30/10/2020 11:39
Home IŇ TÄZE HABAR “Türk howaýollary”: Aşgabat gatnawy üçin täze möhlet

“Türk howaýollary”: Aşgabat gatnawy üçin täze möhlet

Türkmenistanyň Russiýadaky, Ukrainadaky hem-de Germaniýadaky  raýatlary ýurdumyza gelerler. Bu baradaky habarymyzy saýtymyzdan okap bilersiňiz. Bu habaryň linkini  habaryň ahyrynda hem Size ýetirmek bilen Türkiýäniň “Türkhowayollary” kompaniýasynyň Aşgabat gatnawlary baradaky gelip gowuşan maglumata ünsüňizi çekesimiz gelýär.

Türkiýäniň “Türkhowayollary” kompaniýasynyň Aşgabat gatnawy barada täze maglumat mälim edildi. “Türkhowayollary” kompaniýasynyň Aşgabatdaky şahamçasynyň “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýtyna beren maglumatyna görä,  dünýädäki epidomologik ýagdaý göz öňünde tutulyp, Aşgabat ugry boýunça amala aşyrylýan gatnawlaryň 2020-nji ýylyň 31-nji oktýabryna çenli togtadylýandygy bellenildi.

Soňky döwürde Türkiýeden Türkmenistana uçar gatnawlarynyň haçan başlanjakdygy baradaky sowallar yzygiderli gözlenýän habarlaryň arasynda ilkinjileriň hatarynda durýar. Halkara uçar gatnawlary barada www.atavatan-turkmenistan.com saýtyna yzygiderli habarlar ýerleşdirýändigimiz üçin Stambul uçar gatnawlary haçan başlaýar ýaly soraglar bize köp gelip gowuşýar.

Şol sebäpli bize “Türkhowayollary” kompaniýasynyň Aşgabat şahamçasyndan gelen maglumatya görä, dünýäde ýiti öýken sowuklama keselini döredýän ýokanç kesel bolan COVID19 koronawirusyň köpçülikleýin ýaýramagyny we dartgynly epidemiologiki  ýagdaýyň dowam etmegini nazara tutulyp, Aşgabat gatnawlary ýene-de yza süýşürildi.

Okap bilersiňiz  Koronawirus teňňesi döredildi

Mälim bolşy ýaly, “Türkmenhowaýollarynyň” Russiýadaky wekilhanasy “https://turkmenistanairlines.ru/” internet saýtynda berlen habara görä,  COVID-19 koronawirus pandemiýasy bilen baglanyşykly awiakompaniýanyň ähli halkara gatnawlarynyň ýatyrylmagy 2020-nji ýylyň 31-nji oktýabryna çenli uzaldyldy.

Hormatly okyjylarymyz! Bu baradaky habary size ilkinjileirň hatarynda ýetirdik. Mundan beýläk-de bu ugurdaky habarlary size yzygiderli ýetirmek üçin tagalla ederis.

Şu ýerde ýene-de belläp geçmeli zatlaryň biri, Türkmenistanda şäherara awtobus gatnawlary 1-nji noýabra çenli çäklendirildi. Şeýle hem, “Türkmendemirýollary” agentliginiň  otly gatnawlary hem 1-nji noýabra çenli togtadyldy.

Okap bilersiňiz  Agaçdan ilkinji sport ulagy

Şu gün saýtymyza ýerleşdirilen aşakda linki berilen 4 sany degişli  habaryň Sizi gyzyklandyrjakdygyna ynanýarys.

Saýtymyza bugün ýerleşdiren habarymyzdan mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň  Russiýadaky, Ukrainadaky hem-de Germaniýadaky  raýatlary ýurdumyza gelerler. Şeýle hem saýtymyza  oktýabr aýynyň birinji on günlüginde Azerbaýjandaky türkmen raýatlary parom arkaly we Gazagystan Respublikasynda wagtlaýyn bolýan raýatlarymyzyň 50-si “Garabogaz” gözegçilik-geçiriş nokadyndan öýlerine gaýdyp gelerler diýip habar ýerleşdiripdik.  Bellemeli zat, metjitlerde we namazhanalarda ybadat etmegini, zyýarathanalarda sadaka bermegini, zyýarat etmegini çäklendirme möhleti hem uzadyldy.

“Kyrk gyz” gowagy: Size täsinlikler garaşýar

Okap bilersiňiz  Baýrakly Makala Ýaryşy : Kitap Okamagyň Peýdalary

Bu habarlary okamak üçin:

Ýörite Gatnaw :Türkmen raýatlary daşary ýurtlardan getiriler

 

 

Metjitler we zyýarathanalardaky çäklendirme möhleti

 

 

Dellekhana we tikinçilik atelýeleriň iş möhleti

 

 

 

Parom gatnawy bilen raýatlarymyz getiriler

 

Halkara uçar gatnawlary baradaky habarlary we beýleki habarlary aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Okap bilersiňiz  Beýleki Şypahanalar halka hyzmat eder

Okap bilersiňiz  Türkmen tebigy gazy Russiýa iberilýär

IŇ TÄZE HABARLAR

Türkmenistan bilen halkara guramalaryň arasyndaky hyzmatdaşlyk

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň agentlikleriniň we halkara maliýe institutlarynyň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi.
Okap bilersiňiz  "Aýaks" - 120 ýyl!
Duşuşygyň barşynda oňa gatnaşyjylar...

Gadymy söýgi haty

Entek hat ýazuwyň ýok mahalynda habarlary hem-de wakalary şekilleriň üsti bilen mälim edilýän gadymy döwürde hem ýigit bilen gyzyň arasynda söýgi haty bolupdyr. Alymlar...

Söýgüniň güýji we ölmeýän söýgi

Meniň pikirimçe söýgi -bu adamy synagdan geçirýän iň bir ajaýyp duýgularyň biridir. Ol öwgi aýdymlary aýdylýan we asyrlar boýy her dürli rowaýatlardyr, hekaýalary özünde...

Daşyndan açylmaýan gapy

(hekaýa) “Gyzly öýe kyrk at baglanar”  “Paýhas çeşmesi” Ir döwürlerde bir ýurduň patyşasynyň ýekeje gyz perzendi bolupdyr. Patyşa gyzy üçin bir owadan köşk gurdurypdyr. Ýöne, ol köşküň...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Hawa, meniň adym Doýduk.

Özümi bilenim bäri, -Dogrudanam seniň adyň Doýdukmy? - Sen biriniň näçenji gyzy? -Şu döwürde çagasyna Doýduk diýip dakýan barmy?-diýen soraglar meni yzarlap gelýär. Belki-de maşgalada ilkinji perzende...

Messi galdy, Bartomeu gitdi

“Barselona” toparynyň resmi web sahypasyna görä, toparyň prezidenti Hosep Mariýa Bartomeu we toparyň ýolbaşçylar geňeşiniň agzalary işinden çekilýändikleri barada habar berdiler. Düýnki geçirilen press-konferensiýada...

Türkmenistanda ählihalk bag ekmek çäresi geçiriler

Ýakynda Türkmenistanda köpçülikleýin bag nahallaryny ekmek boýunça ählihalk çäresi geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 23-nji oktýabrda geçirilen mejlisinde habar berildi. Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow...

Bitaraplygyň 25 ýyllygy: 25 million bag nahaly ekiler

Eziz Diýarymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli şu ýyl ýurdumyzda jemi 25 million düýp bag nahallaryny ekmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda...