goňşularymyz Gogolyň eserlerine sahna oýunlaryny goýýardylar. Şol oýunlaryň aralygynda maňa aýdym aýtdyrýardylar. Men şol 3 ýaşymda wagtym öýümiziň çagalar bagyna girip, çagalaryň aýdym aýdyşlaryna seredýärdim. Men şol çagalaryň aýdan aýdymlaryny öwrenip, ýatlap gelip, olary öýde aýdyp berýärdim. Şondan soň meni ýuwaş-ýuwaşdan goňşy-golamlar tanamaga başladylar. 5 ýaşyma gelenimde bolsa, Pionerler köşgünden gelip, meni ejemden, kakamdan sorap alyp gidýärdiler. Meni şol köşge alyp gidip, ol ýerde repetisiýa geçirtdirýärdiler. Şeýlelikde, menem 7 ýaşyma geldim. Men 7 ýaşymda mekdebe okuwa geldim. Şu ýaşyma çenli meni bütin Aşgabat şäheri eýýäm tanapdy. Mekdepde hem aýdym sapaklarynda örän höwesjeň bolup, diňe men ilkinji bolup aýdym aýdýardym. Mugallym menden aýdymy nireden öwrenendigimi soranynda oňa çagalar bagyndan, radiodan diňläp aýdym öwrenendigimi aýdýardym. Ýeri gelende bellesem, meniň hiç wagt hiç hili halypam bolmady. Men öz-özümi timarlap, ýenjip, özüme halypa boldum. Şeýlelikde, men özümden Annagül Gurdowa ýasadym. Şeýdip, mekdep döwrümde mugallym bilen işläp, aýdymlary döredip başladym. Çagalar  şahyry Kaýum Taňrygulyýew we çagalar kompozitory Weli Ahmedow  meni mekdepden sapakdan alyp, täze aýdym döredýärdiler. Ondan soň “Kanalym”, “Pöwrizäm”, “Kiçi bilen geçi”, “Gar ýagýar”, “Mekdebim”, “Jüýjelerim”, “Kömelek bilen Gülälek”, “Pioner men”, “Meniň köşgüm bar”, “Okuwçy men” we beýleki ençeme aýdymlary ýerine ýetirdim. Şu ýerde bir zady belläp geçeýin, bütin ýurda meşhur bolan “Mekdebim” diýen aýdymy ilkinji bolup men ýerine ýetiripdim. Ol aýdymy 1957-nji ýylda ilkinji bolup aýtmak bagty maňa miýesser etdi. Şondan soň bütin halkyň dilinde bu aýdym boldy. Şunlukda 10-njy synpy gutarýançam aýdym aýtmaga dowam etdim. (Şu ýerde ýene bir bellemeli zat, meniň aýdym aýtmagyma ugrukdyran kakam bolupdy.) Şol ýyllaryň içinde radioda “Türkmenistanyň pioneri” atly radiogepleşiginiň alypbaryjysy boldum. Bu gepleşik her hepdäniň dynç alyş güni ýaýlyma goýberilýärdi. Soňra teleýaýlymda hem “Gyzyl galstuk” teležurnalyny alyp bardym. Ony hem 4-nji synpdan başlap alyp bardym. Olardan boş wagtlarymda hem spektakllarda oýun oýnaýardym. Aradan aýlar, ýyllar geçdi. Men Türkmen döwlet uniwersitetiniň hukuk fakultetini tamamladym. Uniwersitetde hem “Güneş” ansamblyny açdyk. Men şonda çykyş edip, aýdym aýdýardym. Men mekdepde okaýan wagtymam daşary ýurtlara gastrollara gidýärdik. Şonda çagalaryň arasynda geçirilýän festiwallara gatnaşýardyk. Uniwersitetde okaýan döwrüm bolsa, bu gastrollar has-da köpeldi. Gastrollara gidenimde-de şol ýurtlaryň aýdymlaryny öwrenip, olary bäri gelip ýerine ýetirýärdim.

-Sungat dünýäsinden geçýän ýol kynmy?

 –Men ömürboýy aýdym bilen meşgullandym, aýdym meniň ýanýoldaşym boldy, men diňe aýdym bilen ýaşadym. Ýöne halkyň maňa bolan söýgüsi meniň aýdyma gaýtadan dolanyp gelmegime sebäp boldy. Umuman, her kimiň sungat ýolunda özüne mahsus kynçylyklary bolýar diýip pikir edýärin. Şol kynçylyklary ýeňip geçmek bolsa, şol sungat adamynyň ussatlygyna bagly.

-Sungat dünýäsinde ýoluňa dowam etmek üçin nämelere eýe bolmaly?

 – Hormatly Prezidentimiz häzirki döwrüň aýdymçylary üçin ähli mümkinçilikleri döredip, häzirki zaman tehnikalary bilen üpjün edilen binalary gurup ulanmaga berýär. Sungatda zähmet çekýän adamlara Şa serpaýlaryny ýapýar, olary sungata, döredijilige has-da höweslendirmek üçin döwlet sylaglaryny berýär. Sen sungat ýoluna dowam etmek isleýäňmi, onda öz üstüňde dynuwsyz, köp işlemeli. Sebäbi güýçlüden güýçlüsi bar. Bäsleşik netijesinde ösüş döreýär. Biziň döwrümizde tehnika şu wagtky ýaly däldi. Häzirki wagtdaky ýaly tehnikalar biziň döwrümizde ýokdy. Emma muňa garamazdan, biz sungat bilen iç-içe bolup, täze eserleri döretmäge çalyşýardyk. Häzirki aýdymçylar üçin kompýuter we beýleki tehnika ýaly giň mümkinçilikler bar. Umuman, sungat ýoluna düşmek üçin beter köp işlemeli, agyr ýollary geçmeli, şonuň netijesinde hem taplanmaly. Sesiň ýürekde “gaýnamasa” ol ses däl. Aýdymdaky ähli ses tilsimlerini öwrenmeli.

