Laçyn Söýünowa – Melhemleri döredýän gözellik

                                                      “Gözellik bir güýçdir, ýylgyryş bolsa onuň gylyjy”

Her bir zenan gözellige aşyk. Gözelligiň jemlenen ýerinde güýç we baýlyk bar. Şonuň üçin her bir zenan ýaş hem owadan görünmek isleýär. Gözelligiň syry bolsa hemmelere mälim däl. Bu ajaýyplygyň birnäçe syrlaryny size ýetirmek maksady bilen “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalymyzyň www.atavatan-türkmenistan.com  saýdyna kosmetolog lukmany Laçyn Söýünowa bilen söhbetdeşligi taýýarlap size ýetirmegi makul bildik.

Laçyn çakylygymyzy kabul edip, myhman bolanyňyz üçin döredijilik toparymyzyň adyndan köp sagbolsun aýdýaryn. Söhbedimizi kosmetalogiýa hünärine ilkinji başlangyçlaryňyz dogrusynda başlasak nähili bolar?.

Men çagalygymdan lukman bolmagy isledim. Ýöne, men oba gyzy bolanym üçin, kakam meniň okamagyma garşy boldy. Şonuň üçin hem orta mekdebi tamamlap, durmuş ýoluna gadam basdym. Kalbymdaky okamak höwesine, ýanýoldaşymyň ýardamy bilen gowuşdym. Ýagny, maňa 1999-njy ýylda lukmançylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyby bolmak bagty miýesser etdi. Şol döwürde talyp joralarym “Owadan” hyzmat ediş öýüne gatnaýardylar. Men hem köplenç olara goşulyp giderdim. Hyzmat ediş öýüniň gözellik merkezindäki ýüze ideg ediliş pursatlaryny synlamak meniň üçin has ýakymlydy. Ine, şol pursatlar esasynda bolsa, mende bu ugra bolan söýgi, höwes döredi. Okuwymy üstünlikli tamamlap, hassahananyň gaýragoýulmasyz kömek bölüminde zähmet  çekdim. Maşgala ýagdaýym sebäpli, hassahanada uzak wagt zähmet çekip bilmedim. Ýöne kosmetalogiýa hünärine bolan söýgi, oňa ýetmek höwes içimde ýaşaýardy. Durmuşda isleýän zadyňa tiz ýetip bolmaýany hemme mälim. Men hem köp kynçylykly ýollar bilen ýüzbe-ýüz boldum. Ýoldaşym iş sapary bilen daşary ýurda gideninde, men hem ýany bilen giderdim. Şeýlelik-de  hakyky islegimiň ýoluna çykmak maksady bilen, 2006-njy ýylda Sankt-Peterburg şäherinde kosmetalogiýa ugrundan bilim aldym. Okuw ýyllarynda köp kynçylykly günleri başdan geçirdim. Okuwdan boş wagtlarymda ýokary okuw mekdebiniň professoryndan  kosmetalogiýa biliminiň inçe syrlary barada goşmaça sapaklar aldym. Şol sapaklar maňa bu hünärde has-da ökdeleşmegine hem-de tejribe toplamagyma önjeýli goşant goşdy. Şeýle hem ilkinji we gymmatly tejribeleri almagyma itergi berdi.

“Melhem” gözellik merkezini näçenji ýylda açdyňyz we gözellik merkeziňizi şeýle atlandyrmagyňyza kim sebäp boldy?

