27/10/2020 14:12
Home IŇ TÄZE HABAR Metjitler we zyýarathanalardaky çäklendirme möhleti

Metjitler we zyýarathanalardaky çäklendirme möhleti

Türkmenistanda sebitdäki we dünýädäki epidemiologik ýagdaý göz öňünde tutulyp, metjitlerde we namazhanalarda ybadat etmegini, zyýarathanalarda sadaka bermegini, zyýarat etmegini çäklendirme möhleti uzadyldy. Munuň 2020-nji ýylyň 1-nji noýabryna çenli uzaldylandygy mälim edildi. Bu barada “orient.tm” internet sahypasynda bellenilip geçilýär.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda dini guramalarda ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen şu ýylyň iýul aýyndan bäri çäklendirmeler dowam edýär.

Ozal habar berişimiz ýaly, otly we şäherara awtobus gatnawlary 1-nji noýabra çenli, halkara uçar gatnawlary 31-nji oktýabra çenli çäklendirildi.

Bellemeli zat, Türkmenistanda dellekhana we tikinçilik kärhanalarynyň işiniň ähmiýetini göz öňünde tutup, olaryň işine 1-nji noýabra çenli rugsat bermek göz öňünde tutuldy.

Saýtymyza bugün ýerleşdiren habarymyzdan mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň  Russiýadaky, Ukrainadaky hem-de Germaniýadaky  raýatlary ýurdumyza gelerler. Şeýle hem saýtymyza  oktýabr aýynyň birinji on günlüginde Azerbaýjandaky türkmen raýatlary parom arkaly we Gazagystan Respublikasynda wagtlaýyn bolýan raýatlarymyzyň 50-si “Garabogaz” gözegçilik-geçiriş nokadyndan öýlerine gaýdyp gelerler diýip habar ýerleşdiripdik.

 

Meşhur sungat işgärleri Ata Watan Türkmenistanda myhmançylykda

Halkara uçar gatnawlary baradaky habarlary we beýleki habarlary aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Okap bilersiňiz  Beýleki Şypahanalar halka hyzmat eder

 

IŇ TÄZE HABARLAR

Hamilton Şumaheriň rekordyny täzeledi

Dünýä belli ussat “Formula 1” ýaryşynyň sürüjisi Lewis Hamilton “Algarve” halkara aýlawynda Portugaliýa “Gran Prisinde” 92-nji ýeňşini gazanyp, rekord täzelemegi başardy. Hamiltondan öň Maýkl...

Söýgüniň gadryny biliň!

(bolan waka) Söýülýärkäň gadryny bil gujakla, Ölesiň geler görseň özge gujakda... Bu waka iki ýyl mundan ozal bolupdy. Şol gün Ýunusyň durmuşynda düýbinden başgaça bir günleriň biri...

Hakyky söýgi

Döwlet agasy Şatlyk bilen tokaýa aýlanmana gidipdiler. Döwlet tebigaty synlamak üçin uzaklara seredýärdi. Döwlet (D): “Içimde alada bar emma nämedigine düşünemok.” Şatlyk (Ş): “Näme hakda pikir...

Atyzda aýdylan söz

(hekaýa) Ýüzüňi sypap geçýän salkyn şemal, baglaryň şahalaryndan pessaýlyk bilen gaýyp gaçýan ýapraklar tebigatda güýz paslynyň dowam edýändigini alamatlandyrýardy. Güýzüň sergin säherinde pagtaçylyk toparynyň ýygymçy...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Raýan Reynoldsyň meşhur filmleri

Dört doganyň iň kiçisi hökmünde 1976-njy ýylyň 23-nji oktýabrynda Kanadanyň Wankuwer şäherinde doglan Raýan Reynolds karýerasyna 2004-nji ýylda “Blade Trinity” filmi bilen başlady. Soňky...

Türkmenistanyň 2021-nji ýyldaky ösüş görkezijileri

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady topluma gözegçilik edýän orunbasary G.Müşşikowyň, maliýe we ykdysadyýet ministri M.Serdarowyň hem-de Merkezi bankyň başlygy M.Annadurdyýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny...

 Sahypalara sygmadyk söýgi

                         (hakyky durmuşdan alnan)  ...Agzybir  maşgaladaky bu günki gykylyk hemmeleri geň galdyrdy. Bu wakalaryň sebäpkäri hökmünde anyk biri görkezilip bilinmezdi, emma Bahar daýza hiç çekinmän...

Atyzda aýdylan söz

(hekaýa) Ýüzüňi sypap geçýän salkyn şemal, baglaryň şahalaryndan pessaýlyk bilen gaýyp gaçýan ýapraklar tebigatda güýz paslynyň dowam edýändigini alamatlandyrýardy. Güýzüň sergin säherinde pagtaçylyk toparynyň ýygymçy...