TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

İş Rugsady Wizasy :Türkiýe Wizasy Üçin Zerur Resminamalaryň Sanawy

Türkiýe  wizasy üçin zerur bolan resminamalaryň sanawyny okyjylarymyza ýetirmäge dowam edýäris. Biz öň, Türkiýe syýahatyçylyk wizasy, biznes wizasy, saglyk wizasy we maşgala wizasy üçin zerur resminamalaryň sanawyny ýetiren bolsak, bu habarymyzda Türkiýede zähmet çekmek üçin zerur bolan zähmet rugsady wizasy baradaky maglumatlary ýetirýäris.

 

  1. Azyndan 8 aýlyk möhleti bolan daşary ýurt pasporty(zagran) we nusgasy (Hökmany)
  2. Pasport nusgalary (içerki pasportyň 1,3,5,9 we 32-nji sahypalarynyň nusgalary, daşary ýurt pasportynyň baş sahypasynyň nusgasy (Hökmany)
  3. Daşary ýurt raýatlary üçin Türkiýä giren senesinden başlap (ikamet belgesi) (Hökmany)
  4. 2 sany biometrik surat 5×6 (arkasy ak fon, täze we soň 6 aý içinde düşülen bolmalydyr.) (Hökmany)
  5. Türkiýe üçin syýahat we saglyk ätiýaçlandyryşy / COVID-19 Kepilligi (Hökmany)
  6. İşlemek üçin gidýän kompaniýadan zähmet şertnamasy (Hökmany)
  7. İşlemek üçin gidýän kompaniýadan çakylyk haty (Hökmany)
  8. Ýaşaýan ýerini görkezýan resminama (İkamet belgesi)
  9. Jenaýat jogapkarçiligine çekilip çekilmedigi barada resminama (Adli sicil belgesi
  10. Şertnama ýa-da iş rugsady wizasyndan boşadyljak mugallymlar, bilim işgärleri, erkin zolakly işgärler, türgenler we sungat işgärlerinden degişli ministrligiň tassyklama haty. (Hökmany)
  11. Wiza tölegi we Gateway hyzmat tölegi (Hökmany)

 

Bellemeli zat, iş ruhsady, ýagny Türkiýede zähmet çekmek üçin wiza  ýüz tutýanlar üçin bellenen web saýtynda ýer alan aşakdaky maglumatlara hem üns bermegi wajypdyr.

Goýberilen resminamalaryň hemmesi täze alynan we doly bolmalydyr. Türkiýe wizasy üçin tabşyrylan doly däl resminamalar, ýüzlenmäňiziň ret edilmegine sebäp bolup biler. Türkiýäniň Aşgabat wekiliýeti zerur bolanda goşmaça resminamalary talap etmäge haklydyr. Ýokardaky resminamalaryň tabşyrylmagy wiza beriljekdigini kepillendirmeýär.Ähli görnüşler we resminamalar her bir adam üçin (maşgala agzalaryny ýa-da islendik topary ) aýratyn taýýarlanylmaly we tabşyrylmaly. siziň islegiňize we bu mesele boýunça kararlaryňyzyň gutarnykly boljakdygyna düşünýärin. Ýüzlenme wagtynda gijikdirilen ýa-da ret edilen halatynda wiza tölegleri we / ýa-da hyzmat tölegleri yzyna gaýtarylmaýar.

mahabat

Türkiýä wiza üçin resminamalaryň terjimesinde Makul Hyzmat Terjime merkezine ýüz tutup bilersiňiz!

 

 

 

 

 

 

 

 

 

Maşgala Bileşeligi wizasy üçin zerur resminamalaryň sanawy

Ýene-de okaň

«Belawiýa» awiakompaniýasy Türkmenistana uçar gatnawlaryny artdyrdy

Şäherara awtobus petekleriniň onlaýn satuwy

Daşoguzda täze saglyk öýi açyldy

Teswirle