Ömrümiň bu ajaýyp senesini hiç wagt unudyp bilmerin. Sebäbi ençeme ýyllardan soňra, öz öňümde goýan baş maksadyma ýetmek mende gaýtalanmajak duýgulary döretdi. Mart aýynyň 31-i meniň doglan günüm. “MelhemSpa” gözellik merkezini 2016-njy ýylyň 28-nji martynda açdym. Gözellik merkezini açmazdan ozal, men hassahanadan başga-da, mekdebiň naharhanasynda-da işledim. Eliňde diplomyň bolsa-da, degerli iş edip gökezmeseň, adamlara peýda bermeseň kim saňa ynansyn. Hünärimi birbada ýöredip bilmänim üçin, her gün daňdan dörtde naharhana işe gidýärdim.  Çagalary gowy görenim üçin, naharhanada işlemek meniň üçin gyzyklydy. Her hepdäniň 4-nji güni çagalara mugt nahar berýärdim.  Ol ýerde 2 ýyl zähmet çekdim we durmuşymyň  iň gowy adamlaryna duşdum.  Saýlap alan kärime söýgüm bolany üçin, günde işden soňra zenanlara kosmetalogiýa hyzmatlayrny berdim. Sebäbi okan, öwrenen zatlarymy iş ýüzünde kämilleşdirmelidim. Ýaşaýan jaýymyň bir otagyny ýörite kosmetologiýa  otagyna öwürdim.  Ýaşaýan jaýymyzyň aşagynda salon üçin amatly ýer bardy. Her gün işe gidenimde, şol ýeri geljekdäki salonym hökmünde göz öňüne getirip geçýärdim.  Günde ýüze ideg edýärdim, ýöne hiç hili girdejim ýokdy. Öz işimi görkezjek, ýüze çykarjak bolup diňe çykdaýjy edýärdim. Arzuw ýürekden edilse, durmuşa hökman ornaýan eken. Ýaşaýan ýerimden öz salonymy açmagyma ýoldaşym ýardam etdi. 2017-nji ýyldan soňra öz gözellik salonym işe başlady. Başda salonym “Welim” adyny göterýärdi. Men adamlara peýdaly zatlary köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ýetirmek maksady bilen gepleşiklerde çykyş edip başladym. Şonda gözellik merkezime Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti Täzegül Nurmämmedowa “Melhem” adyny goýmagy maslahat berdi. Şeýlelik bilen gözellik merkezim “Melhem” adyna eýe boldy.  Ýüz üçin peýdaly ýapgylary “Zenan zeminiň zynaty” atly gepleşikde wagyz edip başladym. Gözellik merkezimiň abraýy ençeme siňdiren zähmetimden soňra has-da artdy. Öz hünärimi kämilleşdirmek maksady bilen, Türkiýede, Hytaýda,  Eýranda, Özbegistanda bolup, ýüze ideg etmegiň inçe syrlaryny öwrendim. Moskwa bolsa gözellik merkeziniň syrlaryny öwrenmäge gitdim. Şol ýerde öwrenen zatlarymy ornaşdyryp, kämilleşdirmek isledim. Şeýlelik bilen gözellik salonym diňe ýüze däl-de kosmetalogiýanyň beýleki ugurlaryny hem öz içine alyp başlady we “Melhemspa” adyna eýe boldy.

Melhemspany” ýola goýýançaňyz ýanyňyzda hemişe kim size goltgy berdi?

Elbetde, ýoldaşym. Başga adamlaryň hem goldawy bolandyr, ýöne ilkinji babatda ýoldaşymyň ýardamy has aýratyndyr.

Adam baş  maksadyna ýetmek üçin, köp kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Kynçylyklar esasynda, ejizlige gol berip, başarmaryn diýip, ýoluňyzdan togtan ýeriňiz boldumy?

Tutan maksadyň beýik bolsa, onda “başarmaryn” diýen duýgy başda hökman bolaýmaly. Ol duýgy mende-de bolupdy. Kosmetalogiýa käri ilkinji başlangyçlar üçin örän uly maliýe serişdesini talap edýär. Maddy ýagdaýym başlamaga ýetmeýärdi. Şonuň üçin, mekdep naharhanasyny  ýöretmegi meýilleşdirdim. Haçan-da naharhanany ýöretmäge başlanymda ejizledim, içimde-de başarmaryn diýen gorky bardy. Men kärimi, ýöredýän işimi söýýärdim. Şol söýgüm kynçylyklaryň öňünde dik durmagyma iterdi.  Üstünligiň basgançaklaryna gadam basanyňda hökman saňa garşydaş adamlar hem ýüze çykýar. Ýöne seniň nähak gepiňi eden adamlar seniň gapyňa direýän ekenler. Şu ýerde bir zady belläsim gelýär, islegler her bir adamyň öz ýüregine görä, amal bolýar. Meniň hem ilkinji islegim adamlara kärim bilen peýdamy ýetirmekdi. Men girdejimiň deň ýarysyny hökman paýlaýardym. Ine, işimiň ugrukmagyna itergi beren iň uly güýç hem şunda jemlenen.

Ýolda galan arzuwlaryňyz boldumy?

