TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SÖHBETDEŞLIK

Gülälek Babakulowa – Aglama gurjak, seni eý görjek..

Adamy bezeýän we ýagşy görkezýän zatlaryň biri hem onuň elindäki hünäridir. Il arasynda “Hünärli ýigit hor bolmaz” diýen nakyl ýöne ýerden döredilmändir. Sebäbi ýaşaýşy gözelleşdirýän, adam durmuşyna many berýän zat hem söýýän hünäriňde zähmet çekmekdir. Adama suwuň, Günüň, howanyň näçe zerur bolşy ýaly, hünäriň hem bimöçber orny bardyr. Öz hünäri bilen ýasaýan türkmen milli gurjaklary bilen il arasynda uly abraýa eýe bolan Gülälek Babakulowa bilen söhbetdeşligimizi “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com  saýtynda size ýetirmek isledik.

Gülälek mugallym, biziň çakylygymyzy kabul edip žurnalymyza myhman bolanyňyz üçin size sagbolsun aýdýaryn. Gurjak ýasaýan, özem milli gurjaklary taýýarlap tikýän  we bu iş bilen içgin meşgullanýan azmyka diýýärin. Çünki, türkmen milli gurjaklaryny döretmek ussatlygy talap edýän zatlaryň biri. Söhbedimize bu ajaýyp işiňize ilkinji  başlangyçlaryňyz dogrusynda başlasak nähili görýärsiňiz?

Elbetde, bolar. Sözümiň başyny hormat bildirip çagyranyňyz üçin sagbolsun aýdýaryn. Men çagalygymdan häzirki güne çenli gurjaklary we türkmen milliligimizi biçak gowy görýärin. Islendik käre ilkinji gadam hem söýgüden başlaýar diýen pikirim bar. Kakam daşary ýurda gideninde maňa bir gurjajyk getirip beripdi. Kakamyň şol getirip beren gurjagyna türkmen nagyşly köýnejigi geýdirdim. Bu meniň taýýarlan ilkinji gurjagym boldy. Şondan soňra hem bu işe söýgim artyp başlady. Eýýäm bu iş bilen meşgullanyp başlanyma-da 15 ýyl bolupdyr.

Ine, şu wagt synlap otyryn welin, her bir gurjagyňyzyň özüne mahsus aýratynlygy we atlary bilen biri-bilen tapawutlanýar. Gurjaklaryňyzyň atlaryny nämä esaslanyp goýýarsyňyz?

Hawa, dogry. Ilki bilen, her bir ýasaýan gurjagymyň aýratynlygy näme-de jemlenen?! Meselem:”Sen maňa bagt getirersiň”, “Sen maňa saglyk getirersiň”, “Sen maňa rysgal getirersiň” ýaly arzuwlarymy her bir taýýarlaýan gurjagyma siňdirýärin.  Gurjaklaryma Uzuk, Näzik, Solmaz, Besdir, Bossan ýaly atlary goýýaryn. Atlaryny hem ýagşy niýet, bir waka ýa-da arzuwlarym esasynda goýýaryn.Mysal üçin işi köp bolup, ýasamasy kän wagt alan gurjagyma “Besdir” diýip at berdim. Bir gezek goňşym zibilden gurjak tapyp, maňa getirip berdi. Gelende şol gurjak görer ýaly görnüşde  däldi. Men ony ýuwup-ardyp, millilige saldym. Adyna-da seniň durmuşyň bagy – bossanlyk ýaly owadan bolsun diýip, Bossan adyny goýdum.

Bu işi döretmek üçin ilki çagalaryň dünýäsine aralaşmak we ol dünýäni ýürekden söýmek gerek. Söhbedimiziň şu ýerinde öz taýýarlan gurjaklaryňyz barada hem az kem gürrüň berseňiz.

Meniň ýerine ýetirýän işlerim “amaly haşam” sungatyna degişli bolup durýar. Men gurjaklarymy ýasamazdan ozal, ilki suratyny çekýärin. Soňra ekologiki tarapdan gurjaklarymy ýuwýaryn, arassalaýaryn. Ýöne işim suratdan has owadan bolýar. Gurjaklarymy diňe bir milli geýindirmek bilen çäklenmeýärin. Her bir ýasaýan gurjagymy kompozisiýa görnüşinde  döredýärin. Häzirki wagta çenli iki ýüze golaý kompozisiýa görnüşinde gurjaklary taýýarladym.  Olardan “Oguz han”, “Gerçek ýigitler”, “Aşykçy oglanlar”, “Pagtaçy gözel” ýaly işlerimi aýtmak mümkin. Bu işlerim bilen men geçirilen bäsleşikde etrap derejesinde baş baýraga mynasyp boldum. Gurjaklaryma taýýarlamaga ýakyn kömekçim gyzym. Ol nagyşlaryny çekmeklige ýardam berýär. Bezeg işlerini bolsa özüm edýärin. Ýöne bu işe sabyrlylyk we çydamlylyk gerek. Şonuň üçin hem edýän işiňden ilkinji nobatda lezzet almaly. Bu iş bolsa uşak hemde kyn. Bu bolsa meniň nerwi ulgamymy sazlaýar we maňa rahatlyk berýär.

