PEÝDALY MASLAHAT

Hususylaşdyrylan ýaşaýyş öýi: Gerekli resminamalar

Hususylaşdyrylan ýaşaýyş öýüne bolan hukugynyň döwlet tarapyndan bellige alynmagy üçin gerekli resminamalaryň sanawy Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanynda Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugynyň web saýtynda berilýär.

1). Arza (eýesi ýa-da onuň wekili tarapyndan);

2). Pasport;

3). Ýaşaýyş öýüni hususylaşdyrmak hakynda karar;

4). Hukuk belleýji resminama (ýaşaýyş jaýyny muzdsuz, göni (salgyly) bermek şertnamasy, ýaşaýyş jaýyny satyn almak şertnamasy);

5). Bar bolan halatynda Gozgalmaýan emläge eýeçilik hukugy baradaky şahadatnama;

6). Tehniki tükelleýiş edarasynyň resminamalary (Obýektiň tehniki pasporty);

7). Bellenen möçberlerde tölegleriň tölenendigi barada resminama;

 

BELLIKLER:

Zerur bolan halatynda ýeterlik bolmadyk maglumatlar döwlet bellige alyjylar tarapyndan kanuna laýyklykda özbaşdak soralýar.

Ähli resminamalar asyl we göçürme nusgalarda berilmelidir;

Obýektiň tehniki pasporty – Tehniki tükelleýiş edarasy tarapyndan taýýarlanylýar.

 

Ipoteka we beýleki girew şertnamalary: Gerekli resminamalar

 

Türkiýe 2021: Diplomy ykrar edilýän ýokary okuw mekdepler

 

 

 

Ýene-de okaň

Aşgabat-Daşoguz awtomobil ýoly boýunça halkara bäsleşik yglan edildi

Türkmenistanda 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň temmäki önümlerini ulanmagy üçin ene-atalara jerime salnar

Türkmenistanda möhleti tamamlanan sürüjilik şahadatnamasy üçin jerimeler artdyryldy

«Türkmenpoçta» kompaniýasynyň täze binasy üçin bäsleşik yglan edildi

Aşgabat-Türkmenabat täze awtobus gatnawy ýokary tizlikli awtoýol arkaly amala aşyrylar

«Türkmenistan» awiakompaniýasy hünärmenleri işe çagyrýar

Ata Watan Eserleri