Ýok. Men durmuşymdan razy. Çünki ähli arzuwlarym durmuşa ornady. Indi her bir enä mahsus bolan, ýekeje arzuwym hem çagajyklaryma abraýly maşgala gurdurmak.

Hünäriňi kämilleşdirmek üçin näme edýärsiňiz?

Hünärimi kämilleşdirmekde ilkinji nobatda kitap köp okaýaryn. Işimde ilkinji ýörelgäm bolsa, hemme zady dogry ýerine ýetirmek. Ot-çöplerden ýüze peýda beriji birnäçe kremleri öz elim bilen ýasaýaryn. Ot-çöpler bilen ýüzi bejerýärin, ýüzdäki düwürtikleri aýyrýaryn. Ýüz üçin kremleri ýasamagy bolsa Hytaýda öwrendim. Taýýarlaýan melhemlerim  tebigy önümler bolany üçin, hemişe gowy netijäni hem alýaryn. Men bu hünäri ilkinji nobatda adamlara kömek üçin ýöredýärin. Şonuň üçin hem gaty köp tejribeleri topladym. Lukmançylykda men diňe operasiýa edip bilemok. Bu ugurda galan ähli tejribeleri topladym.

Ýüzüňe ýygyrt düşürmezlik üçin näme etmeli?

Ilkinji nobatda ýüzüňe, dişiňe ideg edişiň ýaly seretmeli. Meselem, günde dişiňi ýuwmasaň nähili bolýar? Ýüzem edil şonuň ýaly, günde idegini etmeli, ýuwup durmaly. Her ýüzüňem idegi tapawutly bolýar. Her ýüzüň özüne degişli kremini ýuwup çalmaly. Hat-da irdenki we agşamky çalýan kremiň tapawutly bolmaly. Düwürtikli ýüzler bilen adaty ýüzleriň hem kremi bir-birinden tapawutly bolmaly. Şol kremleri, sabynlary, ýüz üçin ýapgylary  tebigy usul bilen özüm hem ýasaýaryn.  Adatça, ýapgy hem-de kremler ýüzüň ýakalyny aýyrmaýar. Ýöne meniň ýasaýan tebigy önümlerim aýyrýar. Sebäbi men ot-çöplerden ýasaýaryn. Bizde daşary ýurtlarda ýok otlar bar, ýöne ony köp adam bilmeýär. Biziň aýak basan ýerimiz derman. Daşary döwletler bize ýörite derman ot-çöplerimizi almaga gelýärler. Şol derman otlar bilen ýakaly aýryp bolýar. Ýöne peşehordany aýryp bolmaýar. Ony diňe çykan wagty  aýryp bolýar. Ýagly ýüzlerde emele gelen deşikleri meniň soňky dag otlaryndan ýasan ýapgylarym aýyrýan eken. Atgulagyň, çaýryň köküniň gaty uly dermanlyk häsiýeti bar. Diýjek bolýanym, Türkmenistan Watanymyzda bitýän her bir ot derman.

Siziň bu ugurda kämilleşmegiňiz üçin iň uly gollanmaňyz näme?

Hormatly Arkadagymyzyň “Dermanlyk ösümlikleri” atly köp tomly kitaby meniň üçin iň uly gollanma. Men şol kitap boýunça öz tejribämi baýlaşdyrýaryn. Hormatly Arkadagymyzyň bu kitaplarynda her bir ot-çöpümiz adam saglygyna, içki näsazlyklara uly täsiri barada maglumatlar berlen. Adamyň iň ejiz ýeri iç organlarydyr. Mende hem şeýle pikir bardy. Ýagny adamyň içine täsir edýän ösümlikler, eýsem adamyň ýüzüne täsir etmezmi?! Elbetde, eder. Şonuň üçin bu gymmatly kitaplar gollanma bolup hyzmat edýär.

Taýýarlan melhemleriňiziň täsirliligini synag edýärsiňizmi?

Nähili netije berýänligini görmek üçin ilki ýoldaşymda soňra özümde barlap görýärin.

Netijäni görjek bolanyňyzda, ýalňyşlyk bolup ýüzüňize zeper ýeten ýeri boldymy?

Ýok. Hiç hili bolmady. Häzirki wagta çenli işlerimden diňe gowy netijeleri alyp gelýärin.