Adam işini bir maksada gulluk etmek arkaly ýerine ýetirýär. Meselem,”abraý, üstünlik gazanmak“ ýaly başga-da birnäçe maksady öňünde goýýar. Bu işi ýerine ýetirmek bilen siziň öňüňizde näme maksadyňyz bar?

Maksatsyz ýaşaýan adam ýok. Men ýerine ýetirýän işlerim bilen türkmen milliligimizi wagyz edesim gelýär. Galyberse-de meniň bu işim bilen baglanyşykly bir wakany hem ýatlap geçesim gelýär. Maliýe ýagdaýymyň biraz ýetmezçiligi bilen men, gurjaklary ýasamagy goýbolsun etdim. Şonda men täsin wakanyň şaýady boldum. Ýagny polkada duran gurjaklaryma jan giren ýaly birden bary ýere gaçyp başlady. Gyzym hem:”Eje bu zatlar ýönelige däldir” diýdi. Gulagyma:”Sen maksadyňa ýetmän, bizi indi taşlaýaňmy? Hemme zady şeýdip indi, gutarman goýjakmy?“ ýaly owazlar geldi. Bu owazlar meni şol pursatda aglatdy. Soňra men tamamlaman goýan işime gaýtadan başlap, dowam etdim.

Çagalygyňyzdan näme bolmagy arzuw edýärdiňiz?

Dizaýner bolmagy arzuw ederdim.

Gurjaklaryňyz bilen gyzyklanýanlar, alasy gelýänler siz bilen nähili habarlaşyp bilerler?

Men gurjaklarymy satuwa çykarmaýaryn. Sebäbi men ähli ýasan işlerimiň uly toplumyny döredesim gelýär. Ýöne isleg bildirýänlere taýýarlap berýärin. Sebäbi Täjigistanda, Özbegistanda ýörite gurjaklaryň toplumyny döredýänler bar ekeni. Meniň hem ähli işlerimiň toplumy Merkezi Aziýada birinji ýer almagyny  isleýärin.

Meselem bir gurjagyňyzyň doly taýýarlyk işi näçe wagt alýar?

Zähmet dynç alşyna çykan günlerim kyrk bäş günüň içinde daňdana çenli işlänimde ýigrimi dokuz sany gurjak ýasadym. Ýagny iki günde biri taýýar bolýar.

Sanyny näçä ýetirmegi niýet edýärsiňiz?

Gelejekde işlerimiň sanyny bäş ýüze ýetirmegi maksat edinýärin. Biziň meşhur “Görogly” şadessanymyzdan  “Görogly we Agaýunus peri” diýen kompozisiýa görnüşindäki gurjaklarymy taýýarlamak isleýärin. Şeýle-de GDA döwletleriniň gurjaklaryny taýýarlamagy niýet edindim. Gelejekde ol gurjaklary hem taýýarlap, halka ýetirerin.

Bir uly wakanyň adyny göterýän gurjagyňyz barmy?

Elbetde bar. Kakamyň daşary ýurtdan getirip beren gurjagy meniň iň eziz gurjagym we ilkinji işim. Bu gurjak işimiň başlangyjy bolany üçin uz bolup bolup gitsin diýip Uzuk adyny goýdum. Bu gurjagy men ýanymdan asla goýmaýaryn. Sebäbi maňa ylham beren, höwes döreden we özüme ýakyn gören işlerimiň biri. Çünki bu gurjak meniň hemdemim, kakamdan maňa iň uly gymmatly sowgat.

Siziň gurjak taýýarlamakdan daşary, asylly, mugallym adyny göterýän käriňiz bar. Haýsy ugurdan bilim berýärsiňiz?

Men orta mekdebi tamamlap, Döwletmämmet Azady adyndaky. Türkmen milli dünýä dilleri institutyna okuwa girdim. Ýokary okuwymy tamamlap, orta mekdepde rus dili dersinden okuwçylara bilim berdim. Ahal welaýatyna gelin bolup gelip, zähmet ýolumy bu ýerde dowam edip başladym. Häzirki wagtda çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň müdiri wezipesinde zähmet çekýärin. Ondan daşary ýolbaşçylyk edýärin ýerimde, milli nagyş gurnagyndan ýaşlara sapak berýärin.

Bu ugurda şägirtleriňiz barmy?

Hawa, elbetde bar. Zähmet çekýän ýerimde, kiçijik şägirtlerim bar. Kiçijik we ýaşdygyna garamazdan zehinli gyzjagazlar täze zatlary öwrenmäge diýseň höwesli. Ýöne ilkinji we esasy şägirdim hem gyzym.

Durmuşda iň ýakyn maslahatçyňyz kim?