-Aýdymçynyň iň uly “artykmaçlygy” näme?

 –Ýüregi. Sesem ýürekden gelýär. Keşp hem gerek, emma keşp yzda durýar. Eger daş keşbiň görmekli bolsa, emma sesiňde hem ýakym bolmasa hemmesi bir pul bolýar. Ýöne, sesiň ýakymly bolsa daş keşbiňe seredip baranoklar. Aýdymçy sesine öz ýüregindäki mährini siňdirýär. Ýene bir gezek gaýtalaýaryn, aýdymçynyň iň uly “artykmaçlygy” ÝÜREK.

-Siziň söýüp diňleýän aýdymçylaryňyz barmy?

  –Men daşary ýurtlylardan Alla Pugaçýowany, Tolkonowany, Anna Germany, Filip Kirkorowy söýüp diňleýärin. Biziň ýurdumyzdan hem Sahy Jepbarowy, Mämi Garaýewi, Ödenyýaz Nobatowy diňlemegi halaýaryn.

-Durmuşda iň uly arzuwyňyz näme?

  –Halkyň derdine aýdymlarym arkaly derman, ýaralaryna melhem bolmak. Men mundan soň hem birnäçe aýdymlary döretmek isleýärin. Şeýle hem jan saglygy, asmanymyzyň arassalygy, ýurdumyzyň parahatlygy.

-Diňleýjileriňize aýtmak isleýän zatlaryňyz barmy?

  –Halkym meni örän gowy görýär, menem şolary şonuň ýaly gowy görýärin. Olaryň hemmesine jan saglygyny dileýärin, hemmesiniň arzuwlary amala aşsyn, dilegleri hem hasyl bolsun. Men elmydama olaryň göwünlerinden turmak isleýärin.

-Aýdymçylyk durmuşda size nämäni öwretdi?

  –Aýdym maňa hemme zady öwretdi. Söýmegi, söýülmegi, ýaşamagy, hatda ýigrenmegem aýdymdan öwrendim. Aýdym meni ýaşadýar. Eger aýdymym bolmadyk bolsa, men näme etjegimi hem bilmezdim. Şonuň üçin durmuşda maňa ähli zatlarymy beren, ähli zady öwreden meniň aýdymlarym.

-Durmuşda kesirsiňizmi?

    –Men tutanýerli, kesir. Men bir zadyň kül-külüne düşdümmi, şol zady alýançam, şol işi edýänçäm ynjalamok. Emma men birine basdaşlyk, göriplik edemok.

-Durmuşdan razysyňyzmy?

    –Durmuşdan, Allatagaladan müňlerçe esse razy. Şu derejä ýetendigim üçin Allatagala millionlarça şükür edýärin.

-Siziň esasy şägirtleriňiz kimler?

  –Orazgül we Gülşat meniň esasy şägirtlerim.

-Sizi näme bagtly edýär?

  –Täze aýdym döretmek. Täze aýdym döredenimde ýüregim hyjuwlanyp, ony beýlekilere hem eşitdiresim gelýär.

-Söhbetdeşligimizi siziň geljekde etmekçi bolýan işleriňiz hakda we siziň isleg-arzuwlaryňyz bilen jemläýsek

   –Meniň häzirki wagtda kompozitorym Hudaýnazar Amangeldiýew birnäçe aýdymlarym bar. Şolary ýakyn wagtda ýerine ýetirmegi maksat edinýärin. Şolaryň biri hem Begmyrat Ussaýewiň “Arkadagym meniň” atly goşgusyny aýdyma geçirmegi meýilleşdirýäris. Şol aýdymy hor bilen ýerine ýetirmegi niýetleýärin. Nesip bolsa, şony Bitaraplyk baýramyna çykararys. Şeýle hem ene hakynda “süýji” aýdymlary, birnäçe şadyýan, halk aýdymy äheňinde aýdymlary ýerine ýetirmegi isleýärin.

Biziň milli sungatymyza, medeniýetimize hormat goýýan hormatly Arkadagymyza köp sagbolsunlarymy aýdýaryn.

Annagül ene, wagtyňyzy sarp edip, biziň redaksiýamyza gelip, meniň bilen eden söhbetdeşligiňiz üçin köp sag boluň. Ömrüňiz uzak, janyňyz sag bolmagyny beýik Biribardan arzuw edýärin! Hemişe toýdur baýramlarda görüşmek nesip etsin! Sag boluň!

 Söhbetdeş bolan: Maksat  TAGANOW,

Magtymguly adyndaky

Türkmen döwlet uniwersitetiniň

žurnalistika hünäriniň talyby.

Berdi Çowdurbaýew – “Durmuşymdaky gymmatlyklar, sabrymyň miwesidir”

 

 

 

 

 

 

 

Ýene-de okaň

Çary Berdiýew – sungata aşyk ynsan

Batyr Çaryýew – sungata baglanan ykbal

Gözel Annahanowa: sungat ýolunda kemal tapan ýüregim

Ata Watan Eserleri

Teswirle