Köp adamlarda kosmetologiýa barmaly däl diýen söz bar, ýüzüň zaýalananda barmaly diýen düşünje bar. Ýüze ideg etmeklige näçe ýaşdan başlamaly?

Eýýäm 20 ýaşyňda ýüzüňe ideg edip başlamaly. Her aýda azyndan bir gezek kosmetologiýa baryp, ýüzüňi arassalatmaly. Eger 20-25 ýaş aralygynda ýüzüň zaýalanyp başlamasa, gündeki iýýän zatlaryň hem ýüzüňe derman bolup biler. Hyýary, ýerlamany arassalap ýüzüňe çalmak hem peýdaly. Şol zatlar 25 ýaşa çenli haýryny berýär.

Tebigy önümler bilen ýüzüň ýaşlygyny saklap bolýarmy?

Eger ýüzüň idegine ýaşlykda başlasaň saklap bolýar.

Köpçülikleýin internetde ýüzüň idegi we ýygyrtlary aýyrýan köp ýapgylar görkezilen. Şol goýulýan ýapgylar peýda berýärmi?

lkinji nobatda şol ýazgylardaky görkezmeleri ulanmagy maslahat beremok. Hat-da peýdasy hem ýok. Ol ýazgylar diňe internetde adam sanyny köpeltmek üçin goýulýar. Meniň köp müşderilerim internet ulgamyndaky görkezmäni ulanmak bilen ýüzüni zaýalap gelýärler. Şunuň üçin hem barlagsyz we maslahatsyz ol ýapgylary etmeli däl. Ýüzüňe iýýän zatlaryň bilen hem  ideg bolýar. Mysal üçin, sogan düwürtige we sowuklama uly haýry bar. Ilki bilen ýüz içiňde kemçilik bolsa zaýalanyp başlaýar. Şonuň üçin hem her bir iýýän zadyňa üns bermeli. Içiň sagdynlygyny adamyň ýüzünde görmek mümkin.

Onda, mysal üçin size bir müşderi geldi, şonuň ýüzi zaýa.  Zaýalanan ýüzi görüp, içinde nähili kemçiligiň bardygyny bilýärsiňizmi? Özüňiz maslahat berýärsiňizmi?

Hawa bilýärin. Maslahat hem berýärin. Men ol kemçilikleri ot-çöpüň üsti bilen bejerýärin. Ýüzüň owadanlygynyň  90%-i üçin atgulak gaýnadyp içmegi maslahaty berýärin. Men çaýy diňe ot-çöplerden demläp içýärin. Her ot-çöpüň dermandygyny diňe okap öwrenip bolýar. Okamak üçin häzirki wagtda ähli mümkinçilikler bar. Mysal üçin, pis açana garşy häzirki wagta çenli, bütin ýer şarynda derman tapylmady. Hytaýa seminara gidenimde menden bir professor gürmek getirmegimi haýyş etdi. Şondan pise garşy derman taýýarlanýan eken. Hormatly Prezidentimiziň kitabynda hem gürmegiň dermanlyk häsiýetiniň bardygy barada giňişleýin maglumatlar berlen. Gürmek esasy zoba peýdasy uly. Sebäbi düzüminde ýod köp. Zobuň bolup, alkymyň çişse gürmegi üwäp, ýumurtganyň sarysyny garyp çalsaň peýdasy uly. Sowuklamaň bolsa garnyňa ýapsaň hem peýdaly.

Size gelen müşderä  peýdasy näçe günden bildirýär?

Müşderi peýdasy dört-bäş günden bildirýär. Ýöne ýaşy kyrka golaý zenanlara bolsa, maslahatlarymy irginsiz ýerine ýetirse alty alty aýyň dowamynda peýdasy bildirýär. Ýüzüň ilkinji dermany arassa saklamaklyk. Şonuň üçin ýüzüň arassaçylygyna dogry we dürs ideg etmegi maslahat berýärin.

Şu wagta çenli bu ugurda näçe ýyllyk tejribe gazandyňyz?

Laýyk on üç ýyllyk tejribe topladym. Ýöne bu maňa aňsat düşmedi. Men ýagşylyk etmekden lezzet alýaryn. Girdejisiz zähmet çeken ýerlerim hem köp boldy. Şonuň netijesinde hem men köp tejribeleri topladym.

Düwürtikli ýüzleri özbaşdak sykmak we bejermek bolýarmy?