Durmuşda ýakyn maslahatçym gyzym Aýlar. Sebäbi gyzym meniň arzuwlarymyň miwesi, her bir işimde iň ýakyn kömekçim. Durmuşa çykyp, meniň iki ýyl perzendim bolmady. Ýasaýan her bir gurjagymy, gyzymyň dünýä inmegini arzuwlap taýýarlaýardym. Gyzym dünýä inende meniň durmuşyň manysy düýpgöter başgaça boldy. Hemişe bir-birimizi hoşamaý sözler bilen begendirip durýarys. Durmuşymyzyň her bir gününi bilelikde gözelleşdirmäge çalyşýarys.

Gülälek mugallym şägirtleriňiz dogrusynda gürrüň berdiňiz, ýöne halypaňyz barada söz açmadyňyz. Bu ugurda size kim tälim berdi?

Meniň kakam Mary welaýatynyň baş arhitektory bolup zähmet çeken. Ejem hem keşde çekmegi halaýan ekeni. Hatda ejem hem keşdeçilik ugrundan ýaş gyzjagazlara sapaklary beripdir. Meniň zehinimi hem ejemjan görýär we ol meniň bu işe başlamagyma uly itergi berýär. Maňa halypa bolup, bu ugurda ilkinji başlangyçlary öwreden öz mähriban käbäm.

Taýýarlan gurjaklaryňyzyň bezegine üns berenimizde reňkleriň sazlaşygy örän gowy oturypdyr. Aýratyn hem gyzyl we ýaşyl reňk has öňe çykýar. Söhbedimiziň şu ýerinde reňk aýratynlygy barada hem durup geçseňiz?

Her bir reňkiň aňladýan öz manysy bar. Men ýaşyl, gyzyl we ak reňkleri gowy görýärin. Sebäbi ýaşyl reňk ýaşaýyş, gyzyk reňk bolsa adamy özüne çekýän we güýç berýän reňkleriň biridir. Ak reňk bolsa päkligiň, ýaşyllygyň reňki. Şonuň üçin hem bu reňkleri bezeg işimde has köp ulanýaryn.

Siziň döredýän eserleriňiziň içinde mowzugyny teklip esasynda döredenleriňiz barmy?

Häzirki wagta çenli taýýarlan işlerimiň hemmesi öz pikirlerim esasynda döredi. Ýöne dessanlardaky gahryman gyzlaryň keşbini taýýarlamagymy teklip etdiler. Ýöne gelejekde olary hem taýýarlamak isleýärin. Ýöne, täze 2022-nji ýylda Göroglynyň keşbini ýasamakçy hökman.

Siziň pikiriňizçe üstünligiň syry näme?

“Yhlas etseň, sokur gözden ýaş çykar” diýilýär. Üstünligiň syry hem ilkinji nobatda yhlas etmekde diýip pikir edýärin. Ýene bir zada anyk göz ýetirdim. “Hünärim bar, hormatym bar” diýilýän ekeni. Hünäriň bar bolany üçin hormat bar ekeni.

Şahyr: ”Kynçylyklar kämil edýär ynsany…” diýip belläp geçýär. Kynçylyklar sizi nähili taplady?

Şu ýerde türkmençiligimizde bir ýörgünli nakyl dilime geldi.”Ajysy bolmadygyň, süýjisi bolmaz” diýilýär. Kynçylyklar meniň işimde kämilleşmegime itergi berdi. Çünki kynçylyklar maňa güýç berýär. Gaharly wagtym taýýarlan gurjagym owadan we örän tiz bolýar. Bu diýmek, adama duýgunyň ýiti täsir edýänliginiň alamaty.

Mugallym söhbetdeşligimiziň soňuna hem geldik. Adamy ýaşadýan arzuwlary we maksatlary bolup durýar. Siziň hem arzuwlaryňyzy söhbedimiziň şu ýerinde ildeşlerimize ýetirsek.

Ilki bilen “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň döredijilik toparynyň işgärlerine uly üstünlik arzuw edýärin. Durmuşda iň uly baýlyk perzent hasaplanýar. Goý, hemmelere öz perzendiniň bagtyna şaýat bolup, guwanyp ýaşamak miýesser etsin.

Sagboluň! Arzuwlaryňyz hasyl bolsun! Ýerine ýetirýän abraýly işiňiz sizi maksadyňyza ýetirsin!

Sagboluň!

Söhbetdeşligi ýazga geçiren:

Miwe Jumadurdyýewa “Miras” teleýaýlymyň redaktory.

4 Dilde gürleýän Sözlük: Makul Sözlük Rus dilinde

 

Atageldi Garýagdyýew: Owazy dünýä dolan operaçy

 

 

Orazgül Gurdowa: “Teatr – bu meniň durmuşym”

 

Ýene-de okaň

Kakajan Muraýew:  Durmuşyma baglanan sungat ýolum

Ata Watan Eserleri

Çary Berdiýew – sungata aşyk ynsan

Batyr Çaryýew – sungata baglanan ykbal

Teswirle