TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Hazar sammiti üçin metbugat merkezi döredildi

Şu gün paýtagtymyz Aşgabatda Hazarýaka döwletleriniň VI sammiti geçirilýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda geçirilýän sammite gatnaşmak üçin ilki bilen Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, soňra Eýranyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi we Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew geldi. Indi bolsa, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine garaşylýar.

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda 2-nji gezek geçirilýän Hazar sammitiniň wakalaryny gyzgyny bilen dünýä jemgyýetçiligine ýetirmek üçin Aşgabatdaky “Arçabil” myhmanhanasynda metbugat merkezi döredildi.

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnaly bilen bir hatarda köp sanly ýerli we daşary ýurtly habar beriş serişdeleriniň wekilleri Hazar sammitiniň çäklerinde bolup geçýän wakalary “Arçabil” myhmanhanasyndaky metbugat merkezinden öz okyjylar köpçüligine ýetirýär.

HAZAR SAMMITLERINIŇ TARYHY

Hazar sammiti barada aýdylanda bu sammitiň ilkinji baryp, 2002-nji ýylda Aşgabatda geçirilipdi. Bu sammitiň üstünden geçen 20 ýyldan soňra ýene-de Hazar sammitini Aşgabat kabul edýär.

Mälim bolşy ýaly, 2-nji Hazar sammiti 2007-nji ýylda Eýranyň paýtagty Tähranda, 3-nji Hazar sammiti 2010-njy ýylda Azerbaýjanyň paýtagty Bakuda, 4-nji Hazar sammiti 2014-nji ýylda Russiýanyň Astrahan şäherinde we 5-nji Hazar sammiti 2018-nji ýylda Gazagystanyň Aktau şäherinde geçirildi.

Aktau sammitinde uzak ýyllaryň dowamynda özara gepleşikler geçirilip, taýýarlanan Hazar deňziniň hukuk ýagdaýy baradaky Konwesniýasyna gol çekilipdi.

 

Gazagystanyň Prezidenti Aşgabada geldi

Eýranyň Prezidenti Aşgabada geldi

Azerbaýjanyň Prezidenti Aşgabada geldi

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti AHHG-nyň müdiriýetiniň mejlisine gatnaşdy

Türkmenistan Owganystana ynsanperwer kömegini berdi

Wise-premýer Mämmedowanyň Fransiýadaky iş sapary

Teswirle