Ýok, eldemek hem bolmaýar. Ýaňy aýdyşym ýaly, ýüz zaýalanyp ugrandan kosmetologa ýüz tutmaly. Esasy hem ýagly ýüzler hökman bejertmeli. Gurak ýüzlere köplenç öýde-de em edip bolýar. Ýagly ýüzlerde poralar açylýar. Hemme hapalary şeýdip sorup durýar. Soňra düwürtik çykýar. Soňam ýüze gurçuk düşýär. Gurçuk düşeninden soňra bolsa ýüz has beter zaýalanýar. Ol hem hapadan düşýär we ýüzde ýumurtgalap başlaýar. Ýumurtgada ýüzüňden öý ýasaýar. Ondan soňra ýüzi öňki durkuna getirip bolmaýar. Şonuň üçin ýüzi goramagy unutmaň!

Şol gurçuklar beýleki arassa ýüze geçip bilýärmi?

Elbetde ulanýan zatlaryndan geçip biler. Ýöne gurak ýüzlere geçmeýär,emma ýagly ýüzlere geçip biler. Çünki ýagly ýüz hemişe açyk bolýar we hapalary özüne siňdirip durýar. Gurak ýüzler bolsa, özüne bakteriýa kabul etmeýär.

Şägirdiňiz barmy?

Ýok.

Bolmagyny isläýärsiňizmi?

Ýok islämok. Sebäbi men adamlara ynanmaýaryn. Men her bir başlan işime ýüregim, tutuş durkum bilen ýapyşýaryn. Öwrenjek adamdan hem özümdäki ýaly hyjuwy görmek isleýärin. Şol hyjuwy, höwesi bolan adama men hem ýüregim bilen öwretmek isleýärin. Ýöne, häzire çenli hakyky isleg bilen gelen adama duşmadym.

Bu ugurda halypalaryňyz bolandyr. Söhbedimizi bu ugurda maslahatlaryny siz bilen paýlaşan halypalaryňyz dogrusynda dowam etsek.

Sankt-Peterburg şäherinde ýokary okuw mekdebine okuwa gidenimde, professor-mugallymymyz Kristina maňa halypalyk etdi. Bu ugurda köp görkezmeleri berdi. Halypam  Kristina men köp sagbolsun aýdýaryn. Gaty köp zatlary hut şonuň özünden öwrendim.

Her ýeriň howa şertine görä ýüze ideg edilmeli. Meselem, Russiýa döwleti sowuk ýurt, biz gurak ýurt. Şoňa görä ýüze ideg edilýärmi? Bu babatda türkmen zenanlarymyza siz nähili maslahat berýärsiňiz?

Ýaňy hem sözümde belleýşim ýaly, mydama ilkinji nobatda arassaçylyk zerur. Soňra ýüzi Günden we sowuk howadan hemişe goramaly. Gyşyna diňe iýmitlendiriji kremleri ýüze çalyp durmaly. Çünki, gyşyň sowugy ýüze Günüň täsirinden hem has zyýanly.

Kosmetolog hökmünde nämeleri maslahat berýärsiňiz?

Ýüzüňe barlagsyz, maslahatsyz ideg etmeli däl. Ýüz üçin ulanýan her bir zadyňy maslahat esasynda ulanmaly. Diňe ýüze iýýän iýmitleriňiz bilen ideg edip bilersiňiz.

Ýüzdäki gara tegmilleri aýyrýan kremleri we palçyklary ulanmagy maslahat berýärsiňizmi?

Diňe häzirki wagtda bolman, eýsem öňki döwürler hem piling edilýän eken. Men daşary ýurtlaryň birnäçesinde ylmy-amaly sapaklarda boldum. Häzirki wagta çenli toplan tejribelerimden ugur alyp, piling etdirmegi hiç bir gelin-gyza maslahat bermeýärin. Çünki, piling etdirilen ýüzde bakteriýa garşy göreşiji immunitet bolmaýar. Ýüz birnäçe wagtdan soňra, düýpgöter zaýalanýar.

Laçyn ýaş görünmegiň syry nämede jemlenen?

Bagtly adam ýaş we owadan görünýär. Ýaş görünmegiň syry hem bagtlylykda jemlenendir diýip pikir edýärin. Şonuň üçin hem hemişe ruhubelent bolmaly.

Söhbedimiziň şu ýerinde maşgala durmuşyňyz barada hem gürrüň beräýseňiz?

Meniň agzybir maşgalamda Dawutmuhammet we Didarmuhammet atly ogullarym we Selbiniýaz atly gyz perzendim bar. Men özümi dünýäniň iň bagtly eneleriniň biri hasaplaýaryn.

Laçyn beren täsirli gürrüňleriňiz üçin köp sagboluň! Söhbetdeşligimiziň ahyrynda arzuwlaryňyzy ildeşlerimize ýetirseňiz.

Size-de sagboluň! Ilki bilen men ildeşlerime abraý we saglyk dileýärin. Galyberse-de biz, parahat ýurduň bagtyýar raýatlary. Şeýle bagtly döwrany peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza köp sagbolsun aýdýaryn!

Sagboluň! Arzuwlaryňyz hasyl bolsun!

 

 

 

Söhbetdeşligi ýazga geçiren : Miwe Jumaduryýewa “Miras” teleýaýlymynyň redaktory.

 

 

 



ÝENE-DE OKAŇ

Braziliýanyň Prezidenti Žair Bolsonaru Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň çakylygy boýunça 2022-nji ýylyň birinji çärýeginde Russiýada saparda bolar. - Russiýanyň Prezidenti bizi Russiýa çagyrdy. Çakylyk kabul edildi. Meniň üçin bu örän hormatdyr. Bu biziň ýurtlarymyzyň arasynda ähli mümkinçilikleri açýar - diýip, Bolsonaru hepdelik çykyşynda mälim etdi. Braziliýanyň lideriniň aýtmagyna görä, bu saparyň fewral-mart aýlarynda bolmagyna garaşylýar. Bolsanaru köp sanly ministrler bu...
Energetika ministrliginiň binasynda sanly ulgam arkaly Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň nobatdaky bäşinji mejlisi geçirildi. Toparyň işine iki dostlukly ýurduň esasy ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we işewür toparlarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Duşuşygyň gün tertibine bar bolan döwletara ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişine hem-de Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryna degişli meseleleriň giň toplumy...
Angliýada koronawirus pandemiýasyna garşy sanjymlaryň ýedisinde geçirilen barlaglar üçünji sanjym babatynda «Pfizer» we «Modernanyň» has netijelidigini ýüze çykardy. Şeýlelikde, üçünji sanjymlar babatynda ilkinji synaglar hem tamamlandy. Aslynda, iňlis hökümeti üçünji sanjym üçin, hut, şu iki sanjymy saýlap aldy. Olaryň urulmagy bilen bedeniň kesele garşy göreşijiligi has güýçlenýär. Geçirilen deslapky barlaglar üçünji sanjymyň keseliň täze ştammy bolan «Omikron» görnüşiniň öňüni almakda hem...
1992-nji ýylyň 3-nji dekabrynda aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ösüşiniň taryhynda möhüm tapgyra öwrülen bir waka bolup geçdi. Ýagny, bu gün dünýäde ilkinji SMS iberildi. Gysga tekst habarlaryny ibermegiň has giňden ýaýramagy, bu wakanyň öýjükli aragatnaşygyň taryhynda möhüm ähmiýete eýe bolandygyny tassyklaýar. Şeýle hyzmaty döretmek pikiri bolsa, 1980-nji ýyllaryň ortalarynda, GSM standartyny döretmek boýunça işler alnyp barylanda ýüze çykypdyr. Taslamanyň çäginde Ýewropaly...
Dil-aragatnaşyk serişdesidir. Sözleýiş hakykaty şöhlelendirmegiň  adama mahsus bolan görnüşidir. Dil we sözleýiş aň we pikirlenme bilen gönüden göni baglanyşykly bolup, pikirlenmäni beýan edýär. Çaganyň dil öwrenýän wagty-mekdebe çenli ýaşly döwrüne gabat gelýär. Çaga 5-6 ýaşy dolýança öz ene dilinde arkaýýyn geplemegi, öz pikirini aýdyň beýan etmegi çagany terbiýelemekdäki möhüm meseleleriniň biridir. Çaganyň ene dilindäki sesleri dogry aýtmagy, sözleri we...
18,713FansLike
19,500FollowersFollow
907FollowersFollow
417SubscribersSubscribe

Iň täze habarlar